| |

«Adamyñ göwnüne degip bilemok…»

"Adamyñ göwnüne degip bilemok…" «ADAMYŇ GÖWNÜNE DEGIP BILEMOK…»

Geçen ýylyň aprel aýynyň bir güni bolsa gerek. Edaradaky telefonym jyňňyrdady. Trubkany göterdim. Ol özüni tanatdy. Tanyş at. Sebäbi birki ýyllykda ol hakda ýazylan gazet makalasyny okap, geň galypdym. Geň galmagymyň esasy sebäbi, onuň TSSR-­iň at gazanan artistidigi, türkmen milli teatrymyzyň düýbüni tutmaga gatnaşan adamdygy, şeýle­de bolsa, biziň şu çaka çenli o hakda oňly zat bilmeýändigimiz bolsa gerek.
Bazar Amanow, Aman Gulmämmedow, Sona we Suraý Myradowalar, Alty Garlyýew, Ogulgurban Durdyýewa… olar onlarça… Olam bu görnükli ussatlar bilen bir döwürde işleşen, sahnada yz galdyran adam bolmalydy. «Gabat gelişsek, gürrüňdeş borus­da» – diýip, öz ýanymdan pikir edipdim.
Bu gün bolsa ýaşulynyň özi jaň edip, meniň hal­ýagdaýymy soraýardy. Özem nämüçindir maňa «Allaýar aga» – diýip ýüzlenýärdi. Ol özüniň maňa jaň etmeginiň sebäbini aýtdy: ýaşulynyň meň bilen iç döküşesi gelipdir. Men göwünjeňlik bilen razylyk berdim. Şondan soň aradan bir aý töweregi wagt geçipdi. Bir günem ol meniň iş kabi­netimden garady. Saglyk­amanlyk soraşandan soň:
– Men size ýaşuly adammykan diýip pikir edipdirin – diýip, ýaşululara mahsus çalaja ýylgyrdy.
Biziň gürrüňimiz uzaga çekdi. Iş wagtynyň bireýýäm tamam bolandygyny hem duýmandyrys. Ol meniň bilen hoşlaşanda:
– Ýazmak hökman däl. Ýöne ýaşam birçene baransoň, içimi dökesim geldi – diýdi.
Men şondan soň «Ýazmalymy ýa­da däl?» – diýip, köp oýlanyp gezdim. Ahyram ýazmagy göwne makul bildim.
Ýaşula Allanazar Gurban diýýärler. Ol 1905­-nji ýylda Kakanyň Ýüzbaşy obasynda doglupdyr. 1926-­njy ýylda Aşgabatda drama studiýasy açylmagyndan öň paýtagta gelipdir. Drama studiýasyny 1929-­njy ýylda tamamlapdyr. Şo döwürde Magaryf halk komissarlygyndan «Kim okuwyny dowam etdirjek bolsa, Baku teatryna iberiljek. Ýer bar» – diýen habar gelýär.
Allanazar okuwa gitmäge göwünjeň bolýar. Ýöne ýanynda ýene bir ýoldaş bolaýsa kem görmeýär. Şonuň üçinem ol ýoldaşy Alty Garlyny göwnedýär.
– Bakuwa barsak, okuwlar azerbaýjan dilinde geçilýän eken. Ozal bu dili bilýänim üçin maňa kyn düşmedi. Alta kyn boldy. Agşamlaryna men oňa azerbaýjan dilini öwredýärdim. Näme diýseňem ol bu ýerde okamaga kän bir döwtalap däldi. Şonuň üçin Aşgabada kanikula zada gelenimizde­de bu ýerde galjak bolýardy. Bolsa­da eýdip­beýdip, men ony ýene göwnedip, bile yzymyza gaýdardyk. Bu ýer biziň üçin uly mekdep boldy. «Işçi­kenti» – diýip teatrlary bardy. Ol obalara aýlanyp, oýun görkezýärdi. Moskwadan uly­uly režissýorlary çagyryp, teatrda täze­täze spektakllary goýardylar.
Şeýdip biz 1931-­nji ýylda Bakuwy tamamlap, Aşgabada geldik. Gelsek: «Teatr Tejende« – diýdiler. Tejende ýoldaşlarymyzy idäp tapdyk. Ýagdaýlaryny görüp, nebsimiz agyrdy. Şo ýerde mende: «Obalara aýlanýan aýratyn teatr açyp bolmazmyka?» – diýen pikir döredi. Bu hakda Alta aýtdym. Aşgabada gelip, Magaryf halk komissarlygynda sungat ugurnda işleýän Ostrowerhowyň ýanyna baryp:
– Bu teatr häzir şu ýagdaýda ösmeýä. Täze teatr açalyň. Şolam obalara aýlansyn – diýdim.
Olam halk komissaryna aýdypdyr. Halk komissary:
– Pikir edip görüň – diýip, özüniň razylygyny duýdurypdyr. Alty, men, Ostrowerhow oturyp, bu hakda pikir alyşdyk. Alty şonda:
– Men­ä sahnada oýnajak – diýdi.
Režissýorlygy meň başyma düşdi. Işgär almaly. Hemmesini özüm tapyp işe aldym. Şeýdip şol ýyl respublikan kolhoz­sowhoz te­ atryny döretdik. Ol 1936-­njy ýylyň ahyrynda ýapyldy. Gynançly ýeri, şo teatr hakda hiç ýerde kelam agyz söz ýazylanok. Bu teatr hakda Merkezi döwlet arhiwinde bäş papka ýatyr. Şol arhiw materiallaryna bir adamyňam eli degmändir.
Hawa, onsoň Kerbabaýewiň «Nurbatlar» diýen pýessasyny işläp başladyk. Spektakly taýyn edip, ilkinji gastrolymyzy Kerki okrugyndan başladyk. Kerkide ýol urýanlar biziň ähli goş­golamlarymyzy taladylar. Janymyzy zordan aman sakladyk. Çarşaňňa baranymyzda, bir maşyn geldi. Görsek, Atabaýew. Ol: – Näme işleýäňiz? – diýdi. Başymyzdan geçen ahwalaty aýtdym. Ol kagyza bir zatlar-bir zatlar ýazyp, şofýoryň eline tutudurdy. Olam gidip, kän eglenmän bize pul getirdi. Çarşaňňyda otly kän duranok. Ýöne ýanymyzda galan­gaçan ýükümizi otla mündirýänçäk, otlynyň garaşmalydygyny Atabaýew duýdurdy. Şeýdip Aşgabada gaýdyp geldik.
Her gezek gastrola gidenimizde alty aýlap gidýärdik. Myrat Seýitnyýaz, onuň öňki aýaly Ogulkeýik Garajaýewa, Begmyrat Annamyradow, Ata Döwletow, häzirki halk hudožnigimiz Ýakup Annanurow…
Häzirki «Owadanyň» öňünde Daýhanlar öýi bardy Biz şonda ýerleşýärdik. Durdyly Çakanow teatryň ilkinji direktorydy. Ondan soň Hojaýew, Durdy Mämmedow boldy. Irden tä agşama çenli çaý içerdi. «Peý Mammet» – diýip, «Tokmakda-­da» çykdy. Teatryň iň soňky direktory Durdy Kelowdy.
Ýaňy aýdyşym ýaly, kolhoz teatry bäş ýyl işländen soň, ýapdylar. Menem Stalin, häzirki Mollanepes teatryna işe aldylar. Bu ýerde men Annaberdi Gurbanowyň «Artykgül» pýesasyny sahnada goýdum. Annaberdiniň özi okan ýerinden dogany Arap Gurbanowa:
– Şuny Allanazara okamaga ber. Şol sahnada goýsun – diýip, hat ýazypdyr.
Pýesanyň ilkinji ady «Baýdakly gyzdy». Sona Myradowanyň adamsy Atamyradow şol spektaklda özüniň ilkinji roluny oýnapdy. Ýeri gelende aýtsam, pýessany düýbünden üýtgedipdim. Annaberdi meniň bilen doly ylalaşypdy. Ol gaty gowy ýigitdi. Zehinli oglandy.
Teatrda Aman Gulmämmetden, Bazar Amandan, Gylyç Berdiden ybarat režissýorlar topary döredildi. Olaryň içinde menem bardym.
Mdiwanynyň «Watan namysy» atly pýesasyny sahnalaşdyrmagy Gylyç Berdä tabşyrdylar. Emma ol muny soňuna çenli alyp barmady. Şonuň üçinem men ony doly sahnalaşdyrmaly boldum. Afşada weli režissýor diýip Gylyç Berdiniň adyny goýdurdym.
Ata Gowşut teatr bilen şertnama baglaşan eken. Öňünden gonorarynyň bir böleginem alypdyr.
– Ata Gowşudowyň pýesasy sahnalaşdyryljak – diýip, dört ýyllap afşada­da görkezildi. Emma Ata aga pýesasyny öz wagtynda getirmedi. Soň ol 300 sahypalyk zat getirdi. Aman Kekilow bilen Garaja Burunow iki günläp muny oturyp okadylar. Hiç kim hiç zat diýmänem çykyp gitdiler. Bir gün Aman Gulmämmet golýazmany goltugyna gysyp, meň ýanyma geldi.
– Maňa tabşyrjakdyr. Bul­a işimi görjegow – diýip içimden pikir etdim. Pikir edişim ýaly boldy. Bolsa­da syr bildirmän:
– Sag bol, Aman aga! – diýip, ony alyp galdym.
Özünem spektakl teatryň 10 ýyllygynyň dabarasynda görkezmeli. Pýesany öýe äkidip kladowka taşladym. Işim «Krasnaýa letopis» diýen žurnaly, graždanlyk urşunyň gündeligini okamak boldy. Bir aýlap okadym, pikir etdim. Düýşümde­de şol. Pýessanyň ady «Ýagmyrdy». Ýaňkyny işläp başladym. Okaýan. Ýöne bir galamam degremok. Hemmesi kalbymda. Öz­özüme gürrüň berýän. Bir gün Aman Gulmämmediň ýanyna geldim Irräk gelipdir­de grim edinip, geýinip duran eken.
– Araky pýessa barada gürrüň berjek. Gulak as! – diýdim. – Bolýa – diýdi. Gürrüň berip başladym. – Munyň gürrüň. Ýetişmersiň – diýdi. – Kagyz ýüzüne bir hepdede geçirerin – diýdim. Gürrüň berip başlandan kellesini aşak saldy. Ýagdaýyna düşündim.
Ertesi welosipedimi mündüm­de, Ata Gowşudowyň öýüne ugradym. Kalinin köçesinde ýaşaýardy. Öz pýessasyny maňa berenliginden habary ýok eken.
– Hä, näme gerek? – diýdi.
– Gürrüň berjek – diýip, ýagdaýy aýtdym.
– Bar, bar. Aman bilen Bazar goýmajak bolsa, goýmaň – diýdi. Gürrüňimiz alyşmansoň, lapykeç dolanmaly boldum. Ertir ýene bardym.
– Şu zeýilli çykdy. Saňa ýamanlygym ýok. Diňle. Bolsa «bolýa», bolmasa­da «bolanok« diýdim. – Gir onda – diýdi.
Gürrüň berip başladym. Gowy gulak asanok. Ep­esli gürrüň berenimden soň, gyzygyp ugrady.
– Bä­ä – diýip, ikigöwünli boldy.
– Ertir irden gelip, ýamaşgan gürrüň ber. Köp ýerine üns bermedim – diýdi.
Ertesi geldim. Garşylaýşy weli öňki ýaly däl. Başgaça. Indi menem ynamly gürrüň berýän.
– Bi­ýä, gowy zat boljak ýaly – diýdi.
– Ertir ýene gel, birinji kartinasyny äkit – diýdi. Gelsem, ýazypdyr. Gürrüň berşim ýaly. Ýöne käbir zatlardan sowlupdyr.
– Galan böleklerini men özüm ýazaýyn. Öňki bölegini düzedeýin – diýsem, – Bolýa, bolaňsoň ikimiz oturyp maslahatlaşarys – diýdi.
Ol şeýle diýensoň, kellämdäki ähli zatlary kagyza geçirdim. Ata aga okap, begendi. Soň kollektiwde okadyk. Olaram begendi. Pýesa artistlerde höwes döredip bilse, onda spektaklyň şowly çykjakdygy bellidi. Şeýdip, ony işläp başladyk. Iň soňky güne çenli: «Pylany, şu sözüňi öçür, şuny ýaz« – diýip, repetisiýada üýtgedýärdik. Pýesanyň adyna­da «Juma« dakdyk. Jumanyň roluny Bazar Amana, Stepanowyň roluny bolsa Gylyç Berdä tabşyrdym.
Ýöne men şu ýerde Stalin teatryndan gitmegimiň düýp sebäbini aýdaýyn. Muny şu çaka çenli hiç kime aýtmandym.
Spektaklyň işi gowy gidýärdi.
Onuň sahnada görkeziljek wagtam golaýlaýardy. Emma göriplik edip, spektaklyň režissýorlygyny öz ellerine aljak bolýan işdeş ýoldaşlarym maňa badak atjak bolýardylar (belli sebäplere görä – men olaryň atlaryny agzamakdan saklanmagy makul bildim – awtor). Olaryň biri NKWD­-niň agentidi. Olar:
– Spektakl tamamlansyn. Içinden bir zat tapyp, Allanazary basdyrarys – diýýän ekenler.
Spektaklyň premýerasy şowly geçdi. Oňa hökümet çlenleri gatnaşdy. Şaja Batyrowam şol wagt sungat işleri baradaky uprawleniýäniň naçalnigidi. Premýera gutarandan soň tomaşaçylar el çarpyp:
– Režissýory, awtory sahna çykaryň – diýip, gygyryşýardylar. Men Ata Gowşudowy öňe itip, özüm daşaryk çykdym.
Şo günüň agşamsy Aman Gulmämmet, Bazar Aman, Gylyç Berdi, adminstrator Kudaşow dagy bolup, restorana baryp, spektakly ýuwduk.
Spektakly tabşyranymdan soň, işdeş ýoldaşym Gulkişi Gulmyrat (şo wagt teatryň ýerli komitetiniň başlygydy):
– Sen hakda gizlin ýygnak geçdi. Ýöne işiň gowy gidensoň seň keýpiňi bozmadym – diýip, hemme zady gürrüň berdi.
– Pýessada Ata Gowşudowyň sözleri ýok, hemmesi Allanazaryň öz sözleri – diýip NKWD­ä ýamanlapdyrlar.
Pýessada Stepanowyň daýhanlaryň arasynda wagyz geçirýän sahnasy bar.
— Bä, orsuň içinde­de beýle adam bar eken.
– Aý, doňzuň agy näme, garasy näme – diýdirýäs­dä. Olar şuny tutaryk edýän ekenler.
10 ýyllyk dabara mynasybetli Halk Komissarlar Sowetiniň minnetdarlyk haty geldi. Şol spisokda Garaja Burun bilen meniň adym ýokdy.
Ertesi teatra Ata Gowşut geldi. Gonoraryny alypdyr. Aman Gulmämmedem ýanynda. Ata aga oňa ýüzlenip:
– Siz Allanazara özüňiz bir zat berýäňizmi? Ýa­da men şunuň köpüsini berjek (puly görkezip) – diýdi. Men şonda:
– Ata aga, köp sag boluň, ol siziň öz eseriňiz ahyryn – diýdim. Aradan birküç gün geçdi. Maňa ýamanlyk etjekleriň biriniň goltugyndan golumy geçirip, gowy gürrüň berip ugradym. Teatryň ýanyna geldim. Ony asylgy duran gara tagtanyň ýanynda sakladym. Ol adama teatryň oglanlary «Şepi» diýýär.
– Şepi – diýdim, – tä ölýänçäň seň ynsabyň, ýüregiň şu gara tagtadan üýtgejek däl. Ömürlik şu gara tagta ýaly bolup galajag­ow. Indem, köp sag bol. Bile işleşdim. Teatrda beýle ýagdaýda işläp biljek däl – diýdim.
Bir soran zady:
– Nirä gitjek? – diýdi.
Şeýdibem teatrdan gaýtdym. Kinostudiýanyň direktory Nowiskiý meniň ýagdaýymy eşidip:
– Eger Allanazar işden boşasa, bize geçiriň – diýip, Annagurdowa aýdypdyr.
1940-­njy ýylda dublýažda işläp başladym. Şondan öň Altam öýkeläp, menden öň kinostudiýa işe geçipdi.
1942­-nji ýyldy. Alty Garly, Aşyr Meläýew, men kinostudiýanyň howlusynda otyrdyk. Nowiskiý biziň ýanymyza gelip:
– Ýaňy SK­da boldum. «Eýrana giden goşunyň arasynda «Çapaýew» flmini pars dilinde görkezilse gowy boljak» diýip aýtdylar – diýdi.
Olam muny:
– Bizde ony oňarjak adam ýok – diýip, boýun almandyr.
Şonda oňa:
– Boýun alan bolsaň, men ederdim, – diýdim.
– Aý, ýog­a. Sen ony başararmydyň – diýip, geň galdy. – Başaryn – diýdim.
Ol şo ýerden paýtunyna mündi­de, SK­a eňdi.
Halyl Jelilow flmiň montaž listini pars diline geçirdi. Menem dublýäžyň režissýory. Aşyr Melänem assistent edip ýanyma aldym.
Indi artistlerden ber habary. Pars dilini bilýän artist ýok. Halyl Jelilow «Hudožestwennyý» kinoteatryň direktorydy. Oňa Furmanowyň roluny tabşyrypdym. Artist Gurban Ryzaýewe Çapaýewiň roluny berdim. Aý, garaz, her hili kärdäki adamlara rollary bölüşdirdik.
Özümizem aç. Bir topar çagam bar. Işe­de gije sagat 12-­den soň başlamaly. Daň atynça­da işlemeli. Gözlerde açlykdan ýaňa yşyk ýok. Alaç tapman, ýedi adamyň deregine özüm gepledim. Dagy nätjek, köpüsi bäş sözi aýdyp bilenok. Men parsçany erbet bilemokdym. Sebäbi 10-­12 ýaşlarymdaka Eýran obalarynyň birinde ýaşap, çopançylyk edipdim.
Bir ermeni ýigidi bardy. Ol bize administratordy. Kakasy hudožnikdi. Ine, flmdäki ýazgylary oňa gowy edip ýazdyrýardyk.
Filmi boldum etdik. Komissiýa düzüldi. Şonda professor Poseluýewskiý çykyş edip, dublýäžyň hiline oňat baha berdi. Onuň özi pars diline gaty suwarady.
Film Eýranda görkezilipdir.
– Film pars dilinde gowy garşylandy – diýip, Eýranda hereket edýän goşunyň syýasy bölüminden hat geldi.
Men ýaňy flmde ýedi adamyň deregine ses berdim diýipdim. Şertnama görä, şol adamlaryň hemmesine pul tölendi. Özüm hiç zat almadym…
Soň Allanazar Gurbanow Kakadaky döwlet drama teatrynda iki ýyla golaý (1943-­1945 ý.ý.) işläpdir. Ilkinji baran wagtlary Aman Kekiliň «Men garry däl» pýessasyny sahnada goýupdyr.
– Pýesa iki kartina goşdum. Awtoryň özüni çagyrdym. Agşam öýde ýatdyk. Ertir teatra bardyk. Zalda diňe ikimiz. Sahnada oýnap başladylar. Göz astyndan Amany synlaýan. Ol bir maňa seredýär, birem äpişgä.
Arasynda­-da:
– Meň sözlerimden käbiri çawup gelýär­ä – diýýär. Oýny doly görkezdik. Aman şonda:
– Göwnüm ýetdi – diýip, hoşal bolup Aşgabada gaýtdy.
Şondan geçse, birki gün geçendir­dä. Teatryň jaýy poçtanyň garşysynda ýerleşýärdi. Bir gün bir gyz ylgap gelýär. – Sizi Aşgabatdan soraýarlar – diýip. Barsam, Aman Kekil.
– Pýessany Şaja Batyra okap berdim weli, düzediş aýtdy. Seňki bilen deň gelýär. Şony iber. Düzetdim – diýip, Şaja görkezjek – diýdi.
Bir gezek Ýazyjylar soýuzyna baranymda Aman meniň elimi goýbermän, şo wakany ýoldaşlaryna gürrüň berdi.
Soň Hoja Şükürüň «Horezm» pýesasynyň üstünde işläp başladyk. Arada Mämmetdurdy Annagurdow öýe geldi.
– Şoň ýaly edip, Stalin teatrynda goýan bolsak, ol ömürlik galardy – diýdi.
Pýesany sahnalaşdyrmazdan ozal men Hoja Şüküri Kaka çagyrdym. On günläp öýde boldy. Pýessany üýtgetdirdim. Emma Stalin teatrynda öňki warianty gitdi. Biziňki weli, öňküsinden düýbünden üýtgedi. Işe başladyk. Teatryň sahnasy dar. Egin­eşik gerek. Bir tikin maşynymyz bilen, bir orus tikinçi aýalymyz bar. Birentek eşiklerini özüm tikdim. Hywa hanlarynyň donlaryny bolsa, özüm biçip berdim. Gaýrat edip işledik. Premýeranyň görkeziljek wagtam daş däl. Hoja Şükür begenip, Mara, oba barýar.
– Iki ýerde spektaklym görkeziljek – diýip, begenipdir.
– Spektakl görkeziljek – diýip, Hoja telegramma iberjek bolup ýörkäm, Marydan telegramma geldi: «Hoja Şükür öldi» – diýip.
Spektaklyň baş repetisiýasyna Aşgabatdan, sungat uprawleniýesiniň naçalnigi Mämmetdurdy Annagurdowy çagyrdyk. Spek­ takl oňa güýçli täsir edipdir. Aşgabada gelen soň, SK­a barypdyr. – Şuň ýaly adam bar – diýipdir.
Şondan bir hepde geçen soň, maňa «TSSR-i­ň at gazanan artisti» – diýen at berildi. Emma men şu ady hiç ýerde agzamok. Garyndaşlaryma çenli arada bildiler.
…1947­-nji ýylyň başlarynda, Aşgabatda Ýaş tomaşaçylar teatry açylýar. Allanazar Gurbanowy şoňa çeper ýolbaşçy edip iberýärler. Arbuzowyň «Gyzyl galstuk» pýesasyny sahnalaşdyrmaga başlaýarlar.
– Bir topar çagam bar. Kiçisi bir ýarym ýaş. Şo wagtam aýalym keselhana girdi. Göwresinde çagasy. Çaga­da, aýal­da gitdi. Nät­meli? Hiç hili hossarym­da ýok. Çagalary teatra getirýän. Şol ýerde ýatyrýan. Ahyry Meret Atahany çagyryp:
– «Gyzyl galstugy» goý. Meň ýagdaýym şeýle – diýdim. Oňa çenlem teatr ýapyldy.
Teatr ýapylandan soň men Şajaň ýanyna bardym. Ol şol döwürde TKP MK-­nyň birinji sekretary. Aramyz gowudy. Stalin teatrynda Samet Wurgunyň «Ynsanyny» sahnada goýanymda, oňa ilki azerbaýjança, soň türkmençesini okap beripdim. Halapdy. Ýagdaýymy düşündirdim.
Ol:
– Garadamak sowhozynyň direktory işden çykdy. Töwerek­daşyma göz aýlaýançam, şol ýerde işläberseň – diýdi.
Ol ýerde men sekiz ýyldan gowrak işledim. Soň öz arzam bilen işden boşadym. Medeniýet ministri Gylyç Kulyýew meni Mollanepes teatrynyň direktorlygyna bellejek bolanda:
– Suhan Babaýewiň garyndaşydyr – diýip, SK-­dan rugsat bermändirler.
Men Gylyç bilen Bakuwda bile okadyk, bir umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşadyk.
Soň kinostudiýa direktor etjek boldy. Olam başa barmady. Şo ýerde senariýa bölümde müdir bolup işläp başladym. Muny eşidip, ol hökümdar meni ol ýerdenem aýyrtdy. Soň opera we balet teatrynda oýun goýujy bölümiň müdiri bolup işledim.
1965­-nji ýyl. Ýaşym dolansoň, bir günem eglemän pensiýa hakdaky dokumentimi alyp, öýe geldim. Diwarda söýegli duran merdiwany alyp, radionyň simlarini kesişdirdim. Ýere keçe ýazdym­da, ýatdym. Şondan soň hiç ýerik çykmadym. Bir gezek magazinde tranzistor satyn aldym. Satyjy oglana: – Eýrany tutup ber – diýdim. Tutup berdi. Şondan bärem men şol stansiýany bir gezegem üýtgedemok…
Allanazar aga sözüne dyngy berdi. Gürlemän birsellem durdy. Dogrudanam, meni onuň gürrüňleri tolgundyrdy. Adamyň göwni näzik bolýar. Aýna çalymdaş. Bir döwüldigi, ony aňsat­aňsat oňki kaddyna getirip bolanok. Allanazar aga­da durmuş ýolunda köp kynçylyklary görüpdir. Bu ýolda oňa basdaşlyk edip, aýagyna badak atanlaram, onuň çekýän zähmetine sarpa goýýanlaram bolupdyr.
– Nebir zehinli oglanlar geçen jeňden gaýdyp gelmediler. 37­38­-nji ýyllarda türkmen oglanlarynyň bir toparyny Moskwa okuwa iberdiler.
Aşgabada gelensoňlar şolaryň köpüsini fronta ugratdylar. Ýogsam alyp­galybam bolýardy. Şol Şebi diýýänim Proletar köçesinde ýaşaýardy. Menem onuň goňşusy. Her gün agşam onuň öýi harby komissariatyň işgärlerinden doludyr. Keýp çekýärdiler. Bar küýi­-pikiri şol oglanlary fronta ibertmek. Ol maksadyna­da ýetdi. Ählisini harby komissariata çagyrdylar.
Aýna zawodynyň ýanyndan fronta iberdiler. Şonda Meret Atahan gijä galyp geldi.
– Sen gerek däl – diýdiler.
Menem, kärdeşlerimiziň birnäçesi, ýaňky Şepi diýýänimem, olary ugratmaga gelipdik. Annaberdi neressede gitdi. Gelmedi. Olary ugradyp gelýärkäk, men Şepä:
– Indi bu gije arkaýyn ýatarsyň – diýdim. Sesini çykarmady…
Allanazar aga türkmen sungatynyň ägirtleri bilen iş salyşan adam. Ol türkmeniň uçursyz zehinli ogly Alty Garlynyň ýakyn dosty bolupdyr.
– Altynyň maşgalasy gaty garypdy. Onuň çopançylykdan başga gören zady ýokdy. Häzirki Botanika bagynyň bäri ýüzünde karýerde daş gazylyp alynýardy. Alty Tejenden gelip, şo ýerde işläp, gazanç edýärdi. Araba gelýänçe­de harp öwrenýärdi. Egninde­-de biz köýnek, biz balak telim ýamaly. Syýa çüýşäni bilinden asyp goýýardy. Olam balagyny zaýalaýardy.
Özi gaty garagoldy (ýylgyrýar). Bakuwda okanymyzda dagy köp garagollyk edendir. Okuwyny taşlajagam boldy. Höre­köşe edip sakladym. Garagollugynyň üstüni ýapmak maňa iş bolýardy.
Teatrda işläp ýörkäk, Alty bulagaý bir iş etse, Annagurdowyň orunbasary Maksimowiç onuň özüni çagyrman, meni ýanyna çagyryp:
– Dostuňa käýe, dostuňa aýt – diýip tabşyrýardy.
«Aýna» pýesasyny ýazanda, Alty Garlyň ýanynda menem bardym. Han aganyň rolunda men oýnadym. Guwanç Kerimi öz kitabynda şo roly öwýär. Spektaklda bir ýaltanyň roly bar. Alta men: – Öz sözlerim bilen şo ýalta aýtjak zadym bar – diýdim. Omar Haýýamdan, Ferdöwsiden mysal getirip, aýtdym oňa. Halk şony gowy gördi.
Otuz ýedinji ýylda Altyny teatrdan işden boşatdylar. Ýygnak geçirdiler. SK­-da, Agitpropda işlän Tahyrowam şo ýygnaga gatnaşdy. – Ösüp barýan artist, işden kowma:ly – diýsem, Tahyrow:
– Synpy duşmanlaram öňde barýandyr – diýip, çykyş etdi. Pensiýa çykamsoň, ähli seýrek kitaplarymy daňyp, Alty Garla berdim. 1933­-nji ýylda Daşhowuzyň Jygyllyk bazarynda kitap satyn alypdym. Soň şoň ýaly kitaby maňa Ata Gowşut beripdi.
– Indi men sungata baramok – diýip, ikisinem Alta berdim.
Şo kitaplar Gökdepe söweşleri hakdady. Indi şoň birini sorasam, ogly Myrat berenok…
Annaberdi Gurbanowyň «Artykgül», özbek dramaturgynyň «Muhabbet», Midiwiananyň «Watanyň namysy», S.Wurgunyň «Ynsan», Ata Gowşudowyň «Juma» we başga­-da birnäçe – birnäçe pýessany sahnada goýup, tomaşaçylaryň alkyşyny alan Allanazar Gurbanow häzir 88 ýaşynda. Ol heniz 20­nji ýyllarda ilkinji türkmen drama studiýasynda okaýarka Kakanyň Ýüzbaşy obasynda Ogulgurban Durdyýewany we onuň adamsy Nury Durdyýewi Aşgabada okamaga getiripdi. Soň bularyň ikisem, zehinleriniň açylyp ugraýan uçurlary teatrdan gysylyp çykarylypdy. Ykbal öňde­soňda Ogulgurban Durdyýewany ýene­de uly sungata goşupdy. Ol «Aýgytly ädim» filminde enäniň gaýtalap bolmajak obrazyny döredipdi. Men öz içimden: «Eger Allanazar aga sebäp bolmadyk bolsa, onda Ogulgurban Durdyýewa Aşgabada gelip, teatr ugrundan okamasa­da okamazdy» diýip pikir etdim. Şonda meň garşymda oturan Allanazar aganyň mertebesi hasam ulalan ýaly boldy.
Men azerbaýjan şahyrlarynyň şygyrlaryny öz dillerinde ürç edip okaýan. Näme üçindir olar maňa ýakyn. Nyzamyny okanda lezzet berýär. Häzir bolsa Fizulyny okaýan. Azerbaýjanda Natuwan (Hurşidbanu Natewan -t.b.) diýen şahyr ýaşap geçipdir. Zenan şahyr. Ony şahyrlyga iteren zat oglunyň ölümi bolupdyr. Şondan soň dünýä sygman, goşgy ýazyp başlaýar.
Ajaýyp şygyrlary bar… Köp­köp şahyrlar goşgy ýazanda şoňa öýkünip ýazypdyrlar…
Allanazar aga täsin söhbetdeş. Onuň sungat bilen hoşlaşanyna indi otuz ýyla golaý wagt geçse­de, häzirem ýüregi sungatda. Edebiýaty ýüregi bilen söýýär. Hakyky zehin şeýle­de bolmaly. Ýöne çyn zehiniň töwereginde niýeti bozuk basdaşlary, garşydaşlary ýeterlik. Men olary gara tikene meňzedesim gelýär. Olaryň öňünde duraýmak, aňsat­-aňsat her kime başardaýanok. Allanazar aga­da şolaryň öňünde durup bilmedikleriň biri bolsa gerek. Ol gürrüňiniň bir ýerinde:
– Adamyň göwnüne degmezlik üçin, özüme nähili kynçylyk bolsa­da çekýän – diýdi.
«Sungat pida talap edýär» – diýýärler. Ýöne gara tikenleriň pidasy bolmak, hiç bir zehine görkezmäwersin.

1992 ý, fewral. Teatr we kino sungaty

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle