|

Agu Sihw­ka­ hakykaty beýan edýär (2-nji bolek)

Agu Sihw­ka­ hakykaty beýan edýär (2-nji bolek)

Ýaan RANNAP,
eston ýazyjysy

NÄME ÜÇIN GÜNDELIGIME
GURAMAMYZYŇ
MINNETDARLYK HATYNYŇ
ÝAZYLANDYGY HAKYNDA

(Agu Sihwkaniň öz dosty
Karla salam haty)

Salam, dostum Karl!

Indi meniň saňa hat ýazyp, tejribelerimi paýlaşmak, nähili ýaşaýandygymyzy, umuman, bizdäki täzelikleri gürrüň bermek gezegim geldi.

Gep nokatlap oturman, hatymy gurama geňeşiniň başlygy Silwi Kullerkuppyň partadaşym Kiýlike ikimiziň ýanymyza gelmeginden başlaýyn. Ol «Sihwka, Kiýlike, pionerleriň ählisinde pioner tabşyrygy bar, sizde bolsa ýok. Şonuň üçinem siz her hepdede iki gezek çagalar kitaphanasynyň işgärlerine kömek edersiňiz» diýdi.

Pioner, elmydama hakykaty aýtmaly, şonuň üçin menem dogrymy aýdaýyn, bu tabşyryk, hakyna seretseň, biziň şatlygymyza şatlyk goşmalydy, ýöne goşmady.

Men:

— Hemme gazetlerde pioner işi joşgunly, hyjuwly bolmaly diýip ýazýarlar, kitaphanada joşgunam ýok, hyjuwam, o taýda diňe birtopar kitap bar — diýdim.

Dostum Kiýlike hem meniň sözlerimiň üstüni ýetirdi:

— Bu edýänleri adalatly däl.

Ol beýleki synpdaşlarymyzyň pioner tabşyryklarynyň gowudygyny göz öňünde tutup, şeý diýdi, çünki oglanlaryň bäşisi çörek bişirilýän çörekhana, ýene dördüsi ýangyn söndüriji edara kömekleşýärdiler, olaryň birnäçesi çörekhanada bişirilýän gutaplardan garynlaryny doýran bolsa, beýlekileri ýangyn söndüriji pürkgüçden suw pürküp keýpden çykypdylar. Kitaphanada näme, garnyňam doýanok, oýnabam bolanok?

Silwi Kullerkupp biziň nägileligimize jogap edip, ýüzüni bürüşdirdi hem-de şeýle diýdi:

— Pioner tabşyrygy oýun-oýunjak däl.

Soňundanam, ynanmaýan bolsaňyz synp ýolbaşçyňyzdan soraýyň diýdi. Elbetde, biz muny synp ýolbaşçymyzdan sorap durmadyk, durmuş tejribämiz soramasaň gowy boljakdygyny aýdýardy. Bize emele gelen ýagdaýa boýun bolmakdan başga alaç galmady, onsoň biziň toparymyzdaky ähli pionerleriň zähmetkeşler bilen aragatnaşykda bolmagyny doly üpjün etmek üçin, iki bolup kitaphana ugradyk.

Kitaphananyň işgärler topary bizi uly şatlyk bilen garşylady, ol topar ýekeje adamdan ybarat ekeni. Onsoň, «işgärler topary» öz adyny Lidiýa daýza diýip tutmalydygymyzy aýtdy hem-de bize öz hojalygyny görkezdi, onuň hojalygynda, öňünden çaklaýşymyz ýaly, diňe kitaplar bardy. Soňra Lidiýa daýza:

— Biziň işimizde iň kyn zat nämedir öýdärsiňiz? — diýip sorady.

Men «kitaplaryň tozanyny süpürmek» diýdim, Kiýlike bolsa «gerek kitaby tekjelerden gözlemek kyndyr» diýdi. Ýöne biziň ikimizem bilmändiris, sebäbi tozana garşy göreşmek üçin kitaphananyň tozan sorujysy bardy, gerek kitaby gözlemek üçin bolsa katalog bardy. Muny bilenimizden soň biziň keýpimiz üzül-kesil gowulaşdy — indi kitaplaryň tozanyny süpürmek ýa-da olary tekjelere goýmak buýrular öýdüp gorkup oturmasagam boljakdy. Onsoň nämäniň kyndygyny bilesimiz gelip, içimiz byjyklap ugrady.

— Onda iň kyn zat näme? — diýip, ikimiz iki ýerden soradyk.

— Ynsapsyz okyjydan kitaby yzyna almak — diýip, Lidiýa daýza bize jogap berdi hem-de kartoçkalaryň giden topuny görkezdi, onuň içindäki her kartoçka bir okyjydy.

Ýene ýarym sagatdan biz eýýäm şäherçäniň içi bilen gidip barýardyk, sebäbi Kiýlikeniň Lidiýa daýza aýdyşy ýaly, «pioner işdenem, kynçylyklardanam gorkmaýar». Sagat bäşe çenli biz birgiden kitap ýygnadyk, olary galyň kagyzyň içine dolap, daşyndanam daňdyk. Biz, elbetde, mundan soň arkaýyn kitaphana dolanyp biljekdik. Ýöne Kiýlike Rinnaku köçesinde ýene bir öýe baryp görmek isledi, asyl onuň birden Oskar Lutsyň «Bahar» diýen kitabyny okasy gelipdir, ol kitapda bolsa Tootsyň şadyýan başdangeçirmeleri hem-de onuň synpdaşy, köwşüniň sadaplaryny ýitiren Kiýre hakynda gürrüň berilýän ekeni.

Rinnaku köçesinde hususy hojalyk jaýlary bardy. Biz sekizinji belgili jaýyň ullakan demir derwezesiniň ýanyna geldik. Ol jaýda «Bahar» kitabyny kitaphana gaýtaryp bermeýän 7-nji «B» synpyň okuwçysy Puhwel ýaşaýardy. Kiýlike:

— Ilki bilen, howlyň içinde ýarak itiň bardygyny ýa ýokdugyny barlap görmek gerek — diýdi, soňundanam ony nädip barlap boljakdygyny menden sorady. Men ony bilemokdym, onsoň Kiýlikeniň özi öz sowalyna jogap berdi:

— Howlyň agzyna gelip, it bolup üýrmek gerek.

Soňra Kiýlike dört gezek üýrdi, men üç gezek üýrdüm, ýöne bize üýrüp jogap beren bolmady.

Oňa derek jaýyň penjiresi açyldy hem-de haýsydyr bir ses itleri çagyrmaga başlady:

— Polla! Polla! Polla! Güji-güji-güji! Me-me!

Tuksi! Tuksi! Tuksi! Me-me! Güji-güji-güji!

Onsoň howlynyň üstünden bize tarap süňk bölekleri oklandy.

Kiýlike muny üstünden gülünmek diýip düşündi, çünki biz iş üçin geldik, bize bolsa süňk-saňk oklaýarlar. Oklanan süňkleriň hemmesiniň özüne degendigine, maňa bolsa biriniňem degmändigine onuň hasam gahary geldi. Onsoň ol derwezä okduryldy.

Görsek, 7-nji «B» synp okuwçysy Puhwel penjiräniň öň tekjesine döşüni berip durşuna, hezil edip kikirdeýärdi. Bu Kiýlikeniň hasam gaharyny getirdi, ol bogazyny ýyrtaýjak bolup gygyrdy:

— Süňk oklamagy oňarýaň, kitaphananyň kitabyny bolsa aýlap saklaýaň, yzyna gaýtaryp bereňok!

Ýöne Puhwel gülümsiräp durdy. Ol Kiýlikeden «Kitaby gaýtaramda-gaýtarmamda seň näme işiň?» diýip sorady. Kiýlike hem özüniň kitaphananyň wekilidigni mälim etdi, Puhwel bolsa «Seň ýaly wekilleriň ýüzüne tüýkürýän» diýdi hem-de, dogrudanam, tüýkürmekçi bolýansyrady.

Mähriban dostum, Karl! Ol ýerde Ýanesewerde, öz mekdebiňizde sen nobatçy bolup görensiň, uly synpda okaýan haýsydyr bir okuwçydan arakesmede daşary çykmagyny haýyş edensiň, çünki ol özüňden uludyr, ululary bolsa güýç bilen synp otagyndan çykaryp bolmaýar. Onuň üstesine-de, ol seniň ýüzüňe tüýkürmekçi bolsa… Özüň bilýänsiň, şonda nähili gaharyň geljegini.

— Meniň indi sabyr käsäm doldy! — diýip, Kiýlike jibrindi. Ýöne men oňa görä parahatdym, onsoň men üçekde ýaşaýan Karlson ýaly pyşyrdadym: giň bol, giň bol, giň bol. Soňra Kiýlikä özümiziň bu ýere resmi adamlar hökmünde gelendigimizi ýatlatdym.

Şondan soň Kiýlike özüni birneme ele aldy hem-de resmi adam hökmünde sorady:

— Şu ýer Rinnaku köçesiniň sekizinji jaýymy?

— Şeýlemişik-dä? — diýip, 7-nji «B» synpyň okuwçysy dilini aýnadyp jogap berdi.

— Sen Wello Puhwelmi?

— Şolmuşym-da — diýip, Wello Puhwel kikirdäp güldi. Soňra bizi düýbünden tanamaýan kişi bolan bolup, özümize sorag berdi:

— Size näme gerek?

— Giň bol, giň bol, diňe giň bol — diýip, men ýene-de Kiýlikä göwünlik berdim.

Ýöne meniň aýdanlarymyň bu gezek nepi degmedi, çünki Kiýlikeniň sabyr käsesi pürepür dolup, daşyna agyp gitdi, onsoň ol düýbünden resmi däl äheňde gygyrdy:

— Häziriň özünde kitaby getir!

Gadymy nakylda «Kän galmagalyň peýdasy az» diýilýär, Karl dost, senem muny eşiden bolsaň gerek. Şu gezegem edil şonuň ýaly boldy. 7-nji «B» synpyň okuwçysy kitaby getirmegiň deregine Kiýlikeniň köwşüne tüýkürip goýberdi hem-de penjiräni gürpüldedip ýapdy. Biz ony ejeňe ýa kakaňa aýdarys diýip gorkuzjak bolduk. Biziň bu aýdanymyza 7-nji «B» synpyň okuwçysy gülüp goýberdi hem-de öz ejesi bilen kakasynyň fabrikde gijeki bölümde işleýändiklerini aýtdy.

Biz Rinnaku köçesinden gahardan ýaňa ýarylaýjak bolup gaýtdyk. Kiýlike hum ýaly çişip, bu işi beýle goýmajakdygyny aýtdy. Bu gezek onuň aýdan sözleri ýöne bir diýläýen sözler däldi, çünki Kiýlike esli wagtlap mekdepden bir ýerlere ýitirim boldy, yzyna gelensoňam meni bir gyra çekdi-de, «jan gerekmi, kitap, köpeý ogly» diýip haýbatly aýtdy-da, goltugyndan goşanilli sapançany çykardy, men ony Kiýlikeniň daýysynyň öýünde yşgabyň aýnasynyň aňrysynda görüpdim. Onsoň ol bu çynaberimsiz sapança bilen ýaraglanyp Rinnaku köçesine gitmegi hem-de ozalky alyp bilmedik kitabymyzy ýarag bilen gorkuzyp almagy teklip etdi.

Hakykatyň hatyrasyna, dogrymy aýdaýyn, men ilki bu pikire garşy boldum, Kiýlikä:

— Sapança bilen gorkuzyp kitaby alarysmy-almarysmy, ol entek belli däl — diýdim.

Kiýlike maňa garşy çykdy:

— Alarys. Ol sapançanyň hakyky däldigini, atmaýandygyny bilenok ahbetin.

Men:

— Onuň ene-atasynyň öýde bolmaklaram ahmal — diýdim.

Kiýlike:

— Olar beýle çalt dolanyp gelmezler. Özüň eşitdiň ahyry, olaryň gijeki bölümde işleýändiklerini — diýip, maňa jogap berdi.

Men ol oglanyň gorkusyndan soňra özüni dürsäp, milisiýa habar etmeginiň ahmaldygyny, olaram bizi aňtap tutaýsalar gowy bolmajakdygyny aýtdym. Emma Kiýlike muňa garşy gowy emeliniň bardygyny, ýagny geýimimizi çalşyrmalydygymyzy aýtdy. Kiýlikeniň maslahaty bilen men goltugyma synpdaşym Wiktor Kauryň goňur penjegini gysdyrdym, Kiýlike gapdalyndaky ýatalgada ýatýan Peeter Toppyň penjegini aldy. Biz geýimleri eýelerinden soraşman aldyk, sebäbi biziň ýoldaşlarymyzyň ikisi hem türgenleşige gidipdi. Kiýlike Kauryň penjeginiň meniň dyzyma ýetip durandygynyň hem-de bir jübüsiniň gopaýjak bolup sallanýandygynyň hiç hili aýby ýok diýdi. Onuň aýtmagyna görä, özüňi tanatmazlyk üçin geýilýän geýim hut şeýle hem bolmalydy.

Rinnaku köçesiniň ýanynda biz gabarylyp oturan ullakan bezeg agajynyň aşagyna girdik, ol agajyň nähili atlandyrylýandygyny bolsa bilemok. Şol ýerde hem geýimlerimizi çalşyryndyk. O taýda meniňki şowlady — ýigrimi köpük bahasy bolan boş çüýşe tapdym hem-de ony ýanyma aldym, bilip bolýarmy näme, belki geregi çykar diýdim. Kiýlike özüniňem, meniňem saçymy bulaşdyryp hüžžertdi, ýüzümize-de kömür çyrşady.

Doly taýýar bolanymyzdan soň biz köçäni kesip geçdik-de, göni sekizinji belgili jaýa eňdik. Howla girip, jaýyň eýwanyna bardyk, ol ýerde Kiýlike sapançasyny eline aldy-da, onuň tutaýy bilen otagyň gapysyny kakdy.

— Häzir ol çykar — diýip, Kiýlike pyşyrdady. Onuň aýdyşy ýaly hem boldy. Aýak sesi eşidilip gapy açyldy, onuň aňyrsynda bolsa hut bize gerek kişi durdy. Ol şol bada yzyna götinjekläp başlady, Kiýlike bolsa oňa sapançasyny çenäp sürünýärdi hem-de:

— Jan gerekmi, kitap, köpeý ogly! — diýip gaýtalaýardy.

Soňra ol sesine bat berip, haýbat bilen kitaphananyň «Bahar» atly kitabyny häziriň özünde, şu ýere alyp gelmegi buýurdy.

Olar şeýdişip baryşlaryna tutuş otagyň içinden geçdiler, birdenem Wello Puhwel büdredi, gapdala seretdi-de kikirdäp güldi. Onuň sereden tarapyna bakdym welin, aýagymyň barja ysgyny gaçdy. Ol ýerde, biziň giren gapymyzyň ýanynda uzyn boýly bir adam durdy — ol biziň mekdebimiziň müdiridi.

Gadyrly dostum Karl! Seniňem durmuşyňda damarlaryňdaky ganyň doňup, kelläňde «indi näme bolarka?» diýen pikiriň ikibaka at salýan galagoply pursatlar bolandyr. Şolaryň iň gorkunjyny ýadyňa sal, şonda sen biziň nähili duýgulary başdan geçirendigimize düşünersiň.

Kiýlikeniň dişleri misli ksilofon ýaly şakyrdaýardy. Ol sapançasyny jübüsine dykjak bolup näçe jan etse-de bolmaýardy, elleri sandyrap diýen edenokdy.

Bu ýagdaýa diňe 7-nji «B» synp okuwçysy Puhwel begenýärdi. Ýyrşaryp, onuň erni gulagyna ýetdi, begenjinden ýaňa eli bilen şarpyldadyp dyzyna urýardy.

Özüň bilýäň, Kiýlike ikimiz ýüzümizi ýerden galdyryp bilmän durdyk, müdiriň näme diýjegine garaşýardyk. Haýran galaýmaly, ol bize hiç zadam diýmedi, oňa derek 7-nji «B» synpyň okuwçysyna welin, diýibilenini diýdi:

— Öz ýegenimden men munuň ýaly zada garaşmaýardym.

Bu sözleri eşidip gabagymyzy galdyrdyk hem-de Puhweliň gülküsiniň üstüne suw sepilen ýaly bolmagynyň sebäbine düşündik. Müdir onuň üstüne «sen kitaphanadan kitap almagy başarýaň, yzyna eltmegi bolsa öwrenmänsiň» diýip gygyranda bolsa, Puhweliň ýüzündäki gülki alamatlary düýbünden ýitirim boldy.

«Durmuş duýdansyzlykdan doly» diýilýär, il içindäki nakylda. Bu hakykatyňam hakykaty. Ýegenine berk käýänden soň, müdir biziň ýanymyza gelip:

— Diýmek, siz kitaphanadan gelen çaparlar-da, onda? — diýip sorady. Biz baş atmak bilen jogap berdik.

— Siziň pioner tabşyrygyňyz hem ýalta okyjylaryň üstüne baryp, kitaplary yzyna almakdan ybarat. Şeýlemi? — Biz ýene-de baş atdyk.

— Şunuň ýaly bolup gelmek kimiň pikiri?.. — Şeý diýip, ol Kiýlikeniň goşanil sapançasyna hem-de biziň geýimimize ümledi.

Şu ýerde men hakykatyň hatyrasyna dogrymy aýtmalydygyma düşündim hem-de:

— Ine, şunuň kellesine geldi! — diýip, Kiýlikeni öňe itekledim.

Ýöne Kiýlike has takyklaşdyrdy:

— Her näme diýeňde-de, meýilnamany biz iki bolup taýýarladyk! — diýip, meniňem ýeňimden çekdi.

— Hop, ýagşy! — Müdir Kiýlikeniň egnine kakdy. — Seni men şol bada tanadym. Sen, diýmek kitabyň baş gahrymany Toots bolmaly…

Şol wagt meniň egnimdäki Kauryň penjeginiň ýyrtyk jübüsinden agajyň aşagyndan tapan, ýüzüne «Wiruskiýniň ak şerbedi» diýlen ýazgy ýelmenen çüýşäm gaçdy. Müdir oňa seredip:

— Sen bolsa Kiýre bolmaly — diýdi hem-de gülüp goýberdi. Bizem gülen bolduk, ýogsa entek hiç zada düşünemzokdyk.

Karl dost, sen uzaklarda, meniň bu hatymy ümsümlikde okap oturan ýeriňden, müdiriň nämäni göz öňünde tutýandygyna eýýäm düşünensiň. Ýöne bize welin, oňa düşünmäge biraz wagt gerek boldy. Diňe müdir bizden:

— Diýmek, haýsydyr bir oglanjyk «Tom Soýeriň başdan geçirenleri» kitabyny yzyna eltmän, özünde uzak wagtlap saklasa, bir gün onuň üstüne Tom Soýer bilen Geklberri Finni gelmeli-dä, onda? — diýip soranda biz nämäniň nämedigine akyl ýetirip ugradyk. Müdir Karlson hakynda kitaby yzyna almak üçin okyjynyň ýanyna Karlson bilen Körpeje gelse hasam gyzykly boljagyny aýdansoň bolsa, bize hemme zat ap-aýdyň boldy.

Ine, gadyrly dostum Karl, öňden gepleşişimiz ýaly men saňa geçen aýyň dowamynda bolup geçen iň gyzykly waka hakynda gürrüň berdim. Pioner tabşyrygyny ýerine ýetirmekde ugurtapyjylyk — işiň ulusy. Ýoldaş müdirem bize hut şeýle diýdi, ýegeni Puhweliň gepsiz-gürrüňsiz ylgap, beýleki otagdan getiren «Bahar» diýen kitabyny öz eli bilen bize gowşurdy.

Dostluk hatyny alşyp başlanymyzda biz öz tejribelerimizi paýlaşmak hakynda gepleşipdik, ynha, indi sen guramamyzyň geňeşiniň Kiýlike ikimiziň gündeligimize minnetdarlyk sözlerini ýazmagynyň sebäbini bilýärsiň.

Şonda mekdebimiziň pioner guramasynyň ýolbaşçysy hem «Pioner işinde ugurtapyjylyk — işiň ulusy» diýdi. Ynha, indi çagalar kitaphanasynyň okyjylarynyň haýsy hem bolsa birisi «Tom Soýeriň başdan geçirenleri» kitabyny uzak wagtlap yzyna getirmese, bir gün onuň üstüne Tom hem-de Gek bolup barýarys. Bir gezek bolsa biz deňiz garakçylary hem bolduk, şonda Kiýlike:

«On bäş adam merhum sandygyna çykyp. Bo-ho-how, bo-ho-how! Ellerine aldy şeraply çüýşe!» diýip, «Hazynalar adasyndaky» Jon Silweriň aýdymyny hem aýtdy. Şonuňky ýaly agaç aýakda-da towsaklady, dogry, şonda onuň agaç aýagy döwlüpdi.

Indi beýleki oglanlaryň biziň pioner tabşyrygymyza gözi gidýär. Kaura çörekhanadan çykyp, biziň ýanymyza geçmekçi hem bolýar. Ýöne ony almalymy, almaly dälmi, biz oňa entek serederis.

Alaýsak, onda ol Geklberri Finn bolup oýnamak üçin öli pişik, has gowusy, pişigiň gäbini tapmaly bolar.

Şunuň bilen, mähriban dostum Karl, men bu hatymy tamamlaýaryn. Seniň jogabyňa sabyrsyzlyk bilen garaşýan, öz dostuň Agu Sihwka!

HORMATLY MYHMANYŇ PENJEGINI
NÄDIP HARAPLANDYGYM HAKYNDA
(Agu Sihwkanyň mekdep müdirine
düşündiriş haty)

Bolan zatlary bolşy-bolşy ýaly dogruçyl aýtmak üçin men mekdebimiziň dälizinde okuwçy işleriniň sergisini geçirmäge taýýarlyk görlüp başlanan hem-de hemmelere nämedir bir zat getirmek buýruk berlen anna gününden gürrüň berip ugramaly.

Mälim bolşy ýaly, okuwçy işleriniň sergisinde gyzlaryň taýýarlan ellijekleri, elýaglyjaklary, jorapjagazlary, oglanlaryň ýasan et dogramak üçin tagtalary, oklawlary hem-de oturgyçlary goýulýar. Şonuň üçin hem Kaur mekdebe agaçdan ýasalan agzynda aýna turbajygy dişläp duran ýolbarsy alyp gelende hemmeler haýran galdylar.

Men:

— Görýäňizmi, Kauryň kakasynyň soňky döwürde eliniň boş wagtlary kän bolupdyr — diýdim.

Kiýlike:

— Bu «Uku» önümçilik bileleşiginiň önümine meňzeýär — diýdi.

Topp bolsa näme üçin ýolbarsyň agzyna injik süňküniň gysdyrylmandygyny sorady hem-de diňe sirkdäki gylyç ýuwudýanlaryň, juda kän pul berilse, aýnany hem gemirýändiklerini aýtdy.

Gyzlaryň ýolbarsa haýran galandyklaryna, juda begenendiklerine, «naşyjadygyny, gowujadygyny» diýip öwgüli sözleri aýdandyklaryna Kaur hondan bärsi boldy, biziň eden dostlukly belliklerimizi bolsa gaty gördi. Ol:

— Seň özüň «Ukuwyň» önümine meňzeýäň — diýip, Kiýlike ajysyny pürkdi.

— Agzyňa özüň süňk alaý — diýip, Toppa hem gaharlandy.

Ardynjyrap, maňa tarap bakdy-da, sözüniň üstüni ýetirdi:

― Kelläňiz işleýän bolsa, bu aýna turbajygyň nähili wezipäni ýerine ýetirýändigini bireýýäm bilerdiňiz. Bu turbajyk suw çüwdürimi ahbetin.

Biz diňe şondan soňra aýna turbajygyň ýolbarsyň içinden zowwam geçýändigini gördük.

Has takygy, turbajyk ýolbarsyň agzyndan girip, guýrugynyň aşagyndanam çykýardy. Bu ýagdaý biziň sergide goýulmaly bu önüme garaýşymyzy düýbünden üýtgetdi.

— Bu çüwdürim bolsa, onda başga gürrüň — diýip, Kiýlike gürrüňiniň hörpüni üýtgetdi. — Onda bu «Uku» önümçilik birleşiginiň önümine asla meňzemeýär.

— Menem öz sözlerimi gaýdyp alýaryn — diýip, Topp hem gowşady. — Häzirki şertlerde, hatda haýwanam aýnany gemrip biler.

Menem ýolbarsy Kauryň kakasynyň ýasandygyny degşip aýdandygymy boýun aldym, degişmäm hem ýerine düşmedi, goý, Kaur muny gaty görüp durmasyn, diýdim.

Şu ýerde men sergi zalyny nähili bezändigimizi, ellijekleri, boýunbaglary we beýlekileri uzyn sekiniň bir gapdalynda, agaçdan ýasalan gap-gaçlary, sokulary, oturgyçlary beýleki gapdalynda goýuşymyzy gürrüň bermän geçýärin. Kauryň ýolbarsa rezinden turbany berkidişini, ony plastmassa turbasyna çatyşyny, ony hem öz gezeginde galaýy gaba baglanyşdyryşyny aýdyp oturjak däl. Ol galaýy gabyň daşyna ýelmenen ýazga seretseň, onuň içinde ozal atlantikanyň takgaz balygynyň bolandygyny bilmek bolýandygyny hem aýdyp oturmaýyn.

Gap tutynyň aňrysynda güller üçin niýetlenen beýik tekjede goýlansoň, her kim ondan aşaklygyna suw akmalydygyna düşünýärdi. Ol, hakykatdanam, şeýle boldy, Kaur gapyrjagy suwdan doldurdy welin, ýolbars agzyndan ýörite goýlan legenjigiň içine suw pürkmäge başlady.

Sergi geçýän wagty myhmanlara päsgel bermezleri ýaly çagalara hemme zada öňünden seredip öz bilesigelijiliklerini kanagatlandyrmaga rugsat berildi. Şeýlelikde, sergi geçmeli zala gelýän okuwçylaryň yzy üzülenokdy. Sergide suw pürkýän önüm diňe ýolbars bolansoň, elbetde, okuwçylar onuň öňünde hümer berşip durdylar. Gurama geňeşiniň ýolbaşçysy Kullerkup bolsa biziň toparymyzyň ady ýazylan ýazgyjygy barha ýolbarsa golaý süýşürýärdi, özi hem onuň gapdalyndan aýrylanokdy. Kauram onuň ýanyndan aýryljak däldi, ýöne ol yzyny üzmän suw daşamaly bolýardy.

Ýöne ertesi gün, serginiň açylmaly güni gelip ýetende Kaur mekdebe gelmedi. Näme sebäpli gelmeýändigini bilmek üçin Toppy onuň öýüne ugratdylar. Asyl ol syrkawlap, ýorgan-düşekli ýatan ekeni, gyzgyny hem 39 gradusa barypdyr. Dostumyzyň syrkawlandygyna biziň hemmämiz gynandyk.

— Ine saňa gerek bolsa suw çüwdürimi! — diýip, Kiýlike başyny ýaýkady.

— Men-ä suw çekmek onuň sütünini süýndürendir öýdýärin! — diýip, Topp aýtdy. — Derläňsoň suwuň golaýyna barmaly däl ahyry, şemal çalandyr, ony.

Kalkun bolsa:

— Indi ýolbarsjygymyz bokurdagyny ölläp bilmezmi, onda — diýip, soragly nazaryny töweregine aýlady.

Emma gurama geňeşimiziň başlygy Kullerkup beýle pikir etmeýärdi. Ol:

— Kauryň üstünligi — tutuş toparymyzyň üstünligi. Kauryň zähmetde gazanan ýeňşi, şol bir wagtda biziň hemmämiziň umumy zähmet ýeňşimiz. Bir adam hemmeler üçin, hemmeler bir adam üçin. Bu gün siz — Sihwka hem-de Kiýlike — iki bolup ýolbarsyň agzyndan suw çüwdürilmeginiň aladasyny edersiňiz. Özüňize berlen bu tabşyryga örän jogapkärçilikli çemeleşiň, çünki, aýtmaklaryna görä, sergä oba geňeşiniň deputatlarynyň hem-de beýleki mekdepleriň mugallymlarynyň gelmegine garaşylýar.

Ynha, men wakanyň nähili başlandygynam, Kauryň ýolbars ýasanynam, syrkawlanlygynam aýtdym. Bedenterbiýe mugallymymyz ýoldaş Pauksaar «Düzgüniň binýady tertipdir» diýip aýdýar, Kiýlike ikimiz hem tabşyryk alan badymyza ýolbarsy, turbajyklary hem-de suw gabyny birlaý gözden geçirdik. Kiýlike:

— Ilki bilen iş meýilnamasyny düzeli, görýäň ahyry, Kaur işläp-işläp mejaldan düşüpdir, indem syrkawlap ýatyr. Şeýle bolmaz ýaly biz işi oýlanyşykly guramaly. Garşy bolmasaň, gapyrjagyň düýbündäki deşige dyky ýasamagy teklip edýärin.

Men garşy bolmadym:

— Doly ylalaşýaryn, iki elimi galdyryp goldaýaryn. Dyky wajyp myhmanlar ýok wagty suwy saklamaga mümkinçilik berer — diýdim.

Onsoň biz agaçdan dyky ýasadyk hem-de tiz wagtdan täzeçe çemeleşmämiziň ýa-da, gazetlerde ýazylyşy ýaly, zähmeti ylmy esasda guramagymyzyň netijesinde öz ýagdaýymyzyň, Kauryň düýnki düşen ýagdaýyna görä has ýeňilleşendigini gördük. Indi biz diňe sergi zalyna ene-atalaryň, mugallymlaryň, ýa-da uly synpda okaýan okuwçylaryň giren mahaly ýolbarsa suw pürkdürýärdik. Şonuň üçin hem ýolbarsyň agzyndan syrçaly gaba akdyrmak üçin has az suw getirmeli bolýardy, hatda bize sergä tankydy göz bilen garamaga hem wagt galýardy.

— Dogrusyny aýtsaň, meniň getiren sokym seniň geýim ýuwulýan kerseniňden has peýdaly — diýip, Kiýlike başlady. — Ýöne olara hiç kim seretmeýär, hemmeleriň gözi ýolbarsda, olar näme, onuň arkasynda düýäniňki ýaly örküç bardygyny görmeýärlermikä?

— Örküji bolanynyň ullakan aýby hem ýok, sebäbi ýolbars pişikler maşgalasyna degişli, şonuň üçin onuň arkasy tüňňeribem biler — diýdim. — Ýöne, meniň pikirimçe, onuň esasy kemçiligi suwuň bary-ýogy bäş santimetre pürkülýänligi.

Bu mahal myhmanlaryň gelmesi kesilipdi, şonuň üçin hem biz suwuň uzaga çüwdürilmeginiň nämä baglydygy hakynda oýlanyşmaga durduk. Onsoň men, entek kiçijik oglanjykkam derýanyň boýundan gamyş baldagyny getirip, olardan suw pürküp uruşmak üçin pürkgüç ýasaýşymyzy ýadyma saldym. Sulew Kalkun öz pürkgüjiniň içini ýogyn sim bilen gorjapdy, onsoň onuň pürkgüji top ýaly bolupdy, men bolsa öz pürkgüjimi inçejik sim bilen deşipdim, onsoň meniňki edil mergenleriň tüpeňi ýaly dürs pürkýärdi. Ýaragymyzy alyp söweşe başlanymyzda, Sulewiň çüwdürimi birnäçe metrden daşa gitmeýärdi, meniňki bolsa oňkudan üç esse uzaga atylýardy.

— Kauryň nähili ýalňyşlyk goýberendigi indi düşnükli — diýip, çagalyk döwrümi ýatlanymdan soňra aýtdym. — Onuň ýolbarsyň agzyna salan aýna turbasy juda giň. Ýolbars onuň ýaly giň turbadan hiç mahal uzaga suw pürküp bilmez.

Gadymy eston nakylynda «Ýalňyşlygy ýazgaranyňdan, düzetmäge ýardam ber» diýilýär, muny düýpli tertipleşdirmek, ýa-da başga bir wajyp iş geçirilende mekdep müdirimizem aýdýar. Ýolbarsymyz tarapyndan şanlaryna suw pürkülmeli myhmanlar bolmansoň, Kiýlike bilen ýagdaýy nähili düzedip boljakdygyny maslahatlaşmaga durduk.

Men:

— Eger-de Kaur ýolbarsa mis ýa-da demir turba geýdiren bolsa, biz atagzy bilen onuň ujyny gysardyk. Ýöne aýna turbany gysybam bolanok — diýdim.

Kiýlike meniň bu aýdanlarym bilen ylalaşýardy.

Ol:

— Aýna turbany gysyp bolanok, bu diýýäniň, elbetde, dogry, ýöne aýna turbanyň ujuna uçluk geýdirip bolar, onuň içinden kiçijik deşijek deşmek kyn düşüp durmaz — diýdi.

Onsoň Kiýlike maňa birnäçe hepde ozal toparymyzyň ozalky partizan bilen bolan duşuşygyny ýatlamagymy haýyş etdi.

Kiýlike «partizan» sözüni aýdan badyna ýygnanyşyk mahaly synp otagynda, poluň üstünde, gyzyl çyranyň daşyna egrilişip oturanymyz, ozalky partizanyň bolsa ýerküme hem-de karbid çyrasy hakynda gürrüň bereni ýadyma düşdi. Çyranyň karbid gazy çykýan inçejik deşijeginiň juda wajypdygy hakynda partizanyň aýdanlaryny hem dessine ýatladym.

— Çyranyň pelte deşigini nämeden edendiris, hany biljek boluň? — diýip, şonda partizan bizden sorapdy, hiç haýsymyz jogap berip bilmämizsoň, onuň özi öz sowalyna jogap beripdi: — Tüpeň okundan edýärdik, peşeňiň gurşunyny eredip aýyrýardyk-da, pelte deşigini ýasaýardyk.

— Partizan bilen bolan gürrüň ýadymda — diýip, Kiýlikä jogap berdim. — Ýöne özümizde ýekeje boş peşeňiň ýokdugy hem ýadymda. Peýkamyň ujuna dakan iň soňky peşeňimiz hem öri meýdanda gargany atmakçy bolanyňda garga bilen bilelikde ýitipdi.

Kiýlike meniň aýdanlaryma ýyrşardy.

— Agtaran tapar diýipdirler — diýdi-de, jübüsinden peşeň çykardy.

Soňra biz ussahanadan teşe alyp geldik hem-de peşeňiň ujundan kiçijik deşik deşdik. Onsoň men garaýag çalnan çüpregem tapyp getirdim, Topp bolsa peşeňi ýolbarsyň agzynda mäkäm berkitmek üçin bir ýerlerden Polşanyň «supersement» atly ýelimini getirdi. Hemme zady taýýarlap çüwdürimi işe girizenimizde ýolbarsyň agzyndan çykýan çüwdürim, dogrudanam, inçeldi, ýöne ol ozalkydan birjikde daşa gitmedi.

Ýolbarsyň beýden bolmagy biziň gaharymyzy getirdi.

— Bu albassy, mundan başga näme isleýärkä — diýip, Kiýlike jibrindi. — Eger-de baldagyň ujuna ýolbarsyň oturtma dişindäki ýaly gowy deşijek etseň, onda suw ýarym kilometre atylyp gider.

— Menem munuň näme isleýändigine düşünemok — diýip, ýolbarsa üýtgeşmeler girizýärkäk biziň maslahatçymyz bolan Topp aýtdy. — Her niçigem bolsa, suwly gaby bir ýokary göterip göreliň.

Ýöne munuňam ullakan nepi degmedi. Suwly gabyň duran gül goýulýan tekjesini ýene bir oturgyjyň beýikligine galdyranymyzda hem ýolbarsyň agzyndan çykýan çüwdürim bary-ýogy bir-iki santimetr uzaldy.

«Külpet kyn bolsa, ýardamy ýakyn» diýilýär, gadymy nakylda, ol hakykatyňam hakykaty eken, çünki edil şol pursat zala Timohwkin girdi.

Timohwkiniň näme soranyňda-da jogap bermäge ilgezikdigi hemmelere mälim.

Bu gezegem şeýle boldy.

— Sürtülme güýjiniň garşylygy öňküsi ýaly proporsionaldyr … — diýip, Timohwkin kiçijik deşijekli tüpeň peşeňi hakynda pikirini aýtdy, aýdanlarynyň üstüni hem formula bilen ýetirdi, ýöne ol meniň ýadymda galmandyr.

— Basyş güýji göni proporsional… — diýip, Timohwkin gül tekjesinden ýokary göterilen gap hakynda aýtdy hem-de ýene bir formula bilen aýdanlaryny berkitdi, ýöne men ol formulany hem ýatda saklamandyryn, şonuň üçin hem häzir ony gaýtalap biljek däl.

Formulalary eşiden badyna Topp derrew garasyny saýlamak bilen boldy, şu mahala çenli biziň ýanymyzda güýmenip ýören Kalkun bolsa, hatda ýolbarsa seretmesinem goýdy.

Ýöne Kiýlike ikimiz pioner tabşyrygyny ýerine ýetirýärdik, şonuň üçin hem biz Timohwkiniň formulalaryndan gorkmaly däldik.

— Gaty gowy, edil Ylymlar akademiýasyndaky ýaly — diýip, Kiýlike dillendi. — Ýöne biz entek onuň agzasy däl, şonuň üçin hem sen bu aýdanlaryňy ýönekeý adamlara düşnükli dilde gaýtala.

— Suwuň üstüne basyş ediň — diýip, Timohwkin maslahat berdi hem-de bizden, suwuklygyň ähli tarapa deň güýçde basyş berýändigini ýadyňyzdan çykardyňyzmy, diýip sorady.

Şol bada fizika mugallymymyz ýoldaş Kinkiň synpymyza ýelbergiç bilen manometrleri getirendigi ýadymyza düşdi. Onsoň ol manometrleri enjamyň turbalaryna towlap berkitdi, ýelbergiç bilen bolsa basyş döretdi. Şonda turbalardaky manometrleriň diňe birinden galany deň basyş görkezipdi, biri bolsa işlemeýän ekeni, hiç zadam görkezmedi.

Men:

— Meniň pikirimçe, Timohwkiniň sözlerine ynanyp boljak — diýdim. — Eger-de biz suwuň üstüne bassak, ol basyş, hökmany suratda, ýolbarsyň oturtma dişine barar. Ýöne näme bilen basyş geçirmeli — diýdim.

Kiýlike bolsa:

— Okuw aşhanasynda her hili pitileriň gapaklary bar — diýdi.

Ynha, indi men hemme zatlary bolşy ýaly gürrüň berdim. Bu ýerde hiç hili garagolluk ýok, biz diňe ýolbars suwy gowy pürker ýaly etjek bolduk. Topar geňeşimiziň başlygy Kullerkup «hemmeler bir adam üçin» diýip aýtdy, bizem onuň aýdanlarynyň yzynda durjak bolup jan etdik. Timohwkin «Basyşy güýçlendiriň» diýdi, bizem güýçlendirdik. Suw, dogrudanam, basyşy aňrylygyna geçirdi, onsoň ol ýolbarsyň oturtma dişinden çykdy-da oba geňeşiniň başlygynyň penjeginiň ýakasyndan girdi, birazajyk ýaka epinine-de degdi.

Sergilerde «eksponatlary ellemek bolmaýar» diýlip aýdylýar, ýörite ýazgylar goýulýar. Bizde bolsa şeýle ýazgylar goýulmandyr, ýoldaş oba geňeşiniň başlygy hem ýolbarsy elleýär hem-de al saňa gerek bolsa, bu bolmasy iş bolýar.

Pioner hemme ýerde elmydama dogrusyny sözlemeli, şonuň üçin hem men ýene bir gezek hiç kimiň suwly gaba syýa guýmandygyny aýdýaryn. Toppyň onuň içine guýany marganes kaliýsi, onuň bilen basyk keselinde bokurdagy çaýkaýarlar, onsoňam ony hojalyk hajatlarynda hem ulanýarlar.

(Dowamy bar).

1. Katalog — kitaplaryň kesgitli tertipde düzülen sanawy.
2. Kartoçka — maglumat ýazylan gönüburçly gatykagyz.
3. Ksilofon — agaç bölejiklerinden ýasalýan, şykyrdadylyp çalynýan saz guraly.
4. Partizan — duşmanyň basyp alan ýerinde ýerli halkyň ýaragly göreşine gatnaşyjy.
5. Proporsionallyk — deňlik, barabarlyk, laýyklyk, deňölçeglilik.
6. Manometr — ýapyk aralykda suwuklygyň ýa-da gazyň basyşyny ölçemek üçin abzal.
7. Eksponat — muzeýde ýa-da sergide görkezmek üçin goýulýan närse, zat.

Rus dilinden terjime eden Gurbangeldi MÄMMETSÄHEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle