|

Agtygymyň bagt barada soragyna

Agtygymyň bagt barada soragyna AGTYGYMYÑ BAGT BARADA SORAGYNA

Öýüňden örüp höwesjeň,
Her gün işe ýörseň ýola,
Oňňutyň hem oňmaga deň,
Bagtdyr şu, bala!

Agzybirmi ýakynlaryň,
Her iş salynýamy sala?!
Dynçmi, nerwi akymlaryň,
Bagtdyr şu, bala!

Dostlaň edip hyýanaty,
Düşmese ýaman hyýala.
Duşman söýse adalaty,
Bagtdyr şu, bala!

Duşmasaň, bagryň ýakmasaň,
Gömük, paýhassyz aýala.
Her ýüwündä daş atmasaň,
Bagtdyr şu, bala!

Gelen gelniň döretmese,
Maşgalada dert, alada,
Çagalaryn har etmese,
Bagtdyr şu, bala!

Ogul-gyzyň bolsa düşbi,
Bolman agyzlary ala.
Ine, ajaýyp durmuş bi,
Bagtdyr şu, bala!

2022 ý.

• Rahat bilen Jelile

Ele düşen gerek-gerekmez üçin,
“Seňki-meňki”, “gyrlyşýalar” her günde.
Ejesiz, gujaksyz gorkunç gijeler,
Mähir küýsäp gyslyşýalar bir-birne.

Göýä dokuzlary düzüw hem ýaly,
Iýmek, geýmek, oýunjak hyryn-dykyn.
Ah, ýöne her neneň ezizläňde-de,
Nemli gözlerinden gam aýyrmak kyn.

2020 ý Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle