|

Adatdan daşary hadysa: 5.500 metr belentlikden bökse-de, ölmän galan seržant!

Adatdan daşary hadysa: 5.500 metr belentlikden bökse-de, ölmän galan seržant!

ADATDAN DAŞARY HADYSA: 5.500 METR BELENTLIKDEN BÖKSE-DE, ÖLMÄN GALAN SERŽANT!

Ikinji jahan urşunyñ ot alyp tutaşan ýyllarynda bombalaýjy uçarda gulluk eden seržant barýan uçarynyñ tehniki näsazlyk tapynanyny duýan badyna 5.500 metr belentlikden bökýär. Özem paraşýutsyz… Seržantyñ çöregi bitin eken, ol ölmän galypdyr we geñ ýeri, onuñ başyndan geçen mugjyzalar munuñ bilenem gutarmandyr.
Harby howa flotiliýasynyñ seržanty Nikolas Alkemade Germaniýany yzly-yzyna on üç gezek bombalansoñ, özüni birhili oñaýsyz duýup başlapdyr. Alkemade şol wagtlar bary-ýogy 21 ýaşynda eken.
Soñky uçuş oña şol wagta çenli berlen iñ kyn ýumuşdy.  Angliýanyñ Howa güýçleriniñ (RAF) Hüjüm ediji bölüminde "Lankaster" uçarynda top atyjy bolup gulluk edýärdi. "Lankaster" uçarynda top atyjy bolmagyñ öz howpy birýana, oña tabşyrylan ýumuşyñ kynlygy hem birýana bolupdyr. Uçarda hereket ediş mümkinçiligi çäkli bolupdyr. Hernäme-de bolsa, top arsenaly we dört sany "Browing" pulomýot sygar ýaly ýer bar eken. Şular ýaly daryşganlykda paraşýuty elýeterden has daşrakda goýmaly bolýardy. Hususanam "Lankasteriñ" uçýan 6.000 metr belentliginde howa juda sowuk bolupdyr. Sene 1944-nji ýylyñ 24-nji mart gijesi bolansoñ, howa heniz onçakly maýlap ýetişmändi we howa şeýle-de sowukdy.

■ Nikolas Alkemade

Alkemade nemes ýurdunyñ asmanyna aralaşyp, Frankfurt şäheriniñ üstüne ýetende garşylyklaýyn uçar hüjümine duçar bolýar. Soñra ol duýduryjy falşfeýerler (вспышка) we prožektorlar arkaly misli süýt deýin aýdyñlandyrylan Berline gelip ýetýär. Prožektorlaryñ göz gapyjy ýagtylygy nemes paýtagtyny bombalamaga gelen 300 sany bombalaýjy uçaryñ uçýan ugurlaryna bent bolup, olary ýekän-ýekän urup ýykmak maksady bilen asmany darak bilen daraýan ýalydy. 
Alkemade ahyrynda eşitmeli sözüni eşitdi: "Bombalary okla!" Iki tonna barabar weýran ediji bomba we üç tonna barabar ýangyn tutaşdyryjy bomba aşaklygyna şuwlap inýär. "Lankasteriñ" piloty Jek Nýuman uçarynyñ ugruny Angliýa tarap gönükdirensoñ arkaýynlyşýarlar.

■ Uçar näsazlyk tapynýar

Edil şol wagtam nemesleriñ beren garşylyklaýyn urgusy sebäpli uçaryñ Alkemadäniñ oturan ýerindäki bölüminde näsazlyk döreýär. 
Zenit ýaragyndan sowrulan ot gorag gatlagyny ýaryp uçaryñ aýnasyny kül-peýkun edýär. Alkemadäniñ endam-jany aýna gyýçaklaryndan dolýar. Şol wagtam olaryñ garşysyndan duşmanyñ "Ýunkers 88" bombalaýjy uçary görünýär. Nemesler öñem urga uçran uçarlaryñ gutarnykly tepbedini okamaga gelýärdi. Garşydaş uçar bilen aralarynda bary-ýogy 45 metr galýar. Alkemade duşmany nyşana alyp ot açýar. "Ýunkersiñ" yzky motory pytrap, uçar aşaklygyna gaýdýar. Seržant Alkemade birneme rahatlanýar.

■ "Bökmek gerek!"

Köp wagt geçmänkä uçaryñ böwsülen ýerlerini ýalyn gaplap alýar. Şol wagtam ruluñ başynda oturan ýoldaşy Jek Nýumanyñ sesi ýañlanýar: "Bökmek gerek, paraşýutyñy aç!" Ýöne paraşýuty goýlan ýerinden alaýmakda iş bardy, sebäbi paraşýut eýýäm ot alan yzky bölümde galypdy. Ol oduñ howrundan ýaña eräp biri-birine ýelmeşen gapylary açyp alawlaryñ içinden paraşýutyny almaga çalyşýar. Bu onuñ iñ soñky umydydy. Birinji synanşygy başa barmansoñ, ikinji gezek ýene almaga synanyşýar. Bu gezek ol eýýäm ot alan paraşýutyna gözi düşüp, alaçsyz yzyna öwrülýär.

■ Paraşýutsyz bökýär

Alkemade ölüm pursatynyñ golaýlanyny duýýar. Ýöne ol ýanyp ölenden özüni aşak oklap ölenini gowy gördi. Oduñ içinde azap çekip jyzzyk bolup ölenden, çalt we arassa öleniñ ýene ýagşydy. Özüni oklajak bolup durka eremäge başlan protiwogazyny dakynýar. Soñra arkanlygyna özüni aşak oklaýar.

■ "Eger ölüm diýilýänem şu boljak bolsa…"

Gorkudyr galpyldynyñ ýerini birdenkä  ynjalma duýgusy dolduryp alýar. Alkemade özüni diýseñ ýeñil duýupdyr. Soñ-soñlar ol muny şeýle gürrûñ beripdir: "Ses-sedasyz ümsümlik we asudalykdy… Hamala bulutlaryñ üstünde ýumşajyk ýassyga ýassanyp, dynç alyp ýatan ýaly boldum… "Ýere düşüp ölerin-ow" diýen pikir kelläme-de gelmedi. Şonda men "eger ölüm diýilýänem şu boljak bolsa, erbedem däl eken-ä…" diýip oýlandym".

■ Ýere düşüp barýarka-da oýlanmaga ýetişdi

Alkemade süññüne aralaşan rahatlykdan ýaña 5.500 metr belentlikden ýere gelip düşýänçä tegelek 90 sekunt gerek bolandygyny takyk hasaplamaga ýetişipdir. Ýogsam bolmasa ol ýene bir hepdeden soñ aljak wagtlaýyn rugsadyna ýetmäge sabyrsyzlyk bilen garaşyp ýördi. Ol indi söýgülisi Pýorly görüp bilmejegine gynandy. Howada arkanlygyna ýere tarap gaýyp gelýärkä ýyldyzlara syn edýär. Ol şonda adamyñ bu durmuşda biri-birine garşy edip ýören işleriniñ näderejede biderekdigine we akmaklykdan başga zat däldigine göz ýetirýär. Soñra özünden gidýär…

■ "Eý, Hudaýjan, ýaşaýan!.."

Alkemade näme üçin üşeýändigine düşünip bilmändir. Hasap boýunça ol özüni ölendir öýdüpdi. Birden gözüni açanda, agaçlaryñ arasyndan ýylpyldaşýan ýyldyzlara gözi düşýär. Öler ýaly çilim çekesi gelýär we çilim gabydyr çakmagyny çykýarýar. Sagadyna seredýär. Gije sagat 3:00 töwerekleridi, diýmek ol üç sagatlap özüni bilmän ýatypdyr. Birdenem nämeleriñ bolup geçenini ýadyna salýar we "Eý, Hudaýjan, men ýaşaýanmy!" diýip gygyranyny bilmän galýar.

■ Paraşýutsyz 5 km ýokardan düşdi

Hernäme-de bolsa agaçlar onuñ badyny haýalladan bolmaly. Üstesine 45 sm galyñlykdaky gar hem bar. Ol 5 km-lik belentlikden düşübem diri galypdy. Ýarasy-da onçakly agyr däldi: bary-ýogy ot çabran çala-çapdyr ýanyk yzlary we burkulan dyzy… Ýöne şobada ýöremäge mejaly bolmandyr. Soñ-soñlar ol şeýle diýýän eken: "Ýesir düşmek maña gorkuly görünmedi. Diñe kimdir biriniñ meni tapmagyny isledim. Hernä, tapdylaram".
Nemes esgerleri Alkemadäniñ üstünden baranlarynda, ol ýatan ýerinde çilim çekip ýatan eken. Ony ýerinden galdyranlarynda özünden gidipdir. Waka şu ýerde gutaryp dynaýmandyr…

■ Ýalan sözleýändir öýdüldi

Alkemade ýatan hassahanasynda başyndan geçenleri özüne seredýän lukmana aýdyp beripdir. "Paraşýutymam ýokdy" diýenden lukman ynanmazçylykly gülümsireýär we onuñ başyny sypaýar. Lukman Alkemadäni aklyndan azaşandyr öýdüpdir. Çünki adamyñ paraşýutsyz 5 km-den gowrak aralykda asmandan ýere düşübem diri galmasy görlüp-eşdiljek zat däldi. Frankfurtyñ golaýyndaky Dalag Laft konslagerinde-de ýagdaý öwerlik bolmandyr. Aýdýan zatlaryndan dänmändigi üçin Alkemade üç gezek soraga çekilýär we ahyrsoñunda bir adamlyk gözenege gabap goýulýar. Çinownikleriñ pikiriçe ol ýalan sözleýärdi, belki-de jansyzdy…

■ Ahyrsoñy ynanylýar!

Alkemade wakanyñ bolan 24-nji mart gijesinde özüniñ tapylan ýeriniñ golaýynda urlup ýere düşen "Lankaster" uçarynyñ tapylandygyny eşidýär. Onuñ öz uçan uçary bolup çykaýmagy we paraşýutyñ bölekleriniñ tapylaýmagy gaty ahmaldy. Eger şeýle bolsa onda onuñ ýalan sözlemändigi belli bolmalydy. Nemes leýtenanty Gans Feýdel munuñ bilen içgin gyzyklanýar. Geçirilen seljermede Alkemadäniñ paraşýutynyñ pilot bagjygy tapylýar. Görlüp oturylsa, klipsler we gaýyş kementler açylmandyr. Eger paraýşut ulanylan bolsa bularyñ ýerinden gopan ýagdaýda bolmagy gerekdi.

■ Alkemadäni kim goraýar?

Ähli bolup geçen täsinliklere garamazdan seržant Alkemade "13-nji bombalama" tabşyrygyny tamamlapdy. Onuñ soñky durmuşy gülala-güllükde geçipdir. Uruşdan soñ watanyna dolanyp, himiýa zawodynda işläpdir. Emma mugjyzalar welin yzy üzülmändir. Bir gezek onuñ üstüne 100 kilograma barabar polat basgançak gaýdýar. Alkemadäniñ kellesi çalaja sypjyrylypdyr we bejergisinem ýüzugra aýaküstünde alypdyr.
Bir gezegem tok urup çukura ýykylyp galypdyr. Tä halas edýänçälerem 15 minuda golaý wagt zäherli gazdan dem alyp ýatypdyr. Alkemade ýene-de ölmän galypdyr. Ol hamala birnäçe gezek ölümiñ bäri ýanyndan gaýtmak üçin dünýä gelen ýalydy. Ýogsa-da, Alkemadäni goraýan haýsydyr bir göze görünmeýän güýç barmyka?

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Geň-taňsy wakalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle