Afrikaly zulu urşujylary dünýäniñ iñ ösen ýaraglar bilen ýaraglanan goşunyny nädip dyza çökerdi?
Afrikaly zulu urşujylary dünýäniñ iñ ösen ýaraglar bilen ýaraglanan goşunyny nädip dyza çökerdi?

Zulu ruhy hususanam XX asyrda başlan adalata we azatlyga goldanýan negr gozgalañlaryna ruhy güýç bolup hyzmat etdi
Britan goşuny XIX asyryñ ahyrlarynda dünýäniñ iñ güýçli goşunlarynyñ biridi. Golastyndaky ýerlerde Günüñ batmaýandygy bilen magtanýan bu äpet güýç Amerika materiginden Hytaýa çenli aralykda her ýatan daşyñ astyndanam çykyp bilýärdi. 1879-njy ýylda Afrikanyñ naýzadyr ýaý ulanýan zulu taýpasy bilen bolan söweşde olaryñ bu abraýy gaty erbet ýagdaýda sarsgyna düşdi.
Afrikanyñ bu gaýduwsyz taýpasy iñlislere garşy uruşda ýeñlenem bolsa, bütin dünýä nusga bolup biljek göreş ruhuny miras goýdy. Zulular azatlyk üçin göreşýän halklardan güýçli we howply halk bolup bilmejekdigini ýer ýüzüne subut edipdiler.

Zulularyñ söweşi
• Isandlwane söweşi
Iñlisleriñ uruş strategiýasy döwrebap ýaraglara, nyzamly goşun bölümlerine we aýratyn geografiki artykmaçlyklara esaslanýardy. Şeýle artykmaçlyklaryñ hemmesi sazlanmasa, añsat-añsat urşa girilmändir. Uruş iñlisler üçin gutulgysyz ýagdaýa gelip dirände, hökmany suratda ýeñiş gazanyp bolaýjak meýilnamanyñ çäginde bolup geçmelidi.

Ser Genri Bartl Frir
Afrikanyñ baş komissary ser Genri Bartl Frir Günorta Afrikada federasiýa gurup ýören wagtynda iñlia goşunynyñ harby strategiýasynyñ ähli artykmaçlyklaryny elinde saklaýardy. Aýratynam zulularyñ patyşasy Ketçwaýo Mpandäniñ iñlisleriñ talaplaryna boýun egmezligi ýa-da nägilelik bildirmegi iñlisler üçin uruşmaga bahanady.
Frir şonsuzam Afrikanyñ bu galmagalçy taýpasynyñ sesini doly kesmegiñ hyýalyndady.
Frir general-leýtenant Lord Çelmsforda görkezme berip, zulularyñ ýaşaýan ýerlerini gabaw astyna almagy we paýtagtlary Ulundä girip, bu kiçijik döwleti ýok etmegi buýurdy.
Iñlisler 17 müñ adamlyk goşuny bilen Zulu ýurdunyñ çäklerine giren pursatyndan uruş resmi ýagdaýda başlapdy.

Zulu patyşasy Ketçwaýo Mpande
Patyşa Mpande sabyrly we paýhasly ýolbaşçydy. Ol iñlisleriñ gopbamsylygyna we zorluk-zulmuna garşy soñuny saýmazlyk bilen herekete geçmedi we iñlis goşun bölümleriniñ içerik girmegine sabyrlylyk bilen garaşdy.
Iñlisler sany 35 müñe ýetýän zulu urşujylarynyñ elindäki bolgusyzja ýaraglary bilen hiç hili garşylyk görkezip bilmejekdigine ynanýardylar.
Şonuñ üçinem garşydaşynyñ strategiýasyna hiç hili pitiwa etmän göni paýtagta tarap gaýtdy.
Afrikanyñ jokrama yssysynyñ we güýç artykmaçlygynyñ berýän süýrenjeñligi iñlisleri eýýäm Zulu ýurduna aýak basan badyna entek ýetilmedik ýeñşiñ lülgammary edip taşlapdy.
Elbetde, iñlis goşunyny bular ýaly özüne aşa göwni ýetirenem 1856-njy ýylda ýaranlary osmanlylar bilen bile ruslara garşy gazanan ajaýyp ýeñişidi.
Bular ýaly söweşden soñ afrikaly pyçakdyr gyrkylyk bilen ýaraglanan afrikaly taýpanyñ tepbedini okamakdan añsat zat bolmaly däldi.
Iñlisler 200 metr aralykdaky hereket edýän obýektleri urup bilýän toñkatarlary we açyk meýdanda uly weýrançylyk döredip bilýän tigirçekli toplary bilen zulu urşujylaryny siñek gyran ýaly gyrjakdyklaryny oýlap, çaltlyk bilen öñe süýşdüler.

Zulularyñ urşy
Zulu goşuny elde ýasalan pyçaklardyr deriden ýasalan galkanlar bilen ýaraglanypdy.
Patyşa Mpande iñlisleriñ pöwhe goşun gurluşyny göz öñüne tutup, Göroglynyñ «it urşuny» görkezmek bilen iñlisleri çuñ derelere çekmegi makul bildi.
Iñlisler zulularyñ bu strategiýasyna ýalñyş düşünip, açyk meýdandan çykdy we zulularyñ yzyna düşdi.
Iñlisleriñ ýene bir ýalñyşlygy goşunlaryny çuñ derelerden has çalt geçirmek üçin böleklere bölüp öñe gitmegi boldy.
Iñlisler Isandlwanede lager guranlarynda haýsydyr bir gorag halkasyny gurmaga zerurlyk duýman, zulu urşujylary öz üstlerine çozmaga het edip bilmezler öýtdi.
Bardy-geldi zulular beýle ýalñyşlyga ýol beräýende-de, pyçakdyr naýzalaryñ iñlis hyrlylaryna garşy durup bilmejegi görnüp durdy…
Dagynyk ýagdaýda derä ýaýran zulu urşujylary garaşýan artykmaçlyklaryny gazanypdylar.
Çozuş wagtynda dem salymda bir bitewi göwrä öwrülip hereket edýän zulular zarbalaryny urandan soñ ylla aýna döwügi ýaly pytrap gaçýardylar.
Bular ýaly söweşjeñ taktika öñ gabat gelip görmedik iñlis goşunynyñ demligi zulu urşujylary tarapyndan berk gysylypdy.

Zulularyñ urşy
Şeýle-de, iñlis tüpeñleri ot açandan soñ ýüze çykan tüsse zulular üçin tebigy ümür-duman döredýän ýalydy. Ýagny, iñlisler birinji oky atan badyna gözleri gamaşýardy we tüssäniñ arasyndan duýdansyz peýda bolýan zulu pyçaklary bilen başa-baş galýardylar.
Birinji çozuşda 800 töweregi iñlis esgeri ýok edilen bolsa, zulularyñ ýitgisi munuñ ýarsyna-da ýetenokdy.
Ahyrynda taryha Isandlwane urşy diýip geçen söweşde naýzadyr galkanlar bilen afrikaly taýpalar dünýäniñ iñ uly we döwrebap iñlis goşuny çym-pytrak edip taşlapdy.
Iñlis serkerdeleriniñ gopbamsylygy, iñ soñky ýaraglaryna çäksiz buýsanjy we tradision söweşjeñ strategiýalary bu söweşden soñ ýer bilen ýegsan bolupdy.
Iñlisler kömekçi güýçler gelenden soñ zululary ýeñmegi başaranam bolsa, bu masgaraçylykly ýeñliş dünýä jemgyýetçiliginde-de gyzgyn seslenme döredip ýetişipdi.
Iñlis goşunlarynyñ ýeñilmezekdigine bolan ynanç düýbünden sarsypdy we ýarag tehnologiýasy taýdan beter yzagalak ýurtlar dürli taktikalaryñ üstünde oýlanmaga başlady.
• Iñlisler sapak alanok
Iñlisler zulularyñ göreşine we gazanan üstünliklerine pitiwa etmän, öñki ýalñyşlyklaryny ýene şol ýurtda bu gezek burlara garşy goýberdi.
Burlar Günorta Afrikada ýaşaýan we özleriniñ goşuny-da bolmadyk akýagyz daýhanlardy. Uzak wagtlap zulular bilen bile göreşip, olaryñ söweşjeñ strategiýalaryny öwrenipdiler.
Soñky ýyllarda Afrika çozan on müñlerçe iñlis magdançysy az salymda sebitiñ demografiýasyny üýtgetdi.

Burlar
Dogduk depelerini şirin janyndan eý görýän burlar ýurtlaryny kese ýerlilerden goramak üçin birtopar kanunlar bilen göçhä-göçlügiñ öñüni almaga synanyşdy.
Angliýa bu kanunlar bilen raýatlaryna haksyzlyk edilýändigini öñe sürüp, halkara jemgyýetçiligini aýaga galdyrdy we 1899-njy ýylyñ 11-nji oktýabrynda nyzamly goşuny-da bolmadyk burlara garşy uruş yglan etdi.
Angliýa sebitdäki 22 müñ esgerini burlaryñ raýatlardan düzülen harby birliklerini ýok etmäge ugratdy. Netije sözüñ doly manysynda masgaraçylyklydy.
Tradision söweşjeñ tilsimlerini ulanmagyñ ýerine garymlar gazyp, «urdum-gaçdym» taktikasyny eden burlar döwrebap gerilla urşuny dünýä tanadypdylar.
Birleşen Korollyk birinji urgynyñ sarsgynyny giderenden soñ Müsürden, Hindistandan, Islandiýadan, Angliýadan 450 müñ adamlyk goşun iberdi.
Birleşen Korollygam burlaryñ gerilla göreşine garşy öñ synap görülmedik tilsimlere ýüz urdy.

Burlaryñ urşy
Konslagerleri gurmak, oturymly ýerleri ýok etmek, ekin ýerlerini ulanmaz ýaly etmek ýaly taktikalar tradision söweşjeñ tilsimleriñ çygryndan daşdady we diýseñ rehim-şepagatsyz işlerdi.
Şeýle-de, mundan öñ hiç bir uruşda gönüden-göni ýönekeý halka degilmändì, emma Angliýa burlar bilen bolan uruşda on müñlerçe raýaty öldürmekden gaýra durmady.
Dünýä jemgyýetçiligini-de öz tarapyna çekmegi başaran iñlisler burlaryñ azatlyk ugrundaky göreşiniñ ýañyny garamaýaklaryñ topalañy hökmünde basyp ýatyrmagy başarypdy.
Welhasylkelam, çäklerinde Gün batmaýan Beýik Britaniýa imperiýasy Afrikada ilki eli naýzaly, galkanly söweşen zululara, yzyndanam goşuny-da bolmadyk burly daýhanlara ýeñilipdi.
Zulu halkynyñ iñlislere garşy görkezen gahrymançylygy we gaýduwsyzlygy 1948-1994-nji ýyllardaky aparteid režimine garşy Mandela taglymynyñ ruhuny emele getiripdi.
Mehmet MAZLUM ÇELIK.
Sişenbe, 18.07.2023 ý. Taryhy makalalar