| |

Agartalylar bilen Gitleriñ gatnaşygy

Agartalylar bilen Gitleriñ gatnaşygy

AGARTALYLAR BILEN GITLERIÑ GATNAŞYGY

Agarta siwilizasiýasy bilen içgin gyzyklananlaryñ birem faşistik Germaniýanyñ lideri Adolf Gitlerdir. Gitleriñ döwründe Germaniýada gurlan gizlin sektalar we gizlin kružoklar gizlin ýerasty merkezleri tapmaga ömrüni bagyşlan adamlardan ybaratdy. Gitler Agartanyñ barlygyna ynanýandygy üçin dünýäni ele geçirmek maksady bilen "Thule" atly gizlin toparyñ hemaýarkärliginde birnäçe barlaglary geçirendigi çak edilýär. Hut Ikinji jahan urşy soñlanyp barýarka faşistik komandowaniýanyñ binasynyñ ýumrulan diwarlarynyñ arasyndan 12 sany tibetli ruhanynyñ jesediniñ tapylmagy-da bu çaklamanyñ hakykata golaýlygyny hasam güýçlendirýär. "Thule-niñ" wekilleri Karl Haushoffer (1869-1946) we Ditrih Ekkart (1868-1923) dagylar medium ukyplary bolan Adolf Gitleri (1889-1945) we Rudolf Gessi (1894-1987) öz bähbitleri üçin ulanmagy başarypdyrlar. 1937-nji Gamburg munisipialetiniñ başlygy faşistik lider hakynda: "Ruhanylar we dindarlara mätäçligimiz ýok. Biz Gitleriñ araçylygynda Hudaý bilen gönüden-göni gepleşip bilýäris" diýipdi. Nasistik partiýanyñ esaslandyryjylaryndan Ditrih Ekkart "Thule-niñ" düýp pelsepesini şeýle beýan edýärdi:

"Thule-niñ" ähli syrlary gaýyp bolan gadymy siwilizasiýa bilen baglanyşyklydyr. Adamzat bilen "daşarky güýçleriñ" arasyndaky käbir araçy güýçler bu syrlara ýetenlere tükeniksiz güýç-gaýratyñ çeşmesi bolup hyzmat edýär…"

German Rauşning (1887-1982)  "Gitler maña şeýle diýipdi" atly kitabynda Gitler barada şeýle gyzykly setirleri galdyrypdyr:
 
"Ýakynlarynyñ aýtmagyna görä Adolf Gitler gijelerine ýygy-ýygydan ses edip oýanýardy, saññyl-saññyl edip düşnüksiz sözler samyrdaýardy, düşeginden atylyp turýardy, otagyñ ortasynda dik durup görülmeýän gözler bilen seredip "Ynha olar, ýene-de geldiler, ynha olar" diýip hümürdäp, ýene-de düşnüksiz sözlere tutdurýardy. Zordan höre-köşe edilip düşegine geçirilensoñam, ýene-de düşeginden turup "ynha ýene geldiler, hol-ha burçda durlar…" diýip gygylyklaýardy".

Käbir çaklamalara görä Gitler gorkunç güýçleriñ gözegçiligi astynda bolup, öz güýçýeterinden has uly, öz boýundan aşan gizlin ylmyñ has ýönekeýleşdirilen ujypsyzja bölegini adamlara mälim edip bilipdir.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Geň-taňsy wakalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle