AGLA PELEK
AGLA PELEK
Maňa garap agla pelek, barýar ýüzüm büzülip,
Para-para bagrym ba:şy dilim-dilim üzülip,
Gaýgym-gussam baslygypdyr hatar tutyar düzülip,
Astyndamy meň şatlygym alynmaly gazylyp,
Barýan süllümbaý boluplar hasratyndan ezilip.
Aglap-aglaplar nalamyň gutarypdyr gözýaşy
Ýegşerilipler galypdyr egninde gara daşy,
Dolanmazak boldy bagtym, bilmen amanmy bagşy,
Iň bolmanda görsedim bir gijeler görüp düýşi,
Jemalyny synlap bozlap bilsedim bir bozulyp.
Pasyllar-a ýyldan-ýyla gelip durlar aýlanyp,
Maňa bolsa baharlar ýat ömrüm gyşda hüýlenip
Içinden çykyplar gidip bilemok men saýlanyp,
Eý kesgir pelek çarhy sen durma beýle köwlenip
Nazaryňy bir sowsadyň ýogsa galdy gezelip.
Ýagşy gara gözlerime görünýärmi hile-al,
Ýüregim-de akdyr meniň garalaň hilinden däl,
Sen başsyz-soňsuz ummanmyň bu göwräm içinde sal,
Bilmen ýene maňlaýyma ýazyp goýupsyň ne hal.
Belki, indi kürek urşum gidiberer düzelip.
Dawam bolmaz kysmat bilen, ähli zadyň çaky bar,
Şükranalyk kylmasam men, eý pelek ýüregiň dar,
Her ynsanyň gursagynda oturan öz Haky bar,
Aýlanaýyn öz Taňrymdan-minneti ýok, ýüki bar,
Ynamymdan aýrylmaýyn ýa gitmesin azalyp. Goşgular