| | |

«Adyna Parawbibi goýdum…»

"Adyna Parawbibi goýdum…" ADYNA PARAWBIBI GOÝDUM
 
Her ýylyň baharynda, güýzünde ýurdumyzyň gözel ýerlerine syýahat, gezelenç etmek, künjegiň   tebigaty we taryhy bilen tanyşmak döredijilik bilen meşgullanýan dostlarymyň arasynda däp bolup galypdy. Biz, mundan ozal  Daşoguz, Lebap, Mary we Ahal welaýatlarynyň täsin we gözel ýerleriniň birnäçesine baryp görüpdik. Olar bilen baglanyşykly rowaýatlardyr hekaýatlary ýazga geçirip, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlary gurapdyk. Bu sapar biz Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýer  leşýän Parawbibi ýadygärligine  syýahat etmegi makul bildik.
Parawbibi ýadigärligi  Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Paraw obasynyň kyblasynda, Bereket etrabynyň Gulmaç obasynyň gündogarynda, bary-ýogy 18 kilometr çemesi uzaklykda, Köpetdagyň gerişleriniň birinde ýerleşýär. Ol gözýetimden seredeniňde daga ýabşyrylyp bina edilen  kiçiräk bir metjide çalym edýär. Parawbibi ýadygärliginiň  ХI-ХII asyrlarda halk tarapyndan gurulandygyny taryhy maglumatlar tassyklaýar.
“Paraw” sözüniň “Feraba” diýen pars sözünden gelip çykan bolmagy mümkindir, ol bolsa gala diýen manyny berýär- diýlip, ylmy çeşmelerde aýdylýar. Obanyň düýbiniň haçan we kim tarapyndan tutulandygy barasynda anyk maglumat ýok. Ýöne obanyň adynyň gelip çykyşy, bu ýerde ýaşap öten şahsyýetler  bilen baglanyşykly rowaýatlar  welin azlyk edenok.
Ir zamanlarda massagetler, dahlar bilen bilelikde bu sebitde  “par” taýpasy mesgen tutunypdyr. Olar soňra günorta tarapa göçüp gidipdirler.
“Par” sözi gyrgyz , daglyk altaý dillerinde hem duşýar. Olaryň ikisi hem  türkmen diline terjime edilende, “şüdügärlenen, ekişe taýýarlanan meýdan” diýen manyny  berýär. “Obanyň adynyň gelip çykyş taryhynyň şol taýpanyň ady bilen baglanyşykly bolmagy hem ähtimal” diýen çaklama hem bar.
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda Paraw galasy oguzlaryň çölüň etegindäki, Horasan bilen Dehistanyň serhedinde gurlan galalary hökmünde beýan edilýär.  Şol döwürde Nusaýdan Parawa barýan ýoluň ugrunda süýji suwly we melhem çeşmeler az däldi.  Beýik Ýüpek ýolunyň bu şahasy iň howpsuz ugurlaryň biri hasaplanýardy. Ol ýol söwda kerwenlerini Türkmenistanyň taryhy mekany Maşat-Misseriana eltýärdi. Gala kerwensaraý hökmünde hem hyzmat edipdir. Argyşçylaryň dynç almagy üçin zerur şertler hem bolupdyr. Şol döwürlerde galada sowat, bilim, hünärmentlik ösüpdir. Külalçylyk, altyn-kümüş ussaçylygy ýörgünli kärler bolupdyr. Metjit, hammam, çaýhana, söwda dükanlary hereket edýärdi. Rabatlara bölünen ýaşaýyş jaýlary bardy. Munuň şeýledigine galanyň çäginden tapylan gadymy tapyndylar  hem şaýatlyk edýär. Ilat,  esasan, düýedarçylyk  we dowardarçylyk bilen meşguldy. 
Daýhanlar baýyrlyklaryň, dag ýapgytlarynyň üstünde düme ekinlerini ekilipdir. Dagetek meýdanlaryndaky ekinler kärizler arkaly suwarylypdyr. Köpetdagyň
baýyrlyklaryndan takyrlyklara ser salanyňda birwagtky ekin meýdanlarynyň sudury  solgunlyk bilen göze ilýär.
Köpetdag bilen Kürendagyň sepgidinden kerwenler geçipdir, ol ýerde araçäkçiler we paç ýygnaýjylar ýaşapdyrlar.
Rowaýatlar ýöne ýerden döremeýär. Onuň üçin haýsy-da bolsa bir esas, binýat zerurdyr. Halk arasynda ýörgün bolan rowaýata görä, Paraw galasynyň emeldarynyň alty sany gyzy bolupdyr. Maşgalada ogul perzende garaşylýan bolsa-da bu sapar hem gyz  bäbek dünýä inipdir. Onuň adyna Bibi dakypdyrlar. Bibi bolsa türkmenlerde zenanlara hormat bilen ýüzlenilýän sözdür.
Bibi hem beýleki doganlary ýaly, düşbi we tebigy taýdan zehinli bolupdyr. Ol ot-çöplerden derman, melhem taýýarlamagy tejribeli tebiplerden öwrenipdir. Tebipçilikden at-abraý, kemal tapan Bibi meşhurlyga eýe bolupdyr. Onuň täsin ukyby barasyndaky habary Paraw galasynyň üstünden geçýän argyş kerwenleri  çar tarapa ýaýradypdyrlar.
Gadymdan dowam edip gelýän däbe görä, bir obada atdaş köp bolsa aýalyň adynyň gapdalyna ýanýoldaşynyň ady goşulyp aýdylypdyr.  Parawbibiniň Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda doganlarynyň ýagny, Jemalbibiniň we Burgunbibiniň adynyň dakylan obalarynyň bolmagy olaryň taryhy şahslar bolandygyna güwä geçýär. 
Ibn Sina bilen  Parawbibiniň duşuşygy barasyndaky täsin rowaýat  dilden-dile geçip biziň bagtyýar günlerimize gelip ýetipdir. Şol döwürlerde Ibn Sina Horasanyň hökümdarynyň baş weziri eken. Täsin ukyply tebip gyz  barasynda eşidende, ol argyş kerwenlerine goşulyp, Paraw galasyna gelipdir. Parawbibi bilen duşanda  oňa şeýle sowal berenmiş:
— Gyzym, siz kitaba seretmezden, keseli nähili anyklap we oňa degişli emleri salgy berip bilýärsiň?
— Sizi tanap duruşym ýaly, olar baradaky maglumat maňa aýan görünýär—diýip Parawbibi oňa jogap berenmiş.
Rowaýatda beýan edilişine görä, Ibn Sina tebip gyzda üýtgeşik bir ukybynyň, zehininiň bardygyna haýran galypdyr. Oňa çuňňur hormat goýýandygynyň alamaty hökmünde özüniň gymmat bahaly ýüzügini sowgat beripdir.
Aslyýetinde, bu  beýik ynsanlaryň bir birleri bilen duşuşmagy mümkin däldir. Sebäbi Ibn Sina aradan çykanda Parawbibi heniz eneden dogmandy. Ýöne halk  şeýle rowaýatlary döretmek  bilen,  türkmen gyzy Parawbibä bolan egsilmez hormaty beýan edýär.
Parawbibi bilen baglanyşykly ýene-de bir rowaýatda waka şeýle beýan edilýär. 1221-nji ýylda Çingizhanyň goşunlary Gürgenji basyp alýarlar. Şonda tebip gyz Parawbibi barasyndaky gürrüňi mongol serkerdesi eşidýär. Ol  bir topar atlyny Paraw galasyna iberip, olara tebip gyzy huzuryna getirmegi tabşyrýar. Paraw galasynda söweş bolýar, onda mongollara ýeňiş gazanmak başardýar. Ýöne pajygada ölenleriň we ýesir düşenleriň arasynda Parawbibi ýok eken, ol doganlary bilen düme ekinleriniň hasylyny ýygnamga giden eken. Şonda bir aýal aman galmak üçin Parawbibiniň bolýan ýerini duşmanlara salgy berýär. Parawbibi ejekeleri bilen ýygylyp, üýşürilip goýulan gawun-garpyzlary ýetip gelýän duşmanlaryň üstünden inderip başlaýar.  Şol aralykda pursat tapyp ejekelerini çar tarapa gaçyrýar. Özi gabawa düşüp çykgynsyz ýagdaýa düşýär we Allatagaladan delalat isleýär.
— Rehimdarsyň, beýiksiň we mertebelisiň! Duşmana ýesir düşüp, namys-arymy ýitirenimden, şirin janymdan geçmegi rowa görerin! — diýip, Biribara ýalbarýar.  Şonda   Köpetdag ýarylyp,  öz goýnundan biçäre gyza ýer berýär. Waka duşman leşgerleriniň göz alnynda bolup geçensoň, olar bu ýerde bir gudrat, keramat bar diýip, galany taşlap gidýärler. Bu rowaýat Parawbibiniň obrazynyň üsti bilen türkmen zenanlaryna mahsus bolan arassa ahlaklylygy, wepalylygy, päkizeligi, namysjaňlygy,  gaýduwsyzlygy wasp edýär.
Parawbibi ýadygärligine barýan ýoluň ugrunda zyýaratçylaryň dem-dynç almaklary , hudaý ýoly, sadaka bermekleri üçin ýörite ýer edilipdir. Peşeneli ýaşuly  bizi garşy alyp, hal-ahwal soraşandan, soňra merhumlaryň ruhuna aýat-töwir okaldy.  Biz: “Berlen we beriljek sadakalar  we olarda okaljak aýat-dogalar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Goý türkmen topragynda parahatçylyk, ylalaşyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş baky rowaç bolsun! Gahryman we mähriban Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli başlangyçlary, tutumly  işleri  mundan  beýläk-de rowaç bolsun! Milli Liderimiziň daşynda mäkäm  jebisleşen halkymyza agzybirlik, rysgal-döwlet, maşgala agzybirligini miýesser bolsun!”- diýip,  Parawbibiniň ýadygärlige tarap ugradyk. 
Ýadygärlige barýanlaryň her birininiň arzuw-islegi bar. Olaryň biri  söwer ýar, oňat goňşy, ýene biri saglyk, perzent arzuw edýär. Zyýaratçylaryň biri biziň   metbugat işgärleridigimizi aňyp, öz durmuşy bilen bagly bir wakany gürrüň berdi.
— Ene-atam ulag pajygasynda heläk bolanda saçym örüme ýetmädik gyzdym. Dogan daýzamyň elinde terbiýe alyp kemala geldim. Soň daýzamyň ogly göwneşip, durmuş toýuny tutdyk. Sekiz ýyl geçse-de perzendimiz bolmady. Ýogsam, degişli bejergileri hem alypdyk. Günleriň birinde daýzam:
— Gyzym, senden närazylygym ýok. Garradym, indi sallançak üwräp, agtyk hüwdiläsim gelýär—diýende, biçärelikden gözlerimiň owazy doldy. Bu ýere zyýarata geldim.
Hijriňde hassa men, sen bergin şypa,
Medet  isläp geldim men bimar saňa — diýip, ak metjide gelip, Parawbibä tagzym  etdim. Şundan iki ýyl geçensoň perzendimiz dünýä indi. Allatagala köp ýalbaryp perzent dilänimde oglum bolsa Paraw, gyzym bolsa adyna Parawbibi dakjakdygymy ant etdim. Gyz perzendimiziň adyna  Parawbibi goýdyk—diýip, begenjini biz bilen deň paýlaşdy.
Parawbibi ýadygärligine baýyrlykdan galýan germawlanan dag ýoly arkaly baryp bolýar. Belentlige galdygyňça howa durlanyp, dag otlarynyň ýakymly ysy burnuna urýar. Ýoluň gyrasynda  ownuk-iri daşlaryň  her biriniň taryhy bar.
Parawbibiniň bolýan  ýerini  duşmanlara görkezen şol näkes zenanyň duran ýerine bäş sany daş zyňýan, zyýaratçylar: “Saňsara bäş daş” diýip geçýärler.
Kiçiräk  bir gowakda doňan daşlaryň ýüzünde  ynsanyň aýak we el yzlarynyň şekilleri Parawbibiniňkidir, diýip zyýaratçylar aýdýarlar. Bu ýerdäki ýasy daşlary barmaklaryň üstünde goýsaň, olar ýuwaşlyk bilen aýlanýar. Zyýaratçylar muňa edilen arzuwlaryň kabul bolmagy diýip düşünýärler.
Kärdeşimiz Sary Näzmeňliýewiň “Bibim, how” atly goşgusy hem şu ýerde döräpdi:
                            
Gara dagy pena eýläp, ýaka tutup ýalbaran,
Daglary ýaryp guşagyny, gujak açyp ýalbaran,
Aňyrsy päk, süňňi halal ýagşy niýet päl bilen-
Hellewleýän gara daga siňip giden Bibim, how!
                           
Daga goýup iki dyzyn, nalyş edip pelege,
Haraý isläp gara dagdan gözýaşyna ezene!
Ýetişipdir perişdeler: “Omyn” diýip melege,
Perýat bilen bakylyga çümüp giden Bibim, how!
Ýagylara ýan bermäni, ýalançyny terk eden,
Namysyny tug edinip, gara daşy gark eden,
Parawbibiniň adyny öçmez ýaly berkiden,
Halallygy gursaklara guýup giden Bibim, how!
 
Gaýdar sary, bu dünýäge yhlasyňdan gelmişdir.
Gije-gündiz togap edip, saňa doga kylmyşdyr,
Gyssananyň nalyşyna gulagyny salmyşdyr,
Bu dünýäde özi aglap, özi diňen Bibim, how!
        
Hawa, halkymyzyň şöhratly geçmiş taryhyna altyn harplar bilen ýazylan zenanlar  az bolmandyr. Olar bireýýäm dünýäden öten bolsalar-da olar baradaky ýatlamalar halkymyzyň hakydasynda  baky ýaşaýar. 
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda eziz Watanymyzyň taryhynda görlüp-eşidilmedik sepgitlere ýetildi.
Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda  Gahryman Prezidentiniň daşynda mäkäm jebisleşen halkymyz ýurdumyzda gazanylýan özgerişlere mynasyp goşantlaryny goşýar. Şeýle ajaýyp döwüri, eşretli durmuşy mähriban halkyna peşgeş
beren  Arkadag Prezidentine tüýs ýürekden guwanýar, buýsanýar we rowaçlyklar arzuw edýär. 

Şahymerdan Sary ogly,
ýazyjy.
 
# garagum_2018 Taryhy makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle