Agu Sihwka hakykaty beýan edýär (3-nji bolek)
Ýaan RANNAP.
eston ýazyjysy
(Okuwçy Agu Sihwkanyň gündeliginden)
MEKDEP MAŞYNYNY ITEKLÄP
OTLAÝŞYMYZ HAKYNDA
(Okuwçy Agu Sihwkanyň zähmet
mugallymyna düşündiriş haty)
Bolan wakany dogruçyl, ak ýürekden, bolşy-bolşy ýaly beýan etjek bolsam, onda men mekdebimize täze gelen Mart Obukakkyň edil gögeýin ýaly wyzzyldamagy başarýandygyndan aýdyp başlamalydyryn. Şonda biz onuň haýran galaýmaly bu ukybyny iş ýüzünde nirede peýdalanyp boljakdygy hakynda kelle döwmäge başladyk.
— Taryh sapagynda Obukakky görkezme esbaplaryň salynýan yşgabyna girizeliň, goý, şo taýda wyzzyldasyn otursyn — diýip, okuwçy Topp teklip etdi.
Ýöne yşgabyň içi görkezme esbaplardan depilip dykylan ýalydy, şonuň üçinem bu pikir başa barmady.
— Ony ýangyn howpsuzlygy üçin merduwanda oturdalyň, goý, daşarda, penjiräniň öňünde wyzzyldasyn — diýip, Wiktor Kaur hem öz teklibini aýtdy. Ýöne Mart Obukakk merduwana münmekden kes-kelläm boýun gaçyrdy.
Başga gizlener ýaly ýerem ýokdy, şonuň üçin hem Ýuhan Kiýlike «etjek alajyň ýok, gögeýinimiz gizlenmezden wyzzyldamaly bolar» diýdi. Ýöne Obukakka howsala düşüp oturmagyň geregi ýokdy, çünki howpsuzlyk meselelerini ol, ýagny Kiýlike öz üstüne alýardy.
Şol gün müdir hem mekdepdedi, şonuň üçin hem Kiýlike wyzzyldamaklyk boýunça çäräni başga bir güne geçirmegi teklip etdi. Onuň bu aýdýany gaty göwnejaýdy. Ertesi gün müdir ýurdumyzyň paýtagtyna gitdi, synp ýolbaşçymyz Pýukk mugallym bolsa kiçi synpdaky okuwçylary okuw gezelenjine äkitdi, onsoň Kiýlike «wyzzyldamak üçin amatly pursat döredi, şu mahal wyzzyldamasaň hiç haçanam wyzzyldamarsyň!» diýdi.
Biz penjireleri giňden açdyk. Taryh sapagy başlady. Mugallym gyz Pugal synp otagymyza girip, kimi tagta çykarmalydygy hakynda oýlanyp başlandan, Mart Obukakk hem wyzzyldamaga başlady. Bizem oňa «köpçülikleýin al salyş» usuly boýunça ýardam berdik. Bu usuly bize Kiýlike öwretdi. Ilki bilen synpyň ähli okuwçylary tagtanyň üstündäki howaçykar gözenege seredýär, soňra hemmeler tagta süpürilýän esgä bakýarlar, soňundanam diwar tarapdan birinji hatardaky üçünji elektrik çyrasyna. Umuman aýdanymyzda, çäre takyk meýilnama boýunça amala aşyrylmaly.
Nähili tertipde, nirä seretmelidigini Kiýlike öňünden, hemmämize galam bilen oturýan partalarymyza ýazdyrdy, şonuň üçin hem «köpçülikleýin al salyş» kem-köstsüz gidip barýardy. Pugal mugallym ilki tutuş synpyň üns berip görýän möjejiginiň, nämüçin öz gözüne ilmeýändigine halys düşünip bilmedi. Ýöne synp otagynyň arka tarapyndaky diwarynyň ýüzündäki gara tegmile seretmeli bolanda, Wiktor Kauryň işe jogapkärçiliksiz çemeleşýändigi belli boldy, ol partada ýazylany okaman, ýatkeşligine bil baglady, şeýdibem hemme zady bulaşdyrdy, yzky diwardaky tegmile seretmäge derek öňdäki diwaryň ýüzündäki tegmile gözüni dikdi. Kauruň yzy bilen okuwçy Topp hem öňe seretdi. Bu bolsa beýlekileri hem bulaşdyrdy, onsoň, hakykatdanam, nirä seretmelidigini hiç kim bilmedi.
Ana, şonda Pugal mugallym hem nämäniň nämedigine düşündi. Ol erbet gaharlandy, kimiň günäkärdigini öňden bilýändigini aýtdy hem-de meni, Kiýlikeni hem-de Kaury sapakdan çykaryp kowdy.
Bu görnetin adalatsyzlyk bolýardy, çünki öň aýdyşym ýaly, täze gelen Mart Obukakk wyzzyldapdy, ahbetin.
Ilki bilen biz dälizde durduk, ýöne Kaur daş çykyp howluda dursak has gowy boljakdygyny, arassa howanyň öýkenlerimiz üçin hem peýdalydygyny aýtdy.
Howly gowudy, asuda ümsümlikdi. Ýöne bir ak towuk mekdep maşynynyň kabinkasyna giripdir-de, ol ýerden yzyny üzmän käkeleýärdi. Bizem muňa gyzyklanyp ugradyk, towuk o ýerde näme işleýärkä? Sürüjiniň kürsüsinde ýumurtga guzlaýan-a däldir-dä, hernä? Biz ony barlap görmegi ýüregimize düwdük.
Sürüjiniň kürsüsinde ýumurtga ýok ekeni. Ol ýerde diňe maşyn otlanýan açar ýatyrdy. Biz seresapsyzlyk bilen taşlanan açar sebäpli mekdebimize nähilidir bir zelel geler öýdüp gaty alada galdyk. Men:
— Ýol hereketiniň düzgünleri boýunça maşynyň açaryny çem gelen ýere taşlamak gadagan — diýdim.
Kaur hem meni goldady:
— Munuň üçin sürüjiniň mazaly suwuna degerler.
— Şu wagt biziň ýerimize haýsydyr bir jüwlük bolan bolsady, maşynymyz bu mahal Pskowyň bir ýerlerinden çykardy — diýip, Kiýlike hem biziň aýdanlarymyzyň üstüni ýetirdi.
Mekdebimiziň maşynyny goramak üçin, umuman aýdanymyzda, howpsuzlyk üçin biz açary almagy hem-de ony mekdebiň diwanjaýyna eltmegi ýüregimize düwdük. Men açary aldym welin, Ýuhan Kiýlike «maşyn otlanýarmyka, ilki bilen, şony bir barlap göreliň, ýöne gyzyk üçin barlap göräýeliň, onuň üçin hiç zat bolasy ýok» diýdi.
Onsoň ol starteri işletmek üçin çalasynlyk bilen kabinka sümdi.
Ana, şonda maşynyň otlanmaýandygy aýan boldy. Biz, elbetde, onuň näme üçin otlanmaýandygyny, oňa näme bolanyny bilmek isledik. Dessine, kapotyny galdyrdyk.
Kiýlike:
— Meniň eşidişime görä, köplenç halatda, maşynlaryň paýlaýjysynda näsazlyklar ýüze çykýar — diýdi.
Kaur onuň aýdanlaryna garşy çykdy:
— Men-ä maşynlarda, köplenç, karbýurator sandan çykýar diýip eşitdim.
Şeý diýdi-de, ol haýsydyr bir nurbatlary gowşatmaga başlady.
Men bir agzam geplemedim, çünki oňa elim degenokdy, maşyna benzin gelşiniň ýagdaýlaryny anyklamak üçin her hili turbajyklary, jürnükleri barlamak bilen başagaýdym.
Her näme etsegem maşyn otlanmady. Onsoň biz ähli azabymyzyň biderek bolandygyna düşündik. Diýmek, maşynyň kemçiligi başga bir zatda bolmaly, onuň nirededigini bil-dä bilýän bolsaň!
Maşyny otlap görmek pikirimizden el çekmekçidik, ýöne şol mahal Kaur:
— Ýene bir emel bar! Hereketlendirijini mejbury işe girizmek hem bolýar, geliň şeýdeliň! — diýdi.
Onsoň Kaur öz obalaryndaky mal lukmany hakynda gürrüň berdi. Şol mal lukmany motoryny depip otlap bilmese, ony ýol bilen idip, tä otlanýança itekläp, gapdalyndan ylgaýan ekeni. Özem ol motory bilen kolhozyň maldarçylyk fermasyna gidýän ýol boýunça ylgaýar ekeni. Birden otlanmaýanda-da, ol şeýdip işleýän ýerine ýakynlaşýan ekeni.
Kauryň bu gürrüňine känbir pisindim oturmady, onuň bilen ylalaşmadym:
— Motory itekläp otlasaň bolýan bolmagam ahmal. Ýöne maşyny itekläp, gapdalyndan ylgap bilmersiň, oňa güýjüň ýetmez. Asla ony ýerinden gozgap bilsek zor boldugymyz.
Kiýlike ýeňsesini gaşady hem-de «maşyny itekläp ylgap bolmaz, onuň asla geregem ýok. Ýöne maşyny mekdebi ýyladýan buggazanyň jaýyna çenli itekläp eltip bilsek, onda boldugy, aňyrlygyna özi gider, buggazandan aňryk bag ýodajygy ýapaşaklygyna gidýär. Ana, şondan soň Kauryň aldaýany, aldamaýany belli bolar» diýdi.
«Ýedi ölçäp, bir kes» diýen atalar sözi bar. Şol aýdylýan hakykatyňam hakykaty ekeni. Indi men muňa gaty gowy düşünýän: ilki hemme zady mazaly ölçerip dökmeli, onsoň işe girişmeli.
Ýöne şo mahal men bu hakda asla pikir etmändirin. Kiýlike bilen Kaur bolsa, asla mençe-de pikir eden däldirler. Sebäbi olar öz elleri bilen maşyny buggazana tarap iteklediler, men bolsa bary-ýogy sürüjiniň kürsüsinde oturdym hem-de ruly iki-baka towladym, bar edenim şol.
Maşyn ýapydan aşaklygyna gaýdan mahaly men, birden ol şaglap gaty uly tizlik bilen gitse näme-nämeler boljagy hakynda, elbetde, pikir etdim. Düşnükli zat, şeýle bolaýsa haýdan-haý tormoza basmagy ýüregime düwdüm.
Edil şeýle hem boldy, menem tormoza basyp maşyny saklamakçy boldum, ýöne tormoz aýagyma hiç hili agram bermän, aşaklygyna gitdi, ynanmasaňyz Kiýlikeden soraýyň, tassyklar şu aýdýanymy, ol şol mahal maşynyň kabinkasyna münülýän basgançakda durdy.
Men el tormozyna ýapyşdym, onuňam tutaýy elime geldi, Kaur bir nurbaty ýetmeýän karbýuratora goýmakçy bolup, onuň nurbatyny towlap alypdy.
Biziň synp ýolbaşçymyz Pýukk mugallym bize durmuşda gyssaga düşen mahalynda adam beýnisi on esse çalt işleýär diýip gürrüň beripdi. Onuň bu diýýäni, hakykatyňam hakykaty ekeni. Maşyn okuw-tejribe ekinçiliginiň aralygyndan gidip ugranda, kelläme maşynyň öňki tigirleri hyýar ekilen keşleriň birine düşse, yzky tigirlerem beýlekisine düşse ol saklanar diýen pikir geldi. Ýöne Kiýlike meniň näme etjek bolýanymy duýupdyr, ol çirkin sesi bilen:
— Çepe sowma! Çepe sowmak bolanok! Biz dek düýn ol ýeri otap, ýumşatdyk! Indem ony görmez etjek bolýaňmy? — diýip gygyrdy hem-de maşyny saklamak üçin rediska ekilen joýalary peýdalanmagym üçin ruly saga çekdi. Dogrudanam, rediska ekilen keşler heniz hapa-haşal otlardan arassalanmandy.
Ýöne biz çekeleşip durýançak, maşyn ekinli joýalaryň ikisindenem geçip gitdi, indi öňde ony duruzmak üçin iki mümkinçilik bardy, biz ýa-ha kryžownik ekilen joýalara ýa-da ekinleri suwarmak üçin suw alynýan howdana girizip maşyny saklamalydyk. Men kryžownikli joýalary saýladym, çünki howdanyň näçeräk çuňlukdadygyny bilemokdym, onsoň, näme, onuň howply bolmagy ahmal. Adam bolsa biziň jemgyýetimiziň iň esasy gymmatlygy, bu juda buýsançly eşidilýändir, görseň.
Ynha, men ähli bolan zatlary dogruçyl, ak ýürekden bolşy-bolşy ýaly beýan etdim. Görşüňiz ýaly, bu ýerde biziň hiç hili günämiz ýok, biz diňe maşynyň otlanýanyny ýa otlanmaýanyny barlamakçy bolduk.
Ýol hereketleriniň düzgünlerinde açary maşynyň içinde galdyryp gaýtmaly däldigi hakynda aýdylypdyr ahbetin, ine, şu welin, hakykatyňam hakykaty. Perwaýsyzlyk edilýär. Biperwaýsyzlyk bolan ýerde hem betbagtçylyk bar!
Paýlaýjynyň gutusynyň aşagyndaky pyrlanýan zatjagaz hem tapyldy. Ol Kiýlikeniň jübüsinden çykdy. Ol ony jübüsine salypdyr, soňam ýadyndan çykarypdyr.
TEBIGATY ÖWRENIŞ SAPAGYNDAN
IKILIK ALŞYM HAKYNDA
(Okuwçy Agu Sihwkanyň öýe berlen tema boýunça ýazan düzmesi)
Düzmäniň meýilnamasy:
1. Ýuhan Kiýlike bilen dostlugym.
2. Dost dosty talaýar.
3. Ýorgançam bilen bolan waka.
4. Demir peçde daş kömür ýakmaly däldir.
6. Jemleme sözi.
Bolan zatlary birujundan gürrüň bermeli bolsa, onda men geçen güýzden başlamaly bolaryn. Okuwyň ilkinji güni, biziň mähriban altynjy synpymyz bir ýere jem bolanda ýanyma Ýuhan Kiýlike geldi hem-de şeýle diýdi:
— Agu, maňa gulak as! Gel, indiden beýläk dost bolaly, şu ýyl hem bir partada oturaly!
Men bäşinji synpda Sulew Kalkun bilen dost bolupdym. Ýöne tomus Sulew meniň tigre ýelbergijimi sorap aldy. Alanda ýelbergiji jüründigi bilen birlikde aldy, yzyna jüründiksiz gowşurdy. Şeýdibem tersleşdik, dostlugymyzam tamam boldy. Täze dostumyň garşysyna sözüm ýokdy, şonuň üçinem:
— Onda näme, Ýuhan, bolýa, men razy — diýdim.
Indi men ýedinji oktýabrda bolan doglan günüm hakynda aýtmaly. Şonda kakam maňa on manat pul berdi hem-de sowgat üçin islän zadyňy satyn alaý diýdi. Men woleýbol topuny hem-de tor satyn almakçydym, ýöne özüm bilen dükana giden täze dostum Ýuhan Kiýlike meni balyk tutulýan gurallary satyn almaga yrdy. Onsoň men üç manada çeňňek hemem çeňňegiň erişli tigirçegini satyn aldym, oňa-da ýene üç manat gitdi. Iki sany garmagam aldym, oň üçinem elli köpük töledim. Kiýlike hem menden iki manat elli köpük karz alyp, özüne çeňňegiň erişli tigirçegini satyn aldy. Öz doglan güni bolanda maňa bergisini gaýtaryp berjegine söz berdi. Dükandan çykan badymyza Kiýlike işi soňa goýup ýörmän, dessine balyk tutmaga gitmegi, bagtymyzy synap görmegi teklip etdi. Biz «aw ganly bol-a» diýdik-de, Artu derýasyna bakan ugradyk.
Kenara baranymyzdan soň, Kiýlike hoz agajynyň şahasyndan hem-de birnäçe bölek simden özüne çeňňek agaç ýasandy. Soňam:
— Biz näme bärde samsygymyzy aşyryp durus. Gel bäsleşeli, kim köp balyk tutmaşak edeli — diýdi.
Ol derýa akymynyň birneme ýokarsyna geçmegi ýüregine düwdi. Men bolsa öňki duran ýerimde, Sombus aýlawynda galmaly boldum, sebäbi ujy aldawaçly çeňňegimi birinji gezek oklan badyma ol çolaşdy, menem indi ony halys yzyna, tigirçege sarap bilemokdym.
Birsalymdan men Kiýlikeniň çasly sesini eşitdim. Dostum gygyryp, maňa çeňňegine balyk düşenini aýdýardy. Seretdim welin, Ýuhan suwdan ullakan balyk çykardy.
Ol çortan balygydy.
Men dessine çeňňek oklamak üçin Kiýlikeniň duran ýerine bardym, Kiýlike bolsa meniň öňki balykçylyk eden ýerime, Sombus aýlawyna dolanyp geldi. Biraz wagt geçdi welin ol ýene-de gygyrdy:
— Bir zada düşdi, çeňňegime!
Onsoň ol ýene bir çortan balygyny çekip çykardy. Bu balygam edil birinji balyk ýalydy.
Ýene on minut töweregi geçdi welin, Kiýlike üçünji balygynam tutdy. Ýöne ol balygy çekip durka çeňňek gamyşlyga çolaşdy, balygam gaňyrçakdan sypdy.
Kiýlikeniň şobada keýpi bozuldy, ol öýe gaýtmaga howlukdy. Gaýtmakçy bolup, çeňňeklerimizi sarap bolmankak, golaýda balyk tutup oturan goja Ýuhan Kiýlikeni çagyrdy:
— Eý, oglanjyk! Getir-dä, balygy yzyna! Näçe wagtlap ony dostuňa görkezjek? — Şeý diýdi-de, goja gaty-gaty ädimläp, biziň ýanymyza gaýtdy.
Men Kiýlikeniň suwdan her gezek şol bir çortan balygyny çykaryp durandygyny indi bilip galdym. Ol balygy maňa görkezmek üçin gojadan az wagtlyk sorap alypdyr. Indem ol balyk derýanyň içinde ýüzüp ýör. Men goja gopgun turzar öýdüp gorkdum. Ýöne garry bize herrelip durmady. Asyl ol balygy berende Kiýlikä girewine bir manat pul goýduran ekeni. Ol bir manat hem, elbetde, meniň pulumdy, kakamyň doglan günümde özüme sowgat alynmagym üçin beren on manadynyň iň soňky bir manadydy. Öýe gelýärkäk Kiýlikä gaharym gelip, ýarylaýjak bolýardym. Men oňa:
— Dostuň dostuny nähili talaýandygyny men indi bilýärin — diýdim.
— Munuň ýaly ownuk zatlar üçin gaharyňy getirip oturmak nämä gerek — diýip, Kiýlike jogap berdi. Muňa hasam myrryhym atlandy:
— O nähili gaharym gelmeli dälmişin, seniň aýdýan zatlaryň uçdantutma çypdyrma bolsa nädip gaharyňy getirmejek?
Kiýlike meniň aýdanlarym bilen ylalaşmady:
— Bu çypdyrma-da däl, aldawam däl. Bu oýun. Hakyky dostlar bolmanam biri-biri bilen oýun edýärler.
Soňra Kiýlike «islemeýän bolsaň geregi ýok, oýny götermeýän bolsaň, indi seniň bilen oýun etmen, oýun etmesizden dostlaşybereris» diýdi. Menem oňa gaharlanmagymy goýdum.
Ýöne Kiýlike sözünde durup bilmedi. Bu internata gyşy geçirmäge baranymyzda belli boldy. Şo mahal okuwçylaryň ýaşaýan otaglarynyň obanyň beýleki çetinde, täze gurlan okuw toplumyndan aýra duran köne binada ýerleşýändigini hemmelerem bilýändir. Ynha, onsoň Kiýlike gijäniň bir mahaly düşeginden turýar-da, çeňňegiň gaňyrçagyna meniň ýorgançamyň bir çüňküni ildirýär, soňam ýerine geçip, çeňňegiň tigirçegini sarap başlaýar. Men ukynyň arasynda ýorgançamy üstüme çekip, ýaňyja ymyzganyp başlaýan welin, olam üstümden typyp ýere gaçýar. Zol-zol gaçyp dur, yzly-yzyna on gezek dagy aşak gaçandyr.
Bu eýýäm Kiýlikeniň meni ikinji gezek oýnaýşydy. Onsoň näme, menem bu işi şeýle galdyryp biljek däldim. Nämedir bir zat edip, dostum bilen hasaplaşmalydym. Ilkibada, men gije turup bildirmän, Ýuhan Kiýlikeniň kürtekçesiniň ýeňini hem-de jalbarynyň gonjuny çatjak boldum. Ýöne sapagym ýogyn bolup, halys iňňä sapyp bilmedim. Muny Wiktor Kaur hem gördi, ynanmasaňyz soraýyň. Ana, onsoň kelläme başga bir pikir geldi, Kiýlikeniň köwşüniň içine öli syçan atmagy ýüregime düwdüm, ýöne bu pikirimem başa barmady, öli syçan tapdyrmady.
Biziň internatymyzyň içki tertip-düzgüni boýunça okuwçylaryň agşam on biriň ýarynda ýatýandygyny hemmeler bilýändir, eýýäm sagat on birde internat dym-dyrslyk bolmalydy. Bir gezek Ýuhan Kiýlike hor çekip başlanda — bu onuň mazaly uka gidendigini aňladýar — biz, ýagny biziň otagymyzdaky beýleki oglanlaryň hemmesi, ýatalgalarymyzdan turduk-da, ýorgan-düşegimizi ýygnap tertipleşdirdik hem-de geýindik. Otagymyzda hem-de internatyň dälizinde asylgy diwar sagatlarynyň dilini süýşürip, sekize on bäş minut galan edip goýduk. Soňra hemmämiz kitaply bukjalarymyzy goltugymyza gysyp, okuwa gidýänden bolduk. Men Kiýlikeni itekläp, gygyrdym:
— Eý, ýatak! Seň näme gulagyň gapyldymy? Terbiýeçimiz Leping bizi bireýýäm oýaryp gitdi.
Soňam hemmämiz, her gün irden bolşy ýaly, sapaklarymyza gijä galmajak bolýansyrap, ylgaşyp gapydan çykdyk. Dälizde biz kiçijik otagda gizlendik, haýsy otagdygyny bu ýerde aýdyp oturmaýyn. Onsoň gapynyň yşyndan jyklamaga durduk. Iki-üç minut geçip-geçmänkä biziň otagymyzdan Kiýlike atylyp çykdy. Ol köwşüniň bagjygyny hem daňmandyr, şarfy bolsa yzyndan süýrenip barýardy. Şol durşuna ol ala-tapyrdy bolup köçä okduryldy.
Bizem dessine sagatlaryň dilini dogruladyk, çykaryndyk, çyrany öçürip ýorganymyza sümdük.
Men:
— Kiýlike bu patanaklap gidişine mekdebe çenli bararmyka, ýa-da ýolda nämäniň nämedigini aňyp, obanyň ýarysyny geçenden soň yzyna dolanarmyka — diýdim.
Topp:
— Görnüp dur, mekdebe çenli gitjegi. Häzir säher bilen ýarygijäni tapawutlandyrjak gümanyň ýok. Irdenem gije ýaly garaňky — diýdi.
Men onuň bilen ylalaşmadym:
— Kinoteatryň ýanynda sagat bar ahyry. Ol ony görse göräýer.
Kaur meniň bilen ylalaşmady:
— Ol sagady-ha hasap edibem oturma. Onuň ýalňyş ýöreýänini öňýeten bilýär.
Ol mamla bolup çykdy, Kiýlike wagty bilen dolanmady. Ol tanapyndan boşan öküzçe ýaly myşşyldap geldi, içiniň ýangyjyna kitaply bukjasyny başyndan aýlap zyňyp goýberdi. Ýöne, dogrusy, biz muny eşitmedik, sebäbi oňa çenli biz eýýäm süýji uka batypdyk.
Men düzmäniň esasy temasyndan daşlaşýan ýaly hem bolup görünýändirin, ýöne bu beýle däl. Näme üçin on bäşinji maýda internatyň pejini ýakandygymyň sebäbiniň hemmelere düşnükli bolmagy üçin, men bulary hökman aýdaýmaly. Bu mahala çenli, ýagny peçli waka deňiç Kiýlike ikimiziň dostlugymyz şu ýazyp beýan edişim ýalydy. Başgaça aýtsam, ol-a gabat gelen ähli ýerde dostluk degişmesini edip üstümden gülmek isleýärdi, menem her gezek onuň öňünde bergidar galmazlyga, oňa özüniňki ýaly jogap bermäge çalyşýardym. Maý aýynda bolsa şeýle bir jöwzaly, kapas howa başlady welin, heý, goýaý. Bir gezek agşamara Ýuhan Kiýlike howanyň yssylygyndan zeýrendi:
— Baý-baý petişdigini, asyl çydar ýaly däl-how, bu epgegiň derdinden gije ýatyp bir bolarmyka?!
Şeý diýdem welin, kelläme bir pikir geldi: şu Ýuhan Kiýlike dostuma hasam «ýagşylyk» edeýin, gapdalyndan pejem otlaýyn, ýylynsyn hezil edip, diýdim. Kiýlike uka giden badyna men penjiräni pugta ýapdym-da, pejiň oduny tutaşdyrdym. Pejiň agzy otagyň içinde däl-de, däliz tarapynda. Otagdaky ýoldaşlarymyň ählisi, elbetde, Kiýlikeden galany, maňa ot ýakmaga kömek etdiler. Bir sagatdan peç şeýle bir gyzdy welin, üstüne tüýkürdigiň, tüýküligiň yzyna zyňylýardy. Otagyň içi hammam ýaly gyzdy. Kaur Kiýlikeni görmek üçin ylgady hem-de onuň eýýäm «ýagynyň eräp başlandygyny» habar berdi. Kiýlikeniň nähili semizjedigini göz öňüne getirseň, onuň aýdýanynyň dogry bolmagam ahmal.
Birden zähmet otagynyň gapdalyndaky ammarjykda daş kömrüň bardygy ýadyma düşdi. Men dälize tutuş bir bedre kömüri alyp geldim hem-de susguç bilen oklap pejiň içini doldurdym. Az salym geçensoň men ýene kömür salyp, ody güýçlendirmekçi boldum. Ana, şonda güýçli howruň pejiň içki gapysyny eredendigi belli boldy. Diýmek, men mekdebiň emlägini haraplapdyryn, mekdebiň emlägi bolsa biziň hemmämiziň baýlygymyz!
Ertesi gün bu waka tutuş mekdebe aýan boldy, hemmeler gülüp-gülüp kese ýykyldylar. «Köp gülen bir aglar» diýen atalar sözi ýönelige aýdylman ekeni. Ol aýdylan hakykat boldy. Dogry, bu beýleki oglanlaryň däl-de, diňe meniň ýeke özümiň başyma geldi. Tebigaty öwreniş dersinden sapak başlan dessine, Pýukk mugallym meni tagta çykardy hem-de mylaýym ses bilen geçilenleri gaýtalajakdygymyzy aýtdy.
Ol menden:
— Peçleriň gapysy nämeden edilýär? — diýip sorady.
— Çoýundan edilýär — diýip jogap berdim.
Pýukk mugallym çynlakaý görnüşe girip, maňa täze sowal oklady:
— Onda, hany aýt, çoýun näçe gyzgynlykda eräp başlaýar?
Men muny ýadyma salyp bilmedim. Maňa derek bu Ýuhan Kiýlikeniň ýadyna düşüpdir, ol barmaklary bilen howada «1100» belgini ýazdy.
Menem:
— 1100 gradus gyzgynlykda — diýip jogap berdim.
— Hop, ýagşy — diýip, Pýukk mugallym joşgunly gepledi. — Asyl sen muny bilýän ekeniň-ä! Onda meniň saňa ýene bir sowalym bar, hany aýt: daş kömür ýananda onuň ýalnynyň iň ýokary temperaturasy näçä gradusa deň?
Bu sowal öňküdenem kyndy, men esli salym oýlanyp durdum. Ýöne Ýuhan Kiýlike oturan ýerinden howada «2000» belgini çekdi, Wiktor Kaur bolsa pyşyrdap, onuň kislorodyň gelşine baglydygyny aýtdy. Menem şeý diýip mugallyma jogap berdim.
Ana, şonda Pýukk mugallym maňa ikilik goýdy. Üstesine-de, maňa ikilik däl, birlik goýaňda-da bolman durmajagyny aýtdy, çünki ol bu ýagdaýda meniň nazaryýet bilimlerimi iş ýüzünde peýdalanyp bilşimi bahalandyrýan ekeni. Ynha, men çoýnuň ereýän temperaturasyny hem-de daş kömür ýananda onuň ýalnynyň temperaturasyny bilmeýän bolanlygymda, onda başga gürrüň, ol diňe maňa bu ýagdaýlary ýadymda saklap bilmedigim üçin bellik ederdi, şoň bilenem oňardy. Ýöne indi ol diňe bellik edip oňaýmagyň ýeterlik däldigine düşünipdir. Ol bizi bu çylşyrymly ýalançyda ýaşamaga taýynlaýar, ýaşamak üçin hem iň esasy zat, bilimleriňi iş ýüzünde ýerlikli peýdalanmak.
Şeýle bolsa, maňa ikilik nähak goýlan bolýar-da. Sebäbi men temperatura, gyzgynlyk hakynda düýbünden hiç zat bilemokdym. Men Ýuhan Kiýlikeniň özüme aýdanlaryny aýdyp, jogap berdim ahyry. Ýöne Kiýlike etjegini etdi, onuň ýerine jezasyny men çekmeli boldum, indi öýden mekdebimiziň pejine täze gapy getirmeli.
Soňundanam mugallym maňa «edýäň-edýäň özüňe edýäň, edeniňi arkaň bilenem çekersiň» diýdi. Men düzmäni mugallymyň şol sözleri bilenem tamamlamak isleýärin, sebäbi onuň aýdýany hakykatdy. Hiç kim maňa Ýuhan Kiýlike bilen dost bol diýmedi. Özüm dostlaşdym, indem ejrini çekýärin.
Alan puluny bolsa, ol henizem yzyna berenok.
DILLER OKUW OTAGYNDAKY
MAGNITOFONY SANDAN ÇYKARYŞYM
HAKYNDA
(Okuwçy Agu Sihwkanyň mekdep müdirine düşündiriş haty)
Bolan wakany bolşy-bolşy ýaly düşündirmeli bolsa, onda men Puşkin hakynda geçilen edebiýat sapagyndan başlamaly. Şonda mugallymymyz Oneginiň nädip Lenskini atandygy hakynda gürrüň beripdi. Ol ony duelde ýigrimi bäş ädim aralykdan atypdyr.
Edebiýat sapagyndan soň zähmet sapagy boldy, biz onda mekdep bakjasyndaky köki miweli ösümlikleri ýygnadyk. Işläp ýörkäk Ýuhan Kiýlike meniň ýanyma geldi-de:
— Mä-ä, mä-ä, mä-ä! — edip, mälemäge başlady.
Ol şeýtmek bilen meniň göwnüme degdi. Onsoň men edebiýat mugallymymyzyň beren gürrüňiniň täsiri astynda Wiktor Kauryň elligini aldym-da (özümde ellik ýokdy), ony Kiýlike zyňdym .
Okuwçy Topp maňa sekundant boldy hem-de ätläp, ýigrimi bäş ädimi ölçedi. Wiktor Kaur Ýuhan Kiýlikeniň sekundanty boldy hem-de herimiziň elimize bir pomidory tutdurdy.
Başa-baş söweşde, ýagny duelde garşydaşlaryň ýaragy birmeňzeş bolmaly, muny hemme kişi bilýär, ýöne Kaur maňa gök pomidor berdi, Ýuhan Kiýlike bolsa çüýrük pomidor tutdurdy. Onuň pomidory çüýrük bolany üçin men dueliň soňuna çenli dikelip durmadym, pomidor ýetip gelýärkä ýere ýapyryldym. Kiýlikeniň çüýrük pomidory bolsa üstümden geçip, synp ýolbaşçymyz Pýukk mugallymyň göni garnyna palçyldap degdi — ol bu mahal işleriň barşyna seretmek üçin bu ýere gelipdi.
Synp ýolbaşçymyzyň juda gahary geldi, sebäbi, birinjiden-ä, çüýrük pomidor onuň paltunynda ullakan tegmil goýupdy, ikinjidenem, azyk önümlerini zyňyşmagyň özi ýaman işdi. Onsoň Kiýlike ikimizi mekdep diwan jaýyna iberdiler hem-de ol ýerde durmaga mejbur etdiler. Bu bolsa görnetin adalatsyzlyk bolýardy, çünki çüýrük pomidory Kaur tapdy, ony zyňanam Kiýlike, bu ýerde meniň nähili günäm bar?!
Ilkibada biz diwan jaýynda gapynyň ýanynda durduk. Mekdebimiziň hasapçysy ýoldaş Mýatasy internatyň naharhanasyna gelen etiň agramyny çekmäge çagyranlaryndan soňra otagda diňe özümiz galdyk. Onsoň Ýuhan Kiýlike suratly žurnallar ýatan tekjelere golaýlaşdy. Menem şeýtdim.
Ana, şonda Kiýlike žurnaldan şeýle bir gyzykly makala tapdy welin, begenmekden ýaňa tas diňarkan gaýdypdyk. Makalada özüňe nätanyş bolan islendik dili uklap ýatyrkaň, hiç hili azap etmezden öwrenip bolýandygy hakynda aýdylýardy. Diňe sözleri hem-de olaryň düşümde üýtgeýşini magnitofon talasyna ýazmaly hem-de gije, uklap ýatyrkaň ony birnäçe gezek goýbermeli, bolany şol.
Biz makalany yzly-yzyna iki gezek okadyk. Kiýlike ýüzüni çytdy:
— Gör, nähili ajaýyp usul! Näme üçin bu hakda bize hiç zat aýtmadylarka?
Men:
— Entek aýdyp ýetişmedik bolaýmasynlar — diýdim.
Kiýlike muňa ynanmady hem-de nägilelik bilen hümürdedi:
— Bize muny asla aýdaslary gelenok. Eger hemme kişi uklap ýatyrka, azap etmezden dürli dilleri öwrenip başlasa, onda iňlis dili mugallymymyz işsiz galar. Rus dili mugallymam başga iş gözlemeli bolar. Olar dagy nämişlesinler, şeýle dälmi?
Ak ýürekli okuwçy adamlara hiç hili erbetlik etmeli däl, şonuň üçin hem Kiýlike ikimiz okuwyň bu täze usuly hakynda hiç kime aýtmazlygy ýüregimize düwdük. Ýöne Kiýlike sözünde durup bilmedi. Men muňa tiz wagtdan göz ýetirdim. Agşam lyžaly typyp gelenimde, oglanlar otagymyzda ala-goh bolşup, nireden magnitofon tapyp boljagynyň maslahatyny edýärdiler. Wiktor Kaur bolsa oglanlara özüniň iňlis dili kitabyny on bäş köpüge satyn almaklaryny teklip edýärdi, ýöne, elbetde, ol muny degşip aýdýardy.
Syrymyzy maňa aýtmazdan açany üçin Kiýlikä gaty gaharym geldi. Men oňa:
— Käbir kişileriň wadalarynda nähili durýandyklary indi maňa mälim! Seniň berýän sözüň bahasy kör-köpüge-de degenok! Iňlis dili mugallymyň nähili güne düşjekdigini pikir etmediňmi? — diýdim.
Kiýlike:
— Mugallyma hiç zadam bolasy ýok, çünki bize iňlis dilini tutuşlygyna bilmegiň geregi ýok. Ukudakak diňe ertire tabşyrylan ýumuşlary öwreneris. Bu bolsa mekdebimizde sapaklara ýetişigiň derejesini ýokarlandyrar. Eýse, bu mekdebimiz üçin abraý dälmi?
Mekdebimizde ýokary ýetişigiň gazanylmagyna garşy gidip bilmejegim, elbetde, düşnüklidir.
Onsoň näme, men hem beýlekiler bilen birlikde nireden magnitofon tapyp boljakdygy hakynda kelle döwmäge başladym. Ana, şol ýerde hem diller okuw otagynyň yşgabynda saklanýan magnitofon ýadymyza düşdi. Üstesine, ol magnitofonyň ýanynda talaslary hem bardy, olarda iňlis dili boýunça tutuş ýarym ýyllykda okamak üçin bölekler ýazylgydy, özem her bölekdäki nätanyş sözler aýratynlykda ýazylandy. Iňlis dili mugallymymyz aýdylyşyny has oňat özleşdirmegimiz üçin sapak wagtynda bize ol sözleri diňledýärdi. Maslahat edip, dessine iş meýilnamasyny düzdük. Ilki bilen, dälizde adam bolmazlygyna seretdik, soňam yşgabyň gapysynyň nähili ýapylandygyny bilmek üçin diller okuw otagyna ugradyk. Elbetde, biz internatdaky ümsümligi bozmazlyk üçin assyrynlyk bilen hereket etdik. Yşgabyň gapysy mäkäm ýapylgy ekeni, ýöne Kiýlike özüniň slesaryň ogludygyny, gulplary döwüp açýan garakçynyň agtygydygyny mälim etdi hem-de öz wyždanynyň içki sesine känbir gulak asmasa, gapyny açmaklygyň onuň ýanynda aňsatjakdygyny, ýöne muňa wyždanynyň çatmaýandygyny aýtdy. Bizem Ýuhan Kiýlikeniň «wyždanyny çatdyrmaga» başladyk.
— Biz ogurlyk edemzok ahyry. Diňe özümize gerek zady wagtlaýyn alýarys, soňam ony yzynda goýarys — diýip, okuwçy Kaur dillendi.
— Enjamy öz ýerinde, maksadalaýyk peýdalanmak gerek — diýip, men onuň sözleriniň üstüni ýetirdim.
— Öwrenmek üçin okuw enjamlaryny peýdalanmagy hiç kim, hiç haçan gadagan eden däldir — diýip, Kaur hem Ýuhan Kiýlikeni yrmaga çalyşdy.
Beýlekiler hem ýerli-ýerden Kiýlikeni yrmak üçin öz delillerini aýtdylar.
Bu mahal penjireden gözüni aýyrman oturan okuwçy Topp bolsa, magnitofony almak üçin terbiýeçi Rehemetsden rugsat soralaýsa kem bolmajagyny, ýogsa onuň görüp, işi bulaşdyrmagynyň ahmaldygyny aýtdy, birdenem ol «serediň, serediň» diýip gygyrdy. Edil şol mahal terbiýeçi Rehemets eli torly dükana tarap ugrapdy. Indi hiç kim biziň pikirimiziň amala aşyrylmagyna päsgel berip biljek däldi. Toppyň bu habaryndan soňra, Ýuhan Kiýlikeniň wyždany hem doly biziň tarapymyza geçdi hem-de ol öz kürtekçesiniň döşündäki kisesinden ujy egri çüýi çykardy.
Elbetde, kagyzy rejeli peýdalanmak gerek, şonuň üçin hem men magnitofony nädip öz ýatýan otagymyza getirişimiz hakynda ýazyp, kagyz baryny harçlap durmaýyn, diňe ony eşigimiziň syýyna salyp getirenimizi aýdyp oňaýyn-da, gijeki dym-dyrslyk wagtynda bolan wakalary beýan etmäge geçeýin. Internatyň içki tertibi boýunça gijeki dym-dyrslyk ýigrimi iki sagat otuz minutda başlanýar, muny hemme kişi bilýär.
Terbiýeçi Rehemets biziň ýatýan otagymyza yşyklanda oglanlaryň ählisiniň süýji uka gidendigini gördi, ýöne daşky gapy ýapylan badyna hemmeler ýatalgalaryndan atylyp turdular. Ýuhan Kiýlike bäş sany otluçöpi eline alyp, otagyň burçuna bardy. Soňra bolsa sesli düşündirmäge başlady:
— Gije ýatyşa bije atyş! Başy abat otluçöpi çekenler gije ýatýarlar hem-de ukudaka sapaga taýýarlanýarlar.
Men bijäni ilki bilen çekdim, maňa hem şobada ujy ýolunan otluçöp düşdi, şonuň üçinem beýlekileriň bije çekip oturmagynyň geregi ýokdy, şertleşişimiz boýunça başy aýrylan otluçöpi çeken nobatçy bolmalydy, ol uzak gije magnitofony aýtdyryp oturmalydy, gutarsa yzyna saradyp täzeden goýmalydy. Menden beýlekileriň hemmesi seslerini goşup, «Kimiňki bijede şowlamasa, söýgüde şowlaýar» diýişdiler. Bu sözler meniň göwnüme teselli bermek üçin aýdylypdy, ýöne onuň üçin ullakan bir göwnüm göterilmedi.
Biraz salymdan, Toppyň aýaklary ýatalganyň arkasyndaky sim çybyklaryň arasyndan geçende, Kaur bolsa ýassygynyň bir burçuny dişläp, myrlap ugranda, Kiýlike hem ukynyň arasynda «okuwly ozar, okamadyk tozar» diýip samyrdanda men magnitofony işe girizdim.
Mylaýym aýal sesi «Lesson twenty three» diýen jümläni hem-de her-hili nätanyş sözleri dürli labyzda öwran-öwran gaýtalaýardy… tiz wagtdan Kiýlike hem uklady. Diňe şondan soň men özümiň nähili çoçgara çolaşandygyma düşünip ugradym. Ertir iňlis dili mugallymymyz meni tagta çykarsa näme? Men oňa hiç jogap berip bilmen ahyry — agşam, sapaklara taýýarlyk görmek üçin bölünip berlen wagtda men ýeke agyz hem täze söz öwrenmedim, uklap ýatyrkaň öwrenmek usulyna bil bagladym.
Biziň synp ýolbaşçymyz Pýukk mugallym: «Adam kyn ýagdaýa düşende onuň beýnisi on esse çalt işläp başlaýar» diýip bize kän aýdypdy, onuň aýdýanynyň hakykatdygyna şu ýerde göz ýetirdim, pikirler kellämde şeýle bir uçganaklaşyp ugrady welin, men şobada öz ýetişigimi halas etmegiň, tutuş synpyň ortaça ýetişigini halas etmekdigine aýdyň düşündim. Her zat etmeli welin synpymyzy abraýdan düşürmeli däl. Muny bolsa diňe ýekeje usul bilen berjaý edip boljakdy, menem edil beýleki oglanlar ýaly ukuda ýatyrkam sapagy öwrenmelidim.
Belli-külli netijä geldim. Ýuhan Kiýlikeniň kürtekçesini aldym-da, döşündäki jübüsinden ujy egreldilen çüýi çykardym hem-de onuň fizika otagynyň gapysyny açjagyny ýa-da açmajagyny barlamaga gitdim. Maňa magnitofonyň öz-özüniň awtomatik ýagdaýda işläp başlamagyny hem öçmegini ýola goýmak üçin ol ýerden käbir zatlary almak gerekdi. Çüý fizika otagynyň gapysyny açdy, men hem ol ýerden elektromagniti, birnäçe simleri, içi seçmeli haltajygy hem-de aýlanan halatynda tok işläp çykarýan enjamy alyp, öz otagymyza getirdim. Indi awtomatik ýagdaýda öçürip-ýakyjyny nädip magnitofona çatmalydygy hakynda oýlanmak gerekdi, ýöne nädip oýlanjak, Kiýlike hor çekip ýatyrdy, onuň horruldysam maňa pikir etmäge päsgel berýärdi. Şol mahalam meniň kelläme täze bir gyzykly pikir geldi: tok işleýän maşynyň kömegi bilen onuň horruldysyny kesip bolmazmy, eýsem? Men simleriň bir ujuny Ýuhan Kiýlikeniň aýaklarynyň barmaklaryna çatdym hem-de tok işleýji maşynyň tutaýyny aýlamaga başladym. Munym juda oýlanyşyksyz hereket ekeni, Kiýlike şeýle bir silkindi welin, ýatalgasynyň gapdalyndaky tumboçkasy yranyp gitdi. Onuň üstünde bolsa içi seçmeli haltajyk durdy, ol gapdala agdy, içindäki seçmesi bolsa başga ýere dökülmän, edil magnitofonyň üstüne döküldi.
Nakylda aýdylýar ahyry «Bela göz bilen gaşyň arasynda» diýlip, ynha, şol aýdylan hakykatyňam hakykaty!
Wiktor Kaur ýatmazyndan öň magnitofony öwrenjek bolup, onuň gapagyny aýrypdy, ynha, indi owunjak seçme göni enjamyň içine döküldi. Seçmeleri eliň bilen ýeke-ýekeden çykarmak burnuňdan getirjekdi, onsoň men «elektromagnitiň bu ýerde nepi degmezmi?» diýip pikir etdim. Hawa, men şeýle hem etdim. Men esli mahallap elektromagniti magnitofonyň üstünde gezdirdim, onuň seçmejikleri özüne çekmegine garaşdym, ýöne oňa derek magnit iňlis tekstleriniň ählisini diýen ýaly öçüripdir, olar ýigrimi sany tekstdi! Täze sözlerem pozupdyr. Ol sözlerem, jümlelerem kän wagtlap Angliýada ýaşan bir ökde alym aýalyň dilinden ýazylypdyr, indi ol aýaly nireden tapjak?
Ynha, men bolan ähli wakany bolşy ýaly beýan etdim. Iňlis dili mugallymymyz bolsa, bu bilkastlaýyn edilen hyýanatçylyk diýýär. Ol meniň gündeligime şeýle diýibem ýazdy, çünki ol ähli bolan zatlary bolşy-bolşy ýaly diňlemek islemedi.
Bilkastlaýyn hyýanat eden men däl-de Ýuhan Kiýlike, ol mekirlik bilen otluçöpleriň hemmesiniň başyny ýolupdyr, biz muny soň bilip galdyk. Bilkastlaýyn hyýanat etmek, asla meniň kellämde ýokdy. Meniň bu aýdýanymy ak ýürekli okuwçylar Kaur bilen Topp hem tassyklar. Eger elektromagnitiň ses ýazylan talaslara şeýle täsir edýändigini öňünden bilen bolsadym, onda men ähli seçmejikleri ýekänme-ýekän elim bilen çykarardym.
GEOMETRIÝADAN NÄME ÜÇIN IKILIK
ALANDYGYM HAKYNDA
(Agu Sihwkanyň müdiriň okuw işleri boýunça orunbasaryna düşündiriş haty)
Bolan zatlary bolşy-bolşy ýaly gürrüň bermek üçin men mekdebimizde dabaraly nyzam bolan gününden başlamaly, şonda gurama geňeşiniň başlygy Kibuwask hemmeleriň bir zady pugta belläp goýmalydygyny, ýagny edil söweşde sapançanyň zerurdygy ýaly, durmuşda hem bilimiň möhümdigini aýdypdy.
Onuň bu meselede şunuň ýaly deňeşdirme ulanmagy meni juda geň galdyrdy. Men:
— Häzirki döwürde sapança bilen alan galaň bolmaz. Bolmanda, bäşatar gerek — diýdim. Topp:
— Häzir tüpeň bilen diňe aýy awlanýar. Uruş döwründe, söweş ýörişlerinde häzir esasy ýarag tank — diýip, meniň aýdanlarymyň üstüni ýetirdi.
Kiýlike hem dillendi:
— Megerem, Kibuwask gazet okamaýan bolsa gerek. Meniň pikirimçe, ol tüpeňem, sapança-da diýmän, top diýmelidi.
Soňra Kiýlike bize top bilen nämeler edip bolýandygyny düşündirmäge durdy. Şol mahal Kibuwaskyň öňündäki kagyz sahypalarynyň biriniň ýere gaçany üçin ara böwşeňlik düşdi, ýazgysy bolmasa Kibuwask ýekeje agyz hem gepläp bilmeýärdi. Ara düşen ümsümlikde pioner toparynyň öňbaşçysy Kiýlikeniň aýdan sözlerini eşidipdir, ol biziň yzymyzdan geldi-de, dabaraly nyzamda tertip-düzgüni bozýandygymyz üçin bize duýduryş berdi.
Men şu ýerde topar geňeşiniň başlygy Silwi Kullerkupyň hem bize hüňürdänini aýdyp oturmaýyn, ýogsa onuň hüňürdisi hem dabaraly nyzamyň düzgün-tertibini bozýardy, ýöne oňa üns bermediler, şonuň üçinem men gürrüňi synp otagymyza dolanyp gelen pursadymyzdan dowam edeýin. Synp otagyna gelenimizden soň biz öz üstümize şahsy borçnama kabul etmäge başladyk. Men şeýle diýdim:
— Pioner hiç hili kynçylykdan gorkmaly däl. Men başardygymdan diňe üçlük, dörtlük bahalara okamaga söz berýärin.
Kiýlike:
— Men matematikadan, geçen ýyldaka garanyňda has öňe gitjegime söz berýärin — diýdi.
Kaur bolsa:
— Topp ikimiz ýetişigi ýene 10 göterim ýokarlandyrarys — diýdi.
Silwi Kullerkup biziň aýdanlarymyzy ýazyp aldy, ýöne bizi öwmäge derek ýüzüni kürşertdi hem-de dabaraly nyzam mahaly bize berlen duýduryşy ýatlatdy, şol sebäpli toparyň bahasyndan utuk sanynyň kemeldiljekdigini aýtdy.
— Başardygymça, diýen bolýaň, o näme diýdigiň boldy — diýip, Silwi Kullerkup meniň üstüme döküldi. — Okuwçy hemme wagt gowy okamagy başarmaly.
— Seni bolsa bilýäs, geçen ýylam «ep-esli öňe gidipdiň». Sen tasdanam toparymyza ikilik getiripdiň — diýip, ol Kiýlikä hem ajysyny pürkdi. Ol Kiýlike ikimizi, onsoňam Kaur bilen Toppy ýörite düzülen maksatnama laýyklykda ýaşamaga borçly etmekligiň zerurdygyny aýdyp, öz çykyşyny tamamlady.
Ynha, indi men, hakykatdanam, gürrüň bermäge başlamaly ýerime geldim. Silwi Kullerkupyň aýdanlaryny hemmeler ikelläp goldady. Dessine hem biziň şu günümize ýörite maksatnama düzdüler.
Silwi Kullerkup:
— Eger adam her minutyň gadyryny bilmese, ol hiç mahal öňdebaryjy bolup bilmez — diýdi hem-de eline hek alyp, bu sözleri synp tagtasyna ýazdy.
Biz bu işiň özümiz üçin nätanyşdygyny, maksatnamany pugta berjaý etmäge gurbumyzyň ýetjegini alada edýändigimizi duýdurdyk. Ol bolsa:
— Dostuňa daýansaň alynmajak gala ýokdur — diýip, hasam bekine tutdy.
Şeý diýmek bilen ol, elbetde, meniň Kiýlikä, Kiýlikeniňem maňa daýanmalydygyny göz öňünde tutýardy.
Synp otagyndaky ýygnanyşykdan daganymyzda sagat eýýäm üçüň ýary bolupdy.
— Ýagdaýlar hiç neneň däl — diýip, Kiýlike dillendi. — Ýene on bäş minutdan iňlis dilinden gönükmäni ýat tutmaly, men bolsa henizem mekdebiň ýanynda. Mende tigir ýok, hiç kim meni taksi hyzmaty bilenem üpjün edenok. Görýän welin, maksatnamany berjaý etmek kyn boljak ýaly.
Men bolsa ruhdan düşmeýärdim, onsoň şeýle diýdim:
— Dostuňa daýanmak hakynda aýdanda Kullerkup ýalňyşdymyka diýýän. Häzirki ýagdaýda saňa diňe aýaklaryňa bil baglamak gerek. Türgenler kimdir biri alyp barsa, ýagny öňünden ylgap depgin berse gowy ylganylýar diýýärler, şeýtsek tigirsizem internata wagtynda baryp bileris.
Onsoň men Kiýlikä görelde bolup ylgamaga başladym, çünki göwresi agyr bolansoň oňa özbaşdak ylgamak kyn düşýärdi.
Umuman aýdanymyzda, öňünden barýanyň yzyna düşüp gidýän türgenler elmydama ýaryşda gowy netije görkezýärler, munuň şeýledigi «Bedenterbiýeçi» žurnalynda hem aýdylýar, şonuň üçin hem Kiýlike meniň kömegim bilen iňlis dili boýunça okuw kitabynyň başyna barmaga wagtynda ýetişip biljekdi, ýöne köpriniň üstünde bize synp ýolbaşçymyz ýoldaş Pýukk gabat geläýdi. Ol:
— Hä-ä, Sihwka, Kiýlike, siz tüýs wagtynda duşduňyz — diýdi. — Ýörüň maňa dükandan okuw gollanmalaryny getirmäge kömek ediň.
Mugallym bir zat diýse etmelidigi hemme kişä düşnükli. Oňa gulak asmasaň, iňlis dili okuw kitabyna ýetişseň ýetişersiňem welin, ýöne zoologiýa boýunça indiki sapakda başyňa nämeleriň geljekdigi hem, elbetde, düşnüklidir. Şonuň üçinem biz mugallyma birnäçe gemrijiniň gäplerini, iki sany içi kebelekli aýna gapyrjagy, aneroid barometrini hem-de bir haýwanyň emeli materialdan edilen, kiçi garyndan, kyrkgaryndan, kyrkgasanakdan ybarat bolan, petleli yşgap ýaly açylýan aşgazanyny mekdebe äkitmäge kömekleşdik.
Internata gelenimizde sagat eýýäm on minuty kem dörtdi.
— Çaltrak bol! — diýip, Kiýlikeni gyssadym. — Derrew iňlis diline başla.
Ýöne Kiýlike kellesini ýaýkady hem-de «topar ýygnanyşygynda nämä söz berendigimizi ýadyňdan çykardyňmy» diýip sorady.
Ýygnagyň soňunda hatara düzülip durkak Kullerkupyň:
— Sihwka, Kiýlike, siz gündelik tertibi ýerine ýetirmäge taýýarmy — diýip sorandygy, indi meniňem ýadyma düşdi. Şonda biz:
— Mydam taýýar! — diýip jogap beripdik.
Onsoň men Kiýlikeniň häzir iňlis dili bilen meşgullanyp bilmejekdigine, elbetde, düşündim, çünki iňlis dili sapagyna taýýarlanmak üçin bölünip berlen wagt häzir tamamlanýardy.
Meniň özümem sapak okap biljek däldim, sebäbi düzülen tertibe laýyklykda dörtden bäşe çenli Kiýlike hem, menem basketbol we beýleki top bilen oýnalýan oýunlar bilen meşgullanmalydyk, bu biziň beden taýdan ösüşimiziň igläp galmazlygy üçin göz öňünde tutulýardy.
Gadymy nakylda «Adamy sözünden, öküzi şahyndan tut» diýilýär, bolsa-da bu gezek biz sözümizde tapyldyk. Ýöne sagat bäş bolup, şu gün üçin düzülen maksatnamanyň indiki bölegine geçmeli bolanymyzda welin, biz ýene-de şowsuzlyga uçradyk, çünki basgançakda bize internatyň hojalyk işleri boýunça müdiri ýoldaş Kadastik gabat geldi. Ol hem bize, meniň, ine, şu ýerde ýazýan sözlerimi ýekän-ýekän aýtdy:
— Sihwka, Kiýlike, howluda, hammamyň ýanynda örülip goýlan odunlar ýykylypdyr, baryň-da olary täzeden örüp goýuň.
Şol sebäpli hem biz sagat bäşden alta çenli öz wadamyzda tapylyp bilmedik, sebäbi hojalyk müdiri ýoldaş Kadastike meýilnama boýunça jemgyýetçilik işlerini biz biraz gijiräk etmeli diýip näçe düşündirjek bolsagam, ol asla diňlemedi. Wada berendigimize hem gulak asmady. Şonuň üçin hem biz meýilnama boýunça geometriýa üçin bellenen wagty tutuşlygyna odun örmäge gidirdik.
Ynha, men näme sebäpden Kiýlikeniň iňlis dilinden, özümiňem geometriýadan ikilik alandygymyzy bolşy-bolşy ýaly ak ýürekden gürrüň berdim. Pioner öz sözüniň üstünde durmaly, bizem sözümizde başardygymyzdan durjak bolduk. Gadymy nakylda «Dogry söze temmi ýok» diýilýär, ýöne iňlis dili mugallymy bilen geometriýa mugallymy bize temmi berdiler, sebäbi olar bolan işler barada, biziň bigünädigimiz hakynda aýdanlarymyzy asla diňlemedilerem.
Eger topar geňeşiniň başlygy Kullerkup bize günüň maksatnamasyny pugta berjaý etmelidigimiz hakynda ýygnanyşykda, dabaraly ýagdaýda wada berdirmedik bolsa, onda biz iňlis dili we geometriýa sapaklaryna ýatmazymyzyň öň ýanynda hem taýýarlanyp biljekdik. Ýöne meýilnama laýyklykda, ol wagtda biz daşarda gezim etmelidik hem-de şahsy işlerimiz bilen meşgul bolmalydyk.
Gadymy nakylda «Ýüz ýyl ýaşa, ýüz ýylam oka» diýilýär. Bu hakykatyňam hakykaty. Maksatnama-da, meýilnama-da öz-özünden ýokary ýetişigi üpjün etmeýär. Men indi muňa göz ýetirdim.
INTERNATDA GIJEKI ASUDALYGY
BOZUŞYMYZ HAKYNDA
(Agu Sihwkanyň mekdep müdirine düşündiriş haty)
Hemme zady bolşy-bolşy ýaly beýan etmek üçin men gürrüňimi Fantomas hakynda kinodan başlamaly, ony görmäge men iki gezek gitdim, Kiýlike-de iki gezek, Topp hem iki gezek, Kaur bolsa üç gezek gitdi.
Şekillendiriş sungaty boýunça mugallymymyz: «Sungat adamda oý-pikiri ösdürýär» diýýär. Bu hakykatyňam hakykaty.
Agşam internata dolanyp gelenimizden soň, Kiýlike bizem Fantomasyňky ýaly ýüz keşbimizi üýtgetmegi başarsak nähili boljakdygy hakynda pikiri gozgady.
— Şony başaryp bilsek men-ä hezil edinerdim! — diýip, Topp söze başlady hem-de öz ýüzüni Timohwkiniň ýüzüne öwürse nähili gowy boljakdygy hakynda göwün ýüwürdip ugrady, çünki ol elmydama sapaga taýýarlykly gelýärdi, şonuň üçin hem ony mugallymlar tagta çykarmaýardylar.
— Bu meniňem göwnüme ýaraýar — diýip, Kauram bolsady ekmäge başlady. — Matematika sapagynda men matematika mugallymymyzyň ýüz keşbini alardym, mekdep müdiriniň keşbini alsam-a hasam gowy bolardy.
Men bolsa sesimi çykarmadym, sebäbi bularyň barsynyň boş hyýaldygyna düşünip durdum.
Kiýlike hem meniň bilen pikirdeşdi:
— Häzirki zaman tehnikasy entek adamyň öz ýüz keşbini üýtgetmegine mümkinçilik bermeýär. Ýöne bu filmden käbir zatlary alyp, durmuşa geçirmek welin, mümkin. — Şeý diýmek bilen ol özüniň kinofilmdäki fransuz polisiýa işgäriniň ýatmak üçin düşegine geçende alagaraňkylykda ýorgançasynyň gymyldap başlaýan ýerini göz öňünde tutýandygyny düşündirdi.
Onsoň näme, elbetde, bizde muňa gyzyklanma döredi. Biz bilen bile ýaşaýan bäşinji ýoldaşymyz Trauberg bu gürrüň gidýärkä otagda ýokdy, çünki ol şol mahal ýuwunmaga çykypdy. Dolanyp gelensoň ol ýerine geçdi, dessine-de uka gitdi. Bizem ýerimizden turduk-da, dördümizem onuň ýatalgasynyň aşagyna girdik.
— Bir-iki, göterdik! — diýip, Kiýlike pyşyrdady hem-de biz onuň ýatalgasyny emaý bilen göterip, pejiň ýanyna geçirdik.
— Bir-iki, göterdik! — diýip, Kiýlike ýene pyşyrdady hem-de biz ýatalgany öňki ýerine getirdik.
Trauberg ozalkysy ýaly süýji ukuda ýatyrdy, onuň ýatalgasynyň gapdallygyna hereketiniň oňa hiç hili täsir etmeýändigi görnüp durdy. Bizi, elbetde, ýatalganyň aşaklygyna-ýokarlygyna hereketiniň oňa nähili täsir etjekdigi gyzyklandyrdy. Şonda ýatalga birneme titrese hasam täsirli bolsa gerek. Biz muny iş ýüzünde barlap görmekçi bolduk, ýöne biziňki ýene çüwmedi. Kiýlikeniň ýagyrnysyna ýatalganyň simi batyp, ol hyklap ugrady.
Biziň oňa juda gaharymyz geldi, sebäbi ol ah-wah edip Traubergi hem oýardy, olam nämäniň nämedigine dessine düşündi. Şunluk bilen biziň, düşündirip bolmaýan güýçleriň, başgaça aýtsak, al-arwah bilen baglanyşykly hadysalaryň häzirki zaman adamsyna nähili täsir edýändigini bilmek üçin geçirmekçi bolan tejribämiz puja çykdy.
Men:
— Uruş mahaly adamlar her hili gynamalara hem döz gelipdirler, sen bolsa çalaja agyra-da çydap bilmediň. Sen sebäpli biziň şeýle ajaýyp meýilnamamyz başa barmady — diýip, oňa igendim.
Ýöne Kiýlike ruhdan düşmedi, ol:
— Bu hiç. Men häziriň özünde täze meýilnama oýlap taparyn — diýdi hem-de goňşy otagyň gapysynyň öňünde, Fantomasyň kinofilmde edişi ýaly, «arwah» asyp goýmagy teklip etdi.
Bolan wakany has düşnükli beýan etmek üçin men eston dili boýunça geçen bir sapagymyz hakynda aýtmaly, şonda mugallymymyz ýoldaş Korp özüniň täze alan jaýyny bezemek üçin bizden öýde ýatan gerekmejek hamyt bar bolsa, ene-atalarymyzdan soraşyp alyp gelmegi haýyş edipdi.
Hemmeler bilýändir, teleýaýlymlarda gadymy zatlary, ilkinji nobatda bolsa, ikbaşlary ýa bolmasa degirmen daşlaryny häli-şindi görkezýärler, olar bilen öý bezemek häzir ýoň bolupdyr, şonuň üçinem mugallymyň bu islegine hiç kim geňirgenip durmady. Sapakdan soň Kaur öýlerine ýelk ýasady. Agşamara ol internata dolanyp gelende bolsa, ýany birnäçe çekili bir hamyty gürpüldedip ýere oklap goýberdi. Ol çekiler bezeg şaý dakylýan at esbaplary ekeni. Soňra ol ýene iki sany mis jaňjagaz bilen düwmejikleri hem onuň üstüne atdy.
Elbetde, olary görmäge internatyň ýarysy ylgap geldi, munuň ýaly at esbaplaryny olaryň köpüsi hiç mahal görmändi, çünki ülkäni öwreniş muzeýi diňe şäherde bardy. Bu gadymy esbaplar öz-özünden okuwçylaryň keýpini göterdi.
— Ah, çagalyk, çagalyk! — diýip, Kiýlike başyny ýaýkady hem-de özüniň üç ýaşynda ata mündürilişini ýatlady.
— Ah, öri meýdanlaryny diýsene! — diýip, Topp hem uludan dem alyp, kakasynyň ata münende üstüne çykýan ullakan daşy hakynda gürrüň bermäge durdy.
Kaur bolsa aýdyma hiňlendi:
— «Jaňjagazlar jyňňyrdaýar birsyhly…» — ýöne, gynansagam, onuň aýdymynda owaz ýokdy.
«Pikir, elmydama, hereket etmäge alyp gelýär» diýip, synp ýolbaşçymyz ýoldaş Pýukk nygtaýar, onuň bu diýýäni hakykatyňam hakykaty. Çünki şol mahal biz indi «birsyhly jyňňyrdaýan jaňjagazlaryň» sesini eşitmeýändigimize gynanyp durkak, Kauryň kellesine bu ýagdaýy nähili düzetmelidigi hakynda pikir geldi. Ol dessine hamyty öz boýnuna geýdirdi. Däliz boýunça at bolup çapmaga, oňa çekiler päsgel berýärdi, ol hem Kiýlikeniň pyçagyny alyp olary kesip goýberdi.
Çekileriň öý bezemekde ulanylmaýandygy üçin olar şondan bäri Kauryň ýatalgasynyň aşagynda ýatyrdy, häzirem olar Kiýlikeniň ýadyna düşdi. Sekizinji synpyň oglanlarynyň ýaşaýan otagynyň gapysynyň ýokarsynda biziň maksatnamamyza laýyk gelip duran ildirgiç bar. Biz çekini halkalap oňa ildirdik, beýleki ujuny hem Kauryň goltugyndan geçirip, ony sallap goýduk.
— Gadym döwürlerden bäri atlaryň guýrugynyň aşagyndan çeki geçirilýär — diýip, Topp aýtdy. — Bizem şeýle etsek, Kaur ýadan mahaly onuň üstünde oturyberse gowy boljak.
Ýöne Kiýlike onuň aýdanlaryna garşy çykdy:
— Seniň bu diýýänleriň kinofilmlerde ýok, görlen zatmy, arwahyň dynç almaga oturýany. Ýadasa başga birimiz çalyşarys-da, onuň ýerine arwah bolarys.
Soňra Kauryň daşyna ak örtgi doladyk, soňam ony diňe daşardan gelýän aý şuglasy ýagtyldar ýaly dälizdäki ähli çyralary öçürdik. Soňra nädipdir bir zat edip, kimdir birini dälize çykarmagyň maslahatyny edip başladyk.
Kaur gorkunç ses bilen jynssyz gygyryp biljegini aýtdy.
Topp:
— Men assyrynlyk bilen otaga girip, oglanlaryň aýagyndan çekip, olary oýaraýyn — diýdi.
Ýöne Trauberg onuň bilen ylalaşmady, ol:
— Ýok, ýok, ondan netije çykmaz, irden oýarmak üçin aýagyndan çekilende, adam diňe beýleki gapdalyna agdarylýar hem-de öňküsindenem agyr ýatýar, muny durmuş tejribesi bize her gün görkezýär — diýip düşündirdi.
«Oýlanmaga bir kelle gowy, iki kelle hasam gowy» diýip, gadymy nakylda aýdylýar. Bu hakykatyňam hakykaty. Kiýlike bir gezek internata üç sany duzlanan balyk getirendigini ýadyna saldy. Şony iýenimizden soň otagda hiç kim ýatyp bilmändi, çünki hemmämizi suwsuzlyk heläk edipdi, agzymyz kepäp duransoň uzakly gije suw içmek üçin el-ýüz ýuwulýan jaýa gatnap geçipdik. Ilkibada onuň näme üçin muny ýatlaýandygyna düşünip bilmedik. Men:
— Ýagşam bir usul tapdyň. Uklap ýatanlara nädip duzlanan balyk iýdirjek? — diýdim.
Topp bolsa:
— Şu mahal ol balyklary nireden aljak? — diýip sorady.
Ýöne Kiýlike «gep balykda däl, duzda» diýdi. Aşhanada bolsa duz näçe diýseň bar, geregiňi alyp geläýmeli.
Onsoň men Kiýlikeniň maslahaty boýunça gitdim-de, bir gap duz alyp geldim. Kiýlike bolsa «arwahyň» çyrajygyny aldy, gadagan edilendigine garamazdan, ol çekiden oturar ýaly ýer edinip, üstünde oturdy. Goňşy otaga baryp, kime duz berjekdigimize seredenimizde bize saýlap-seçere kän adamyň ýokdugy mälim boldy, diňe Peterson arkan düşüp agzyny açyp ýatyrdy.
— Agzy kepäp suwsamagy üçin muňa näçeräk duz bermeli bolarka? — diýip soradym. Ýöne muny Kiýlike hem bilmeýärdi, ol «ilki bilen onuň agzyna bir çaý çemşesi duz atyp göreliň, şol ýeterlik bolaýsa gerek» diýip çaklady.
Soňra biz goňşy otagdan assyrynlyk bilen çykdyk, Kaura çyrany gaýdyp berdik hem-de öz otagymyza girdik, gapyny hem biraz açyp goýduk.
— Häzir ol çykar — diýip, Kiýlike pyşrdady. — Indi duz erän bolmaly.
Şeýle bolarly, goňşy otagyň gapysy açyldy hem-de işikde Peterson peýda boldy. Ýöne ol gorkusyndan ýaňa jynssyz gygyrmaga derek, diňe ýeňsesini gaşady, gözüniň gyýtagy bilen ýokardan sallanyp duran Kaura seretdi hem-de arkaýynlyk bilen el-ýüz ýuwulýan otaga ugrady.
Biziň nähili geň galandygymyzy göz öňüne getirýän bolsaňyz gerek, dogrusy, näme pikir etjegimizi hem bilmedik.
— «Arwahyň» ýaltalygy sebäpli şeýle bolýar — diýip, Kiýlike gaharlandy. — Men oňa guýrukdaky ýüpüň üstünde oturmaly däl diýip näçe aýtdym, onsoňam Kaur näme üçin çyrajygy dişinde gysyp saklanok?
Onuň tankydyny Kaur ur-tut düzetdi, ýöne ondan peýda bolmady. Peterson suw içip bolandan soň, göýä, ak örtügiň aşagynda ýanyp duran çyrajygy saklaýan «arwahlar» günde-günaşa duş gelýän adaty zatlar ýaly, ýüzüni birjigem üýtgetmän onuň deňinden geçip gitdi.
Elbetde, bu biziň barja keýpimizi gaçyrdy, çünki adam üçin iň gymmatly zat wagt, biz hem ony biderek ýere harçlapdyk.
Fizika okuw otagynda «Hemme zady bilmek isleýärin!» diýen şygarly ýazgy asylgy dur. Biz hem hemme zadyň änigine-şänigine ýetmek isleýäris. Ur-tut Petersona ne döw çalandygyny maslahatlaşmaga başladyk.
— Petersonda gijekörlük keseli bar bolmaly — diýip, Topp çaklady. Ol Peterson alagaraňky jaýda Kaury düýbünden saýgaran däldir öýdýärdi.
Onuň bu aýdanlaryna hiç kim ynanmady, sebäbi Peterson yzyna gelýärkä, Kauryň agzynda ýanyp duran çyrajyk bardy. Onsoňam penjireden daşaryň ýagtysy hem düşüp durdy.
— Belkem-de, onuň başga ýetmezi bardyr — diýip Kiýlike seslendi, ol Peterson lunatikdir diýen pikiri orta atdy.
Muňa hem hiç kim ynanmady, mälim bolşy ýaly, lunatikler garaňkyda ýöränlerinde ellerini öňe uzadýarlar, Petersonyň bolsa elini öňe uzadanyny hiç kim görmändi.
Onsoň Trauberg gürlemäge başlady hem-de bir gezekde bu meseläni çöp döwen ýaly etdi.
— Peterson taryh boýunça gurnaga gatnaýar — diýip, ol söze başlady. — Taryhda bolsa «Materializm» diýlip atlandyrylýan ylmy bölüm bar, ol hiç hili ruhlaryň, eýedir jynlaryň, al-arwahlaryň ýokdugyny doly subut edýär. Käbir adamlary bolsa nämedir bir zadyň ýokdugyny subut edip, doly ynandyryp bilseň, soň olar ony elläp görselerem ynananoklar.
Trauberg aň-düşünjeli oglan bolansoň hemmämiz onuň bilen ylalaşdyk hem-de Kaury ýokardan sallap goýmak üçin biderek ýere arrygymyzy gynandygymyza düşündik. Indi Petersonyň ýerine başga bir okuwça duz iýdirmek pikiri hem hiç kimde ýokdy, çünki häzirki zaman ylmynyň güýji biziň hemmämize mälimdi, onsoňam gijäniň içinde taryh gurnagyna gatnaýan okuwçylaryň sanawyny nireden tapjak.
— Eger adamda dünýägaraýyş kemala gelen bolsa, onuň üçin gözüniň näme görýäniniň hiç hili ähmiýeti ýok — diýip, Trauberg sözüniň üstüni ýetirdi hem-de bize Kaury ak örtügi, ähli çekileri bilen birlikde aşak düşürmegi maslahat berdi.
Biz şeýle hem etmekçidik, ýöne şol mahal basgançakdan aýak sesi hem-de hasanyň tyrkyldysy eşidildi. Arça agajyndan edilen hasanyň tyrkyldysynyň garawul Sidorowa degişlidigini bilmeýän ýok, onuň esasy işine internatyň gijeki asudalygyny goramak hem utgaşdyrylýardy. Ynha, indi men internatyň hojalyk müdiriniň «gijeki asudalygy bozmak hem-de ýaşuly adamy gorkuzmak» hakynda aýdanlaryna geldim. Ol hakykat ýüzünde nämeleriň bolandygy, hiç kimiň asudalygy bozmandygy, hiç kimiň Sidorowy gorkuzmakçy bolmandygy hakynda aýdanlarymyza gulak asmagam islemedi. Ýene bir gezek aýtmak isleýäris, Sidorow öz islegi boýunça, özbaşdak gorkdy.
«Bilim — şamçyrag, bilimsizlik bolsa tümlükdir» diýip, rus dili mugallymymyz häli-şindi aýdýar, bu hakykatyňam hakykaty. Eger garawul Sidorow ýaşlyk döwri taryh gurnagyna gatnap, bilim öwrenen bolsa, onda onuň «arwah» göreni üçin ýüzem üýtgemezdi.
Okuw işi üçin gerekmejek at esbaplaryny, çekileri bolsa Kaur ýene öýüne alyp gitdi.
JEMGYÝETÇILIK PIKIR SORAŞMA SOWALNAMALARYNY DOLDURYŞYMYZ HAKYNDA
(Agu Sihwkanyň mekdep müdirine düşündiriş haty)
Hemme zady bolşy-bolşy ýaly gürrüň bermek üçin men synp ýolbaşçymyzyň şol gezekki sapagyndan başlamaly, şonda synpymyza jemgyýeti öwreniji gelipdi hem-de Kiýlike bilen menden başga okuwçylaryň her birine sowalnama paýlapdy. Kiýlike ikimiz bolsa ol wagt ýerzeminde, geýim asgyçlary bejerýärdik.
Jemgyýet pikirini öwrenmegiň örän uly ähmiýetiniň bardygyny gazetlerde häli-şindi ýazýardylar, şonuň üçin hem Kiýlike ikimize bu umumy çäreden çetleşdirilmegimiz örän ýokuş degdi. Kiýlike gahar bilen şeýle diýdi:
— Örän oňat. Ikinji synpyň bezzatlary geýim asgyçy agdarýarlar, ony bejermek hem Sihwka ikimize galypdyr. Kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryna hemaýatçy edilip Topp bellendi ahyry, onsoň olaryň edenini şol bejermeli dälmi, näme? Topp sowalnama alýar, biziň barlygymyz-ýoklugymyz hakynda asla pikir edýänem ýok. — Şeý diýip Kiýlike, göýä, gözýaşyny süpürýänden bolup gözlerini owkalamaga başlady, dogry, onuň gözünde asla çyg ýokdy.
Synp ýolbaşçymyz ýoldaş Pýukk hem muny aňdy. Ol şeýle diýdi:
— Kiýlike, ýalandan şumjaran bolma. Biziň synpymyza gelende, ýoldaş jemgyýeti öwrenijiniň ýanynda artykmaç sowalnama ýokdy. Mugallymlar otagynda stoluň üstünde tutuş bir daňy sowalnama ýatyr. Sapak gutarar welin, gidip özüňe-de, Sihwkä-de al şondan.
Indi men gürrüňimi Kiýlikeniň mugallymlar otagyna baryp, özüne hem maňa sowalnama alyp gelen ýerinden dowam edeýin. Ýok, has gowusy, men internata baryp, sowalnamalary okap başlan wagtymyzdan dowam edeýin. Onda «sowalnamany doldurýanyň şahsyýeti aýan edilmeýär, gorkman batyrgaý ýazyň, siziň ýazanlaryňyzy pedagogika ylymlarynyň kandidaty alymlyk derejesini almak üçin ylmy-barlag işlerinde ulanar» diýlen sözleri okadyk.
Näbelli bolup galmak mümkinçiligi Kiýlikeniň juda göwnünden turdy.
— Sowalnamany doldurýan şahsyýetiň näbelli bolup galmagy, hakykatdanam, örän wajyp — diýip, Kiýlike aýtdy. — Ýogsam, aýdaly, matematika mugallymy ýoldaş Kink çakdanaşa köp öýe iş tabşyrýar diýip ýazmaga ýürek edip boljakmy?
— Her näme diýseňem, ägä bolmak gerek — diýip, Topp agras sözledi. — Olar kimiň ýazanyny hatyň ýazylyşyndan, poçerkden hem anyklasalar anyklaýarlar.
Bu wagta çenli Kaur sowalnamany düýpli öwrendi, onsoň ol bizi köşeşdirmäge başlady:
— Bu ýerde asla ýazmak gerek däl. Her sowala bäş-alty sany jogap goýlupdyr. Bizden ýekeje zat talap edilýär, olam öz pikirimize laýyk gelýän jogabyň aşagyny çyzmak.
Onsoň Kiýlike ikimiz ol sowallary we jogaplary dykgat bilen okamaga başladyk, özümiziň milletimiz boýunça estondygymyzyň, jynsymyzyň erkek adamdygynyň aşagyny çyzdyk. Onsoňam men özümiň okamagym üçin öýümizde aýratyn otagyň ýokdugynyň aşagyny çyzdym, Kiýlike bolsa özi üçin şeýle otagyň barlygynyň aşagyny çyzdy, çünki ol öýlerindäki saraýlaryna odun örende, agaçlaryň arasynda özi oturar ýaly ýer goýup örüpdi, indem ýekelikde bolmagy göwni küýsän mahaly şol ýere sümülýärdi.
Ondan başga hem gijelerine ýatalganyň üstünde ýatýandygymyzyň, irki maşklary ýerine ýetirmeýändigimiziň, «Sagdynlyk üçin ylgawlar» atly çärä gatnaşmaýandygymyzyň, ýene-de birgiden jogaplaryň aşagyny çyzdyk, olaryň hemmesini bu ýerde ýekänme-ýekän sanabam oturjak däl.
«Özüňizi nirede we nähili kämilleşdirýärsiňiz?» diýen sowala gezek gelende, biz sowalnamany düzüjileriň öz işlerine sowuk-sala çemeleşendiklerini aňladyk. Has dogrusy, gurama geňeşiniň başlygy Kibuwaskyň aýdyşy ýaly, olar garşylyk az bolan ýoly saýlap alypdyrlar, ýönekeý dilde aýtsak aňsadyna bakypdyrlar. Sebäbi ol sowalda aşagyny çyzmak üçin goýlan jogaplar örän azdy.
Muny gören Kiýlike nägile halda şeýle diýdi:
— Juda geň. Bu ýerde aşagyny çyzmak üçin diňe kinofilmlere seretmek, klubda nutuk diňlemek hem-de öýde edebiýatlary öwrenmek goýlupdyr. Men bolsa soňky döwürde, esasan, dälizde, sagadyň aşagynda kämilleşdim. Çünki Pýugal mugallymyň iş usuly şeýle, dogrusy, indi ähli mugallymlarda-da temmi hökmünde eliňe haýsydyr bir kitaby berip, sagadyň aşagynda duruzmak ýoň bolupdyr. Ynha, men düýn şonuň ýaly kämilleşemde Amerikada ýaşaýan indeýleriň tarahumara taýpasynyň adamlarynyň birnäçe günläp durman ylgamagy başarýandyklaryny bildim, olar ýykylyp galýançalar ylgaýarlar.
Men dostum bilen ylalaşdym:
— Menem sowalnama düzüjileriň öz işlerine ýüzleý çemeleşmeklerine geň galýaryn. Synpymyzyň iň gowy okuwçysy Timohwkiniň öz bilimini nirede kämilleşdirýändigini hemmämizem bilýäris, ol azyk harytlary dükanynda nobata durup kämilleşýär, nobaty ýetýänçä ýanyndaky kiçijik kagyzlarda ýazylan fransuz sözlerini ýat tutýar. Eger-de söwda pudagy ösüp, nobatlar azalyp, Timohwkine päsgel beräýmese, ol tiz wagtdan ikinji daşary ýurt dilini hem öwrener. Jemgyýeti öwreniş bolsa sowalnamany düzüjileriň günäsi bilen bu hakynda hiç zat bilmez.
Indi Kaur hem sowalnama tankydy göz bilen garamaga başlady:
— Indiki sowallar hem öňkülerden gowy däl. Ynha, serediň, olar sapaklara ýaramaz ýetişik hem-de ata-babalarymyz hakynda nähili jogaplary teklip edýärler. — Ol sowalnamadaky «siziň şowsuzlygyňyzy bilen halatlarynda öýüňizdäkiler näme edýärler?» diýen sowala barmagyny dürtdi. Ol sowalda aşagyny çyzmak üçin şeýle jogaplar görkezilipdir: göwünlik berýärler, ýazgarýarlar, bagyşlaýarlar, biperwaýlygyna galýarlar.
Muňa Kiýlikeniň gahary geldi:
— Boljak-da, juda ajaýyp. Iň köp gabat gelýän ýagdaýlar bu ýerde asla görkezilmändir. Men matematikadan ikilik alanymda, öýdäki ýaşulymyz öz mekdep ýyllaryny ýatlamaga başlaýar, hamala, o mahallar hemmeler diňe dörtlüge, bäşlige okanmyşlar. Siziňem öýüňizde şunuň ýalydygyny bilip durun.
— Elbetde, şeýle — diýip, baş atdym. Toppam muny tassyklady. Ýöne Kiýlike başyny ýaýkap, sözüni dowam etdi:
— Menem şeýlemikän öýdýärdim, ýöne beýle däl ekeni. Bir gezek öýümiziň üçegine çykamda, ol ýerden kakamyň mekdep döwrüniň depderlerini tapdym, indi şunuň ýaly akyl satylanda men ol depderleri çykaryp görkezýärin.
Onuň bu aýdanlary üçin Kaur pikirini üýtgetmedi. Ol şeýle diýdi:
— Diýmek, ene-atalaryň okaýyşlary babatynda seniňki çüwüpdir. Sebäbi, adatça, ene-atalar mekdep depderçelerinem, barlag işlerinem öz wagtynda ýok edýärler. — Onsoň ol ulalanda özüniň hem şeýle etjekdigini aýtdy.
Ynha, indi men düşündirişimde, ylma hem-de jemgyýeti öwrenişe kömek etmek isleýän bolsak, onda bu säwlikleri düzetmegiň, sowalnamany has çuň mazmunly etmegiň zerurdygy hakynda pikiriň kellämize gelen ýerine ýetdim. Onsoň biz sowalnama goşmaça sowallary hem-de aşagyny çyzmak üçin niýetlenen jogaplary ýazmaga başladyk, gizlinligi saklamak üçin, ýagny kimiň ýazanyny bildirmezlik üçin biz sowallary ýazuw harplarynda däl-de, kitaplardaky ýaly basmaça harplarda ýazdyk.
Sowalnama «Siz näme iýmegi gowy görýärsiňiz?» diýen sowaly goşduk, jogap üçin hem aşagyna oba naharhanasyndaky tagamlaryň sanawyny goýduk. Onuň üstüne Kiýlikeniň gowy görýän naharlaryny, şöhlat bilen towuk butlaryny goşduk.
Ýene-de «Näme içmegi gowy görýärsiňiz?» diýen sowaly ýazdyk, jogap hökmünde aşagyndan telewizorda nähilidir bir gyzykly gepleşik bolanda, Ýak Ýoala aýdym aýdanda ýa-da «Täleýnama» berlende mahabatlandyrylýan ähli şerbetli içgileri görkezdik.
«Nähili edip gaşanýarsyňyz» diýen sowaly bolsa, diňe Kiýlike ýazdy. Men bolsa oňa oýun edip, jogap hökmünde «gapynyň söýesine süýkenýärin, art aýagym bilen gaşanýaryn, demir dyrmygy ulanýaryn» diýen jogaplary ýazsaň boljakdygyny aýtdym. Kiýlikeniň olary ýazjakdygyny men asla pikirem etmändim.
Ynha, men bolan wakany bolşy-bolşy ýaly dogruçyl beýan etdim, başga biriniň zähmetiniň, hasam jemgyýeti öwrenişiň üstünden gülmek ýaly bolgusyz pikir bizde düýbünden ýok. «Siziň näçe aýalyňyz bar?» diýen sowalyň peýda bolmagynyň sebäbi hakynda aýdanymda bolsa, ylym bütindünýä ähmiýetli hadysa, şonuň üçin hem biz özümiziň düzen bu sowalnamamyz geljekde, şeýle ýagdaýlar adaty bolan käbir Gündogar ýurtlarynda hem peýdalanylar diýip pikir etdik, ol ýurtlarda bu sowal hiç kimi geňirgendirmez diýip hasapladyk.
Kiýlikeniň mugallymlar otagyndan mugallymlara niýetlenen sowalnamany almagy hem ýalňyşlykda boldy, ol ony bilgeşleýin almandyr, okuwçylara degişlidir öýdüpdir. Eger Kiýlike ikimizi geýim çalşyrylýan otagdaky geýim asgyçlary bejermäge (olary biz döwmändik) ibermedik bolsalar, onda bizem synpymyzyň beýleki oglanlary ýaly ýoldaş jemgyýeti öwrenijiden okuwçylara niýetlenen sowalnamalary alardyk.
DÜMEWIŇ ÝAÝRAMAGYNA SEBÄP
BOLŞUMYZ HAKYNDA
(Agu Sihwkanyň mekdep lukmanyna düşündiriş haty)
Hemme zady bolşy-bolşy ýaly dogruçyl gürrüň bermek üçin men biziň toparymyzyň ýygnanyşygyna ýoldaş uly pionerbaştutanyň gelmeginden aýdyp başlamaly. Ol şonda şeýle diýipdi:
— Tiz wagtdan bize habarçy geljek, ol kiçi ýaşly mekdep okuwçylary bilen nähili işleri geçirýändigimiz hakynda gazete ýazmakçy bolýar.
Bu wakadan öňinçä biz, dogrudanam, Toppyň kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryna hemaýatçy hökmünde geçiren işlerini ara alyp maslahatlaşypdyk hem-de ony kanagatlanarsyz diýip belläpdik, çünki onuň iş meýilnamasynda «Hoş gal, Güýz!» hem-de «Salam, Gyş!» diýen çärelerden başga hiç zat ýokdy, ol çärelerem geçirilmändi, şonuň üçin hem topar geňeşiniň başlygy Silwi Kullerkupyň elleri sandyrap durdy.
— Bize gezek gelse hemişe şeýle bolýar — diýip, Kullerkup janyýangynly sözledi. — Biziň toparymyz metal böleklerini hemmelerden köp ýygnanda bu ýerde ýeke žurnalistem görünmedi. Toparymyz agramy 32 kilogram 450 gram bolan kädini ösdürip ýetişdirende hem hiç habarçy gelmedi. Ynha, indi bolsa, Toppyň pioner tabşyrygyna sowuk-sala çemeleşendigi ýüze çykarylan badyna žurnalistlerem geljek, toparyň abraýyna hem gara çekiljek.
Uly pionerbaştutan Kullerkupa duýgudaşlyk bildirip, şeýle diýdi:
— Muňa durmuş diýerler. Başa belanyň nireden geljegini bilip bolanok. Ýöne hiç haçan ruhdan düşmeli däl. Barlagçynyň ýa-da gazet wekiliniň geljegini öňünden bilseň gysga wagtyň içinde hem haýran galaýmaly işleri amala aşyrmak mümkin. — Ol şeýle diýdi-de, Kullerkupyň göwnüni götermek üçin egnine kakdy hem-de tutuş topary kiçi ýaşly mekdep okuwçylary bilen işlemäge aýaga galdyrmagy maslahat berdi.
Bu ýerde biziňem şeýle karara gelendigimizi, Kullerkupyň bize tabşyryklary berendigini, ýagny Kaura körpejeler bilen agaç ýonmagyň, Krapmana kagyzdan gämijikleri ýasamagyň, Toppa bolsa haýwanlaryň aýak yzlaryny bilýän tokaýçyny tapmagyň tabşyrylandygyny aýdyp oturmaýyn-da, Kiýlike ikimize körpelere konkide typmagy öwretmegiň tabşyrylan ýerinden sözümi dowam edeýin.
Konkide typmak üçin taýgançak buz gerek bolandygy sebäpli, biz dessine Hammam howdanynyň ýagdaýynyň nähilidigini bilmäge ugradyk.
O taýdaky ýagdaýlar gaty gowy ekeni, Kiýlikeniň birazajyk typmak üçin bat alanda aýagynyň taýyp, ýere ýazylyp gitmegi hem muny aýdyň görkezýär.
Men dostumyň şowsuzlyga uçramagyna gülmedim, diňe — buzuň taýgançaklygyndan-a nägile bolar ýaly däl — diýdim. Konkide typmak üçin buzuň şeýle typançak bolmagy örän gowudy.
Ýöne Kiýlike nägile bolara sebäp tapdy:
— Gowy bolsa gowudyram, ýöne munuň erbet tarapam bar. Ýaňy buzuň üstünde ýörjen-ýörjen bolup ugran adam munuň ýaly taýgançak buzda ýykylyp, bir ýerini awundyrybam biler.
Onsoň biz körpejeleri şikes almakdan nädip goramalydygyny maslahat etmäge başladyk.
Men şeýle diýdim:
— Olaryň daşyna ýassyk daňsak bolmazmyka? «Çaga şatlygy» atly žurnalyň köneki sanlarynyň birinde konkide typmak öwredilýän oglanjygyň garnyna bir ýassygyň, arkasynyň aşagyna ýene bir ýassygyň daňylgy duran suratyny görenim ýadyma düşýär.
Kiýlike meniň bu teklibime seňrigini ýygryp, göwnüýetmezlik bilen garady hem-de şeýle diýdi:
— Gülüşmek üçin şeýle etseňem bolar, ýöne bu ýerde gülkiň geregi ýok. Biz olaryň her haýsy üçin ýassygy nireden alaly? Iň esasy zadam, ýassykly ýykylaňda hem bir ýeriňi agyrdyp bolýar. Biz olaryň konkide hiç hili ýykylman typmagy öwrenmeginiň nähilidir bir usulyny oýlap tapmaly.
Hallyň-sallyň edip ýörmäge wagt ýokdy, şonuň üçin hem biz hut şol agşam oýlap tapmagyň ugruna çykdyk.
— Matematika mugallymynyň aýtmagyna görä, çyzgynyň kömegi bilen dürli çözgütleri tapmak aňsat düşýär — diýip, Kiýlike söze başlady. — Ynha, şu ýerde sen, ine, bu bolsa men. Ikimizi birleşdirýän bu çyzyk bolsa biziň umumy tabşyrygymyzy aňladýar.
Kiýlikeniň çyzgysy meniň göwnümden turmady. Men nägile halda şeýle diýdim:
— Onçasyny biljek däl, ýöne meniň gulaklarym beýle uly däl. Meni mähnet gulakly eden bolup, özüňe-de laýyk gulak çeken bolup, ýagşam bir çyzgy çyzypsyň! Hany, körpejeler nirede, bu işde, esasan, olary görkezmeli ahyry? Seniň bu çyzgyň hiç zada ýaranok.
Kiýlike meniň bu tankydymyň ýerliklidigini boýun aldy:
— Ýeri, bolýa. Häzir seniň gulaklaryňy düzederin, ikimiziň aramyza bolsa, gyssagly ýagdaýda körpejeleri oklaşdyraryn.
Onuň täzeden çyzan çyzgysynda meniň düzedilen gulagym Kiýlikeniň öz gulagyndanam owadan bolup görnensoň, men derrew ýumşadym:
— Otly A nokatdan B nokada gidende, matematika sapagynda edilişi ýaly, çyzgyny seljermäge girişeli. Ýöne ilki sen maňa bir zady aýt, näme üçin bu çyzgyda diňe ýekeje göni çyzyk bar? Eger iki göni çyzyk bolsa, körpejeler olardan iki elleri bilen ýapyşyp bilerdiler.
Kellesine alma gaçan meşhur alym Nýutonyň aýdyşy ýaly, islendik meseläni çözmäge girişeniňde, ondan nämeleriň gelip çykjakdygyny hiç haçan öňünden bilip bolanok. Biz bilen hem edil şeýle boldy. Kiýlike körpejeleri ortada goýup, ikinji göni çyzygy geçirdi welin, surat täze keşbe eýe boldy, onda çekilen zatlar seljerme geçirmäniňde hem aýdyň görnüp durdy. Muňa Kiýlikeniň göwni hoş boldy:
— Muňa bir seretsene! Ine, bize gerek zat, biz ony tapdyk! Buzda typmak üçin iň gowy gollanma — ulaldyp-kiçeldilýän merduwan ekeni.
Indi men iň esasy ýere geldim, dogrusy, şu ýerden başlasamam boljak ekeni. Näme üçin mekdebiň esbabyny — ulaldyp-kiçeldilýän merduwany Hammam howdanyna äkidendigimize, indi sizem düşünýänsiňiz. Gadymy nakylda «Saglygy satyn alyp bolmaýar» diýilýär, bizem şony göz öňünde tutup, körpejeleri ýeke-ýekeden merduwanyň dörtburç gözleriniň aralygyna ýerleşdirdik, birimiz merduwanyň öňünden tutduk, beýlekimizem yzyndan. Indi olaryň hiç birisi ýykyljak däldi, diňe Kiýlike ikimiz ýykylsak, onda körpejelerem, bizem bilelikde ýykylmalydyk.
Körpejeler konkide durmagy biraz öwrenensoňlar Kiýlike pioner otagyna ylgap gitdi-de, ol ýerden möjegiň kellä geýilýän maskasyny getirdi. Ol kellesine möjek maskasyny geýip, merduwanyň öňüni çekip gitdi hem-de biz Hammam howdanyndan möjek awtobusynyň gidip barýandygyny oýnamaga başladyk. Möjek awtobusy ýörände Kiýlike birgeňsi edip uwlaýardy.
Möjek awtobusy körpejeleriň göwnünden turdy. Möjegiň uwwuldysy bolsa hasam olaryň göwnüne ýarady. Ertesi gün gelenlerinde olaryň hemmesinde maska bardy, dogry, olaryň maskasy towşan keşbindedi, çünki oba dükanynda başga haýwanyň maskasy satuwda ýok ekeni.
«Maşgala we mekdep» žurnalynda çaga oýun arkaly öwrenýär diýlip ýazylypdyr, bu hakykatyňam hakykaty, sebäbi biraz wagtdan bize möjek awtobusy gerek hem bolmady, çünki indi körpejeleriň özleri aýak üstünde durup bilýärdiler. Topar geňeşiniň başlygy Kullerkup Kiýlike ikimiziň nähili işleýändigimizi barlamak üçin Hammam howdanyna gelende, eýýäm körpejeleriň hemmesi howdan boýunça konkili typyp ýördüler.
Kullerkup körpejeleriň gazanan üstünliklerinden hoşal boldy, onsoň Kiýlike hem indi bizi guramanyň ýaýlyp duran baýdagynyň öňünde surata düşürerler diýen netijä geldi. Ýöne ol ýalňyşan ekeni, çünki Kullerkup bize ýüzlenip, ynha, şeýle diýdi:
— Örän gowy Sihwka! Örän gowy Kiýlike! Ýöne siziň işiňiz entek tamam bolanok. Habarçynyň gelmegi biraz gijikdirilýär, şonuň üçin hem siz Hammam howdanda öz işiňizi dowam etmeli. Sizde eýýäm maskalar bar, belkem-de, siz buzuň üstünde nähilidir bir sahna oýnuny goýarsyňyz.
«Pioner kynçylykdan gorkmaýar» diýlip aýdymda aýdylýar, dabaralardaky çykyşlarda hem häli-şindi şeýle diýýärler. Onsoň biz topar geňeşiniň başlygy Kullerkup gidenden soňra näme görkezmelidigi hakynda pikirlenmäge başladyk.
Kiýlike şeýle diýdi:
— Geçen hepde radioda aýtdylar, biziň ýurdumyzda dramaturgiýa boýunça işler öwerlikli däl. Şonuň üçin hem kitaphanadan drama eserini gözläp wagt ýitirip ýörmegiň geregi ýok, döredijilik bilen özümiz meşgullanmaly bolarys. Onsoň Kiýlike ertire çenli drama eserini ýazyp geljekdigini söz berdi, onuň birinji perdesinde ene geçi öýde ýedi sany kiçijik owlajyklaryny goýup işe gidýär, ikinji perde-de möjek gelip olary iýýär, owlajyklaryň diňe birisi geýim goýulýan yşgabyň içinde bukulyp diri galýar.
Maňa Kiýlikeniň meýilnamasy ýaramady:
— Bu asla özbaşdak döredijilik däl, ene geçi hem-de onuň ýedi owlagy hakynda maňa entek ýaňy bäş ýaşymda mahalym hem okap berýärdiler. Mende şol kitabyň daşlygy häzirem bar.
Ýöne Kiýlike hem eňek bermeýärdi:
— Saňa erteki okap berlen, men bolsa hakyky sahna eserini ýazýaryn. Bularyň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bar. Muny meniň owlajygymyň peçde bukulman, geýim salynýan yşgabyň içinde bukulýandygy hem görkezip dur ahbetin.
Ol şeýle diýdi welin, meniň girre gaharym geldi:
— Kiýlike, sen kämahallar şeýle bir samsyk zatlary aýdýaň welin, bu görlen zat däl. Owlak hem-de geýim salynýan yşgap — boljak zatmy bu? Ony nirede goýjak? Ol yşgaby buzuň üstüne kim getirer? Owlajyklar hakynda aýdanymyzda bolsa, körpejelerde towşan maskasy bar, sende möjegiňki, mende tilkiniňki. Owlajyklaryňam, geçiňem maskasy hiç haýsymyzda ýok. Özümizde bar bolan mümkinçiliklerden ugur almaly.
Ondan soň biz özümizde nähili mümkinçilikleriň bardygy hakynda pikirlenmäge başladyk hem-de tebigatyň goýnunda sahna oýnuny görkezmek üçin bize içinde otagam, yşgabam bolmadyk, diňe möjek, tilki hem-de towşanlar bolan sahnanyň gerekdigi hakynda netijä geldik.
«Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar» diýilýär, bu hakykatyňam hakykaty. Menem bäşinji synpyň saýlanan eserler gollanmasyndaky bir halk ertekisini ýadyma saldym, onda arabasy bilen balyk alyp barýan daýhan hakynda, arabadan bir balygy çilip, ony möjege güjeňleýän tilki hakynda aýdylýardy.
Onsoň men Kiýlikä ýüzlenip, şeýle diýdim:
— Bilýäňmi, Kiýlike, hemme zat okuw depderine ýazylan ýaly, gülala-güllük! Ýadyňdamy, saýlanan eserler gollanmasyndaky erteki, ony gürrüň berip bilmedigiň üçin seni tasdanam bäşinji synpda ikinji ýyla galdyrypdylar? Men daýhandan balyk ogurlaýan tilki bolaryn, sen bolsa balyk iýmek isleýän möjek bolarsyň, ýadyňdadyr-la, ol tilkiniň aldawyna düşüp guýrugyny buzuň oýugyna sallap otyrýar. Körpejeler bolsa towşanjyklar bolarlar, olar möjegiň guýrugy buzuň deşiginde doňup galansoň, konkide onuň daşyndan aýlanyp tans ederler, şunluk bilenem olar özlerinden uly ýoldaşlarynyň, hemaýatkärleri Sihwka bilen Kiýlikeniň kömegi bilen nämeleri öwrenendiklerini hemmelere görkezerler.
Ynha, indi men bolan hemme zatlary bolşy-bolşy ýaly aýtdym. Indi siz Kullerkupyň sahna oýnuny goýmagy tabşyrandygynam, Kiýlikeniň «Ýedi owlakly geçini» goýmagy teklip edendiginem, biziň möjek guýrugyny sallap balyk tutsa gowy bolar diýip hasaplanymyz üçin onuň bu teklibiniň geçmändiginem bilýärsiňiz.
Gazetlerde «hakyky sahna eserini döretmek üçin kän azap çekmeli» diýip ýazýarlar, bu hakykatyňam hakykaty. Sebäbi bu oýny goýmak üçin kimiň eliniň barmaklary, kimiň aýagynyň barmaklary sowukdan ýaňa tas doňupdy, buzdan köwek köwülýärkä, hatda meniň gözüme buz bölejigi hem gaçdy, ol ereýänçe gözüm awuşady durdy.
Biz birnäçe gezek türgenleşik geçenimizden soň, göwnüme bolmasa, sahnamyza nämedir bir zat ýetmeýän ýaly bolup göründi. Teatrlarda-da şeýle bolýarmyş — spektakl bar, sungat welin ýok. Onsoň men, elbetde, nämäniň ýetmeýändigi hakynda pikir edip başladym. Eýle pikir edip, beýle pikir edip, kän kelle döwemsoň, eston dili mugallymymyzyň bir gezek beýik dramaturglar hakynda gürrüň berendigi birden ýadyma düşdi. Onuň aýtmagyna görä, hakyky dramaturglarda sahnadaky ähli zatlar oýnamaly. Biz muňa düşünmänimizden soň, ol bize düşnükli edip mysal hem getirdi — eger birinji perde-de diwardan tüpeň asylgy bolsa, oňat spektaklda ol sahnanyň soňuna çenli atylmaly.
Şol tüpeňli waka ýadyma düşen dessine meniň üçin hemme zat ap-aýdyň boldy, men bize nämäniň ýetmeýändigine düşündim hem-de dostuma şeýle diýdim:
— Gulak as, Kiýlike. Biz dramaturgiýanyň kadalaryny bozupdyrys. Eger spektaklyň gidişinde buzuň köwegi bar bolsa, onda kimdir biri, hökmany suratda, ol köwegiň içine ýykylmaly.
Ynha, indi bolan zatlaryň hemmesi, hakykatdanam, ýazyldy. Körpejeleriň möjek awtobusynyň kömegi bilen konkide typmagy öwrenişlerinem, topar geňeşiniň başlygy Kullerkupyň spektakl goýmagy talap edişinem aýtdym. Ol spektakly biz gowy edip ýat tutduk, soňra gazetiň habarçysy geldi. Oňa ilki agaçdan ýonulan horazjyklary (ýolbaşçy Kaur), soňra kagyzdan ýasalan gämijikleri (ýolbaşçy Krapman), ondan soňra haýwanlaryň garyň üstündäki aýak yzlaryny (jogapkär Topp) hem-de beýlekileri görkezdiler. Ahyrsoňy biziň spektaklymyza hem nobat ýetdi.
Ilkibada hemme zat meýilleşdirişimiz ýaly gitdi. Hammam howdanda täze ýylda ulanylan arçalardan tokaý gurlupdy. Soňra hemme haýwanyň sesine öýkünip bilýän Obukakk arçalaryň aňrysyndan kişňedi, ol daýhanyň at goşulan arabasynyň gidip barýandygyny aňladýardy. Men tilkiniň keşbine girip, aýagym konkili seretmäge gitdim. Yzyma bolsa balykly dolandym, balyk tüssä kakadylan diýmeseň, hakyky balykdy.
Soňra Kiýlike-möjek ýanyma gelip balygy nireden alandygymy sorady, menem buzuň köweginden guýrugymy suwa sallap tutandygymy aýdyp ony aldadym, onsoň Kiýlike-möjek hem balyk tutmaga ugrady, ýöne ol köwegiň ýanyna baranda çep aýagyndaky konkisi sag aýagyndaka ilişdi hem-de meýilnamamyzdaky ýaly suwa diňe bir guýrugyny sallaman, tutuşlygyna ýykyldy. Bir meşhur adam «hakykaty, hakykaty, diňe hakykaty aýtmak gerek» diýýär, ýöne onuň kimdigi ýadyma düşünok. Menem pioner hökmünde hakyky sözümi aýdýaryn, biziň hiç birimiz habarçynyň beýle çalasyn hereket etmegine garaşmandyk, ol ur-tut Kiýlikä kömek etmek üçin özüni suwa urar öýdüp, asla kellämize hem gelenokdy.
Sebäbi Kiýlike hiç hili howp abananokdy, çünki onuň aýaklary suw pessejik bolansoň ýere degip durdy, dramaturgiýanyň kadalaryna laýyklykda, ol ýene birnäçe minutdan, hakykatdanam, suwa çümmelidi, şonuň üçinem ol möjek geýiminiň aşagyndan ýyly içki ýüň geýim hem-de Obukakkyň doganynyň rezin eşigini geýipdi.
Eger biz nämedir bir zatda günäkär bolsak, onda biz köwegiň agzyny juda giň edenimiz üçin günälidiris, onuň şeýle giňligi üçin kömege okdurylan habarçy halas ediş işleriniň barşynda suwa ýykyldy.
Ine, men hemme bolan zatlary gutarnykly, doly beýan etdim, özümiziň diňe gowusyny etjek bolandygymyzy gürrüň berdim. Hakyky teatrda hem baş gahrymanlary horlaýarlar, olara ýaragam urýarlar, zäherleýärlerem, şonuň ýaly bolanda tomaşaçylar gahrymana kömek bermek üçin sahna okdurylsalar bolmaz ahyry. Gazetiň habarçysy şu ýagdaýy göz öňünde tutan bolsa, onda ol suwada gaçmazdy, ezilmezdem, dümewlemezdem.
Eston dili mugallymymyz «Eger sahnada tüpeň bolsa, onda ol hökman atylmalydyr» diýýär, bizem şondan eger spektaklda buzuň köwegi bar bolsa, onda kimdir biri ol köwege gaçmalydyr diýip netije çykardyk. Dogry, sungat köwege iki adamyň gaçmagyny talap edenok, biziň özümizde-de beýle pikir ýokdy.
Topar geňeşiniň başlygy Kullerkup:
«Sahna görkeziň!» diýdi, sahna görkezemizde hem şunuň ýaly ýagdaý ýüze çykdy. Şol sebäpli hem guramanyň baýdagynyň ýanynda bizi surata düşürmediler.
1.Kabinka — maşynyň öň tarapynda ýerleşen, ony dolandyrmak üçin enjamlaşdyrylan kiçijik otagjyk, kejebek.
2.Starter — içinden ot alýan hereketlendirijini işe girizmek üçin elektrik gurluş.
3.Kapot — dürli gurluşlary tozan siňmezliginden, çygdan goraýan, galdyrylyp açylýan gapak.
4.Paýlaýjy — maşynlarda, hereketlendirijilerde gazyň, buguň, elektrik energiýasynyň goýberlişini kadalaşdyrýan abzal.
5.Karbýurator — içinden otlanýan hereketlendirijilerde suwuk ýangyçdan we howadan durýan garyşyk ýangyjy emele getirýän abzal.
6.Rul — maşynyň hereketiniň ugruny dolandyrmak üçin gurluş, enjam.
7.Tormoz — maşynyň hereketini haýallatmak ýa-da duruzmak üçin gurluş, enjam.
8.Kryžownik — kryžownikler maşgalasyndan bolan turşumtyk-süýji miweli tikenli gyrymsy agaç.
9.Duel — ýokary synpy jemgyýetde şahsy ar-namysy goramagyň usuly hökmünde, sekundantlaryň (garşydaşlaryň kömekçileri, eminler) şaýatlygynda bir garşydaşyň beýlekisini çagyrmagy boýunça öňünden kesgitlenen şertlere laýyklykda geçirilýän ýaragly başa-baş söweş.
10.«Ellik zyňmak» duele çagyrmagy aňladýar.
11.Magnitofon talasy — magnitofonda diňlemek üçin ýazgy edilýän zolaklar, lentalar.
12.Gijeki dym-dyrslyk wagty — mekdep-internatlarda kesgitlenen tertip boýunça okuwçylaryň ýatmaly wagty.
13.Slesar — metal önümlerini ýygnamak hem bejermek boýunça hünärmen işçi, ussa.
14.Awtomatik ýagdaýda işlemek haýsydyr bir enjamyň, abzalyň adam gatnaşmazdan, öz-özüniň işlemegini aňladýar.
15.Tumboçka — zatlary içinde saklamak ýa-da üstünde goýmak üçin niýetlenen kiçijik, pessejik yşgapjyk.
16.Hamyt — araba goşulýan malyň boýnuna geýdirilýän esbap.
17.Lunatik — lunatizm keselli adam. Bu kesele somnambulizm hem diýilýär, onuň bilen kesellän adamyň aňynda bökdençlik bolup, ol ukuda mahaly adaty hereketleri (zatlary goýuşdyrmak, ýöremek we ş.m.) aňsyz halda ýerine ýetirýär.
18.Poçerk — hat ýazmagyň, harplary çyzmagyň belli bir adama mahsus bolan hususy aýratynlygy.
Rus dilinden terjime eden Gurbangeldi MÄMMETSÄHEDOW,