Ahad Muhtar
Ahad Muhtar
AHAD MUHTAR
Ahad Muhtar, tanymal azerbaýjan şahyry, terjimeçi.
(Əhəd Muxtar oğlu Qənbərov; 1937-23.05.1998)
Ahad Muhtar (Ahadulla Kanbarow)
1937-nji ýylda Astara raýonynyñ Kokolos posýologynda dünýä inýär. Azerbaýjanyñ Pedagogiki institutynyñ filologiya fakultetini tamamlaýar.
Onuñ "Güller açylýar", "Ant iç", "Salam, adamlar" ýaly goşgular kitaplary bardyr. Ahad Muhtar Boleslaw Prusyñ "Firon" romanyny, Georgiý Markowyñ "Sibir" romanyny (Ýasif Nasyrly bilen bilelikde), Çingiz Abdullaýewiñ "Ikiýüzlileriñ kanuny" romanyny rus dilinden azerbaýjan diline terjime etdi. Ahad Muhtar Orta Aziýanyñ kowumdaş halklarynyñ edebiýaty bilenem içgin gyzyklanýardy. Ol birnäçe gezek Orta Aziýa respublikalarynda döredijilik saparlarynda bolupdy. Şu ýerde onuñ ýazyjy Täşli Gurbanowyñ “Sary gül” powestini azerbayjan diline terjime edendigini bellemän geçmek bolmaz. Ol özbek, gyrgyz, gazak, türkmen şahyrlarynyñ köp sanly goşgudyr poemalaryny azerbaýjan okyjysyna tanyş eden şahyrdyr. Türki diller bir-birine juda ýakyn we düşünmesi añsadam bolsa, bu dilleriñ sözlenişinde, ýazylyşynda birnäçe tapawutlar bar. Şonuñ üçin bu dillerden edilen terjimeler edil rus, iñlis dilerinden edilen terjimeler ýaly abyrsyz zähmet talap etmese-de, özüne ýetik kynçylyklary bardyr. Azerbayjanda kowumdaş halklaryñ dillerindäki bu kynçylyklary aşmaga çalyşanlaryñ biri hem A.Muhtardyr. Onuñ diñe özbek şahyrlarindan terjime eden goşgularynyñ we poemalarynyñ sany 11 müñden geçýär.
Terjimeleriniñ köpüsi aýratyn kitap görnüşinde neşir edildi:
* Narmyrat Narzullayew, “Muhabbetden doguldum” ("Gənclik" ("Ýaşlyk") neşirýaty, Baku-1979);
* Hamid Alymjan, “Seniñ doglan günüñde” ("Yazıçı" ("Ýazyjy") neşirýaty, 1989).
Ahad Muhtar özbek kowumdaşlarymyzyñ iñ meşhur şahyrlaryndan biri bolan Jemal Kemalyñ eserlerini hem azerbaýjan diline geçirdi. Azerbaýjanyñ halk şahyry Bahtyýar Wahapzada Jemal Kemalyñ 1989-njy ýylda Bakuda neşir edilen "Güneş çeşmesi" kitabynyñ sözbaşysynda şeýle ýazýar:
“…Men J.Kemalyñ eserlerini mümkin boldugyndan dilimize terjime etmek we bu eserlerden ybarat kitap çykartmak pikrine düşdüm. Bu islegimi özbek dilini oñat bilýän galamdaşlarymdan Halyl Ryza we Ahad Muhtara aýtdym. Netijede biz bu çetin, ýöne juda ähmiýetli bir işe başladyk. Bu gün azerbaýjan okyjylarynyñ dykgatyna hödürlenen bu eserler toplumy şol islegimiñ miwesidir".
Ahad Muhtaryñ doglan gününiñ 70 ýyllygyna bagyşlanyp çykarylan "Ýazyjy" atly hususy neşirde (“Oğuz eli” ("Oguz ili") gazetiniñ hemaýatkärliginde) Jemal Kemalyñ hem merhum azerbaýjanly galamdaşy we terjimeçi dosty barada şeýle ýatlamasy ýerleşdirilipdir:
“Ahad hakynda oñat ýatlamalarym bar. Men onuñ bilen Özbegistana geleninde tanyşdym. Soñra men hem iki gezek Bakuda boldum. Ol Daşkende gelende meniñ öýüme myhman düşýärdi. Ahad juda gowy adamdy, ussat şahyrdy we mähriban dostdy…"
Hawa, kowumdaş türki halklarymyz bilen edebi gatnaşyklarymyz o diýen ýokary derejede bolmasa-da, biziñ bir kökden gelýändigimiz üçinmi näme-mi, islendik türki halkyñ edebiýaty beýleki halkyñ edebiýatyndan gözümize ýakyn görünýär. Mysal üçin Fizulyny, Nesimini biz türkmen şahyry hasaplaýarys. Emma bu iki ägirde bolan söýgüleri, buýsançlary azerbaýjanlaryñky biziñkiden ýokarda bolmasa pes däl. Ýa bolmasa biz Alyşir Nowaýyny türkmen halkynyñ taryhyndan we edebiýatyndan aýry göz öñüne getirip bilmeris. Özbekler bolsa ony biz Magtymgulyny nä derejede ezizleýän bolsak, olaram şondan pes görenok. Jelaleddin Rumy, Ýunus Emre biziñ üçin nämäni añladýan bolsa, türkler üçinem şony añladýar. Bu gün dünýä belli gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatow umumy türk edebiýatyndan saýlanyp öñe çykan iñ görnükli ýazyjy bolmagynda galýar. Muña bolsa gyrgyzlar bilen deñ derejede türkmen, özbek, gazak, türk, azerbaýjan halklary hem guwanýar, buýsanýar.
Şu nukdaýnazardan seredip geçmişimizdäki edebi birligi dowam etdirmek we doganlyk halklarymyzyñ bir-birine dostlugyny berkitmek kowumdaş bolup durýan bu türkmen, türk, azerbaýjan, özbek, gazak, gyrgyz, tatar, uýgur, başgyrt halklarynyñ medeni ýüzi bolan ýazyjy-şahyrlaryñ mukaddes borjudyr. Ahad Muhtaryñ edebi döredijilik ýoly bolsa, hut bu babatda görelde alarlyk mekdepdir.
Ahad Muhtar aradan çykandan soñra onuñ ähli eserleri we terjimeleri ýanýoldaşy Farida hanym tarapyndan tertipleşdirildi. Farida hanymyñ aýtmagyna görä, Ahad Muhtar özbek edebiýatynyñ görnükli wekillerinden Mir Temir, Şöhrat, Abdylla Arypow, Zülfiýa, Gafur Gulam, Uýgun, Şükrulla dagylardan hem terjimeleri bar ekeni. Şeýle hem tatar kowumdaşlarymyzdan ýazyjy, publisist Hajy Agaddin Mansurzada “Özbegistanda nämäm galdy?” diýen ýatlama kitabynda Ahat Muhtaryñ terjimelerinden giñden peýdalanýar. Ahad Muhtar “Bir ilde dokuz kitap” kitabynda özbek halkynyñ azerbaýjan edebiýatyna bolan hormatyndan söz açyp şeýle diýýär:
"Men Özbegistanda Nyzamy Genjewi adyny göterýän Daşkendiñ Pedagogik institutynyñ bardygyny uly hadysa hasap edýärin. Eger bu ýokary okuw jaýyndan çykan müñ sany mugallym özbek doganlarymyzyñ arasynda ile-güne hyzmat etse, bu özbek ýurdunyñ her künjeginde Nyzamynyñ perzentleri bar diýmekleigi añladýar. Olar ussat şahyry öwrenseler, ony ýetişdiren halkynam we ýurdunam söýerler. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, men hem haýsam bolsa bir instituta iku doganlyk halkyñ buýsanjyna öwrülen şahyr Maksud Şeýhzadanyñ adyny dakmak isleýärin. Maksud Şeýhzadanyñ adyny eşiden we goşgysyny bilem adam özbek topragynda islendik gapyda güler ýüz bilen garşylanjagyna ynamym bar… Maksud Şeýhzada bütin özbekleriñ uçursuz eý görüp okaýan beýik ussatlarynyñ biridir. Özbekler ýöne ýere ala-böle diñe şoña "Ussat" diýenoklar…"
Ahad Muhtaryñ özbek kowumdaşlarymyza bolan bu ýakynlygy elbetde özbek halkynyñ halkynyñ arasynda mynasyp garşylygyny aldy. Bu gün Sabir, Jafar Jabbarly, Mikaýyl Müşfik, Samad Wurgun, Süleýman Rüstem, Mürze İbragimow, Nabi Hazry, Bahtiýar Wahabzada, Jabir Nowruz ýaly şahyrlar göýä azerbaýjan şahyrlary däl-de, özbek şahyrlary ýalydyr. Ahad Muhtaryñ öz goşgulary hem özbek diline terjime edilipdir. Özbegistanyñ “Ulduz” ("Ýyldyz"), “Gülüstan”, “Sowet Özbegistany”, “Buhara hakykaty” ýaly birnäçe gazet-žurnallarynda Ahad Muhtaryñ eserleri yzygiderli çap edilipdir. Onuñ goşgularyny Narmurat Narzullaýew, Safo Oçil we Ihtiýar Ryza özbek diline terjime edipdirler. Asly azerbaýjanly bolan we özbekleriñ söýüp okaýan şahyry Ihtiýar Ryza Ahad Muhtaryñ ýakyn dosty ekeni. Ihtiýar Ryzanyñ hem türki halklaryñ edebiýatynyñ edebi hyzmatdaşlygynyñ gurulmagynda bitiren işleri Ahad Muhtaryñkydan peslär ýaly bolmandyr.
Özbegistanyñ halk şahyry Narmyrat Narzullayewiñ “Baku ýelleri” goşgusy Ahad Muhtaryñ terjimesinde azerbaýjan dilinde şeýle ýañlanýar:
"Əs, ey külək, vüqarla üfüqlərə qovuş, çat,
Mehrini şəfəq kimi payla sən dosta, yara.
Başlanıb bizim üçün nəğmə dolu bir həyat,
Qanadına al, apar məni də uzaqlara…"
Häzirki wagtda Milli Liderimiz tarapyndan beýleki türki dilli ýurtlar bilen özara doganlyk gatnaşyklarymyzyñ has-da güýçlendirilmegine üns berilýän döwürde, edebi hyzmatdaşlygyñ gurulmagy we kowumdaş halklarymyzyñ edebiýatyndan in gowy nusgalaryny türkmen diline terjime etmek, şol sanda türkmen edebiýatyny beýleki türki dillerde ýañlandyrmak ýaly asylly işlere öz goşandyny goşmak edebiýatdan baş çykarýan her bir ylymly-bilimli adamyñ jana-jan borjudyr.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly