Agly (Hekaýa)
Şirli WORREN,
iňlis ýazyjysy
Ýaşaýyş jaý toplumyndakylaryň ählisi Aglyny tanaýardy. Agly şol ýerde köp wagtdan bäri ýaşaýan pişikdi. Ol üç zady gowy görýärdi: uruşmagy, iýmegi, soňkusyna hem oňa bolan söýgi diýäýeli.
Bu zatlaryň utgaşmagyna Agla täsir etmesine, megerem, köçe durmuşy sebäpdi. Ilki bilen onuň diňe bir gözüniň barlygyndan, beýleki gözüniň ýeriniň boşlugyndan başlaýalyň. Şol bir tarapdan ol gulagyny hem küýseýärdi. Birwagtky döwlüp egri biten aýagy ony edil burça öwrülip duran ýaly edip görkezýärdi. Hatda guýrugyny hem ýitiripdi. Ondan galan kiçijik bölegini yzygider bulardy. Agly kellesini, boýnuny, eginlerini galyň sary kesmekler bilen örtýän ýaralardan başga, çal-çal reňkli zolakly görnüşe eýedi. Her gezek kimdir biri ony görende dessine tanardy. «Bu Agly atly pişik bolmaly» diýerdi.
Ähli çagalara oňa degmezlik duýdurylypdy. Ýöne ulular ony kowardylar, öýlerine girjek bolanda gygyrardylar. Eger gitmese penjelerini gapyda goýup ýapardylar. Aglynyň hemişe bir häsiýeti bardy. Sen ony näçe kowsaň kowuber, barybir, ol duran ýerinden gymyldaman bir zatlar berýänçäň durardy. Eger-de sen oňa bir zatlar berseň, ol minnetdarlyk sypatynda ýumşak bedeni bilen aýaklaryň daşyndan aýlanardy.
Her gezek çagalary yzarlap, aljyraňňy ýagdaýda olaryň ýanyna mawlap ylgap baryp, başyny olaryň eline degrip, olaryň söýgüsini sorardy. Aýdaly kimdir biri ony eline alsa, ol derrew köýnegini, gulakhalkasyny… näme tapsa ýalardy.
Bir gün Agly goňşymyzyň hasky atly tohuma mahsus bolan itleri bilen öz söýgüsini paýlaşmak isledi. Olar mähirli jogap deregine Aglyny wagşylarça para-para etdiler. Men onuň yzaly sesini otagymda oturan ýerimde eşitdim. Şol wagtyň özünde Aglynyň ýatan ýerine ylgap bardym. Bu ýagdaý görgüli Aglynyň gözgyny durmuşynyň soňlanjagyna meňzetdi.
Agly çyg ýerde ýatyrdy, yzky aýaklary we arkasy ep-esli bükülipdi. Ýüzüniň ak tüýündäki gözýaşlary bilen hyrkyldap dem alýardy. Ony elime alyp öýe gaýdanymda bu agyr dem alşyny eşidýärdim. Aljyraňňylygyny, ýaşamak üçin göreşýändigini duýdum. Öz wagtynda oňa «gaty azar berdimmikäm» diýip pikir etdim. Birdenem özümiň gujaklanylandygymy we ýalanan ýaly duýdum. Agly şunça agyryly, azaply hem-de ölüm ýagdaýynda-da gulagymy ýalajak bolýardy. Ony özüme golaýlatdym, ol kellesini elime degrip, altyna çalym edýän gözleri bilen maňa seretdi. Onuň myrryldysynyň sesini eşitdim. Iň agyr ýaralanan ýagdaýynda-da Agly diňe bir zady, ýagny bir azajyk mähir, belki, birneme rehimdarlyk soraýardy.
Şol wagt men Aglynyň asla görülmedik owadan, söýgüli jandarlygyny bildim. Ol bir gezek hem meni ýa dişläp, ýa-da dyrmamandy, menden gaçyp hiç hili ýadyrgamandy. Meni hossar görüp, bütinleý özüni agyrydan halas etjekdigime ynanyp seretdi. Agly öýe alyp barmazymdan öň bu ýalançy bilen müdimilik hoşlaşdy.
Emma men ony uzak wagtlap elimde saklap durşuma ýaraly, gözgyny bir pişigiň ruhunyň päkligine, doly we hakykatdan söýmegiň manysynda bolan pikirlerimi nä derejede üýtgedip biljekdigi barada pikir edip otyrdym.
Rehimdarlygyň nämedigini Agly maňa müňlerçe kitaplardan, leksiýalardan, gürrüňlerden has köpräk öwretdi. Men oňa hemişe minnetdar bolaryn. Ol daşyndan ýaralanan bolsa, men içimden ýaralanypdym. Meniň üçin öňe hereket etmegiň, çyndan söýmegiň wagty gelipdi.
Bar zadymy aladasyny edýänlerime bermegiň pursady geldi. Köp adamlar baý, üstünlikli, gowy görülýän ynsan bolmagy isleýär, emma men mundan beýläk hemişe Agly ýaly bolmaklyga synanyşaryn.