|

Ahal hakda Bedew hakda

Ahal hakda Bedew hakda AHAL HAKDA BEDEW HAKDA

Ine size ýelden ýyndam,
Ýyldyrym deý bedew aty
Söýüp gelen türkmenleriň
Goýup giden rowaýaty.

Gadym zaman, hol görünýän
Harabalaň şäher wagty,
Durmuş diýlen beýik zadyň
Ajy wagty, zäher wagty.

Ýol talaýan garakçylaň,
Galtamanlaň kän mahaly,
Bir bedewsiz, bir gylyçsyz
Gün görmäniň kyn mahaly,

Ýaşanmyşyn Ahal atly
Gerçek ýigit, zor ýigitmiş.
Görogly-ha dälmiş welin,
Görogluça bar ýigitmiş.

Ýaşlygyndan göreş tutup,
Ýany ýere degmänmişin.
Men-men diýen pälwanlarňam
Ondan ini dyglanmyşyn.

Bolanmyş bir bedew aty
Ile meşhur dor atmyşyn.
Rahşam däl, Şebdizem däl,
Şol atlarça bar atmyşyn.

Keýerjekläp ýola çyksa,
Durşy bilen zynatmyşyn.
Çapanynda dört aýagy
Uçup barýan ganatmyşyn.

Käte-käte messan basyp,
Käte galyp çarpaýyna,
Tüýs mynasyp bolan atmyş
Telim toýuň serpaýyna.

Dab-dabasy ýatyrmanmyş
Eýran şasyn, Hywa hanyn.
Ine şolar şol at üçin
Hödürlänmiş dünýäň malyn.

Ýöne welin, köşeklerim,
Ýokdur entek gören kişi,
Serçe bolsun, bürgüt bolsun,
Öz ganatyn satan guşy.

* * *

Şu ýerlerde ýaşanmyşyn
Bir bölejik erkin oba.
Eýrana-da, Hywa-da ol
Baş egmänmiş ata-baba.

Minnet çekmän ýaşanmyşlar
Ganhor şadan, ýowuz handan,
Şonuň, üçin, köşeklerim,
Kä oýandan, kä bu ýandan

Talaňçylar, galtamanlar
Dökülermiş mahal-mahal.
Ine bir gün üç ýigidiň
Biri bolup gerçek Ahal,

Gelýän wagty bir ýerlerden
Sataşanmyş topar duşman.
Gaçanmyşyn iki ýigit
Olar bilen güýç synaşman.

Atlaryna çalyp gamçy,
Atdan beter sojap, haşlap,
Gaçanmyşlar, bu meýdanda
Ahalyň bir özün taşlap.

Ahal bolsa duşmanlara
At salanmyş, gyljyn sogrup.
Dabyrdaşýar bedew atlar
Toýnaklary toprak sowrup.

Ulanýar ol şo söweşde
Serkerdeleň paýhasyny,
Göroglunyň «it urşuny»,
Onuň «wellemşahasyny»,

Gylyç gylja degeninde
Çabrap-çabrap çykýar ýalyn.
Deň bolmadyk agyr söweş
Dowam edýär ençe salym.

Duşman halys köplük bolup
Agdaranmyş ony atdan.
Bürgüt näme, serçe näme
Aýrylansoň guş ganatdan.

«Iňlär siňek ýok bu çölde
Ýigdiň özi ýalňyz-ýeke,
Urna-urna ölsün — diýip —
Jebir baryn çeke-çeke».

Daňyp, taşlap gidenmişler
Sypmaz ýaly mäkäm sarap.
Näderini bilmän ýigit
Ýatanmyşyn gögün garap.

Urunýar ol, el-aýagyn
Çözjek bolýar dyzap-dyzap.
Halys bolup eňki gidýär,
Netije ýok, gury azap.

* * *

Hol beýleden ýaşan Günüň
Ýaşan ýeri durşuna gan.
Göýä inen ýaly ýigdiň
Depesinden ahyrzaman.

Aždarha deý gara hasrat
Şemal bilen sogup gelýär.
Dünýä gara gaýa bolup.
Oň üstüne agyp gelýär.

Ýuwaş-ýuwaş al reňke
Öwrülýär bu gara duman.
Beýleden Aý dogup gelýär
Aýyň ýüzi durşuna gan.

Synlap ýatyr töweregin
Şonuň symgylt ýalkymyna.
Wagt bolsa süýşe-süýşe
Ýetýär daňyň alkymyna.

At toýnagnyň dükürdisi
Tisgindirýär ony birden.
Ýöne oba tarapdan däl
Eşdilýär ol başga ýerden.

Görse ine öz bedewi
Baş egip dur, ýüzün ýalap.
Ölen umyt direlenmiş,
Buza dönen kalby ýylap.

Sarap ýigdi tanap bilen,
Daňsalar-da näçe gaty,
Dişi bilen çekip, çeýnäp
Ýolanmyşyn bedew aty.

Ýigit onuň maňlaýyna,
Ýüzlerine ýüzün oýkap,
«Dostum» diýip, begenjinden
Aglanmyşyn başyn ýaýkap.

* * *

Olja edip, ýesir ýigdiň
Atyn alyp giden duşman
Hiç bir ýerde aýak çekmän,
Hiç bir ýerde atdan düşmän,

Ýetenmiş öz galasyna,
Al asmanda ýyldyraşyp,
Görneninde ak ýyldyzlar,
Ysyrga deý bulduraşyp.

Galadaky adamlaryň
Hemmesi bir ýere üýşüp,
Synlanmyşlar dor bedewi,
«Päh-päh bu bir gudrat» diýşip.

Çyra düşüp simap beden
Lowurdanmyş altyn öwsüp.
Ýigitleriň biri ine
Oň gerşine münýär towsup,

Çarpaýyna galan bedew
Meňzäp ýaýdan sypan tire
Öňe tarap okdurylýar.
Sägin nire, saklan nire.

Ýaňky towsup münen ýigdi
Hol beýlede pylçap, ýykyp.
Gabat gelen päsgellerden,
Haýatlardan böküp-böküp,

Öňki gelen yzy bilen
Çapa-çapa, ýorta-ýorta,
Uzak ýoluň tanapyny
Çeke-çeke, darta-darta,

Uçup barýan laçyn ýaly
Käte galkyp, käte ýerläp,
Eýesiniň gaşyna ol
Gelenmişin sojap, derläp.

Şonuň ýaly bedew aty
Durup bormy heý-de öwmän,
Sany ýokmuş goç ýigidiň
Gözlerinden gaçan düwmäň.

Bagra basyp sypalaýar
Käte boýnun, käte dyzyn…
Ýöne welin duşmanlaram
Gaçyp gaýdan atyň yzyn

Alyp şo dem eňenmişler
Haýal-ýagal etmän sähel
Gün beýleden doganynda
Atlylary görüp Ahal,

Böküp atyň eýerine,
Bir silkenmiş jylawyny.
Düş-düş bedew oba tarap
Ýapyranmyş gulagyny.

* * *

Dor bedewiň ýyndamlygyn
Tarypladym ilki başda.
Eýermez oň aýagyna
Bükefal-da, Rahş-da.

Burunlaryn parryldadyp
Ýüzüni bir ýelä tutsa,
Oň yzyndan ýetjek bedew
Ýokmuş onsoň bu ulusda.

Duşmanlaram galman ondan
Başlananmyş gaç-ha — kowluk.
Dor at welin gabat gelen
Päsgellerden, zatdan sowlup,

Geçjek bolup wagt ýitirmän,
Geçip gidýär towsa-towsa.
Ýetdirerli dälmişin ol,
Atlar-a däl, guşam kowsa.

Bykynyna elin urup
Durşy deýin gara döwüň.
Keserenmiş gara gaýa
Garşysynda dor bedewiň.

Ýene ýagyň penjesine
Düşäýmeli bormy gaýdyp?..
Kowgy bolsa şu pursatda
Oň yzyndan ýeterin öýdüp,

Begenenmiş öz ýanyndan
Atlaryny gyssap hasam.
Sypara ýol tapaýmagy
Mümkin onuň, gijä galsaň.

Ahal bolsa ine şonda
Dor atyndan medet diläp,
Diýenmişin: «Dostum, meni
Orta ýolda etme heläk.

Berme duşman ellerine
Gaçyp giden dostlam ýaly.
Dor bedewim senden medet,
Galan ömrüm saňa bagly…»

Gamçysyny galdyranda
Ýene näme-näme sarnap,
Bir bökenmiş şonda bedew.
Edil gaplaň ýaly arlap.

Gelýän kowga pursat bermän
Göz aýlara o ýan, bu ýan,
Ýaňky bedew bir görseler
Gerşindemiş gara gaýaň.

* * *

Gerçek ýigit şondan soňra
Şol ýagydan halas eden,
Gulaklary gamyş ýaly
Altyn reňk, symap beden

Dor bedewi söýenmişin
Söwer dostuň deregine
Deňänmişin ony dünýäň
Gudratyna, keremine.

Bir gezegem silkmänmişin
Gaýdyp onuň jylawyny.
Ilki ata hödürlänmişin
Öz iýmeli palawyny.

Soň ol seýis bolanmyşyn,
Halypasy ähli seýsiň.
Hokranarmyş bedew atlar
Eşdeninde onuň sesin.

Goja seýis öleninde
Il-gün oňa hormat goýup,
Onuň ýaşan obasyna
Adyn dakýar Ahal diýip.

Içi bilen geçen söz bu
Müňläp ýazyň, müňläp gyşyň.
Bu ýerlere Ahal ady
Ine şondan galanmyşyn.

Müň bir toýda ula gidip
Öňüne at geçirmedik,
Seýisleriň söýgüsini
Asyrlarda öçürmedik.

Durky tylla ergininden,
Gulaklary ak gamyşdan,
Ýaryşanda öňe düşüp,
Ozup gelen uçar guşdan,

Müň gerçegi halas eden
Çozup gelen müň bir ýowdan,
Ahal-teke atlary-da
Gaýdanmyşyn dor bedewden.

Agzyn açyp gaşyňyzda
Rowaýatly köne haltaň
Ine size, köşeklerim,
Diýjek sözi Sarman ataň.

Awgust, 1980 ý.

Mämmet SEÝIDOW.

«ALTYN AÝ» kitapdan, 1993 ý.

TÜRKMEN MILLI ÝAZUWYNA GEÇIREN
YOUTUBE KANALY
MIRASYM Çagalar edebiýaty

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle