|

Agu Sihw­ka ha­ky­ka­ty be­ýan ed­ýär (4-nji bolek)

Agu Sihw­ka ha­ky­ka­ty be­ýan ed­ýär (4-nji bolek)

(Okuwçy Agu Sihwkanyň gündeliginden)

(Soňy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda)

BAÝRAMÇYLYK KONSERTINIŇ GEÇMEGINI
PUJA ÇYKARYŞYM HAKYNDA

(Agu Sihwkanyň mekdebiň sazandalar toparynyň ýolbaşçysyna düşündiriş haty)

Hemmesini bolşy-bolşy ýaly gürrüň berjek bolsam, men gaty öňden, has dogrusy, altynjy synpda okaýarkak, eston dili mugallymymyz ýoldaş Korpuň bize düzme ýazmalydygymyzy mälim eden sapagyndan başlamaly. Şonda ol:

— Birigüne çenli hemmäňiz düzme ýazmaly. Onsoňam, men size erkin tema boýunça ýazmaga rugsat berýärin, muňa-da begenip bilersiňiz — diýdi.

Mälim bolşy ýaly, düzme her synpda ýazylýar. Ýöne ol, adatça, bellibir tema boýunça ýazylýar, meselem, okuwçylara «Men tomusky dynç alşy nähili geçirdim» ýa-da «Men ejeme hojalyk işlerini etmäge nähili kömek berýärin» diýen ýaly temalar berilýär, olaram ýazýar. Erkin tema boýunça biz entek hiç mahal düzme ýazyp görmändik, şonuň üçin hem mugallymymyzyň bu sözleri bizi birneme aljyratdy.

— Men-ä erkin temany nähili saýlamalydygyny hem bilemok — diýip, Kiýlike seslendi.

— Erkin temalaryň haýsynyň gowudygyny nädip bilmeli? — diýip, Topp hem hüňürdedi, Kaur bolsa: «Eger-de tema erkin bolsa, onda hem näme hakynda ýazasyň gelse ýazybermeli bolsa, tema ondanam beter erkinleşse, näme hakynda ýazmasyň gelse ýazmanam bolar, diýmek, düýbünden ýazmasaňam boljak» diýen pikiri orta atdy. Kauryň bu sözlerine mugallymymyzyň gahary geldi. Ol:

— Bu näme boldugy? Ýagşylyk etjek bolýaň welin, al saňa sag bol gerek bolsa. Ýeri bolýar, erkin tema boýunça düzme ýazmak pikirini goýbolsun edýäris. Birigüne çenli «Meniň mekdebe gatnaýan ýolum» diýen tema boýunça düzme ýazarsyňyz. Synp otagynda galmagal artyp başlanda bolsa, ol: — Araňyzda haýsyňyzyň aýtjak zadyňyz bar bolsa, baş üstüne, tagta çykyň, ikibaşdan sözleriň düşümde üýtgeýşini hem soraýyn — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle diýdi welin, galmagalyň üstüne suw sepilen ýaly boldy, hiç kimiň gürläsi gelmedi, çünki sözleriň üýtgeýşi, adyndan hem görnüp dur, birhili nämälim zat, onam düşümde üýtgetjek bolsaň, eston dilinde bolsa on dört düşüm bar, onsoň ol sözüň üýtgäp-üýtgäp, nirelere ýetjekdigini kim bilýär. Jaň bolup, mugallym synp otagyndan çykýança, goh ýatdy, soňra bolsa her kim Kaury günäkärläp, onuň üstüne döküldiler.

— Her näme diýseňem, erkin tema gowy boljakdy — diýip, topar geňeşiniň başlygy Silwi Kullerkup seslendi. — Meni kakam öz maşyny bilen mekdebe getirýär. Onsoň bu barada näme ýazjak?

Mekdebimize täze gelen okuwçy Obukakk hem zeýrendi:

— Erkin tema bolsa, geçen ýylky ýazanlarymyň haýsyny alyp göçürsemem boljakdy. Indi men näme etmeli? Geçen ýyl biz mekdebe gatnaýan ýolumyz hakynda hiç zat ýazmandyk.

Okuwdan soňra Kiýlike ikimiz öýe gaýtdyk, sebäbi pejiň tüsse çykarýan turbasy hatardan çykansoň, internat iki hepde ýapylypdy, her kim gidip öýünde ýatmalydy. Ýolda biz bu düzme hakynda özara pikir alyşmaga başladyk. Kiýlike:

— Men-ä näme ýazjagymy pikir etdim — diýdi. — «Irden sagat ýedide turýaryn hem-de mekdebe tarap ädim ädýärin» diýip ýazjak, soňundanam, mekdebe çenli üç müň dokuz ýüz ädim ädýändigim üçin, «ädim ädýärin, ädim ädýärin» diýip, şonça gezek ýazjak. Ol sözi hem ýalňyş goýbermän ýazyp bilýärin, mugallym begener, çünki ol meniň üçin gyzyl syýasyny biderek harçlamaly bolmaz.

— Şu diýýäniň-ä erbet däl, oňa-da aňsat boljak, begener. Menem şeýtsem boljak welin, ýöne ikimiziňem düzmämiz birmeňzeş bolsa, onda ol biri-birimizden göçürendiris öýder. Maňa nämedir başga bir zat tapmak gerek. Men, gowusy, irden mekdebe barýarkam, ýolda özüme duş gelýän adamlar hakynda ýazaýyn. Ynha, şu gün maňa ýolda obamyzyň tikinçisi Oýlas gabat geldi.

Kiýlike meniň bu pikirimi goldamady.

— Düzmede Oýlas hakynda ýazmak bolmaz. Ol hakynda ýazjak bolsaň, onuň tikýän penjekleriniň juda dardygyny ýazmaly, geýjek bolaňda burnuňdan getirýär, «Ýeňini dagy, eliňe ýag çalyp geýäýmeseň, geýer ýaly däl» diýip ýazmaly. Beýdip ýazsaňam mugallymyň gahary geler, Oýlas tikinçi onuň garyndaşy ahyry.

Kiýlike maňa, mekdebe gidip barýarkam, kelläme nähili pikirleriň gelýändigi hakynda ýazmagy maslahat berdi.

Öýe gelenimden soňra, mekdebe gidenimde, kelläme nähili pikirleriň gelýändigi hakynda oýlanmaga durdum. Olaryň arasynda haýsynyň tutuş bir düzme ýazmaga ýetjekdigi hakynda pikirlendim. Ýöne kelläme gelen onuň ýaly uzyn pikirleriň birinem ýatlap bilmedim, asla gysgasy hem ýadyma düşmedi. Bu pikir diýlen zat birtüýsli, gerekmejek wagty her hilisi kelläňe gelýär, niçikmi gerekleýärsiň welin, ýekejesem ýadyňa düşenok.

Gitjek ýeriň ýok, her niçik bolsa-da, düzme ýazmaly, şonuň üçin hem men kellä gelýän pikirler hakynda ýazmak niýetimi goýbolsun etdim-de, mekdebe barýan ýoluň ýakasynda ýerleşýän zatlar hakynda ýazdym. Dogry, soňra munymdan hiç zat çykmandygy belli boldy, sebäbi men düzmämi yzyna alanymda, oňa hiç hili baha goýulman ekeni. Mugallym Kiýlikä hem baha goýmandyr. Bu bolsa ikimiziňem düzmäni täzeden ýazmalydygymyzy aňladýardy.

Mugallym maňa:

— Men ýoluň ugruna basylan küdeler hakynda hasabat bermegi tabşyrmandym — diýdi. Onuň Kiýlikä näme diýenini bolsa bilemok, sebäbi ol ony mugallymlar otagyna äkitdi, Kiýlike bolsa öz aralarynda nähili gürrüň bolandygyny maňa aýtmak islemedi.

Mugallym maňa:

— Mekdebe gelýärkäňem, mekdepden çykyp barýarkaňam, gözüňi giňräk aç, oý-hyýalyň ganat baglap, pelpelläp uçsun, onsoň ýazarsyň — diýdi. Onuň Kiýlikä näme diýeni bolsa näbelli, gapynyň açar sokulýan deşijeginden yşyklaýynam diýdim, ýöne onam gelşiksiz gördüm, onsoňam, deşikden göreniňde, näme peýdasy bar, barybir, olaryň gürrüňlerini eşitjek gümanyň ýok.

Okuwdan gaýdyp gelýärkäk, Kiýlike bilen düzme meselesini maslahatlaşmagymyzy dowam etdirdik. Men:

— Ýolda gözüňi giňden açmalydygy bilen doly ylalaşýaryn — diýdim. Dogrudanam, gözüň ýumulgy wagty biri idenekletmese, ýöräbem bolmaz, bu gaty dogry. Ýöne men özümiň oý-hyýalymyň nädip ganat baglap, onuň üstesine hem pelpelläp uçmalydygyna welin, asla düşünip bilmedim. Meniň bilşime görä, diňe guşlar hem-de asmanda uçýan ulaglar — uçarlar hem dikuçarlar uçup bilýär, oý-hyýalyň nähili uçýandygyny bolsa men düýbünden bilemok.

Kiýlike meniň bu aýdýanlaryma güldi:

— Bu ýerde kelle döwüp oturara üýtgeşik zat ýok — diýdi hem-de gowy düşünerim ýaly, maňa mysal getirdi. Ynha, meselem, ýolda maňa ýekeje guýrukly güjük duşýar, menem: «Maňa duşan güjügiň iki sany guýrugy bar» diýip ýazýaryn, bu bolsa meniň oý-hyýalymyň ganat baglap, pelpelläp uçýandygyny görkezýär.

Kiýlikäniň bu sözleri göwnümi götermedi. Men oňa:

— Onda näme, haçan haýsydyr bir güjük öňümden çykarka diýip garaşyp ýörmelimi, gerekleseň olam duşmaz. Jedelem ederin, şu gün öýe barýançak, ýekeje haýwanam öňümizden çykmaz — diýdim. Ýöne ýalňyşan ekenim, depeden aşdyk welin, gar arabasy tirkelen bir agta ýabynyň gelýändigini gördük, olam biziň barýan ugrumyza gidip barýardy.

Has düşnükli bolmagy üçin, men şu ýerde, Kiýlikäniň öz fin sankasyny buere öwürmek üçin enjamlaşdyryp ugrandygyny aýtmalydyryn. Şu sebäpli hem biz indi meniň fin sankamda okuwa gatnaýardyk, men taýgyçlaryň birine aýagymy goýýardym, olam — beýlekisine, şeýdibem typýardyk. Häzir sankanyň oturgyjynda mekdebimiziň sazandalar toparynyň tuba diýlip atlandyrylýan ullakan surnaýy bardy.

Ýabyny gören dessime, sankamyzy oňa tirkemek pikiri kelläme geldi, çünki onuň taýgyçlary gowy typanokdy, üstesine hem, Kiýlike-de, iteklemeli bolanda, ýaltalyk edip ökje ogurlaýardy. Himiýa mugallymymyz elmydama: «Tejribe geçirmek öwrenmegiň iň gowy usulydyr» diýip ýanjap ýörensoň, bizem bu ýagdaýy tejribe üçin peýdalanmagy ýüregimize düwdük, bar güýjümiz bilen öňe eňdik, dessine hem atyň yzyndan ýetdik, surnaýy sankamyza daňan ýüpümiziň bir ujuny gar arabasyna ildirdik.

At muňa ünsem bermedi, arabakeş-ä asla muny duýmadam, çünki ol, daşyndan görseň, megerem, uklana meňzeýärdi.

Depäniň eteginden Kiýlike ikimiziň öýümize çenli iki kilometrden hem uzakdygyny hemme kişi bilýär, şonuň üçin hem men tirkegde gitmäge mümkinçilik bolandygyna begenip iki bolup bilemokdym. Men özümden göwnühoş bolup şeýle diýdim:

— Kiýlike, sen maňa sag bol aýt. Öýüňe hiç mahal şunuň ýaly aňsat baran gezegiň ýokdur.

Ýöne Kiýlike maňa sagbolsun aýtmady. Ol:

— Gidenimize görä bir ýelejiräp gitsedik — diýip jogap berdi. Ol gar arabasyna tirkelen ýabynyň muňa görä has çalt gitmegini isleýärdi.

Onsoň biz nädip atyň tizligini ýokarlandyryp boljakdygy, könekileriň aýdyşy ýaly, «aty ýüzin saldyrmak» hakynda oýlanmaga durduk. Men:

— Iň aňsat usul gamçy bilen onuň ýagyrnysyny çawlamak — diýdim. — Eger sen arabakeşiň aşagyndaky gamçyny duýdurman çekip alyp bilseň, galanyny özüm oňararyn.

Kiýlike töwekgellik etmek islemedi. Ol:

— Tizligi ýokarlandyrmak üçin başga usullaram bar — diýdi. — Men bir kitapda okapdym, arabakeşler öňler aty gaty çapdyrmak üçin tüýdük ulanýan ekeni, bizde bolsa surnaý bar. Olar ikimiz ýaly ýanlaryna surnaý äkitseler, ýolagçylary oturtmaga arabada ýer galjak däl, ýogsa olaram tüýdügiň ýerine surnaý çalardylar.

Bilşiňiz ýaly, Kiýlike aýdym-saz ugrundan gömük, şonuň üçin hem ol surnaý bilen tüýdügiň parhyny hem bilmeýärdi.

— Tüýdük boldy, surnaý boldy, tapawudy näme — diýip, ol sözüni dowam etdirdi. — Surnaý çalynsa, atyň nähili gitjekdigini bilesiň gelenokmy?

Okuwçy elmydama, hemme ýerde dogry sözlemeli, şonuň üçin hem boýnuma alaýyn, meniňem surnaýyň ata nähili täsir etjekdigini bilesim geldi. Mata dolanan surnaýyň müşdügi meniň ýüzüme golaýdy, onsoň men hem onuň birinji we üçünji perde deşiklerini ýapyp, «re» perdesinden zoguldadyp goýberdim.

Ynha, indi men özümiň düşündirmek isleýän ýerime geldim. Mugallymyň özi maňa: «Oý-hyýalyň ganat baglap, pelpelläp uçsun, onuň uçuşyny saklama» diýipdi, menem oý-hyýalymy öz ugruna goýberdim.

Surnaýyň ýogyn zoguldysy çykyp-çykmanka, at ürküp, öňe okduryldy, onuň toýnaklarynyň astyndaky gar ýüzümize syçrap gitdi. Ilki Kiýlike üýşmek garyň üstüne zyňlyp düşdi, soňundan menem onuň üstüne güpürdäp ýykyldym. Biz gara ýykylamyzsoň, üsti surnaýly sankamyz hem gapdallygyna gyşardy, onuň takyrdysyna ýaby çapuwyny hasam güýçlendirdi.

— Sankaňdanam, mekdebiň surnaýyndanam dynaýdyň öýdýän — diýip, Kiýlike ýüz-gözünden gar süpürip durşuna aýtdy. — Bu ýaby çapuwyny gowşatman gidişine, tiz wagtdan surnaýyňy Wilýandi obasyndan çykarar.

Ýöne ol ýalňyşan ekeni, çünki biz ýene dört ýüz metrden sankanyň tutawaçlaryny tapdyk, az-owlak aňyrrakdan surnaýyň üflenýän turbasyny, has aňyrrakdan sankanyň taýgyçlaryny, iň soňundan hem surnaýyň galan bölekleri bilen sankanyň oturgyjyny tapdyk.

Ynha, men hemme zady bolşy-bolşy ýaly beýan etdim, biziň asla baýramçylyk konsertini puja çykarmak niýetimiz ýokdy, onda-da sazandalar toparynyň çeper ýolbaşçysy, sekizinji synpda okaýan Hanson bize bu babatda günä ýükleýär. Men bolsa konsertiň üstünlikli geçmegi üçin elimden gelenini etmekçidim, şonuň üçin hem agşam çalyp taýýarlanmak üçin surnaýy öýe alyp gaýdypdym.

Mekdebimiziň diwarynda «Hemme zady öwrenmek isleýärin» diýen şygar asylgy dur. Meniňem hemme zady öwrenesim gelýär, ýöne nätjek, boljak iş boldy. Indi Kiýlike ikimizde iki jübüt taýgyç bar, olardan buer ýasasaňam boljak.

MEKDEBI ABRAÝDAN DÜŞÜRIŞIM
HAKYNDA

(Agu Sihwkanyň mekdep müdirine
düşündiriş haty)

Hemme zady bolşy-bolşy ýaly aýtmak üçin men güýçli gar ýagan gününden başlamaly bolýaryn. Ol gar eston dili sapagynda «gi» we «ki» goşulmalaryny öwrenýärkäk başlapdy. Bahar paslynda şunuň ýaly güýçli gar sepelemeginiň örän seýrek bolýandygy hemmelere mälim, şonuň üçin hem biziň hemmämiz penjirä tiňkämizi dikdik. Tagta çykyp, sapaklara jogap berýän Topp bolsa penjirä hasam ünsli seredýärdi, çünki aýak üstünde duransoň, onuň daşaryny synlamaga mümkinçiligi beýlekileriňkiden has gowudy.

Okuwçylaryň özlerini şunuň ýaly alyp barmaklary mugallymymyz ýoldaş Korpy geňirgendirdi. Ol:

— Näme beýle, hemmäňiz daşaryk seredýärsiňiz-le? — diýip sorady.

Topp:

— Garyň nähili ýagýandygyna seredýäris — diýip jogap berdi.

Kiýlike:

— Biz bu garyň nähili tokgalanjakdygyny bilmek isleýäris — diýip, onuň sözüniň üstüni ýetirdi.

Kaur bolsa:

— «Bahar» kitabyndaky Laur mugallym ýadymyza düşýär, ol şunuň ýaly güýçli gar düşende, okuwçylaryny, «gar zyňyşmak söweşini» geçirmek üçin, mekdepleriniň ýanyndaky meýdança äkidýän ekeni — diýdi.

Laur mugallym hakynda aýdylan sözleri eşidensoň, Korp mugallym hem ýerinden turdy hem-de penjireden daşaryk seretdi.

— Dogrudanam, gar gaty gowy ýagýar. Ýaşlyk döwrümizde ýagan garlary ýada salýar — diýip, Korp mugallym okuwçylara tarap öwrüldi. — Laur mugallym hakynda aýdanymyzda bolsa, ol her hepdäniň duşenbe güni sapaklaryndan soňra ýygnaga gatnaşan däldir, sebäbi ol meniň ýaly oba geňeşiniň deputaty bolan däldir, ol meniň ýaly kitapsöýüjiler jemgyýetiniň ýolbaşçylyk düzüminiň agzasy hem däldir. Onuň okuwçylaram soňky sapakdan soňra awtobusa ýetişjek bolup ylgamaly bolýan däldirler. Durmuşyň häzirki güýçli depgininde gar oýnamaga hem ýetişmek isleýänlere bolsa munuň üçin arakesmäni peýdalanmagy maslahat berýärin.

Indi men biderek kagyz zaýalap oturmazlyk üçin, Korp mugallym sözlerini tamamlan badyna, jaň kakylandygyny, biziňem garlaşmak üçin daşaryk eňendigimizi, çünki mugallymymyzyň munuň üçin arakesmäni peýdalanmalydygyny aýdandygyny, biziňem onuň aýdanlaryny ýerine ýetirendigimizi, daşarda Kiýlike ikimiziň ilki garşydaşlarymyz Kaur bilen Toppuň üstüne hüjüm edendigimizi, soňra olaryň biziň üstümize hüjüme geçendigini aýdyp oturmaýyn-da, diňe sapagyň başlanmagyna jaň kakylandan soňra, meniňem, Toppuňam, Kiýlikäniňem, tutuşlygyna ähli okuwçylaryňam öz orunlaryna geçip, akyllyja oturan wagtyndan sözümi dowam edeýin. Diňe Kaur ýerinde ýokdy, ol synp otagyna iň soňundan geldi, onuň çep ýeňiniň içinde alty sany gar tokgasy bardy.

Kauryň synp otagyna şunuň ýaly «ýaraglanan» görnüşde gelmegi bizi geňirgendirdi.

Men:

— Gulak as, Kaur, mekdep otaglarynyň içinde gar zyňyşmak berk gadagan edilýär, onsoňam biz indiki arakesmä çenli «ýaraşyk baglaşdyk» ahyry — diýdim. Kiýlike hem:

— Sapak wagtynda gar tokgalary iki-baka gaýyp başlasa, matematika mugallymymyz ýoldaş Kink halamaz — diýip duýdurdy.

Kaur, jogap bermegiň deregine, diňe gülüp goýberdi, gar tokgalaryny partanyň üstünde hatarlap goýdy-da, sapak wagty olary zyňmak hakynda asla pikirem etmeýändigini aýtdy. Ol gar tokgalaryny indiki arakesmä taýýarlapdyr, ýagny ol olary ýanyna alyp, daşaryk çykan badyna işe girişmegi göz öňünde tutýan ekeni.

Onsoňam, ol iki tokga gary Toppa bermekçidigini aýtdy, çünki ol onuň ýaranydy, olar bileleşip, Kiýlike ikimiziň garşymyza «söweşýärdiler». Kauryň bu sözleri Kiýlikä-de, maňa-da ýaramady. Sebäbi dünýä ýüzünde ýaraglanyşyk boýunça deňagramlylygyň saklanylmagy ugrunda göreşilýändigi hakynda gazetlerde-de, radioda-da häli-şindi aýdylýardy. Eger-de bir tarap ýaraglanyşygyny güýçlendirse, beýleki tarap hem şeýle etmelidi, sebäbi parahatçylygy saklamak üçin şeýle etmek gerekdi. Kiýlike ikimiz hem muny goldaýarys.

Men:

— Bilýäňmi, Kaur, seniň bu alty tokga garyň üçin närazylygymy mälim edýärin. Munuň yzy erbet bolar. Seniň bu «oklaryňa» jogap berer ýaly bizde gar ýok, seniň bolsa öz islegiňe döz gelip bilmän, olaryň birki sanysyny bize tarap atmagyň ahmal. Ýöne şeýdäýseň, matematika mugallymymyz ýoldaş Kinkiň nähili pikir etjekdigini, munuň soňunyň nämä barjakdygyny özüňem bilýän bolsaň gerek. Şonuň üçin hem sen ýa-ha alty tokganyň üçüsini bize ber, ýa-da olaryň hemmesini penjireden daşaryk zyň.

Meniň «resmi närazylygym» Kaury düýpli oýlanmaga mejbur etdi, sebäbi biziň mekdebimizde matematika sapagynda tertibini saklamadyk okuwça öýe iş üçin goşmaça meseleler berilýärdi. Bir tarapdan, Kaur muny hasaba almasa boljak däldi, sebäbi onuň ýetişigi öňem öwerlik däldi. Beýleki tarapdan bolsa, ol öz gar tokgalarynyň hemmesini daşaryk zyňmag-a beýlede dursun, üç sanysyny bize bermäge-de kaýyl däldi.

— Gowusy, şeýle edeliň: gar tokgalaryny wagtlaýynça «bitarap» ýerde saklalyň — diýip, Kaur teklip etdi. — Şonda hiç kimde olary ulanmaga isleg döremez.

Synp otagynda iň «bitarap» ýer mugallymyň stolunyň töwerekleri, muny okuwçylaryň durmuş tejribesi äşgär görkezýär. Iň gowusy mugallymyň stolunyň özi, çünki, bolmanda sapak wagtynda hiç kim ol ýerden gar tokgasyny alyp bilmez. Şol sebäpli hem Kaur bilen Topp gar tokgalarynyň altysyny hem mugallymyň stolunyň boş tahylyna salyp, hatarlap goýdular. Iş tamam bolansoň, Kink mugallym gelýänçä, ol ýerde stoluň çekmesinde garyň uzak wagt saklanmajakdygy hakynda pikir alşyp başladyk. Bu babatda her dürli pikirler bolansoň, jedel güýjäp başlady.

Men:

— Eger-de öten agşam meniň ýakamdan salnan garyň nähili tiz erändigini göz öňünde tutsak, onda Kauryň tokgalary tiz wagtdan suwa öwrüler — diýdim.

Kiýlike:

— Menem öz öňümden aýdylan pikire goşulýaryn, ýöne suw onuň aýdyşyndan hem köp bolar — diýdi.

Ýöne Kaur biz bilen ylalaşmady:

— Gar ýakaňdan salynsa, bir başga, mugallymyň stolunyň tahylyna salynsa welin, düýbünden başga. Adam endamynyň ýylylyk bölüp çykarýandygy hemme kişä mälim, mugallymyň stolunyň tahyly bolsa hiç hili gyzgynlyk bölüp çykarmaýar. Onsoňam, meniň gar tokgalarymyň güýçli tokgalanylmandygyny hem hasaba almagyňyzy haýyş edýärin.

Kiýlike ikimiz Kauryň soňky aýdanlarynyň manysyna düşünmedik.

Men:

— Gulak as, Kaur, sen biziň kellämizi bulaşdyrjak bolma. Bu ýagdaýda berk gysylan tokga bilen gowşak gysylan tokganyň parhy ýok. Gar tokgasyny zyňsaň, olam birine degse, ana, şonda onuň tapawudy bildirer.

Ýöne Kaur eňegine tutdy:

— Gowusy, seniň özüň kelläňi işlet. Eremekde hem garyň dykyzlygynyň wajyp ähmiýeti bar. Ýumşak gara ýylylyk ullakan täsir edenok.

Onsoň ol tebigaty öwreniş kitabyndaky tüsseläp duran peç turbasynyň suratyny hem-de onuň ýanyndaky sütük, pamyk we ýüň ýaly ýumşak, mymyk zatlaryň ýylylygy has ýaramaz geçirýändikleri hakynda düşündirişi ýadymyza salmagymyzy sorady.

Men tüsseläp duran peç turbaly suratam, onuň ýanyndaky düşündirişem hiç ýadyma salyp bilmedim, Kiýlike bolsa ony asla hakydasyna getirip bilmedi, çünki onuň tebigaty öwreniş boýunça birinji çärýekde alan bahasy meniňkidenem pesdi.

— Bilýäňmi, Kaur! — diýip, ol söze başlady. — Sütük, ýüň, pamyk hakynda aýdanymyzda, bu mesele entek jedelli bolmagynda galýar, sebäbi olar bärde ýok. Ýöne gar welin bar. Şonuň üçinem seniň bu aýdýanyňy iş ýüzünde barlap göreliň.

Onsoň ol Kaura gar tokgalarynyň birini has mäkäm gysyp tokgalamagy hem-de gowşak tokgalanan garyň gapdalynda goýmagy, soňundanam olaryň haýsynyň tiz erejegine seretmegi teklip etdi.

Timohwkin gar tokgalarynyň birini pugta gysyp tokgalady, Kiýlike hem tagtanyň gyrasynda ony gysylmadyk tokga bilen bile goýdy. Şol wagt meniň kelläme olaryň goýlan ýeriniň tejribe geçirmek üçin amatly ýer däldigi hakynda pikir geldi. Mugallym kimdir birini mesele çözmek üçin tagta çykarsa, ol gar tokgalarynyň öňüni tutjakdy. Bu bolsa tejribe geçirmek üçin gowy boljak däldi. Galyberse-de, mugallymyň gar tokgalaryny görmegi hem-de olary daşaryk zyňyp goýbermegi hem ahmaldy.

Şeýle bolaýsa, tejribämiz düýbünden puja çykjakdy. Şonuň üçin hem men başga bir pikiri orta atdym: tejribäniň barşyna hemmeleriň päsgelçiliksiz gözegçilik edip bilmekleri hem-de tejribäniň geçirilmegine hiç bir ýagdaýyň howp salmazlygy üçin, men berk hem gowşak gysylan gar tokgalaryny ýokardan sallanyp duran çyranyň daşyndaky abajurda goýmagy teklip etdim.

Ynha, men bolup geçen wakany dogruçyl beýan etdim. Garyň güpläp düşmeginem, eston dili mugallymymyz, ýoldaş Korpuň «gar söweşini» daşarda, arakesme wagtynda geçirmegi maslahat bereninem, Kauryň synp otagyna gar tokgalaryny alyp gelşinem, şol sebäpli mäkäm tokgalanan gar bilen gowşak tokgalanan garyň haýsynyň çalt erejekdigi hakynda jedeliň dörändiginem, Kiýlikäniň gar tokgalarynyň eremeginiň tizliginiň okuw kitabynda mymyk zatlar hakynda aýdylanlara gabat gelşini tejribe arkaly barlamagy teklip edişinem bolşy-bolşy ýaly, ýekänme-ýekän beýan etdim.

Tebigaty öwreniş dersinden sapak berýän mugallymymyz, ýoldaş Pýukk elmydama: «Ýüze çykan ähli sowala jogap gözläň» diýip aýdýar. Çyranyň abajuryna pugta hem-de gowşak tokgalanan garlary goýanymda hem, men mugallymymyzyň bu sözlerinden ugur aldym. Matematika mugallymymyz bilen birlikde sapaga Bilim ministrliginden barlagçynyň geljekdigini, onuňam gündiziň günortany çyrany ýakjakdygyny biz nireden bileli.

Gazetlerde-de, telewideniýede-de, radioda-da «togy tygşytly peýdalanmalydygy» hakynda häli-şindi aýdylýar. Bu örän dogry. Ýoldaş barlagçy hem gündiziň günortany çyrany ýakmadyk bolsa, togam tygşytlanardy, gowşak tokgalanan gar hem çalt eremezdi, ýoldaş barlagçynyň kellesiniň üstüne-de gaçmazdy. Oňa kömege okdurylan matematika mugallymymyz, ýoldaş Kinkiň hem kellesine berk gysylan gar tokgasy gaçmazdy.

Eston dili mugallymymyz ýoldaş Korp, «Arakesmeleri netijeli peýdalanyň!» diýýär, bizem ony peýdalandyk. Tebigaty öwrenişden okadýan mugallymymyz, ýoldaş Pýukk: «Tebigatyň syrlaryny derňäň!» diýýär, bizem ony derňedik. Mekdebimizi abraýdan düşürmek pikiri asla biziň kellämizde ýokdy.

Gadymy nakylda «Hiç zat etmeýän hiç mahal ýalňyşmaýar» diýilýär. Bu hakykatyňam hakykaty.

NÄME SEBÄPLI OKUWYŇ BIRINJI
SAGADYNDA BOLMANDYGYM HAKYNDA

(Agu Sihwkanyň mekdep müdirine
düşündiriş haty)

Bolan wakany bolşy-bolşy ýaly beýan etmek üçin men Obukakkyň doganynyň daşary ýurtdan alyp gelen üýtgeşik sagadyny mekdebe getiren gününden başlamaly bolýaryn. Ol sekundyň ýüzden bir ülşüne çenli wagty hem takyk görkezýärdi, bu bolsa häzirki zaman sportunda örän möhüm bolup durýar. Mekdebimiziň sport zalynda «Sagdyn beden — sagdyn ruh!» diýlen şygar asylgy dur. Sapaklaryň başlamagyna hem entek birneme wagt bar. Onsoň meniň kelläme Obukakkyň takyk ölçeýän sagadyny synpymyzyň haýsy hem bolsa bir ugurdan täze rekordyny goýmak üçin peýdalanmak pikiri döredi. Ilki bilen biz, Toppuň teklibi boýunça, kimiň demini has uzak wagt saklap bilýändigini ölçedik. Soňra kellede köp wagt durmak boýunça ýaryşdyk. Ahyrsoňy hem alty metre emedekläp ylgamak boýunça ýaryş geçirdik, bu ýaryşda Kaur ýeňiş gazandy, Kiýlike bolsa jalbarynyň dyzyny ýyrtdyrdy.

Jalbarynyň ýyrtylmagy Kiýlikäniň sporta bolan höwesini düýbünden ýatyrdy.

— Bir zada düşünip bilemok — diýip, ol söze başlady. — Siziň hemmäňiziň küý-köçäňiz rekord goýmak. Ýöne Obukakkyň sagadyny okuw maksatlary üçin peýdalanmak hakynda welin hiç biriňiz pikir edeňzok.

Onsoň ol bize fizika boýunça meseläni ýatlatdy, onda erkin gaçýan jisimiň bir ýarym metri näçe wagtda geçjekdigi soralýardy.

Synp otagymyzyň penjireleri ýerden laýyk bir ýarym metr beýiklikdedi, şol sebäpli hem bu tejribäni geçirmek üçin başga ýer gözläp oturmagyň geregi ýokdy. Ilki bilen men erkin gaçýan jisim boldum, soňra Kaur bilen Kiýlike hem erkin gaçdylar. Obukakk bolsa wagt tutdy, ýöne sekundomer her gezek näme üçindir dürli wagty görkezýärdi.

Bu bizi geňirgendirdi.

— Hronometrde derek ýok — diýip, Kiýlike gaharly gürledi.

— Belki-de, ýere beýle bir erkin gaçmaýan bolaýmalyň? — diýip, Kaur hem öz pikirini aýtdy. — Ynha, meni alyp görsek, erkin gaçjak bolamda, az-owlak arkamdan iteklediler.

Topp bolsa fizika boýunça okuw kitabynda ýalňyşlyk goýberilen bolmagy ahmal diýip hasaplady hem-de muny mekdebiň ilerisindäki çägelik hendekde barlap görmegi teklip etdi, ol ýerde erkin gaçmak üçin has gowy mümkinçilikler bardy.

Ynha, men bolan işleriň nämeden başlandygyny aýtdym. Näme üçin çägelik hendege gidenimizi hem gürrüň berdim. Matematika mugallymymyz bize: «Eger-de meselede nähilidir bir düşnüksizlik bar bolsa, siziň işiňiz ony aýdyňlaşdyrmakdan ybaratdyr» diýýär, biz hem onuň bu aýdýanlaryndan ugur alýarys.

Çägelik hendekde erkin gaçmak, elbetde, has gowy boldy, sebäbi gaçmaklygyň özi has uzak dowam edýärdi, ýere bolsa ýumşak düşülýärdi, aýaklaryň ürgün çägä çümüp gidýärdi. Sapaklaryň başlandygyny aňladýan jaň kakylanda, biz mekdebe ýüwürmekçi bolduk, ýöne Kiýlike sägindi-de, şeýle diýdi:

— Bu hapa aýaklarymyz bilen bizi mekdebe bir goýbererlermikä?

— Häzir mekdepde tertip we arassaçylyk hepdesiniň dowam edýändigini göz öňünde tutsaň, onda topar geňeşiniň ýolbaşçysy Kullerkupp bizi görüp özünden gider — diýip, Kaur howatyrlandy.

Topp bolsa:

— Iň erbedi bolsa, biz körpeje okuwçylara ýaman görelde görkezeris — diýdi hem-de birinji sagadyň haýryndan geçip, ýuwunmagy, arassalanmagy teklip etdi.

Ynha, indi men gürrüňi başlamaly ýerime ýetdim hem-de özümiziň Hammam howdanyna wagt geçirmek üçin ýa-da garagolluk etmäge gitmändigimizi, jisimleriň erkin gaçmagyny öwrenmegimiziň netijesinde guma, batga çümen aýaklarymyzy ýuwmaga gidendigimizi düşündirdim.

Hammam howdanynyň bendiniň ýanynda biz iki sany agaç gaýygyň durandygyny gördük. Olaryň diňe burny gury ýere çykarylypdyr, yzky bölegi bolsa suwuň içindedi.

Öň hiç haçan bu ýerde gaýyk görmändigimiz üçin, bu ýagdaý meni juda geň galdyrdy.

Men şeýle diýdim:

— Haýran galaýmaly… Bu howdanda gurbagalar bilen suw tomzaklaryndan başga janly-jandaryň ýokdugyny hemmeler bilýär. Olary kenarda duran ýeriňdenem tutup bolýar. Bu ýerde bir syr-a bar: näme üçin bu ýere gaýyk getirdilerkä?

Beýlekiler hem muňa geňirgendiler.

— Okuwçylara küreklemegi öwretmek üçin bu ýere gaýyklary getiren bolaýmasynlar — diýip, Kaur çak urdy hem-de iňlis dili mugallymynyň Angliýanyň mekdeplerinde küreklemek boýunça ýaryşlaryň yzygiderli geçirilýändigini gürrüň berendigini ýatlady hem-de ol ýerde munuň ýaly ýagdaýyň adaty ýagdaýdygyny aýtdy.

Ýöne Kauryň bu sözlerine hiç kim pitiwa etmedi.

— Goýsan-aý, häzir Estoniýanyň bir mekdebinde hem küreklemek boýunça ýaryş geçirilmeýär — diýip, Kiýlike aýtdy. — Bizde köp kagyz ýygnamak boýunça, çärýegiň soňunda hem az ikilik almak boýunça ýaryş geçirilýär.

— Gaýyklaryň düýbüniň suw syzdyrmaýandygyny barlamak üçin getiren bolsalar gerek — diýip, Topp hem öz pikirini aýtdy. Kiýlike bolsa:

— Her näme bolanda-da, biz özümize berlen bu oňat mümkinçiligi peýdalanmaly — diýdi hem-de ýene-de fizika boýunça okuw kitabyny ýatlady, ýöne ol bu gezek onuň gaýyklaryň hem-de olary itekleýän güýçleriň şekilleri görkezilen sahypasyny mysal getirdi.

Ol güýçler hakyndaky düşündirişler meniňem ýadyma düşdi. Mugallymymyzyň batly ylgap gelip, suwuň gyrasynda duran gaýyga böküp münseň, onuň şobada kenardan suwa ýüzüp gitjekdigini aýdandygy hem-de bu ýagdaýyň inersiýa täsiri bilen bolýandygyny düşündürendigi dessine hakydama geldi. Onsoň men şeýle diýdim:

— Mekdebimiziň müdiri bize elmydama: «Gaýtalamak bilimleriň enesidir» diýip aýdýar. Şuny göz öňünde tutsak, häzir inersiýa babatdaky öwrenenlerimizi iş ýüzünde barlamagyň tüýs wagty geldi.

Şeýle diýdim-de, men ylgap gelşime, birinji gaýygyň üstüne böküp mündüm, onuň yz tarapy aşaklygyna gyşaryp gitdi hem-de bada-bat howdanyň ortasyna tarap ýüzdi. Topp hem ylgap ikinji gaýyga mündi, onuň münen gaýygy hem, edil meniňki ýaly, howdanyň kenaryndan ara açdy. Kiýlike bolsa gaýyga münmäge ýetişmedi, tejribä gatnaşyp bilmeýändigine gaharlanyp, howdanyň kenarynda ýumruklaryny bulaýlap, iki ýana ylgamaga başlady.

Ynha, indi men sapakdan sebäpsiz galmandygymyzam, howdanyň kenarynda bozgaklyk etmändigimizem, umuman, ähli bolan zatlary bolşy-bolşy ýaly aýtdym. Mekdebimiziň lukmany ýoldaş Tikerpuu: «Mähriban mekdebiňize diňe tämizlenip geliň» diýýär, şonuň üçin bizem hapa aýaklarymyz bilen mekdebe gelmeli däldigimiz hakynda netije çykardyk.

Kiýlike özüniň hem gaýyga mündürilmegini talap edip, goýar ýerde goýmansoň, men öz gaýygymyň burnunda durşuma aýagym bilen Toppuň gaýygynyň yzyndan itekläp, ony Kiýlikäniň duran ýerine tarap gönükdirmäge synanyşdym, bu hereketimden soňra gaýyklaryň hersi bir tarapa gitdi, meniň bolsa bir aýagym öz gaýygymyň burnunda, beýleki aýagym bolsa Toppuň gaýygynyň yz tarapyndady, gaýyklar biri-birinden uzaga aýrylyşdylar, meniň aýaklarym bolsa olar ýaly derejede açylyp bilmedi, onsoň men gaýyklaryň arasynda suwa pagşyldap ýykyldym. Ol ýeriň çuňlugy döşüňe ýetýärdi, üstesine, suwam buz ýaly sowukdy.

«Gämi heläkçiliginden» soňra men haýdan-haý kenara çykdym, dessine hem balagymy, kürtekçämi we beýleki egin-eşiklerimi çykaryp sykmakçy boldum, ýöne Kiýlike:

— Ýok, ýok, ýok. Beýle etmek bolmaz, sen, Sihwka, öz saglygyň hakynda düýbünden alada etmeýärsiň, saglyk bolsa adamyň iň gymmatly baýlygydyr — diýdi. Onsoň ol maňa geýimlerimi mekdep ýyladyşhanasynda guratmagy maslahat berdi. Ol ýerde howa ýylyjak, üstesine, şemalam öwsenok, bu hem dümewlemezlik üçin gaty gowy.

Ýyladyşhananyň hemme turbalary gyzyp durdy, geýimleri guratmak üçin aňryýany bilen ýeterlikdi. Kiýlike öwünmäge başlady:

— Aýtdym ahyry! Edil bugly hammamdaky ýaly gyzgyn. Derrew öl geýimleriňi turbalaryň üstüne serişdir. Ýyladyşhana ýylylyk gönüden-göni mekdep bug gazanynyň ýerleşýän jaýyndan gelýär, şonuň üçin hem, häzir sapak wagty, bu ýere kimdir biriniň gelerinden howatyrlanyp oturmagyň geregi ýok.

Ýöne Kiýlike ýalňyşan ekeni. Geýimlerimi çykaran dessime, mekdebiň gapysy açylyp, ol ýerden körpeje okuwçylar ikibir-ikibir el tutuşyp çykdylar, olaryň yzyndan hem Mets mugallym çykyp, tutuş howla eşidiler ýaly, gaty ses bilen gygyrdy:

— Çagalar, çagalar! Maňa gulak asyň. Häzir biz tomus paslyna syýahat ederis.

Estoniýada aprel aýy, entek hakyky tomsa çenli gaty köp wagt bar, şonuň üçin hem mende olaryň tomus paslyny görmek üçin göni ýyladyşhana gaýtmaklarynyň ahmaldygy hakynda pikir döredi. Edil pikir edişim ýaly hem boldy.

Körpejeleriň öňdäkileri eýýäm ýyladyşhananyň agzyna gelipdiler. Olar mugallymlarynyň «Çagalar duruň! Men ilki bilen size tomusda ýetişýän hyýarlar hakynda, pomidorlar hakynda gürrüň bereýin!» diýip gygyrýan sesine gulagam asanokdylar.

Kiýlike, Topp, Kaur üçüsi geýimlidi, şonuň üçin hem olar öňüne bir bölek panar goýlan dörtburç ötükden gaçyp çykdylar. Men bolsa bu halda beýle edip biljek däldim. Şonda ikinji synp okuwçylaryny ir ýetişýän hyýary görkezmäge getirdiler ahbetin, olaryň hyýar ýaly sypyrylan altynjy synp okuwçysy Agu Sihwkany görmekleri bolsa hökman däl diýen pikir kelläme geldi.

Ekinleri suwarmak üçin goýlan suwly, ullakan çelek gapdalymda durdy, men hem onuň içine girip bukuldym. Kelläm görünmez ýaly, hyýar biýaralarynyň baldaklarynyň birnäçesini hem çelegiň üstüne egdim.

Ynha, men bolan wakany ýekänme-ýekän, dogruçyl gürrüň berdim, bu ýerde okuwdan gaçmak, okuw okamaga ýaltalyk düýbünden ýok. Muňa ilki bilen fizika sapagyna gyzyklanmamyz, soňundanam egin-eşigi guratmak zerurlygy sebäp boldy. Ir ýetişýän bakja önümleriniň ýekejesini hem ýolamok, diňe olaryň biýarasynyň baldaklaryny az-owlak egdim. Şonda hyýarlaryň birnäçesi ýolnan bolsa, bu olaryň öz baldaklaryna pugta ýapyşmandyklary sebäpli bolandyr.

Ine, men hemmesini bolşy ýaly aýtdym, sapakdan galmagymyzyň ýaltalyk ýa-da garagolluk sebäpli däldigini doly subut etdim. Tebigaty öwreniş dersinden sapak berýän mugallymymyz ýoldaş Pýukk bize: «Öz bilimleriňizi kämilleşdirmek üçin her minuty peýdalanyň» diýip öwredýär, bizem şonuň diýenini etdik. Mekdebimiziň müdiri hem: «Gaýtalamak bilimleriň enesidir» diýip aýdýar. Biz onuň aýdýanyndan ugur aldyk.

NÄME SEBÄPLI KIÇI SYNPDAKY
OKUWÇYLARYŇ ÝYGNAN METAL
BÖLEKLERINI ALANDYGYM HAKYNDA

(Agu Sihwkanyň synp ýolbaşçysyna
düşündiriş haty)

Hemme zady bolşy-bolşy ýaly gürrüň bermek üçin men soňky çärýegiň ilkinji günlerinden, has dogrusy, ýoldaş mekdep müdiriniň dabaraly ýygnanyşykda eden çykyşyndan başlamaly bolýaryn. Ol şonda şeýle diýipdi:

— Hemmäňiziň bilşiňiz ýaly, üçünji çärýekde biziň mekdebimiziň okuwçylarynyň sapaklaryna ýetişigi togsan alty ýarym göterime barabar bolupdy. Munuň özi etrabymyz boýunça iň ýokary görkeziji bolup, Garagalpagystan awtonom respublikasyndaky ýetişige deňdir. Ýöne bäşlikler we dörtlükler boýunça hasaplanymyzda, mekdebimiziň okuwçylarynyň ýetişigi bary-ýogy 34 göterime deň, bu bolsa Garagalpagystanyň görkezijileriniň golaýyna-da baranok. Şonuň üçin hem biz ahyrky, aýgytlaýjy çärýegi «Ähli üçlükleri dörtlüge düzederis» diýen şygar bilen başlamalydyrys!

Soňra mekdep müdiri bizi özümiziň ulanylman ýatan mümkinçiliklerimizi gözlemäge hem-de peýdalanmaga çagyrdy.

Synp otagymyza dolanyp gelen dessimize, topar geňeşiniň başlygy Silwi Kullerkupp bahalar ýazylan jedweli eline aldy hem-de biziň peýdalanylman ýatan mümkinçiliklerimizi gözlemäge başlady. Öňünden pikir edişimiz ýaly, ol tiz wagtdan meniň, Kiýlikäniň hem-de Toppuň surat, aýdym, matematika, şeýle hem rus we iňlis dilleri derslerinden üçlügimiziň, Toppuň bolsa beýleki ähli derslerdenem üçlüginiň bardygyny ýüze çykardy.

Taryh mugallymymyz, ýoldaş Pýukkuň aýdyşy ýaly, çykgynsyzlyga göz ýetiren halatyňda aň işlemäge başlaýar. Men entek çykgynsyz ýagdaýdadygymyzy duýamokdym, şonuň üçin hem Kullerkuppyň ýene-de biziň üstümizden düşmegi gaharymy getirdi.

Men oňa:

— Sen näme, bir zat boldugy, bize igäňi sürtüp başlaýaň! Biri bilini berk guşamaly bolsa, onda Obukakk guşamaly. Sen şonuň ýakasyndan tut! Onuň baha jedwelinde üç sany ikilik bar ahbetin!

Ýöne bu gezek Kullerkupp Obukakk hakynda aýdanymyzy diňlemegem islemedi. Ol:

− Obukakkyň ikilikleri bilen biziň işimiz ýok, häzir gürrüň üçlükleri düzetmek hakynda gidýär. Özüňiz eşitdiňiz ahyry, biziň mekdebimiz ýetişik boýunça etrapda birinji orunda, ýurt boýunça alnanda bolsa, Garagalpagystan bilen deň — diýdi.

Uzak wagt sünnälenilen iş ýerine düşýär, howul-hara edilen iş harsal bolýar. Zähmet okuwy sapagynda pol süpürgiçlerini saplanymyzda-da, biz muňa her sapar göz ýetirýäris, şonuň üçinem Silwi Kullerkuppyň gyssanyp, oda-köze düşüp barmasyny biz makullamadyk.

Men:

— Ol üçlükleri ur-tut düzedip bolýarmy näme? Mugallymlaryň hiç birisi, gowy jogap berlen mahaly pozup düzedäýer ýaly, üçlügi galam bilen goýanok — diýdim.

Kiýlike:

— Menem şony aýdýan-da, alyp düzedäýer ýaly zat ýok bu ýerde — diýdi.

Topp bolsa:

— Geljek hakynda hem pikir etmeli. Eger-de men häziriň özünde ähli üçlüklerimi dörtlüge düzetsem, indiki çärýekde hem ýene-de ýetişigi gowulandyrmak gerek bolsa, onda men näme işlärin?

Onsoň Topp bize kakasynyň işleýän oba hojalyk enjamlary zawodynda işleriň guralyşy hakynda gürrüň berdi: «Ol ýerde täze enjamyň nusgalygyny döredenlerinde, geljekde onuň agramyny ýeňilleşdirip boljagyny göz öňünde tutýarlar, enjamyň agramyny azaldanlaryndan soňam, çig maly tygşytlap, serişdeleri rejeli peýdalanandyklary üçin baýrak alýarlar» diýdi.

Toppuň bu aýdanlary Kullerkuppy oýlandyrdy.

— Hiç kim saňa hemme üçlükleriňi birbada düzet diýenok — diýip, ol birneme yza tesdi. — Gowusy, iň aňsadyndan başlalyň!

Onsoň ol Toppa, maňa hem-de Kiýlikä pioner tabşyrygyny berdi: biz, ilkinji nobatda, surat çekmek boýunça üçlüklerimizi düzetmäge girişmeli, Kaur bolsa bize kömek etmeli.

Okuwdan soňra, mekdebiň umumy ýaşaýyş jaýyna gidip barýarkak, Kaura şeýle diýdim:

— Gynanjymy kabul et! Kullerkupp dersleri saýlap alanda, gaty ýalňyşdy. Ynha, meni alyp görsek, meniň üçin iň kyny hut surat çekmekden bahamy düzetmek

Topp bolsa:

— Men hem özümden öňki aýdylan pikire goşulýan. Näçe gezek pişigiň suratyny çekdim, ýöne hemme kişi ony düýedir öýdýär.

Kiýlike hem biziň aýdanymyzy alyp göterdi:

— Menem şony aýdýan-da. Surat çekmek maňa düýbünden berilmändir, şonuň üçin hem meni bu dersden asla boşatmak gerek.

Onsoň ol özüniň kiçijik çaga döwründe eliniň üstüne ýatyp, onuň surat çekmek ukybyny ýok eden bolmagynyň ahmaldygy hakynda pikirini aýtdy.

Biziň bu ugurdan kütekligimizi boýun almagymyz Kaury ruhdan düşürmedi. Ol:

— Men öň bir ýerden okadym, tebigy zehin beýle bir wajyp hem däl, ol bir göterim bolsa ýeterlik, galanyny yhlas edip, zähmet çekip gazanyp bolýar. Üçiňiziň tebigy zehiniňizi goşsak, bolmanda bir göterime ýetermikä diýýän. Zähmet çekmäge bolsa size özüm kömek ederin — diýdi.

Onuň bu sözlerinden soňra biziň keýpimiz göterildi, çünki indi tebigy zehin hakynda alada edip oturmagyň geregi ýokdy, zähmet çekmek babatynda bolsa, ýaňky aýdyşym ýaly, Kauryň özi bize kömek etmegi söz beripdi.

Men:

— Gujur-gaýratyňy gaýgyrmasaň, alynmajak gala ýokdur. Eger Kaur maňa kömegini gaýgyrman, dost goluny uzatsa, meniň üçlügim, hakykatdanam, dörtlüge öwrüler — diýdim.

Topp hem:

— Kaur maňa dost goluny uzatsa, men hem üçlügimi dörtlüge öwürmäge söz berýärin — diýdi.

Ýöne Kiýlike henizem ikirjiňlenýärdi:

— Ol nädip sapak wagty bize dost goluny ýetirip biler? Topp iň soňky partada oturýar, Sihwka ikimiz ortaky partada, Kaur bolsa göni mugallymyň öňünde oturýar ahyry.

Indi bizem sapak mahaly özümize el kömeginiň berilmeginiň kynçylykly boljagyna düşündik hem-de näme etmelidigi hakynda kelle döwmäge başladyk.

Men:

— Umuman, biz üçünji synpdan bäri ýoldaş Pihlakyň synpa suratyny çekdirmek üçin şugundyr, şalgam ýa-da semawardyr çäýnek, ýa bolmasa misden edilen gadymy kofedany alyp gelýändigini bilýäris. Eger-de Kaur olaryň suratyny öňünden çekse, bizem sapak mahaly ony göçürip depderimize geçirsek, dörtlük almaga uly kömek bolar — diýdim.

Topp meniň bu aýdanlarym bilen ylalaşdy, diňe kiçijik düzediş girizdi:

− Indi şalgam bilen şugundyryň suratyny çekmegiň geregi ýok, mekdep ekininde olaryň iň soňky hasyllary ýygnaldy. Internatda iki hepde bäri gulýaşyň ýa-da kotletiň ýany bilen makaron berilmegi hem olaryň gutarandygyny görkezýär.

Ynha, indi men bolan wakalary bolşy-bolşy ýaly gürrüň berdim. Ýoldaş müdiriň: «Ulanylman ýatan mümkinçilikleri gözläň!» diýip tabşyranynam, topar geňeşimiziň ýolbaşçysy Kullerkuppyň: «Garagalpagystanyň yzyndan ýeteris!» diýeninem aýtdym.

Eger-de saňa kömek etmäge adam berilýän bolsa, onda oňa bil baglamak gerek, biz şeýle hem etdik. Kaur bize howandarlyk kömegi hökmünde semawardyr gap-çanaklaryň suratyny çekmäge başlanda, Timohwkin gelip ara goşuldy. Ol çekilýän suratlara seredip:

— Ýok, ýok, ýok. Munyňyz bolmaz — diýdi.

— Siziň çeken suratlaryňyz towuk ketekdäki ýumurtgalar ýaly birmeňzeş bolar. Ýigrimi ädim daşdan seretseňem, bu suratlaryň Kauryň edähedi bilen çekilendigi bildirer durar. Eger-de siz surat çekmek boýunça gowy baha aljak bolsaňyz, onda siziň heriňiziň öz edähediňiz, ýagny özbaşdak iş usulyňyz bolmaly, işiňizde ýüzüňiz görünmeli.

Timohwkiniň bu pikiri bizi oýlandyrdy. Onsoň biz Kauryň surat çekiş edähedinden tapawutlanmagymyz üçin, özümiziň nähili iş usulymyzyň bolmalydygy, işimizden nädip ýüzümiziň görünmelidigi hakynda, bize juda uly kömek berlendigi barada, surat mugallymymyz ýoldaş Pihlak asla gümana gitmez ýaly näme etmelidigi hakynda kelle döwmäge başladyk.

Kiýlike:

— Men häsiýetim boýunça şadyýan oglan bolanym üçin karikatura usulyny özüme saýlajak — diýdi.

Topp:

— Men täze nysak usulyny saýlap alsam, onda meniň näme çekendigime başgalaryň düşünmeginiň geregi hem ýok — diýdi.

Kaur bolsa olaryň ikisine hem hoşallyk bildirdi, arassa kagyzy aldy-da, özüniň howandarlyk işinde olaryň pikirlerini hasaba aljakdygyny aýtdy.

Ýoldaşlarymyň diňe öz aladalaryny etmekleri gaty gaharymy getirdi, şonuň üçin hem nägileligimi duýdurdym:

− Boljak-da onda. Biri ony saýlaýar, beýlekisi muny saýlaýar, hamala özlerinden başga adam ýok ýaly. Belkem-de, men Topp täze nysak usulyny saýlamazdan has ozal şol hakynda oýlanyp ýörendirin, belkem-de, men karikatura usulyna has ukyplydyryn. Ynha, seret, indi maňa asla usulam galmady.

Ýöne Timohwkin meni köşeşdirdi:

− Täze nysak usuly hemme kişä hem ýeter.

Onsoň ol biziň döwrümizde, hatda, haşal otlaryň tohumlaryndan, balyklaryň teňňelerinden, bede sypallaryndan, otlaryň baldajyklaryndan hem her hili şekilleriň döredilýändigini aýtdy, bu hakynda okamadyňmy diýip sorady.

Timohwkiniň bu sözlerine men haýran galdym. Şeýle-de bolsa, syr bermän gürledim:

− Özüňden başgalary gömükdir öýdýärmiň? Elbetde, gazetde okadym, haýsydyr bir çeh ýa-da slowak ösümlik baldajyklaryny ýelimläp, tokaý gözelligini suratlandyrypdyr, balyk teňňelerinden bolsa derýadyr kölleriň tebigatynyň suratyny çekipdir. Ýöne biz kofedanyň suratyny çekmeli, munuň bu ýerde näme dahyly bar?

— Senem şol usuly ulanyp bilýäň, ana onuň bu işe dahylly ýeri. Sen teňňedir baldajyklaryň ýerine kofe dänejiklerini peýdalanýarsyň, bolany şol — diýip, Timohwkin düşündirdi.

Men:

— Bu teklibiň makul. Timohwkin, baý-baý, sende kelle bar-how — diýdim. — Mugallymymyz Pihlakyň aýdyşy ýaly, gowy suratyň esasy alamaty onuň täsirliliginde bolmaly. Bu babatda meniň kofedanymyň kemi bolmaz, onuň üstesine hem ondan kofeniň ysy geler durar.

— Diňe ýokary hilli çig mal ulansaň, has takygy, «Arabika» kofesini peýdalansaň ysy geler. Braziliýadan getirilýän beýleki kofeler uzak ýolda ysyny ýitirýär, meniň ejem-ä olardan kofeniň ysynyň gelşi dub gozasynyň ysyndan gowy däl diýýär.

Indi men bu ýerde internatymyzyň aşpezinden soraşman, kofe dänelerini alandygymy aýdyp oturmaýyn, sebäbi aşpez daýza aşhanada ýok ekeni.

Abat kofe dänelerini gaty kagyza ýelmemek aňsat düşmedi, olar zol-zol gapdala gyşarýardy. Okuwçy kynçylykdan gorkmaly däl, menem kynçylykdan gorkamok. Ol däneleri ýeke-ýekeden ikä böldüm. Ertesi gün kofedanly surat taýýar diýen ýaly boldy, ony tutuş synpymyz tassyklap biler, çünki olaryň hemmesi meniň suratymy ysgamaga geldiler. Ýöne surat sapagynyň başlamaly wagty gelende, menden beýleki okuwçylar surat depderlerini we galamlaryny, men bolsa ýelimimi çykaryp, sapaga taýyn bolanymyzda, mugallymymyz Pihlakyň syrkawlandygy mälim boldy. Onuň ýerine rus dili mugallymymyz, ýoldaş Smorodina synp otagyna girdi, ol bolsa, elbetde, kofedanyň şekiliniň gözellik duýgusyny nähili ösdürýändiginden bihabardy, şonuň üçin hem ol:

— Wagty netijeli peýdalanmak üçin häzir «hüžžük» sözüni düşümlerde, «hüžžermek» işligini bolsa öten, häzirki we geljek zamanlarda üýtgederis. Şeýtmek bilen, biz bir okda iki towşan urarys, çünki eston elipbiýinde «ž» harpy ýok. Surat çekmek sapagynyň düýbünden ýitip gitmezligi hem-de bahaňyzyň peselmezligi üçin, öýüňizde erkin temadan surat çekäýiň — diýdi.

Onsoň ol bize erkin temadan ýazky ekiş işlerini şekillendirmegi ýa-da ýaş traktorçynyň suratyny çekmegi tabşyrdy.

Ynha, indi men, hakykatdanam, şu düşündirişimi ýazyp başlamaly ýerime ýetdim. Internatymyzyň okuw otagynda, tagtanyň üstünde «Şu günki işiňi ertä goýma!» diýlip, ullakan harplar bilen ýazylgy dur, şonuň üçin hem sapaklar gutaran dessine, Kiýlike bilen Topp ýaş traktorçynyň suratyny çekmäge başladylar.

Kiýlike:

— Kaur! Sen maňa kömek edeniňde, meniň karikatura usulynda surat çekýänim üçin, traktorçynyň gulaklaryny, iň gowusy, burnuny ullakan edip çekginiň — diýdi.

Topp bolsa:

— Maňa bu işde asla kömek gerek däl. Täze nysak usulynda adama gulakdyr burun çekmäniňde hem bolýar — diýdi.

Onsoň olaryň ikisi hem hezil edip gülüşdiler, olaryň gülküsinden meniň onsuzam bozuk keýpim hasam bozuldy hem-de men öz gaýgy-aladalarymy ýalňyzlykda çekmek üçin çola ýer gözläp ugradym.

Gaýga batyp, internatymyzyň howlusyndaky odun üýşürilip goýlan ýerde otyrkam, birden köne mekdep ulagjaýa gözüm düşdi. Onuň birinji bassyrmasyna birinji synp okuwçylary her dürli demir böleklerini getiripdirler, ikinji bassyrmada ikinji synp okuwçylarynyň ýygnan köne-sana demirleri üýşüp ýatyrdy, üçünji bassyrmada bolsa beýleki ähli synplaryň ýygnan köne demirleri depe bolup durdy. Şol ýerde hem meniň kelläme duýdansyz pikir geldi, eger-de kofedany şekillendireniňde, onuň täsirliligini artdyrmak üçin kofe dänelerini ulanmak gerek bolsa, onda traktorçyny şekillendireniňde, bu maksat üçin nurbatlary, sokma çüýleri, hyrly myhlary, zülpli kiltleri, epenekleri, tegekleri ulanmaly.

Maşynlaryň beýleki şaýlary hem bu işe ýarajak. Ýöne surata düşek üçin nähilidir bir giň tagta ýa-da gapy tapmaly bolar, çünki demir böleklerini kagyzyň ýüzüne berkidip bolmaýar.

Ynha, men kiçi synpda okaýan okuwçylaryň ýygnan demir böleklerinden näme üçin «Willis» tirkeg zynjyryny, porşeniň dört sany şatunyny , maşynyň benzin sorujysynyň gapagyny hem-de herekete getiriji diş-diş çarhlary, nurbatlary, hyrly myhlary, epenekleri alandygymy ak ýürekden, bolşy-bolşy ýaly aýtdym. «Ýaş traktorçynyň suratyny çekiň» diýip, mugallymymyz, ýoldaş Smorodina tabşyryk berdi, menem onuň tabşyrygyny ýerine ýetirdim, «Suratlar täsirli bolmaly!» diýip surat çekmek boýunça sapaklarymyzda häli-şindi aýdylýar, menem tirkeg zynjyryndan traktorçynyň kellesini çekenimde, şony göz öňünde tutdum. Myhlar bilen onuň saçlaryny, nurbatdyr epenekler bilen gözlerini, diş-diş çarh bilen agzyny, şatunlar bilen bolsa el-aýaklaryny şekillendirdim.

Üç günden iş taýýar bolandan soňra, Kiýlike ikimiz suraty araba ýükläp, mekdebe alyp barýarkak, ýolda bize birinji synp okuwçylarynyň mugallymy, ýoldaş Hendrikus gabat geldi. Ol sungatyň täsirli bolmalydygy hakynda aýdanlarymyza gulak asmagam islemedi, gaýtam bizi kiçi synp okuwçylarynyň azap edip ýygnan demir böleklerini ogurlandygymyz üçin günäkärledi, dessine yzymyza öwrülip, meniň azap edip çeken traktorçymy birinji bassyrmanyň aşagyna eltmegimizi talap etdi.

Ynha, indi men bolan işleriň hemmesini ak ýürekden, bolşy-bolşy ýaly aýtdym hem-de özümiziň hiç hili ýaramaz niýetimiziň bolmandygyny, ogurlyk etmändigimizi doly düşündirdim. Topar geňeşimiziň ýolbaşçysy Kullerkupp: «Surat çekmek boýunça üçlügi düzetmäge çalyşmaly» diýdi, menem şoňa çalyşdym.

Mekdep müdirimiz: «Garagalpagystanyň yzyndan ýeteliň» diýip, hemmelere ýüzlendi, menem mümkin bolan ähli serişdeleri ulanyp, traktorçynyň şekiliniň täsirliligini ýokarlandyrmak bilen, Garagalpagystanyň yzyndan ýetmäge öz goşandymy goşmakçy boldum. Birinji synp okuwçylarynyň ýygnan demir böleklerinden käbir zatlary aldym, sebäbi beýleki synplaryň üýşmeklerinde turba bölekleri, ýyladyjylaryň gapyrgalary bolaýmasa, ulanar ýaly derekli zat ýok ekeni.

Synpdaşymyz Aleksandr Kalkunyň özünden uly doganyna meniň işim juda ýarady. Ol ekskawatorçy bolup işleýär, şonuň üçin hem onuň bu zatlardan oňat başy çykýar. Ulag jaýyň agzynda ullakan gulp asylgy bolansoň oňa diwardaky yşdan öz traktorçymy görkezenimde, ol:

— Munuň ýaly suraty islendik ussahanada goýanyňda hem ýüzüň utanmaz — diýdi. — Onsoňam, munuň ýene bir amatly tarapy bar, ussahanaňda şeýle surat bolsa, işde hem myhly çüý ýa-da on ýedinji belgili nurbat gerek bolsa, ony gözläp, gapyrjaklary dörüp oturmaly däl, göni suratdan goparyp alaýmaly — diýibem sözüniň üstüni ýetirdi.

SPORT WE AGZYBIRLIK

(Barlagçy tarapyndan berlen tema
boýunça Agu Sihwkanyň ýazan düzmesi)

Düzmäniň meýilnamasy:

1. Giriş.

2. Agzybirlik ýokary sport netijelerini gazanmaga ýardam berýär.

3. Kapaska başlangyç mekdebinde bolan waka.

4. Sportuň mekdebimiziň okuwçylaryna edýän täsiri.

5. Netije.

Adamlar örän gadym zamanlarda hem sport bilen meşgullanmagyň agzybirligi ösdürýändigini bilipdirler. Bu uzak geçmişde bolup geçen Olimpiýa oýunlarynyň mysalynda hem aýdyň görünýär, onda hiç kimiň gylyjyny ýalaňaçlamaga hukugy bolmandyr, diňe agzybirlik bilen dost-dogan bolup ýaryşmak ýola goýlupdyr. Aýallar ol ýaryşlara asla goýberilmändir, munuň ýaryşlarda agzybirligi saklamak üçin örän wajypdygy, elbetde, hemmelere düşnüklidir.

Biziň bedenterbiýe mugallymymyz, ýoldaş Pauksaar: «Agzybirlik ýokary sport netijelerini gazanmaga ýardam edýär» diýip aýdýar. Onuň bu aýdýanlary hakykatyňam hakykaty. Biz, ýagny men, Kiýlike, Kaur we Kalkun dagymyz başlangyç synpda okaýarkak (biz Kapaska başlangyç mekdebinde okapdyk), synpymyzda Mýart Laks we Peeter Laks diýen bir almany ikä bölen ýaly meňzeş ekizler bardy. Bir gezek mekdebimizde seýilgähiň daşyndan aýlanyp, 500 metr aralyga ylgamak boýunça ýaryş geçirildi. Şonda Mýart Laks arça agajynyň aşagynda bukulyp oturdy, Peeter Laks bolsa pellehanadan ýaryşa goşuldy. Ol badalga alanda, şeýle bir uly tizlik bilen ýüwürmäge başlady welin, ýoldaş Harkýalg mugallym:

— Bu gidişine ol aralygyň ýarysyny geçmänkä dilini sallar — diýdi.

Onuň aýdyşy ýaly hem boldy. Ýöne, munuň ullakan gorkusy ýokdy, çünki Peeter Laks bat alanda juda gaty ylgap, beýlekilerden ep-esli ara açypdy, şonuň üçin hem onuň arçanyň aşagyna sümlüp bukulanyny, Mýart Laksyň bolsa ol ýerden çykyp, onuň ýerine ylgawy dowam edendigini hiç kim bilmedi.

Indi Kapaska başlangyç mekdebinde bäş ýüz metre ylgaw boýunça goýlan rekord netije ähli orta mekdepleriňkiden ýokary. Bu üstünligi, elbetde, agzybir bolmanyňda gazanyp bolmazdy.

Sportuň güýji çäksiz uly, ol güýç bolsa synp ýolbaşçynyň nesihatlarynyň netije bermeýän ýagdaýlarynda hem işleýär. Geçen güýzde-de biziň synpymyzda edil şeýle ýagdaý boldy. Şonda synplaryň arasynda ylgaw boýunça ýaryş geçirmek yglan edilipdi, biziň synpymyzda bolsa gyzlar oglanlar bilen tersleşipdi, asla gyzlar bilen gürleşmeýärdik. Şonda Kiýlike:

— Sportuň hatyrasyna, ýeňiş gazanmagyň hatyrasyna ýaraşyk baglaşalyň. Häzir bize 6-njy «A» synpdan ozmak üçin diňe agzybirlik kömek eder — diýdi.

Onsoň hemmämiz bir adam ýaly agzybirleşdik. Uly arakesmede öz mürepbelerimizi «A» synpyň okuwçylarynyň öňünde goýduk hem-de olar gerk-gäbe doýup, ylgamaga ýaramaz ýaly hezzetledik.

Kiýlikäniň garry mamasy: «Hasap edeniň bolmaz, nesip edeni bolar» diýýär. Dogry, biz onuň ýaly yrymlara kän bir ynanybam duramzok.

Eger-de bedenterbiýe mugallymy, ozaldan meýilleşdirilişi ýaly, ylgawy uly arakesme tamamlanan badyna geçiren bolsady, onda biz öz agzybirligimiziň netijesinde 6-njy «A-lardan» ozardyk, ýöne nätjek, ýaryşy yza süýşürdiler.

Men sportuň agzybirligi terbiýelemekde beýik mugallymdygy hakynda ýazdym. Sportuň haýsy görnüşiniň agzybirligi has güýçli terbiýeleýändigini bolsa aýtmak kyn. Meniň özüm-ä lyžada ylgamakmyka diýýärin, sebäbi lyžaly ylgaw ýaryşlarynda, esasanam, toparlaýyn ýaryşlarda, köplenç halatda, güýçlüler ejiz lyžaçylary yzlaryna tirkäp, pellehana getirýärler, mysal üçin, uzak aralyga geçirilen Keýlas ýaryşynda hem şeýle boldy. Ýöne Kiýlike: «Agzybirligi terbiýelemek babatynda gyşda suwda ýüzmeklik has gowy netije berýär, çünki onda gyşda suwda ýüzýän «moržlar» ilki buz oýugyna bilelikde girýärler, soňra hem hassahana bilelikde düşýärler» diýip aýdýar.

Arakesme üçin jaň bolandygy sebäpli, men netijäni ýazmaga ýetişmedim.

GIJE HOWSALA DÖREDIŞIMIZ HAKYNDA

(Agu Sihwkanyň mekdep müdirine
düşündiriş haty)

Hemme zady bolşy-bolşy ýaly beýan etmek üçin, bize myhmançylyga gelen ýazyjy bilen alawyň daşyna egrilişip oturan agşamymyzdan başlamaly bolýaryn. Şonda ol bizden:

— Okuwçynyň durmuşynyň has gyzykly bolmagy üçin näme etmeli? — diýip sorady.

Öz sowalyna özi hem jogap berdi:

— Her bir okuwçy tukatlygyň garşysyna göreşmeli.

Ertesi gün Kiýlike ikimizi düşelge boýunça nobatçy bellediler. Onsoň Kiýlike hem ýazyjynyň aýdan sözlerini ýatlady.

Hemmeler süýji uka batanlaryndan soňra, ol:

— Tukatlyk gysyp-gowrup barýar. Tukatlyk bilen göreşe girmek — biziň jana-jan borjumyz — diýdi.

Onsoň ol tukatlygy ýeňip geçmek üçin, topar geňeşiniň başlygy Silwi Kullerkuppyň ýatan çadyryna gurbaga oklamagy teklip etdi.

Mälim bolşy ýaly düşelgäniň eýeleýän meýdanynda tertip-düzgüne gözegçilik etmek gijeki nobatçylaryň borçlaryna girýär. Şonuň üçin hem men bu meýilnama bilen ylalaşmadym. Onuň üstesine hem, gijäniň içinde gurbagany nireden tapjak.

Muňa Kiýlike şeýle diýdi:

— Onda başga bir zat oýlap tapaly.

Onsoň ol düşelgede kiçeňräk howsala döredilmegine meniň nähili garajakdygymy sorady. Mälim bolşy ýaly, ýetginjekler guramalarynyň düşelgeleriniň her birinde ýörite okuw-türgenleşik howsalasyny geçirýärler. Şonda ýarygije tutuş düşelge aýaga galdyrylýar hem-de çadyrlaryň ýanynda «içalylyk edýän» nätanyş, şübheli adamlar hakynda okuwçylara duýdurylýar. Soňra bolsa «içalylary» tutmak barada tabşyryk berilýär. «Içalylar» tutulandan soňra, olaryň ornunda topar ýolbaşçylarynyň haýsydyr biriniň oýnandygy mälim bolýar.

Biziň düşelgämizde entek şeýle howsala geçirilmändi, şonuň üçin hem men bu babatda öz pikirimi aýan etdim:

— Bu barada oýlanyşmak gerek. Okuwçy durmuşy gyzykly bolmaly. Iň esasy zat hem, biz howsala döretmek bilen, uly topar ýolbaşçymyza hem-de terbiýeçilerimize kömek ederis, olary bir aladadan dyndararys. Ýöne «içalyny» nireden tapjak?

Meniň bu aýdanlaryma Kiýlike şeýle jogap berdi:

— «Içalynyň» geregi ýok. Başga bir alajyny taparys.

Ol dessine başga bir alaç tapdy. Onuň täze düzen meýilnamasy bedenterbiýe mugallymy Pauksaaryň ýaryş welosipediniň ogurlanmagyndan ybaratdy.

Soňra biz mugallymlaryň çadyrynyň ýanyna bardyk hem-de ol ýerden welosipedi alyp gaýtdyk. Ol on iki sany tizlik çalşyjysy bolan hakyky ýaryş welosipedidi, rulunda suwly çüýşejikler üçin ýörite gysgyçlary bardy.

Biz welosipedi tokaýda, takmynan, adam boýy beýiklige galdyryp, agaja daňyp goýduk. Munuň üçin birneme derlemeli bolduk. Welosiped oňat gizlenildi. Onsoň men:

— Bu ýerde ony albasdynyň hut özi gözlese-de tapyp bilmez — diýdim.

Ýöne Kiýlike başyny ýaýkap:

— Ana, şol hem bolanok-da — diýdi.

Ol mugallymlaryň çadyrynyň aňyrsyndan çeňňek alyp geldi hem-de onuň ýüplüginiň ujuny welosipediň jaňyna daňmak kararyna geldi. Şeýle etsek, biz, gözlegçiler welosipedi tapyp bilmän, halys ruhdan düşen halatlarynda, jaňjagazy jyňňyrdadyp, olara kömek edip biljekdik.

Soňra biz nädip howsala turuzmalydygy barada maslahatlaşmaga başladyk.

— Surnaýçy Ýuku üçünji çadyrda ýatýar — diýip, Kiýlike çadyrlara tarap gözüni aýlady. — Goý, turup tüýdügini zoguldatsyn.

— Ýuku surnaýynyň müşdügini ýitirdi— diýip, men oňa ýatlatdym.

— Onda özümiz jürlewügimizi çalaly — diýip, Kiýlike teklip etdi. — Biziň jürlewügimiz bar ahyry.

Ýöne biz muny hem etmedik, sebäbi topara howsala yglan edilende, jürlewügi nähili jürletmelidigini bilmeýärdik. Başga pikirimiz bolmansoň, Kiýlike şeýle diýdi:

— Nädip howsala turuzmalydygy hakynda, goý, mugallymlaryň özleri alada etsin. Biz galan zatlary taýýarladyk, şunuň özi ýeterlik.

Onsoň biz mugallymlaryň çadyryna bardyk-da, bedenterbiýe mugallymy Pauksaary yralap oýarmaga durduk. Ol gözüni açandan, Kiýlike oňa:

— Ol ýerde şübheli, nätanyş adamlar aýlanyşyp ýör — diýdi.

—Aýlansalar aýlanybersinler — diýdi-de, Pauksaar mugallym beýleki tarapyna agdaryldy.

— Olaryň «içaly» bolmagy hem ahmal — diýip, Kiýlike howsalaly pyşyrdady.

— Bolup biler — diýip, bedenterbiýe mugallymy samyrdady-da, hor çekmäge başlady.

«Içalyly» gürrüňiň oňa hiç hili täsir etmejekdigine Kiýlike düşündi. Onsoň Kiýlike bu şübheli adamlaryň nämedir bir zat ogurlamaklaryndan heder edýändigini aýtdy. Menem: «Ýaňy welosiped jaňyny eşiden ýaly boldum» diýip, onuň sözleriniň üstüne sugşurdym.

Şeýle diýdim welin, Pauksaar atylyp turdy hem-de welosipediniň ýerinde durandygyny barlamak üçin çadyrdan okdurylyp çykdy. Ýöne ol topar üçin umumy howsala yglan etmekden saklandy, diňe mekdep aşpezini, topar ýolbaşçysy Pauly, uly topar ýolbaşçysyny hem-de Lepik mugallymy oýardy. Olaryň hemmesiniň gözi ukudady, yzlaryna-düşeklerine geçip ýatmak isleýärdiler. Şonuň üçin hem bedenterbiýe mugallymy olara welosiped ogrularyny tutmalydygyny düşündirýänçä hem, esli wagt geçdi.

Biz bolsa oňa çenli oduň başyna dolanyp geldik. Kiýlike başyny ýaýkap, şeýle diýdi:

— Negözel meýilnamamyz puja çykdy. Olaryň özleriniň gözlejekdikleri kimiň kellesine geljek. Her niçigem bolsa, jaňjagazy jyňňyrdatmaly bolar, ýogsa olar ümdüzine tutduryp, allowarradan çykarlar.

Biz iki gezek çeňňegiň ýüplüjegini çekip goýberdik, «jyňňyr-jyňňyr» edip ses eşidildi.

Pauksaar mugallym öz welosipediniň jaň sesini tanady, onuň bada-bat keýpi göterildi.

— Eşidýäňizmi, entek daşa gitmändirler. Gözedürtme garaňkyda welosiped olara diňe aýakbagy bolar.

Onsoň olar tokaýy barlap çykmak üçin ylgadylar, diňe uly topar ýolbaşçysy ylgamady, ol garaňkynyň içinde köwşüni tapyp bilmeýärdi.

Kiýlike ikimiz bolsa oduň başynda oturan ýerimizden olaryň sesleriniň nirelerden gelýändigine gulak salýardyk, gerek bolsa, ýüplüjegi çekip, jaňy jyňňyrdadýardyk.

Ynha men bolan zatlary bolşy-bolşy ýaly gürrüň berdim. Biz hiç hili erbetlik etmekçi däldik, gaýtam ulularyň işini ýeňletmekçi bolduk.

«Gijeki howsala ýetginjekler guramasynyň düşleginde iň ýatda galyjy waka bolýar» diýip, «Sýade» atly eston gazeti ýazýar. Biz hem ýatda galyjy wakany döretmekçi bolduk.

Okuwçy elmydama, hemme ýerde hakykaty aýtmaly, şonuň üçin hem men Kiýlikäniň ýüplüjegi has gaty çekenligi üçin, welosipediň agaçdan aşak gaçyp, döwlendigini hem aýtmalydyryn.

Rusçadan terjime eden Gurbangeldi MÄMMETSÄHEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle