Agamyň sowgady (Hekaýa)

Agamyň sowgady (Hekaýa)

Musa MAGOMEDOW,
dagystanly ýazyjy

Muhammediň gulagyna sagadyň jykgyldysy eşidilýärdi. Ol şatlygyndan ýaňa gijäni çirim etmän onuň sesini edil mukam ýaly diňleýärdi. Sagat ýassygynyň aşagyndady. Onuň dillerine altyn çaýylandy, sanlary garaňkyda ýagty saçýardy. Muny oňa uly dogany Aly-Gajy sowgat edipdi.

Muhammet agasyna diýseň guwanýardy. Her gezek daýhan birleşiginiň başlygy onuň adyny öňdebaryjylaryň hatarynda tutanda, onuň özi hem edil şolaryň biri ýaly örän begenerdi. Ol agasyny ertekilerdäki pälwanlara deňärdi, «Agam Aly-Gajy barada eşitdiňmi?» diýip, ol sapak wagty öz dosty Hoçbary tirseklärdi.

«Biziň Gajymyz, tüweleme, hemişe öňki hatarda, ähli kişä nusga, senem agaňdan görelde al!» diýip, ejesi Muhammede aýdardy.

Arada Aly-Gajy kutandan ( Kutan — çopanlaryň dagdaky düşelgesi.) sowgat ýollady. Ol ejesine ýaglyk, kakasyna penjek, Muhammede welin hiç zat ibermändi, ýöne ony gaty göresiniň gelýändigini hemem öz ýanyna — kutana gelmegini aýdypdy. Şonuň üçinem Muhammet düýn ugurdaş awtoulag bilen bärik gaýtdy. Ol irden kutana gelip, agasyny gözläp ugrady hemem geň galyjylyk bilen daş-töweregine seretdi: bu ýerler tanar ýaly bolmandyr. Bary-ýogy dört ýyl mundan ozal bärde diňe üsti gamyş bilen basyrylan mal ýataklary bardy, olaryň golaýynda bolsa çopanlaryň külbesi ýerleşýärdi, häzir bolsa üçekleri şifer bilen basyrylan ullakan jaýlar görünýär, klublary hem obanyňka gaýra dur diýýär. Oba adamlarynyň ýaryna golaýy eýýäm kutana göçüp gelipdi, ynha, tiz wagtdan mekdebem gurarlar. Ol birden: «Agamyň ýanyna göçüp geläýsem nähili bolarka?» diýip oýlandy.

Ekin meýdanlaryndan eýýäm hasyl ýygnalyp, häzir sürüm işleri geçirilýärdi. Alysdan agasynyň traktory göründi, ol deňizde ýüzüp ýören gämä meňzeýärdi. Muhammet ekin meýdanyň içinden näçe ýörese-de, traktoryň ýanyna ýetip bilmedi.

— Berekella, jigim, eýýäm geldiňmi?! — diýip, Aly-Gajy traktordan düşüp, ellerini süpürip durşuna uzakdan gygyrdy. — Sen ers-mers bolupsyň! — diýip, ol Muhammedi gujaklady. — Bar, kölegede oturyp dynjyňy al, meň biraz işim bar. Berlen tabşyrygy ýerine ýetirmeli! — diýip, ol ýene traktoryna atlandy.

Aly-Gajy meýdandan gelip, eşiklerini çalşyrdy-da, salymyny bermän, şeýle diýdi:

— Onda näme, geleniňi belläli. Ýör, dükana baryp gaýdaly.

Ýolda barýarkalar ol agasyna seredip guwanýardy: ol eginlekdi, buýra saçlary şar garady, Güne garalan ýüzi ýalpyldap durdy.

Agasy dükandan sagat satyn aldy-da:

— Ýeri, göwnüňe ýaradymy? Geçen ýyl sagadyma gözüň gideni ýadymda. Al, menden sowgat bolsun — diýdi.

Muhammet begenjinden sagbolsun aýtmagam unudyp, sagadyň altyn çaýylan dillerinden gözüni aýryp bilmän durdy hemem işleýänini biljek bolup, ony zol-zol gulagyna ýetirýärdi. Ol sagatly elini şeýlebir aýaýardy welin, ylla diýersiň, jykgyldy sagatdan däl-de, ýüreginden çykýan ýalydy.

— Näme yza galýaň? — diýip, agasy ýylgyrdy.

Agşam olar kluba gitdiler. Gyzykly film görkezilse-de, ol ekrana däl-de, sagadyna has köp esetdi.

Ýatmazyndan öň agasy sagadyny goşaryndan aýyrdy-da, perwaýsyzlyk bilen stoluň üstünde goýdy, Muhammet bolsa sagadyny ýassygynyň aşagynda goýup, şol diňşirgendi ýatdy. Sagat jykgyldap birsydyrgyn işleýärdi, diňe Gajynyň güýçli horruldysy oň sesine päsgel berýärdi. Muhammet esli wagt uklap bilmedi. «Gör, meň nähili gowy agam bar. Hökman muň ýanyna göçüp gelmeli».

Ol ir bilen zordan gözlerini açdy hem-de Aly-Gajynyň işe şaýlanyp duranyny gördi.

— Wagt boldy, gün gyzmanka işe başlasak gowy boljak. Bu gün iki paý alasym gelýär.

— Menem seň bilen gitjek — diýip, Muhammet hysyrdanyp başlady.

— Onda çaltrak bol, yzymdan galma!

Muhammet şüdügärlenen ýumşak ýerden buýsanç bilen ýöräp barýardy. Ol bişen garpyzy ýatladýan, dogup gelýän Güne arzuw bilen garap: «Bu ýeri biziň Gajymyz sürdi, bütin Dagystanda şondan gowy traktorçy ýok» diýdi.

Birden uzak aralykdan traktoryň tarryldysy çykdy. Muhammet soragly nazaryny agasyna dikdi. Aly-Gajy gaşlaryny nägilelik bilen çytyp:

— Görýän welin, meniň abraýym kimdir birine ynjalyk berenok öýdýän. Ol Gaýaço bolmaly, horaz gygyrmanka oýanandyr. Barybir, meň yzymdan ýetip bilmersiň — diýip, traktoryna atlandy, Muhammedem onuň ýanynda ornaşdy.

Sürüjiniň öwrendekli hereketlerine tabyn bolan traktor tar-tar edip öňe omzady.

Plugyň demirleri topraga girip, ony çepbe çöwürýärdi. Birdenkä Aly-Gajy özgeren ýaly boldy, Muhammet agasyny tanamady: onuň gyrpyldaman bir nokada dikilen gözleri kesekiniňki ýalydy, maňlaýy ýygyrt-ýygyrt bolupdy, agzy bolsa berk ýumulgydy. Agasyna mahsus bolan şadyýanlyk nirä sumat bolduka? Ol bir zatlar soramaga synanyşdy, ýöne agasy ýüregedüşgünç siňekden goranýan ýaly elini silkip goýberdi.

«Belki, işde şunuň ýaly bolmalydyr» diýip, Muhammet bu ýagdaýdan özüçe many çykardy.

Asmana galan Gün eýýämden ýakyp-ýandyryp barýardy. Meýdanyň aňrybaşyndaky traktor togtady. Muhammet traktorçynyň haýsydyr bir kemçiligi düzetmek üçin gydyrdanyp ýörenini, soňra bolsa elini silkip özlerine tarap gaýdanyny gördi.

— Muhammet, seret, Gaýaço gelýär! — diýip, Aly-Gajy kinaýaly gülümjiredi. — Menden öňe düşseň boljagyň şudur — diýip, ol buýsanç bilen inisine seretdi.

Gaýaço ylgawyny ýazdyrman olaryň ýanyna geldi-de:

— Gajy, aýak çek! Traktorymyň hereketlendiriji çarhy döwüldi, belki, ätiýaç üçin goýanyň bardyr? Karz bersene.

Aly-Gajy traktoryny togtatman:

— Walla çynym, ýok, bolsa bererdim, bu gün saňa kömek etsem, ertir sen maňa kömek edersiň ahyryn — diýip gygyrdy.

Keýpi bozulan Gaýaço:

— Içigar galmyş, indi şu yssynyň içinde aýagyňy süýräp oba gitmeli boljag-ow — diýdi.

— Bar, bar, gidiber, menem onýança paýymy alaýyn — diýip, Aly-Gajy onuň yzyndan gygyrdy.

Muhammet agasynyň sözlerine ähmiýet bermedi, häzir onuň kellesinde başga pikirler at salýardy: ol agasynyň ýanyna göçüp geljekdigi, ondan traktor sürmäni öwrenjekdigi, traktoryň onuň erkine tabyn boljak pursatlary barada oýlanýardy. Onsoň adamlar olary bilelikde görer-de, «Serediň, doganlar Myradowlar gelýär» diýerler.

Birdenkä traktor nämedir bir zada baryp urlan dek togtady hemem birki gezek pat-pat etdi-de duruberdi. Aly-Gajy traktory gözden geçirdi-de:

— Hereketlendiriji çarhy gyrlypdyr — diýdi.

— Diýmek, bizem oba gitmeli-dä? — diýip, Muhammet gynanç bilen aýtdy.

— O näme üçin? Aly-Gajy bikär adamlaň hilinden däl — diýip, ol ýagjaryp giden torbadan gerekli şaýy çykardy.

— Bä, seretsene, bärde çarhyň üçüsi dagy bar eken! — diýip, Muhammet gygyrdy. — Sen, näme, bulaň bärdedigini unutdyňmy?

— Men hiç zady unudamok.

— Onda näme üçin bulaň birini bermediň? — diýip, Muhammet geň galdy.

— Näme üçin bermeli? Goý, öz aladasyny özi etsin. Göreňokmy, ol menden öňde bolmak isleýär, ýöne bu oňa başartmaz.

— «Bu gün saňa kömek etsem, ertir sen maňa kömek edersiň» diýip, seň özüň aýtdyň ahyry.

— Aýdamda näme? Dil bir öl ýere biten zatdyr-da. Meň başgalar bilen işim ýok. Öz aladaňy etmeli… Ýeri, taýynmy?! Onda mün. Sen entek gögele. Aýyby ýok, öwrenersiň.

Traktor ýene tarlap ugrady. Ol öz demirleri bilen topragy dilip öňe barýardy. Aly-Gajy çalaja sykylyk atyp ugrady. Muhammet tukat halda şüdügärlenen ýere bakyp: «Birinjiligi eýelejegine begenýär öýdýän» diýip oýa batdy.

Onuň ozalky şadyýanlygy zym-zyýat bolupdy. Bu nähili beýle bolýar? Kakamam, mugallymlaram: «Adamlar bir-birege kömek etmeli» diýerdi. Kakamy frontda ölümden halas eden şepagat uýasynyň hatyrasyna biziň kiçi jigimize Roza diýip at goýdular. Ýaňy-ýakynda goňşymyz Gamzat syrkawlady, ana, şonda kakam özi üçin zerur bolup duran dermany oňa berdi. Hut düýnüň özünde, Muhammet şu ýere gelýärkä, daýhan birleşiginiň sürüjisi Isa garşydan gelýän nätanyş sürüjä ätiýaç goýan çekisini berip: «Sürüjiler bir-birege kömek etmelidir» diýipdi. Ol muny tüýs ýürekden aýdany üçin Muhammet: «Bu başgaça bolubam bilmez» diýipdi. Ynha, häzir bolsa Gajy: «Başgalar bilen işim ýok» diýýär…

Ol agasyna seretdi. Onuň ýüzünde, mekirlik bilen süzülýän gözlerinde, hatda aýdýan aýdymynda-da nähilidir bir kesekilik bardy. Agasynyň saçlary ir bilen owadan görnenem bolsa, häzir bulaşyp duran ýalydy. Muhammediň ony sulhy alman ugrady.

— Men düşeýin, ýadadym öýdýän — diýip, ol aýtdy.

— Garaş, häzir naharlanmaga gideris! — diýip, Aly-Gajy traktoryny öçürdi.

Naharhanada Muhammediň iň gowy görýän pomidorly işdäaçary hem bokurdagyndan geçmedi. Onuň gözüniň öňünde polat çarh salgym atyp durdy.

— Bolýa, git-de dynjyňy al, ilkibada hemişe-de kyn bolýar — diýip, Aly-Gajy keýpiköklük bilen ekin meýdanyna ýöneldi.

Agşam keýpiçag dolanyp gelen Aly-Gajy

daşardan gygyrdy:

— Eý, Muhammet! Entek ýataňokmy? Gel, elime suw akyt!

Ýöne hiç kim jogap bermedi. Aly-Gajy içerik äňetdi, ol ýerde Muhammet ýokdy, düýnki sowgat berlen sagat bolsa stoluň üstünde ýatyrdy.

Rus dilinden terjime eden Myrat GOŞLYÝEW
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle