|

Agu Sihw­ka­ hakykaty beýan edýär (1-nji bolek)

Agu Sihw­ka­ hakykaty beýan edýär (1-nji bolek)

Ýaan RANNAP,
eston ýazyjysy

(Okuwçy Agu Sihwkanyň gündeliginden)

NÄME SEBÄPLI ERTIR IRDEN OKUWDAN GIJÄ GALÝANDYGYM HAKYNDA

(Agu Sihwkanyň synp ýolbaşçysyna düşündiriş haty)

Bolan zatlary bolşy-bolşy ýaly, dogruçyl aýtmak üçin, obamyzyň mehanigi Waldemar Karuwyň sürini suwa ýakmak üçin öz-özi işleýän suw sorujyny oýlap tapyşyndan başlamalydyryn. Bu waka şu ýylyň tomsunda Waldemar Karuwyň sygyr ýatagynda bolup geçipdi.

Waldemar Karuwyň suw sorujysy düýbünden üýtgeşik, sebäbi beýleki suw sorujylaryň ählisini elektrik togy, ýel ýa-da adam herekete girizýän bolsa, bu suw sorujy sygryň öz agramynyň täsiri bilen suwy sorýar. Onuň üçin sygyr ýörite nowanyň üstüne münmeli.

Şu mahala çenli mehanik Waldemar Karu, esasan, çüýşäni ýuwmak üçin öz-özi aýlanýan ýüzi tüýjümek mawut ýumajyk ýaly kiçeňräk zatlary oýlap tapýardy. Onuň bu ýumajygy islendik ululykdaky çüýşä bolýardy, çüýşäniň bokurdagyndan girse bolany. Ol dyrnaklary ýonmak üçin üýtgeşik ige hem oýlap tapypdy, onuň ol igesini köwüş geýilýän çemçe-egrem hökmünde ulanybam bolýardy. Mundan ozalky oýlap tapan zatlary üçin Waldemar Karu bäş manat baýrak alypdy, şonuň üçin hem Kiýlike onuň öz-özi işleýän suw sorujysyna hem edil şolar ýaly bäş manat berler diýip ynanýardy. Çünki hemmelere-de mälim, bize muny mekdepde öwretdiler, biziň ýurdumyzda her bir adam öz zähmetine görä-de hak alýar, biz munuň şeýledigini Waldemar Karuwa-da aýtdyk.

Ýöne biz ýalňyşan ekenik, sebäbi mehanik Waldemar Karu baýrak bilen oýlap tapyşynyň şahadatnamasyny almak üçin, uly şatlyk bilen respublikamyzyň paýtagtyna ugrady, yzyna-da, pul baýragyny-ha aýdybam oturmaly, oýlap tapyş şahadatnamasyny hem alman, keýpsiz halda dolanyp geldi.

Kiýlike ikimize bu juda geň bolup göründi. Häzirki döwürde tehnikanyň öwrülişik edýändigi hemmelere mälim, şonuň üçinem öz-özi işleýän maşynlary hemme ýerde oýlap tapmak gerek. Kiýlike şeý diýibem aýtdy:

— Öz-özi işleýän suw sorujynyň geçiriji simleri hem-de elektrik energiýasyny tygşytlaýandygyna, näme, o ýerdäkiler düşünmeýärlermikä? Şeýle diýmek bilen, ol Karuwyň suw sorujysynyň togam, elektrik geçirijileri gurmagam talap etmeýändigini göz öňünde tutýardy.

Men:

— Dogrudanam, o ýerdäkiler öz-özi işleýän suw sorujynyň suwam tygşytlaýandygyna düşünmeýärlermikä? — diýdim.

Şeýle diýmek bilen, hor sygryň agramynyňam ýeňil bolýandygyny hem-de suwuň agramy agyr, köp suw içmek isleýän semiz sygyrdan az sordurýandygyny göz öňünde tutdum.

Onsoň ikimiz iki ýerden:

— Gulak as, Waldemar! Seniň bu suw sorujyň asla işlemedik bolaýmasyn? — diýip soradyk.

Ýöne obamyzyň mehanigi Waldemar Karu elini silkip goýberdi-de:

— Ýok, ýok, ýok, siziň aýdýanyňyz näme, suw sorujy gaty gowy işleýär! — diýdi hem-de özüniň bu aýdanlaryny, şol ýerde — şäherde nowanyň üstüne alty adamyň münendigini, olaryň agramyny hem şertleýin bir sygra deňäp boljakdygyny, öz-özi işleýän suw sorujynyň hem şol şertleýin sygra ýeterlik boljak suwy sorandygyny aýtmak bilen tassyklady.

Ynha, indi men, dogrudanam, başlamaly ýerime geldim. Oba mehanigi Waldemar Karuwyň gürrüňinden onuň baýrak hem-de oýlap tapyş şahadatnamasyny alman gelendiginiň sebäbine göz ýetirdik, asyl ol öz-özi işleýän suw sorujyny oýlap tapanda, sygyrlara suw içesi gelen mahaly nowanyň üstüne münmelidigini nädip düşündirmelidigini oýlap tapmandyr.

Okuwçy kynçylykdan gorkmaýar. Şeý diýip aýdymda-da aýdylýar, mekdebimiziň dälizinde hem şeýle ýazgy asylyp goýlupdyr, onsoň men Kiýlikäniň gulagyna pyşyrdadym:

— Gulak as, Kiýlike, kelläme bir pikir geldi.

Kiýlike hem meniň gulagyma pyşyrdady:

— Meniňem bir pikirim bar.

Soň görüp otursak, ikimiziňem kellämize şol bir pikir gelipdir. Gepiň külesi, biz oba mehanigine ýüze çykan kynçylyklary ýeňip geçmäge kömek etmegi ýüregimize düwdük.

Soňra iki bolup biziň öýümize bardyk-da, hemmesini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdyk.

Men:

— Ýaşlykda öwrenmedik zadyňy garraňda hem bilmersiň. Suw sorujyny nähili peýdalanmalydygyny ilki gölelere öwredeli — diýdim.

— Iş bitdi hasap edäý. Tüýs diýenimiz ýaly, siziň iki sany göläňizem bar.

Waldemar Karu indi öz suw sorujysy bilen gyzyklanmaýardy, çünki ol eýýäm täze bir oýlap tapyşyň üstünde işleýärdi, onsoň bizem nowany arabanyň üstüne ýükläp, göleleri tanyşdyrmak üçin alyp geldik. Ertesi gün mekdepden gaýdyşyn, şalgam ekilen meýdanyň gapdalyndan geçip barýarkak, zerurlyk çykan halatynda ulanmak üçin birnäçe şalgamy ýolup aldyk.

Kiýlike:

— Hemmelere mälim bolşy ýaly, haýwanlar dilden aýdanlaryňa düşünmeýärler, şonuň üçin hem men şeýle meýilnamany oýladym: sen göläni aldap, nowanyň üstüne getirýäň, menem oňa dessine şalgam berýän. Şonda göle öz-özi işleýän suw sorujynyň üstüne çykmak hezil diýip pikirlener, soňabaka hiç hili şalgam bermänimizde-de, nowanyň üstüne müner. Iş şu aýdyşym ýaly bolup gidiberse, onda gölede endik dörär, biz ony Kiýlikäniň refleksi diýip atlandyrarys.

Maňa Kiýlikeniň bu sözleri ýaramady.

— O nähili Kiýlikäniň refleksi bolýarmyşyn? — diýip soradym. — Muňa Sihwkäniň refleksi diýseňem bolar, dogrusy, şeý diýseň, has jüpüne düşer. Göleler biziňki ahyry. Ýöne, zoologiýa kitabymyzda ýazylyşy ýaly, oňa Pawlowyň refleksi diýsek dogry bolar, çünki ol şeýle tejribeleri bizden öň geçiripdir.

Ýöne Kiýlike garşy çykdy:

— Pawlowyň refleksleri itde ýa-da balyklarda bolýar. Pawlow hiç haçan gölelerde tejribe geçirmändir. Patyşa döwrüniň agyr şertlerinde onuň göleler ýerleşer ýaly ullakan barlaghanasy bolan däldir.

Gadymdan gelýän nakylda «Akylly dawalaşmaz» diýilýär. Şonuň üçin hem Kiýlike bilen çekeleşip durmadym. Onsoň biz refleksi «Sihwke-Kiýlike refleksi» diýip atlandyrmaga ylalaşdyk. Ýöne bu işe girişenimizde, Meri lakamly göle, men näçe mündürjek bolsamam, nowa münmedi, şalgamy elimden alyp iýdi. Men başga şalgamy alyp, nowa tarap ylgadym, ýöne göle ýene haýwanlygyny etdi, dessine yzymdan ýetdi-de, ikinji şalgamy hem alyp iýdi.

Şowsuz geçen bu iki synanyşykdan soň meniň keýpim gaçdy. Çünki Kiýlike bogazyna sygdygyndan gülýärdi, onuň üstesine-de, sygyr maçjasynyň üstüne basdym. Onsoň:

— Boldy, men indi bu işe gatnaşamok. Ýör, nowany yzyna, Karuwyň sygyr ýatagyna äkideli — diýdim.

Ýöne Kiýlike muny diňlemegem islänokdy, ol: «Ähli täze başlangyçlar başda kyn düşýär, belki, biz ilki gölelere iýmit bersek, soňra aňsat düşer» diýdi.

Onsoň biz arabany alyp, meýdana şalgam ýygmaga gitdik. Birnäçe günläp şeýtdik. Göleler Meri bilen Musti şalgamy ýetişibildiklerinden iýdiler, kämahal nowanyň üstünde duruşlaryna hem iýýärdiler.

«Bilemizok biz öňünden, durmuşyň şowlajagyn» diýip, kämahal radioda aýdym aýdýarlar, bu aýdymy ýag zawodynyň başlygynyň öýüne gelýän myhmanlaram aýdýar. Bizem şalgamyň Meri bilen Musta nowanyň üstüne münmegi däl-de, Kiýlike ikimiziň yzymyza düşüp ýörmegi öwretjegini nireden bileli.

Ine, indi men näme üçin üç günläp yzly-yzyna sapakdan gijä galýandygymyň sebäbine geldim. Men ýaltalygym ýa-da ýataklygym üçin gijä galamok. Baryna Meri bilen Musti lakamly göleler günäkär, olar meniň irden mekdebe ugranymy gördükleri, ýatagyň sim çekilen haýatynyň üstünden bökýärler hem-de meniň bilen bile gitmäge örän uly isleg bildirýärler.

Oskar Lutsuň «Bahar» diýen kitabyndan mälim bolşy ýaly, Toots mekdebe güjük getirende, oňa gaty käýäpdirler. Onsoň men matematika sapagyna Meri bilen Musti lakamly gölelerim bilen bile geläýsem, nähili boljakdygyny aýdyp oturmak gerekmikä beri. «Malyň akyly hem malyňky ýaly bolýar» diýip, hasapçy bolup işleýän Mýatas aýdýar, onuň bu aýdýany hakykatyňam hakykaty. Men Meri bilen Musta mekdepde şalgam iýilmeýändigini, matematika öwrenilýändigini, onda bolsa diňe droblaryň, göterimleriň bardygyny, onsoňam, iňlis diliniň öwrenilýändigini, onda birhili ýazylyp, başga birhili aýdylýandygyny halys düşündirip bilmedim.

Obamyzyň mehanigi Waldemar Karu özüniň atlara öz-özi nal kakýan enjamyny kabul etmänlerinde: «Oýlap tapyjy bolmaly däl» diýipdir. Men onuň aýdanlarynyň üstüne: «Oýlap tapyjynyň kömekçisi hem bolmaly däl» diýip goşasym gelýär. Kiýlike ýaly dostuň bolsa-ha, bu hasam şeýle. Indi ol biziň sygyr ýatagymyzyň ýanyndan geçende, göleler özüni tanamaz ýaly, agasynyň paltosyny geýip geçýär.

NÄME SEBÄPLI KIK WE KEK TOPHANA
DIŇINDE BOLMANDYGYM HAKYNDA

(Agu Sihwkanyň mekdep müdirine düşündiriş haty)

Hemmesini bolşy-bolşy ýaly dogruçyl aýtmak üçin, tokaýdan tapan deşikli daşymyzdan başlamaly. Ony men topar geňeşimiziň başlygy Silwi Kullerkupp mekdebimiziň dälizinde «Kim bir agaç ekse, ol durmuşyny biderek ýaşan däldir» diýen şygary asyp, hemmelere tokaýdan kerkaw, dardar, dub ýaly agaçlary getirmegi tabşyranda tapypdym.

Daş Tilkili dagdan tapyldy, biz ol ýerden oturtmak üçin agaç nahallaryny getirdik. Daşyň owadan, tegelek deşigi bolanlygy üçin, ol dessine hemmeleriň ünsüni özüne çekdi.

Topp:

— Deşigiň içinden ýüp geçirseň, bu daş bilen ýekedaban zyňmak boýunça ýaryşlara türgenleşmek mümkin — diýdi.

Kaur:

— Eger Afrika ýaşamaga gitseň, bu daşy boýnuňdan assaň, gaty ajap bolar — diýdi.

Kiýlike bolsa:

— Indi Sihwka ýene-de enesiniň diwar sagadyny işledip biler — diýdi. Ol bu deşikli daşyň sagadyň gurşun agramlygyny çalşyp biljekdigini göz öňünde tutýardy. Ol gurşun agramlygy bolsa men Täze ýyla pal atmak üçin eredipdim.

Ýöne bu ýerde Kiýlike ýalňyşýan ekeni, sebäbi taryh mugallymymyz ýoldaş Pýugal meniň tapyndymy gören badyna, güýçli tolgunmany başdan geçirdi, ol: «Adamlaryň hakydasyndan çykyp giden müňýyllyklar seslenip başlady» diýdi hem-de meniň daş asyrynyň paltasyny tapandygymy bilmeýşime geň galdy.

Taryh boýunça entek baha goýulmansoň, Kiýlike, Topp, Kaur dagy dessine bu paltadan peýda görüp boljakdygyna düşündiler.

Topp:

— Dogrusyny aýtsaň, men munuň daş asyryň hakyky paltasydygyna dessine göz ýetirdim. Oglanlara onuň bilen palta zyňmaklyga türgenleşmek mümkindigini aýtmakçy bolupdym, ýöne ýekedaban diýäýipdirin — diýdi.

Kiýlike hem:

— Menem munuň daş asyrynyň enjamydygyny dessine tanadym. Ýöne bir göremde bu daş paltanyň ýylmamak üçin niýetlenendigine ýa-da agaç çapmak üçin ulanylýandygyna düşünip bilmedim — diýdi.

Kaur bolsa:

— Onuň sapynyň ýokdugy meni az-owlak ýalňyşdyrypdyr — diýdi.

Olaryň hemmesi mugallym ýoldaş Pýugalyň daş-töweregini gallap, meni çykardylar. Bu bolsa meniň göwnüme ýaramady, onsoň men:

— Haýran galaýmal-aý size! Eger siz, dogrudanam, daş asyrynyň bilermenleri bolýan bolsaňyz, onda näme üçin özüňiz nähilidir bir paltany tapmansyňyz? Muny, her näme diýseňizem, men tapdym — diýdim.

Bu gezek hakykat dabaralandy, çünki mugallym meniň aýdanlarymy tassyklady:

— Hawa, Sihwka. Sen, sen tapdyň. Men muny taryhy muzeýe habar bererin.

Indi men, aslynda, başlamaly ýerime ýetdim: täsin tapyndy üçin meni Talline mugtuna okuw gezelenjine gitmek bilen sylagladylar, sowalga diýip üç manat baýrak berdiler. Kiýlike hem edil şeýle sylaga mynasyp boldy, sebäbi ol aşagyndan daş paltany tapan agajymyzyň düýbüni köwmäge maňa kömek beripdi.

Otly bilen gidip barýarkak, mugallym, ýoldaş Pýugal, ilki bilen, bizi taryhy muzeýe äkitmegi wada berdi, ol ýerde golaý geçmişiň baý tapyndylary görkezilýärdi. Soňra bolsa ol bizi Kik we Kek tophana diňine alyp barmakçydy, ol ýerde uzak geçmişiň baý tapyndylary bardy. Ondan soň, wagt galsa, ol bizi çeh luna-parkyna aýlamakçydy. Dogry, ol ýerde tapyndam, geçmişem ýokdy, ýöne oňa derek hiňňildik hem-de gyşyk aýnalar bardy. Ýöne otly Talline gelende, mugallym özüniň birnäçe gaýragoýulmasyz işleriniň bardygyny ýadyna saldy-da, bize:

— Muzeýlere mugallymyň ýolbaşçylygynda aýlananyňyzdan, özbaşdak aýlansaňyz, has hezil bolar — diýdi hem-de agşam sagat sekizde otly menzilinde häzir bolmagymyzy tabşyrdy.

Mugallym taksi tutup gidenden soňra, men Kiýlikä bakyp:

— Ilki etmeli işimizi edeli, oýna soň wagt galar. Biziň Talline gelmegimize-de, üç manat almagymyza-da gadymy taryh sebäp boldy, şonuň üçin hem, ilkinji nobatda, tophana diňine gideli — diýdim.

Ýöne Kiýlike muňa garşy çykdy:

— Meniň pikirimçe, ilki bilen, göçme luna-parka gitmek gerek — diýdi. Soňra bolsa gazetlerde luna-parkyň tiz wagtdan gitjekdigini ýazandyklaryny aýtdy, Kik we Kek tophana diňiniň bolsa bir ýere gider gorkusy ýokdy.

Onsoň biz luna-parka gitdik. Görüp otursak, ol ýerde diňe bir hiňňildik bilen gyşyk aýnalar däl-de, atyşhana-da, kegli hem, kiçijik otly ýoly hem, awtomaşynlar hem bar ekeni, olary bolsa her kim sürüp bilýän ekeni.

Beýik zynjyrlardan kürsi-oturgyçlary sallanyp duran hiňňildigiň ýanynda Kiýlike kellesini arkan gaýşardyp, olary synlap durşuna:

— Hiňňildik aýlananda, oňa nähili güýçleriň täsir edýänligini bilýäňmi, Sihwka? — diýip sorady. Men ony bilemokdym.

— Muňa gönüden-göni fizika mugallymymyzyň suwly bedräni kellesiniň üstünden aýlap düşündiren merkezden gaçýan we merkeze dyzaýan güýçleri täsir edýär.

Indi şol fizika sapagy hem, içindäki suwy dökülmeýän bedre hem ýadyma düşdi. Onsoň men ilki bilen taryhy muzeýe gitmedigimiziň hiç hili aýbynyň ýokdugyna hem düşündim, sebäbi biz bu ýerde-de pulumyzy okuw maksatlary üçin harçlap biljekdik. Men:

— Bu merkezden gaçýan we merkeze dyzaýan güýçler hakynda sen gowy ýatladyň, Kiýlike! — diýdim.

Kiýlike bolsa:

— Gel, ýigrimi köpügimizi töläp, bu güýçleriň adama nähili täsir edýändigini özümizde barlap göreli — diýdi.

Onsoň biz okuw gezelenji üçin berlen puldan alyp, adama bir petek satyn aldyk, soňra ýene iki petek aldyk. Ýaňky güýçler bize gaty gowy täsir edýän ekeni, hiňňildige münen hemme adamlar hakynda beý, diýip boljak däldi. Awtodroma gelenimizde-de, biziň saglyk ýagdaýymyz gaty gowudy.

Hiňňildigiň ýanynda diňe çagalar bolsa, awtodromda, esasan, uly adamlar bardy. Maňa bu gaty geň ýaly bolup göründi, onsoň men:

— Ýagşam bir iş edýärler, bu seýilgäh çagalar üçin guralýar, okuw öwrenmek maksady bilen gelýäňem welin, öňüňde ulular durandyr, hemişe şeýle bolaýýar — diýdim.

Ýöne Kiýlike muňa parahat garaýardy, ol:

— Muňa gaharlanyp oturmagyň geregi ýok. Olar bu ýere keýpine gelenoklar. Olaryň indi sürüjilik hukugyny almak üçin synag tabşyrmaga ýaşlary ýetýär. Özlerinde maşyny ýoklar bu ýere maşyn sürmegi öwrenmek üçin gelýärler — diýdi.

Awtodromda on iki sany maşyn bardy, tok goýberilen badyna, olaryň hemmesi herekete girýärdi, şonuň üçin hem maşynyň üstündäkilere diňe ruly towlamak galýardy.

Edil hiňňildigiň ýanyndaky ýaly, Kiýlike ýene fizikadan geçen bir sapagymyzy ýatlady.

— Bir maşyn beýleki maşyny kaksa, nähili bolar öýdýärsiň?

— Nurbatlar, çarhlar, demir bölekleri zyňlyp gider — diýdim. Kiýlike bu aýdanlarym bilen ylalaşmady:

— Adaty maşynlarda şeýle bolýar. Bu maşynlaryň bolsa daşyna rezinden gorag örtügi tutulan, bu ýerde sen energiýanyň saklanyşyny görýärsiň. Eger bir maşyn bat alyp, beýleki maşyny kaksa, onuň bady gowşar. Ýöne ol bat ýitip gitmez, indi güýçli iteklenme alan beýleki maşyn çalt hereket eder.

Maňa energiýa bilen bagly bu ýagdaýlary has gowy düşündirmek üçin Kiýlike petek satyn aldy, meni hem ýolagçy hökmünde ýanyna goşdy. Haýsydyr bir maşyn golaýymyza geldigi, onuň üstündäkileriňem energiýa meselesiniň nähilidigine gowy düşünmekleri üçin, ol maşyny göni olaryň maşynynyň üstüne sürdi. Soňra bolsa men altmyş köpük töläp, Kiýlikäni hem ýanyma ýolagçy edip aldym, sebäbi mekdepde öwredilişi ýaly, «gaýtalamagyň bilimleriň enesidigini» bilýärdik, şonuň üçinem biriniň öwrenenini beýleki hem gaýtalamalydy.

Awtodromdan gaýdanymyzda, biziň üç manadymyzdan herimizde bir manat galdy. Onsoň men pugta aýtdym:

— Geçeni geçdi bileli, ýöne galan pulumyzy welin taryh üçin harçlaly.

Kiýlike hem baş atyp, meni makullady:

— Meniňem pikirim şol-da. Ýöne ilkibada atyşhana-da baryp göreli.

Atyşhanada howaly tüpeňden nyşana atýardylar. Ýöne tegelek kagyz nyşana däl-de, inçejik taýajyklara atylýardy. Bir taýajygy urana sim baldakly bägül berilýärdi. Ikini ursaň, ýüz görülýän aýnajyk alýardyň. Eger taýajyklaryň üçüsini hem uraýsaň dagy, turuş bir guty sakgyja eýe bolýardyň. Hiçisini urup bilmedige hiç zat ýokdy. Bu hem meni oýlandyrdy.

— Gulak as, Kiýlike! — diýdim. — Gowusy, bu ýerden gideli! Her ok ýigrimi köpüge durýar, bäş gezek atsaň, sende ýeke şaýy hem galmaz. Pulam okuw maksatlary üçin peýdalanman sowlar.

Ýöne Kiýlike meniň bilen ylalaşmady:

— O nähili okuw maksatlaryna sowlanokmyşyn! Tüpeň didiwany iki nokatdan diňe bir göni çyzygy geçirmegiň mümkindigi hakynda teorema esaslanýar ahyry.

Men bu teoremany ýadyma salyp bilmämsoň, ol maňa geometriýa mugallymymyzyň synp otagymyza goltugy tüpeňli gelen gününi ýatlatdy. Onsoň ol teorema şolbada ýadyma düşdi, goşanilli, on üçünji kalibrli tüpeňem ýadyma düşdi. Ol «Bekker» firmasynyň tüpeňidi. Onsoň Kiýlike üç ok satyn aldy, menem aldym, sebäbi taryh üçin ýene kyrk köpügimiz galypdy, onsoňam, geometriýa hem gerek ylym ahyry.

Atmaga başlanymyzda, geometriýa bilen hemme zadyň gülala-güllükdigini bildik, ýöne gysylan howa bilen işleýän tüpeň hakynda welin bu düýbünden beýle däldi. Biz hernäçe çenesegem, ýekeje taýak hem ýykylanokdy. Kiýlike jübüsinden guş atylýan ýaýyny çykaryp, iň soňky okuny şonda atmadyk bolsa dagy, biz asla sim baldakly bägüli hem alyp biljek däl ekenik.

Soň menem şeýtdim, onsoň biz ikimize bir aýna aldyk, onuň arka ýüzünde ýabany Günbatar şekillendirilen surat bardy. Onuň üstesine hem biz, eger-de ok sowa geçýän bolsa, onda ol ýerde geometriýanyň hiç hili günäsiniň ýokdugyny, ýöne tüpeňiň näsazdygyny bildik.

Okuwçy hemme ýerde, hemişe dogry sözlemeli. Ynha, men hem özümiziň uzak geçmiş görkezilýän Kik we Kek tophana diňinde hem-de golaý geçmiş görkezilýän taryhy muzeýde näme üçin bolmandygymyzy gürrüň berdim. Kiýlike bada-bat ýaýyny çykaryp atan bolsa, onda bizde muzeýe petek almak üçin pul galjagam ekeni.

«Hakykata hiç kim gahar etmeýär» diýen nakyl bar. Onda-da taryhçy mugallym, ýoldaş Pýugal bize gaharlandy, ol bizi puly ýeňilkellelik bilen biderek ýere pul harçlamakda günäledi, ýöne ol biziň hiç hili ýeňilkelleligiň hem-de biderek harçlamagyň ýokdugy hakynda aýtmakçy bolýanlarymyzy diňlemegem islemedi. Ýene bir nakylda «Ýüz ýyl ýaşasaň, ýüz ýylam oka» diýilýär. Bu hakykatyňam hakykaty. Biz ýene bir daş palta tapsak, baýrak alan pulumyza, ilki bilen, taryhy muzeýe baryp göreris.

DEŇIZ AŽDARHASYNY ELDEKILEŞDIRIŞIMIZ HAKYNDA

(Agu Sihwkanyň mekdep müdirine düşündiriş haty)

Bolan wakany dogruçyl gürrüň bermek üçin men ýene-de edil gögeýin ýaly wyzzyldamagy başarýan täze okuwçy Mart Obukakkyň biziň synpymyza gelmeginden aýdyp başlamalydyryn. Bir gezek arakesme wagtynda biz howluda ylgaşyp ýördük, sebäbi sportuň saglyk üçin peýdalydygyny bilýärdik. Ylgaşyp, kowalaşyp ýörşümize Hammam howdanynyň kenaryna barypdyrys. Şonda täze okuwçy Obukakk:

— Sapaklardan soňra bu ýere gelip, suwda ýüzmek gerek — diýdi. Täze gelen Obukakkyň bu sözleri çyny bilen aýdýandygyna biziň hiç haýsymyz ynanmadyk.

Men:

— Nätanyş ýerde suwa düşme! Oktýabr aýynda bu ýeriň suwunyň temperaturasy bäş gradusdanam aşakda — diýdim. Topp bolsa:

— Howdanyň ortasynyň çuňlugy alty metr dagy bardyr, alty metr bolmasa-da, iki metr bardygy-ha görnüp dur — diýdi. Kiýlike bolsa:

— Eger Obukakk, hakykatdanam, suwa girse, men öz papagymy iýerin — diýip söz berdi.

Ýöne şol mahal gyzjagazlar howdanyň kenaryna geldiler, onsoň biz gürrüňimiziň temasyny üýtgetmeli bolduk. Gyzjagazlaryň üstüne suw sepip, olary howdanyň ýanyndan daşlaşdyrdyk, sebäbi suwuň boýunda durmak olar üçin howpludy. Jaň bolandan soňra, meniň partadaşym Kiýlikä yzdan düýrlenen kagyzjygy geçirdiler, ol hat bolup çykdy, onda şeýle habar bardy: «Suwda ýüzmek sagat altyda bolar. Ýanyň bilen papagyňam alyp gel».

Obukakkyň haty meni oýlandyrdy. Men:

— Birden ol tentek, hakykatdanam, suwa girse, onda sen, dogrudanam, papagyňy iýmeli bolarsyň — diýdim. Ýöne Kiýlike başyny ýaýkady hem-de ynamly gürledi:

— Men oktýabr aýynda howdana ýykylypdym. Munuň nähilidigini bilýärin. Häzir hiç kim öz erkine suwuň içine girmez.

Onuň bu sözlerinden soň sesimi çykarmadym, sebäbi Kiýlikäniň durmuş tejribesine ynandym. Ýöne durmuş tejribesi hem kämahal ýüzügara edäýýär, çünki biz sagat altyda ýa-da mümkin, ondan biraz soň mekdep hammamynyň ýanyna gelenimizde, Obukakk eýýäm rezin geýimi bilen suwuň içinde pöwşüldäp ýördi. Elbetde, geýimi sebäpli üşänokdam, gykylyklanokdam.

Obukakkyň munuň ýaly namartlamasyna Kiýlikäniň gahardan ýaňa ýüzi agaryp gitdi. Obukakk kenara çykanda bolsa, Kiýlike dişini gyjap mydyrdady:

— Bu hasap däl! Bu namartlyk bolýar! Munuň ýaly etseň, gyşyň ortaky aýy hem suwa girip bolar. Sen rezin geýim geýnipsiň ahyry.

Muňa Obukakk gülüp jogap berdi:

— Meniň geýimli ýa geýimsiz bolmalydygym hakynda gepleşmändik. Diňe suwa girmek hakynda gürrüň bolupdy.

Kiýlike öňküsindenem çytyldy, çünki onuň ýüňsakgal bolandygy görnüp durdy.

Hakykatdanam, Obukakkyň geýimli suwa girmeli däldigi hakynda gürrüň bolmandy. Ýöne Kiýlikäniň keýpiniň bozulmagyna hiç kim üns beribem durmady, hemmeleri täze gelen okuwçynyň rezin geýimi gyzyklandyrýardy. Toppda suwasty ýüzüş üçin turbajyk, Kaurda ýüze geýilýän örtük bilen aýaklara dakylýan ýüzgüçler bolsa-da, munuň ýaly suw goýbermeýän rezin geýimi entek hiç kim görmändi.

Biraz soňra biz bu geýimiň iki bölekden — köýnekden hem jalbardan durýandygyny gördük. Rezin köýnek Obukakkyň arkasynda halparyp duransoň, Topp ondan:

— Näme diýseňem, rezin geýim özüňki däl öýdýän? — diýip sorady.

— Kimiňki bolanda näme. Doganym öýde bolmasa, men ony heran-haçan alyp bilýärin, iň esasy zat onuň bilmezligi.

Soňra biz bu geýimi nähili peýdalanyp boljakdygy hakynda maslahatlaşyp ugradyk.

— Şunuň ýaly geýimiň bolsa, her hili oýunlar edip, keýpden çyksa bolar — diýip, Kiýlike seslendi. Ol howdana köp adam ýygnanan mahaly, Obukakk suwdan kellesini çykaryp, goýun bolup mälese, gaty hezillik bolar diýip hasap edýärdi.

Ýöne Obukakky munuň ýaly oýunlar gyzyklandyrmaýardy.

— Onda sen aždarhanyň keşbine girseň gowy bolar — diýip, Kiýlike ýene maslahat berdi hem-de Angliýanyň bir kölünde şonuň ýaly nägehanyň ýaşaýandygyny gürrüň berdi.

Ýöne Obukakk aždarhanyň keşbine girmegem islemeýärdi. Ol:

— Oýun-gülki üçin nämedir bir zadyň keşbine girmegiň maňa geregi ýok. Kiýlike öz papagyny iýip başlasa, maňa gülmek üçin şolam ýeterlik bolar — diýdi hem-de kikir-kikir güldi. Kiýlikä hem, bokurdagyndan aňsat geçer ýaly, papagynyň gaşyna ýag çalmagy maslahat berdi.

Gadymy nakylda «Berlen söz boýundan asylan daş ýaly» diýlip aýdylýar. Kiýlike bilen mekdebe dolanyp gelenimizde, ol halys ruhdan düşüpdi. Ýöne bela gelse, çykalgasyny hem özi bilen alyp gelýär. Mekdep garbanyşhanasynyň ýanyndan geçip gelýärkäk, kelläme ajaýyp bir pikir geldi.

— Gulak as, Kiýlike! — diýdim. — Hany, ýylgyr! Sen hökman papak iýmeli däl ahyry.

Ýöne Kiýlike meniň bu aýdanlaryma asla ýylgyrmady.

— Sen näme, lyžada typýanlaryň telpejigini iýmek ondan aňsat düşer öýdýärsiňmi? — diýip, ol ýüzüni çytyp gürledi.

— Saňa lyžaçynyň telpejigini iýmek hem gerek däl. Sen asla telpegem, papagam iýme. Sen, gowusy, şlýapa iý. — Şeýle diýdim-de, oňa garbanyşhananyň tagçasyny görkezdim, ol ýerde arassalanan ýumurtgadan edilen «kömelejikler» bardy, olaryň hersiniň üstüne hem iki bölünen pomidordan şlýapa geýdirilip goýlandy.

Bada-bat Kiýlikäniň keýpi gowulandy. Biz şolbada hersi ýigrimi teňňeden iki kömelegi satyn aldyk, olary jübimize saldyk-da, yzymyza — mekdebe ýüwürdik.

— Gulak as, Obukakk! — diýip, baran badymyza Kiýlike söze başlady. — Begen, şatlan, ynha, men öz wadamy ýerine ýetirmek üçin geldim. Ýöne işe girişmezden öňinçä, senden bir zat soramakçy. Men papak iýmelimi, telpek iýmelimi ýa-da şlýapa?

Obukakk hezil edip güldi, kikirdäp durşuna:

— Hi-hi-hi! Tapawudy näme? Obada papak, telpek, şäherde şlýapa. Umuman, olaryň hemmesi kellä geýilýär.

Kiýlike maňa tarap öwrüldi:

— Sihwka, eşitdiň gerek? Obukakk maňa telpegiň ýerine şlýapa iýmäge rugsat berýär. Sen şaýat şuňa.

Obukakk muňa hasam beter güldi, gülüp-gülüp, şugundyr ýaly çym-gyzyl boldy:

— Ha-ha-ha! Hawa, rugsat berýärin! Eger ýeke özüňe şlýapany gemirmek kyn bolsa, dostuň Sihwka hem saňa kömek edäýsin, oňa-da rugsat berýärin. Şeýle etseňiz, ýene üç gezek howdanda suwa düşjekdigime wada berýärin — diýip, Obukakk gülmekden ýaňa tas ýarylypdy.

Kiýlike wagt ýitirip durmady, jübüsinden kömelegi çykardy-da, onuň şlýapasyna agyz saldy. Menem, elbetde, onuň yzyndan galmadym.

Kiýlikäniň pomidordan şlýapany iýşine seredip duran Obukakkyň indi gülesi gelmeýärdi.

— Siz öz şlýapaňyzy iýmeli ahyry! — diýip, Obukakk jibrindi. Ondan: «Biz, näme, başga kişiniň şlýapasyny iýýäsmi?» diýip soradyk. Oňa olary näçe pul berip, nireden alandygymyzy mälim etdik-de, Obukakka: «Hany, senem indi wadaňda dur, rezin geýimiňi geýip, gir suwa» diýdik.

Ynha, indi men özümiziň Obukakky ýöne: «Janyň sag bolsun!» diýip suwa salmagy az hasap eden pursadymyza ýetdim. Eger-de Obukakk aždarhany şekillendirmek islemese, onda biz suwa emeli nägehany ýerleşdirip biljekdik, ony hem Obukakk suwuň içinde gurnamalydy.

Ertesi gün sapaklar tamamlanan badyna, Kiýlike: «Bu günki işiňi ertä goýma!» diýdi-de, diwanjaýdan mekdep ussahanasynyň açaryny alyp geldi hem-de biz işe girişdik.

— Rezin turbalardan aždarhanyň göwresini ýasasak, şaplaşar duruberer — diýip, Kiýlike diwardaky motorlaryň howa geçirijisini sypyryp aldy.

— Reňkleýjiniň çotgasy gaty gowy guýruk bolar — diýip, Kaur seslendi. Topp gözleri bilen zoologiýadan geçilen iň soňky sapakda tagtanyň üstünden ýere gaçan, soňundanam bejermek üçin ussahana iberilen goýnuň kelleçanagynyň nirä düşenini gözleýärdi.

Gadymy nakylda «Yhlasa — myrat» diýlip aýdylýar. Bu hakykatyňam hakykaty, çünki biziň aždarhamyz edil hakyky aždarha ýaly boldy. Topp ony penjireden birinji synply bir oglanjyga görkezdi welin, ol gorkusyna wägirip gaçdy, duralgada awtobusa hem garaşman, göni eňdi, ýogsa onuň öýüne çenli ýarym kilometr dagy bardy.

Körpejäniň bolşuna Kiýlikäniň hasam keýpi göterildi, ol:

— Emeli aždarha suwdan kellesini çykarsa, ana, şonda mundanam bäş beter hezillik bolar, baý gygyryşarlar-aý — diýdi.

Soňra biz rezin turbajyga ýel berdik-de, garantgany Hammam howdanyň kenaryna alyp geldik. Golaýda mugallymymyz ýoldaş Pýukk tebigatyň harasat, tupan ýaly eýmenç hadysalaryna aýal atlarynyň dakylýandygyny aýdypdy, şonuň üçin bizem özümiziň emeli aždarhamyza Anetta diýip at goýduk.

Ýöne biz Anettany suwa çümdürjek bolanymyzda, onuň içiniň howadan doly bolanlygy sebäpli, ol aşak gitmedi. Başga çykalga bolmansoň, men bedenterbiýe sapagyndan soňra şkafa ýygnalman galdyrylan bir putluk sport daşyny süýräp getirdim, Topp mekdep bagyndan ýüp alyp geldi, Kiýlike bolsa ýüpi daşyň tutaýyndan geçirdi-de, ony suwa oklady. Sport daşy bize aždarhany suwuň aşagynda gizlemek üçin agramlyk bolup hyzmat etmelidi.

Agramlygyň peýdasy degdi. Biziň her haýsymyz ýüpi çekip, Anettany suwa çümdürip, soňam ýüzüne çykaryp gördük. Soňra biz ýüpi söwüdiň şahasyna daňdyk hem-de ertire çenli Anettany suwuň içinde galdyrdyk.

Indi men ertesi gün biziň synp bolup mekdep meýdançasyna agaç oturtmaga çykyşymyz hakynda gürrüň bermek bilen sözümi dowam edeýin. Muňa biz gaty begendik, çünki ýaşyl bagy-bossanlyk hemmeler üçin gerek, onuň üstesine hem, bu iş zoologiýa sapagy wagtynda geçirilýär.

Roozileht we Tammekyrw diýen gyzjagazlara nahallary suwarmak üçin howdandan suw getirmek tabşyrylypdy, olar bolsa öz işlerini şeýle bir haýal ýerine ýetirýärdiler welin, heý goýaý, halys äwenokdylar. Onsoň biz Anettanyň kömegi bilen olary çaltrak gopmaga mejbur etmegi ýüregimize düwdük. Kiýlike assyrynlyk bilen aždarhany suwuň içinde saklaýan ýüp berkidilen şahanyň ýanyna bardy.

Bir gezek Topp Kulikowo söweşiniň haçan bolandygyny takyk aýdanda, taryh mugallymymyz oňa: «Adam özüniň nämeleri başarjakdygyny hiç haçan bilmeýär» diýipdi. Dogrudanam, taryhçy — mamla. Çünki Roozileht bilen Tammekyrw Anettany görenlerinde, bedrelerini zyňyp, şeýle bir ylgadylar welin, olar stadionda ylgan bolsalar, edil dünýäniň rekordy bolmasa-da, etrabyň rekord-a anyk hasaba alnardy.

Ýöne mekdep seýilgähinde olaryň tizligi hasaba alynman galdy.

— Siz, näme, ot basylan ýaly, juda gaty gaçýarsyňyz-la? — diýip, mugallym ýoldaş Pýukk olara gygyrdy, ýöne Hammam howdanyndaky kellesini we guýrugyny çykarýan gorkunç nägehan barada welin ol diňlemegem islemedi.

Täze suw çekijiler bellenende, Kiýlike ýene Anettany howdanyň ýüzüne çykarmakçy boldy, ýöne ýüp nämedir bir zada ilişen ekeni. Topp ikimiz hem oňa ýüpi çekmäge kömekleşdik, ýüp bolsa ýolundy oturyberdi. Anettanyň howasy daşyna çykdy, goýnuň kelleçanagy gopdy, onuň diňe howasy ýokarlygyna gitdi, galan bölekleri suwuň aşagyna çökdi.

Gadymy nakylda «Geplemek kümüşden, dymmak altyndan» diýilýär, ýöne täze okuwçy Obukakk muňa gulak asmaýan ekeni, şonuň üçin hem tiz wagtdan diňe okuwçylar däl, mugallymlaryňam hemmesi Hammam howdanynyň kenaryna eňdiler, ýöne indi ol ýerde görere hiç zat ýokdy.

Ynha, indi men zoologiýa we tebigaty öwreniş boýunça mugallymymyz ýoldaş Pýukkuň bize päliýamanlar diýmeginiň, bedenterbiýe mugallymymyzyň bolsa indi biziň aramyzdan täze Taltslaryň we Alekseýewleriň ýüze çykmagyna umyt etmegiň geregi ýok diýmeginiň sebäbini düşündirmäge gelip ýetdim. Çünki olar mekdepde suwasty ýüzüş ösdürilmäge başlansa, kelleçanagy hem, 16 kilogramlyk sport daşyny hem alyp boljakdygy hakynda aýdanlarymyzy diňlemegem islemeýärler. Eger-de biz Obukakkyň suwasty halas ediş işlerini alyp barmagy oňarmaýandygyny öňünden bilen bolsadyk, onda sport daşyny agramlyk hökmünde asla ulanmazdyk.

«Her ýaman ýagdaýyň gowy tarapyny hem görmeli» diýip, taryh mugallymamyz ýoldaş Pýugal tekrarlaýar. Roozileht bilen Tammekyrw bolsa goýnuň kelleçanagynyň ýokarky we aşaky äňleriniň özleriniň göz öňünde ömürbaky durjakdygyny aýdýarlar.

1. Mehanik — maşynlaryň işleýşine we ulanylyşyna gözegçilik edýän hünärmen.

2. Refleks — ygtyýarsyz hereket.

3. Ýekedaban zyňmak — sportuň ýeňil atletika görnüşiniň ýaryşlarynyň biri.

4. Luna-park — göçme seýilgäh.

5. Kegli — ýörite tagta ýodajyklaryň üstünde dik goýlan taýajyklary şar bilen ýykyp oýnalýan oýun hem-de şol oýun üçin ýonulan agaç taýajyklar.

6. Awtodrom — awtomobiller synag edilýän we awtomobil ýaryşlary geçirilýän ýer.

7. Howaly tüpeň — gysylan howa arkaly atylýan tüpeň

8. Teorema — hakykylygy subutnama esasynda tassyklanylýan matematika düzgüni.

9. Kalibr — tüpeňiň okunyň diametri.

(Dowamy bar).

Rus dilinden terjime eden Gurbangeldi MÄMMETSÄHEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle