Agtyk (hekaýa)

Agtyk (hekaýa)

Suraty çeken: Hojamuhammet GULOW

Zybatäç ejäniň ogluny öýerip, dünýäsi giňedi. Ähli öý işini gelni elinden aldy oturyberdi. Indi ol öz deň-duş joralarynyňka günuzyn görme-görşe gidip, suwdan seleň öýüne dolanyp gelýär. Içeriniň aladasyndan arkaýyn bolan ene bu meselede hiç bir zada goşulanok. «Ýaşlaryň özi bilýändir, men olara artyk sapak berip, ýük bolmaýyn» diýerdi. Geň zat, her gezek bir näbelli ses gulagyna eşidilip, onuň içki pikirlerini goldardy: «Dogry pikir edýäň, ýaşlaryň ýüregine düşme. Goý, olar öz ýüregindäki ýagşy niýetini amal etsinler. Görýäň-ä, olaryň owadan ýüregi bar. Birinde mert, birinde-de näzik ýürek bar. Heý-de olary ynjydyp bolarmy?! Gowy döwre ulaşan ömri bar olaryň. Olar diňe Hakyň halan işi bilen meşgullanýarlar. Adyllyk, halallyk olaryň ömür manysy, ýaşaýşynyň çyragy. Onsoň olaryň ähli eden işi ugruna. Sebäbi jemgyýet adyllygyň, halallygyň mähri bilen gurşalan. Şeýle bolanda ömrüň çüwmesi bagt bilen» diýip, Zybatäç ejäniň gowy niýetine köp ýagşy, many-maňyzly sözleri aýdýar.

Zybatäç eje ilki-ilkiler oňa adamyň böwrüne diň salmagy bilen bolýan diňşirgenme diýip düşündi. Ýöne oguldyr gelni, maşgalasy hakda içini gepletdigi bes, ol ses mese-mälim gulagyna eşidilip duransoň, onuň kimiň sesi bolup biljekdigi hakyndaky oýlara berlerdi. Emma bu näbelli ses hakda hiç kimiň ýanynda dil ýarmady. Sebäbi bu näbelli ahwal Zybatäç ejäni il içinde her hili ruhy halatly gürrüňe goýmagy ahmal. Şonuň üçin, ýaşy alty onlukdan agan ene bu syry özünde saklap, ony hut özi hem açmagyň ugruna çykdy.

Zybatäç ejä ahyrynda bu syry açmak başartdy. Ony hut onuň özi öz düşünjesinde açaýdy. Ol halkyň gadymy yrymyna yryldy, oňa durky bilen ynandy. Yryma görä, her kimiň her egninde bir perişde oturyp, onuň sogaply haýyr işlerini hem-de günä-ýazyklaryny, hatalaryny ýörite depdere ýazýarmyş. Eger-de şeýle bolsa, onda Zybatäç ejä egninden gelýän ses şol perişdeleriň biriniň sesi bolmaly. Onda-da ol ses Zybatäç ejäniň haýyr-sogap işlerini, ýagşy niýetlerini ýazýan perişdäniň sesi bolmaly. Sebäbi Zybatäç eje ömrüne goňşy-golamlaryna, ilen-çalanlaryna, tanşu-nätanyşlara diňe ýagşylyk edip ýaşady. Onsoň Zybatäç ejäniň ilhalar hereketleri sogap-haýry ýazýan perişdäniň hoşuna gelip, öz garaýşyny aýdýan bolmaly. Her näme-de bolsa, Zybatäç eje bu haýyr-sogap ýazýan perişdä söz gatmagy uslyp görmedi. Sebäbi zenan edebi, çekinjeňligi ony saklady. Ol öz ýanyndan şert etdi: «Diňe diňlemeli, Allanyň wekiliniň sözüniň üstüni ýetirjek bolmaly däl. Sebäbi ol Hakyň buýrugynda hereket edýär, söz sözleýär, düşündirýär, ýol görkezýär».

Zybatäç eje öz garaýşyna berlip ýatyşyna, gije ýarymdan aganda ogly Muhat bilen ikigat gelniniň assa ýöräp ikinji gatdan aşak düşüp baryşlaryny aňşyrdy. Daşky gapynyň ýuwaşja şyrkyldap ýapylanyny eşiden ene üçin öýüň içi boşap galana döndi. «Gijäniň bu mahaly olar näme üçin daş çykdylarka? Gelniň arassa howadan dem alasy geläýdimikä? Ýa-da…». Dürli pikirlere berlip ýatan enäniň ýüzi otagyň garaňkylygyny ýagtyldan ýaly nurlanyp gitdi: «Ýa-da, meni ukudan oýarmaga dözmän, özleri bäbekhana gidiberdilermikä?».

Ep-esli mahal şeýle oýlara berlip, eýlesine-beýlesine agdarylyp ýatyşyna, ahyry ynjalmadyk ene ýerinden galdy. Ýuwaşlyk bilen dalana çykyp, daş-töwerege äňetdi. Çyranyň ýagtysyna hiç kime gözi düşmänsoň, gelniniň otagynyň gapysyna bardy. Biraz salym diňşirgenip durdy-da, ýuwaşlyk bilen gapyny açdy. Içeriniň boşdugyny görende bolsa, bir zatlar syzan ýaly, ýüregi gürsüldäp urmaga başlady. «Megerem, bäbekhana gidendirler, bolmasa bir ýerde bolardylar ahyryn. Allajan, agtygymyzy sag-aman elimize bereweri!».

Şeýle oý-pikirler bilen öz otagyna dolanan Zybatäç ejäniň hyýalyny gelni baradaky süýji ýatlamalar gurşap aldy. Öýe täze gelin gelensoň, Zybatäç eje biş-düşüň golaýyna barmady. Aşhanany gelni Mahmal eýeläpdi. Dürli-dümen tagamlar, süýji-kökeler saçakda peýda bolup başlady. Özem olaryň hersiniň öz täsin ýakymy bardy. Zybatäç eje gelniniň şeýle ussatlygyny ogly Muhada aýdanda, ol şadyýan ýylgyrdy-da:

— Eje jan, Mahmalyň diplomy şol ugurdan ahyryn — diýdi.

— Tagam taýýarlamakdanmy?

— Dagy näme, daşary ýurtda her ýurduň tagamlarynyň taýýarlanylyşy, onuň ylmy-tehnologiýasy boýunça okap, ýörite hünärmen bolup geldi. Daşary ýurtlarda öndürilýän, ähli ýerde islegli süýji-kökeleri ýurdumyzda öndürip, halkymyza ýetirmek üçin, elbetde, degişli hünärmen gerek. Şol hünärmenleriň biri-de gelniň Mahmal-da.

Oglunyň bu sözlerini eşiden Zybatäç eje:

— Be-e, oglum, bizem-ä ömrümizi «Süýji tagam bişirýäs» diýip aşhanada geçirdik welin, beýle lezzetli tagamlary dadyp, özümden göwnüm geçiberýär — diýdi.

Zybatäç ejäniň durmuşynda ýakymly üýtgeşiklikler köpelip başlady. Ozallar işe gidende, günortan iýjek naharyny gije taýýarlaýan ene bu hysyrdysyndanam dyndy. Indi ony Mahmal taýýarlaýar, özem olar Zybatäç ejäniň ýaşyna görä iýäýjek tagamlary.

— Meniň ýüregimiň küýseýän tagamlaryny bilşiňe haýran, gelin — diýip, Zybatäç eje her gezek gelnine mähir bilen seredende, Mahmal diňe ýylgyryp oňaýýardy.

Mahmal tehnologiýa institutynda okanda, lukmanlaryň adamlaryň ýaşyna görä, iýmitleniş düzgünini işläp düzüşiniň aýratynlygyny öwrenipdi. Şonuň üçinem ol gaýynenesi üçin tagam taýýarlanda şol kada görä çemeleşýärdi. Dogry, kadaly iýmitleniş bedeniň sagdynlygyna oňyn täsirini ýetirip, birnäçe aýdan Zybatäç eje ýaşaran ýaly bolaýdy.

Şeýle ýatlamalaryň deňzinde gulaçlap ýören bagtyýar ene ýuwaşja pyşyrdady: «Gelin gelensoň, öýümiziň rysgy artdy, başymdan agdyk işler zym-zyýat boldy. Indi şu gelin bilen öýümiziň şu güni, geljegi…».

Zybatäç eje şu sözleri aýdanda, birden egininden eşidilen sese tisginip gitdi. Ýöne ozaldan tanyş ses bolansoň, basym özüni ele aldy. Onsoňam bu ses Zybatäç ejäniň göwnüni ganatlandyrýar. Bu saparam şeýle boldy, ses ýakymly ýaňlandy: «Garrylyk — mähirden, ýaşlyk — hyjuwdan, güýç-gaýratdan ybarat. Şu ikisi biri-birine duş bolanda, ömür lezzetli bolýar. Sizde şu ikisi birleşipdir: sende mähir bar, gelniňde — hyjuw bilen gaýrat. Diýmek, siziň bagtyýar geljegiňiz bar. Nesip bolsa, öý-ojaga wepaly gelniň şol bagtyýarlygy has-da berkidip, öýüňe dowamat getirer. Öý-ojagyň alawyny has şuglalandyrjak asylly perzent bagyş eder. Seniň mähir-söýgiň bilen gelniň mähir-söýgisinden kuwwat aljak ol perzent ylymly-bilimli bolup kämil çykar. Şondan soň nesil daragtyňyz çar ýana şaha ýaýradyp, has-da bagtyýar günlerde ýaşarsyňyz».

Zybatäç ejäniň gulagyna bäbejigiň sesi gelen ýaly boldy. Ene muny gowulyga ýordy. Içinden: «Ogulmy-gyzmy, parhy ýok, täze bir ömür-ä bu ýagty jahana geldi!» diýip, örän begendi. Ol gijäniň garaňkylygyny ýagtyldan bu kuýaşly umydyň şuglasy bilen köňlüniň nur saçyp durandygyny duýdy. Şol nura çoýunan ene ýerinden galdy-da aşhana bardy. Şäher etegindäki oba gidip, elin alan jüýje etinden çorba bişirmegiň ugruna çykdy.

Daň tilkiguýruk bolan uçurlary Zybatäç eje jüýje çorbasyny taýýarlap boldy. Edil şol mahalam daşky gapy ýuwaşja tyrkyldady. Zybatäç eje göwresine gelişmeýän çalasynlyk bilen gapyny açdy. Keýpiçag Muhat ejesini garsa gujaklady.

— Eje jan, buşluk! Ekiz ogul agtygyň boldy.

Zybatäç eje birbada gulagynyň eşidenine ynanmaýan ýaly, ogluna sowal berdi:

— Oglum, ýene-de bir gezek gaýtala!

— Ekiz ogul agtygyň boldy, eje.

«Perzent süýji, agtyk ondan-da süýji» diýleni çyn ekeni. Häliden müň oýlara berlip, dürli aladalaryň girdabyna gark bolan enäniň ýüzi bahar bägüli ýaly açyldy. Ol ogluny mäkäm bagryna basyp durşuna şadyýan seslendi:

— Şeýle hoş habary aýdan diliňe döneýin, oglum! Kaka bolan ömrüňden aýlanaýyn, inerim!

Begenjine gyňajynyň çowy bilen gözýaşyny sylan ene, birdenkä ylgaşlap öz otagyna girip gitdi. Eglenmänem yzyna dolandy-da, owadan köýnegi Muhada uzatdy:

— Al, oglum, buşlugyňy!

— Eje, ýüregime girip çykan ýaly-da siz. Şeýle köýnegi edinmegi arzuwlap ýörenimi nädip duýduňyz, muny haçan satyn alyp goýduňyz? Täsin, örän täsin.

— Täsinlik ýok bu ýerde, oglum. Bir ýigidiň egninde gördüm-de, haýsy dükandan satyn alanyny soradym. Şeýdibem seniň buşlugyňa sakladym.

— Bäh, eje, buşlukçy boljagymy nädip bildiňiz?

— Gelni ulagyňda özüňiň äkitjegiňi bilýärdim. Onsoň, elbetde, buşlukçam özüň bolarsyň-da.

— «Eneler — keramat» diýýänleri çyn ekeni. Sowgadyň üçin sag bol, eje jan! Agtyklaryňa guwanyp, uzak ýaşa! Görjegiň gowulyk bolsun. Törümiziň ýaraşygy özüň bol, eziz käbäm!

— Oglum, Muhat jan, arzuwyň üçin sag bol, inerim! Indi ýekeje haýyş bar-da saňa…

— Aýt, eje jan, aýt! Şol haýyşyň bitdigi biläýgin.

— Aýtsam, gelne jüýje çorba taýýarladym. Şony edil şu wagt äkidäýsek, göwnüm ynjalardy, oglum.

— Onuň gürrüňi bolmaz, gitdik, eje!

— Berekella, oglum!

Ýeňil awtoulagyň goşa çyrasyndan saçylýan ýalkymly yşyklar göni ýoluň jygasy bolan çyralaryň şuglasyna goşulyp, ak umytlary öňe tarap alyp barýardy.

Şöhrat MÜLKIÝEW,
ýazyjy.
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle