|

Agşamky duýgular

Agşamky duýgular AGŞAMKY DUÝGULAR

Mylaýym howaly sergin agşamlar
Gündiz aran göwräň bire-bir emi.
Mähriban obamyň ajap agşamy
Gujagyna seýle çagyrýar meni.

Çagyran bolsalar, erinmek aýyp,
Bu gadym atalaň galdyran pendi.
Her gün agşam birazajyk seýl etmek
endigme öwrülip gidipdir indi.

Ynha, gidip barýan sagamy-sola,
Ýyldyzlaryň şalygynyň astyndan.
Nämüçindir bu gün gijä galypdyr,
Aý nurun dökenok meniň üstümden.

Maňa hiç pahy ýok ýatybersin Aý
Jahanyň beýleki ýarymşarynda.
Aýsyz hem ýolumy saýgararyn men
Patrak ýaly ýyldyzlaryň barynda.

Gidip barýan ugrum hanjak, belli däl,
Myhmançylygamy, oturylşyga?!
Ýöne men bir zady bilýärin anyk,
Düşüp barýan bu agşamyň yşkyna.

Bu yşka gark bolan ýalňyz özüm däl,
Ine, ýol ugrunda bir topar aşyk.
Zol-zol sagadyna seretse biri,
Biri bagtyn guçýar bagtyna duşup.

Beýik söýgiň bu owadan ahwaly
Nazaryňdan, heý, sypdyrar ýalymy?
Magşuga garaşýan aşyklara-da
Bagt diläp, dowam edýän ýolumy.

Gijäň gara tümlüginem az görüp,
Serwei talyň aşagynda gizlenen
Goşa juwan ilýär meniň gözüme,
Ah, görmesiz zady görýär gözümem.

Olar menden,
Men olardan uýalýan,
Şonda-da berilýär mukaddes salam.
“Salam, beýik söýgiň goşa perzendi!”
“Salam, şahyr!”
Ýolum edýärin dowam.

Çen bolandyr, indi öýe gaýdaýyn,
Ýok, dowam etmäýin barýan ýolumy.
Ýogsa, başgalaram ürküzerin men,
Heý, aşyklara-da dözer ýalymy?!

Şeýdip, tamamlandy bu günki seýlim,
Öýe geldim, aç gapyny keýwany.
Ýolda aşyklary ürküzip ýörmän,
Ikimize gök çaý süzmek peýdaly.

15.11.2009 ýyl Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle