Ah, Haýnrih! (Hekaýa)
Aýriss PRESS,
nemes ýazyjysy
Hanym we jenap Bertramlar daň bilen oýanyp-oýanmanka, eýýäm tersleşip ýetişipdiler. Şonuň üçinem hersi aýratynlykda özbaşyna kofe edinip, gazete gümra bolup otyrdylar.
— Meniň käsämiň gyrasy uçupdyr! — diýip, jenap Bertram çasly gygyrdy.
— Kiçijik zat üçin gaharlanmak nämä gerek? — diýip, hanym Bertram aýtdy.
— Munuň kiçijik zat bolmagam mümkin, ýöne dodagymy kesäýse näme?! Men stoluň üstünde döwük gap görsem gaharym gelýär. Gap-gaçlary ýuwanyňda seresap bolmaly. Sen hem şu ömrüňe bir zatlar öwrenmediňmi? Ine, menden mysal al, men hiç haçan ünssüzlige ýol berip, bir zatlar döwen ýerim ýokdur — diýip, jenap Bertram öwündi.
— Goýsana! Oň ýaly bolmaga haky ýok! Onsoňam… sen diňe öz ulanýan tabagyňa, çemçäňe hemem pyçagyňa eýelik edýäň. Men bolsa öýdäkileň baryna ýetişmeli! Gap-gaçlary daşamaly, ýuwmaly, guratmaly. Her gün iki, üç, käte dört gezek gaýtalanýan bu iş meni halys surnukdyrýar… — diýip, hanym Bertram zeýrenip ugrady.
— Näme, bar bahanaň şumy! — diýip, jenap Bertram keýwanysynyň sözüni böldi. — Bir gezek menem günüň dowamynda gap-gaçlary dört gezek ýuwdum, saçagy bezedim, şonda-da hiç zady döwmedim. Men iki günläp gap-gaçlary özüm ýuwjak. Görersiňiz, hiç zadyň döwülmejegine jedelem edip bilerin.
Hanym Bertram «bolýar» diýip ylalaşdy.
Ýanýoldaşy sözünde durdy. Jenap Bertram iki günläp saçak ýazdy, ýygnady, gap-gaçlaram özi ýuwup, süpürip guradyp, aşhana yşgabynyň içinde, alan ýerinde tertipli düzüp çykdy. Gap-gaçlaryň ýekejesem döwülmedi, edil alnyşy ýaly ýerinde goýuldy. Tutuş maşgala muňa haýran galdy. Olar kakalaryny öwüp, ondan sagbolsunlaryny gysganmadylar. Jenap Bertram öwgüli sözlere diýseň begendi.
Günlerde bir gün jenap Bertram heniz işde wagty hanym Bertram onuň halaýan süýji nanyny bişirdi-de, giň gapda goýmak üçin tekjede duran ýalpak tabaklaryň birine elini uzatdy. Alanam şoldy welin, gap tötänden ýere gaçyp, kül-uşak boldy. «Nähili utanç! Muny bu durşuna goýsam gepe galaryn» diýip, hanym Bertram aglamjyrady. Biraz salymdan köşeşip, jäjiň böleklerini kagyza dolady-da, öýünden çykdy. Köçäniň bir burçunda gap-gaçlary satýan hytaý dükany bardy. Hanym Bertram harytlara göz gezdirip:
— Maňa bir gap gerek — diýdi.
— Size nähiliräk görnüşde gerek? Belli bir nagyşdan bolanyny isleýäňizmi? — diýip, satyjy sorady.
— Men döwlen bölekleri ýanym bilen alyp geldim — diýip, hanym Bertram olary kagyzdan çykaryp, onuň öňünde goýdy.
— Siz gaty nesibeli adam ekeniňiz! Biz bir müşderiniň islegi boýunça şu görnüşli gaplardan kän getirtdik. Müşderi iki günüň dowamynda on bir käse, sekiz sany kiçi gap, ýedi sany uly gap, dört sany kiçi tabak hemem kofe gaýnatmak üçin saplyja çäýnek satyn aldy. Onuň näme üçin günde gap-gaç alýandygy barada gyzyklanyp görsek, ol ony sowgat üçin alanok eken-de, döwlenleriň öwezini dolmak üçin edýän eken — diýip, satyjy aýtdy.
Hanym Bertram haýran galmakdan ýaňa gürläp bilmän, duran ýerinde doňup galdy. Soňra özüne gelip:
— Müşderiniň adyny aýdyp bilmersiňizmi? — diýip sorady.
— Aýdyp bilerin. Ol Haýnrih Bertram diýen biri. Hol burçda ýaşaýar — diýip, satyjy olaryň ýaşaýan ýerine elini uzatdy.
Hanym Bertram içinden: «Ah, Haýnrih!
Haýnrih! Eýtjek-beýtjek özüňkini dogry etjek-dä!» diýdi. Soňra uludan demini aldy-da, ýeňlän ýaly bolup, öýüne bakan ýöneldi.