Adamlara täsir etmek sungaty (ýaş galamdaşlaryma maslahat)
Ýurduňy tanamak hakynda
Öz ýurduňy tanamak üçin onda dogulmak, onda ýaşamak, onda ömrüňi ötürmek ýeterlik däl. Öz ýurduňy tanamak üçin ony hemişe öwrenmek zerur. Öwrenmek üçin bolsa onuň durmuşyna garylyp-gatylmak, her daban ýerini özüňe ýakyn tutmak, özüňki diýip bilmek, bagtyň hasaplamak zerur.
Tozanlyja ýol-ýodalarynda aýakýalaňaç ylgaman, ak çägesiniň gyzgynyny dabanyňdan depäňe çenli siňdirmän, daglaryny kemer-kemer syryp, baglarynda miweler üzmän, gar-ýagşyna ýüzüňi ýuwup, suwlarynda salkynlaman, geçmişe heýkel bolup oturan galalaryndan taryhyň ýaňyny, ata-babalaryň sesini eşitmän, ekinzarlyklaryndan gözüň dokunyp, lälezarlyklaryndan göwnüň göterilmän, bagt şuglasyny munuň özünde görmän… ýurduňy nähili tanap bilersiň, oňa neneň düşünip bilersiň, ony nädip söýüp bilersiň?!
Çagakak, ýaz ýagşynyň şahalardaky damjalarynyň bir böleginiň topraga syrygyp, bir böleginiň ter baldaklara birleşip, ýene bir böleginiň howa siňip gidişine şaýat bolardyk. Gämikleriň ýarylyşyny, otlaryň börtüp çykyşyny ýatyp synlardyk. Pyntyklaryň ýarylyp, ýapraklaryň ýazylyşyna, gunçalaryň ýylgyryp, gülleriň açylyşyna gözümiziň agy saralýança seredip melul bolardyk. Şonda olaryň sesini hem eşiderdik. Hawa, otlaryň gögerip çykyşynyň we ösüşiniň hem, pyntyklaryň ýarylyşynyň we ýapraklaryň ýazylyşynyň hem, gunçalaryň ýylgyryp-ýylgyryp, güller bolup açylyşynyň hem… — bularyň barynyň öz sesi, öz owazy bar. Öz topragyna, öz tebigatyna iňňän ýakyn duranda, adam özgeleriň görüp bilmeýänlerini görýär, özgeleriň eşidip bilmeýänlerini eşidýär, özgeleriň duýup bilmeýänlerini duýýar. Şu gudrata, şu mukaddeslige ynsanyň körpe perzendi wagtyň ýetmegiň lezzeti hem, gymmaty hem başga. Şol pursatlar göwün päkliginiň, öz ýurduňa, öz tebigatyňa söýginiň mizemejek esaslaryny goýýar. Mahal-mahal tebigata juda golaý baranymda, göz öňümde şol täsinlikler gaýtadan janlanýar, gulagyma şol owazlar gaýtadan eşidilýär. Ol wagtlar kä sag gulagymyzy, kä çep gulagymyzy ýere berip, Zeminiň sesini hem diňlärdik. Ýaşyl ýaýlada çiň arkan düşüp ýatyşymyza, gündizlerine bulutlar bilen habarlaşardyk, gijelerine ýyldyzlar bilen göz gypyşardyk…
Joşgun berdi ýüregme däli derýaň tolkuny,
Goýny gyzgyn Garagum çaýdy oňa ýakymy.
Aýakýalaň, başaçyk ylgadym giň düzlere,
Degdi gyşyň aňzagy, tomsuň ýalny ýüzlere.
Käte ýüzdüm sährada, käte süzdüm jeňňeli,
Demim bilen garyşdy goja dünýäň demleri.
Siňdim gitdim jahana garlar, ýagyşlar bilen,
Keýik bilen kowuşdym, saýraşdym guşlar bilen.
Şol çagalyk ýyllarym, şol oglanlyk ýyllarym
Bir demde geçdi gitdi — çakyp giden ýyldyrym.
Haka diýdim her saba köňül islän işimi,
Soňra doýman synladym Günüň parlap dogşuny.
Şeýde-şeýde geçirdim ömrümiň gül baharyn,
Indi köňül baýlygym dünýä seçjek mahalym.
Eşidenim, görenim, öwrenenim, alanym
Ak kagyzyň ýüzünde keşde eýlär galamym.
Öz sözümi aýdaryn ýüregim-janym bilen,
Eger syýa tapmasam, ýazaryn ganym bilen.
Ol ýöne bir hat däldir, ýoldaşdyr her ynsana,
Dogry sözi täç eden öwrer ony imana…
Ine, şu — durmuşyň üçinem, döredijiligiň üçinem ilkinji zerurlyk, gönezlik. Eger haýsy zatlar döredijiligime has beter täsir eden bolsa, olar, meger, hatda halypalardan, kitaplardan hem öňdäki zatlardyr — öz ýaşaýan tebigatyma juda ýakyn durup gören, eşiden, duýan, özümçe öwrenen, akyl ýetiren zatlarymdyr. Olar hiç aňymdan çykanok. Olary goşgularymda gaýta-gaýta ýatlaýaryn… «O günler» atly goşgyma bolsa şol täsirler, ine, şeýleräk siňipdir:
Obamyň baglaryn ýatlaýan ýene,
Ýatlaýaryn onuň garry tutlaryn.
Şol ýyllary ýatlap aglaýan ýene,
Indi ömür ol ýyllara duşmaryn.
Tomsuna toraňňyň astynda derläp,
Derýanyň sazyna salkynlanypdym.
Padymanyň ak atyny eýerläp,
Edil ýeller ýaly erkinlenipdim.
Ýatlaýaryn baglaň üstünde gezip,
Ol şahadan şaha towsan günlerim.
Anha, däli derýaň tersine ýüzüp,
Ýyldyrym tizligne duşan günlerim.
Şol ýerlerde çagalygmyň azary,
Şol ýerlerde öz ösdüren tallarym.
Ýumruk ýalyjakkam derläp mazaly,
Ekin eken, harman atan ýerlerim.
Soňra biraz üýtgeşipdir ol ýerler,
Heňňamlardan ne alamat ýetipdir.
Ýeller ony sypap-sypap ötüpdir,
Ýyllar ony darap-darap ötüpdir.
Ýok ozalky ýörelenje ýodalar,
Ol ýyllara şaýat garry tutlar-da.
Özgeripdir köne düzgün-kadalar,
Öňküsi däl, men olara duşsam-da.
Iýlip, gujagynda galan miwesi
Kişde bolup giden köne bagam ýok.
Dert içinde düwün-düwün synasy —
«Göroglyny» diňläp aglan babam ýok.
Ýok indi ozalky adam saýlaýan,
Jepalyja günler — ýowuz şalyklar.
Raýyşyndan baksaň, başyň aýlaýan,
Bil guşap gazylan köne aryklar.
Barsam, geň ahwalat galdy gözümde,
Ýüzüm aşak saldym, gysdym egnimi.
Obam, ady aýdym bolan dilimde,
Tanamady öz ösdüren ýigdini.
Menem tapjak bolup galdym kän derde,
Onuň öňki şeklin, ozalky bolşun.
Nämeler üýtgänem bolsa bu ýerde,
Eziz Allam, hernä gowluga bolsun!
Bir zat bakylyga ýar bolsa eger,
Ony derrew duýýaň, gümansyz, görýäň:
Şelpe kakýar munda gözel petdeler,
Tolkun atyp akýar şol däli derýa…
…Adam käte bilmeýän zady hakynda bir zatlar çyrşaýar. Göräýmäge, bolýan ýalydyr, emma bolýan däldir. Goşgy diýip ýazýany goşgy däl-de, ýöne goşgynyň şekilidir. Makala diýip ýazýany makala däl-de, ýöne makalanyň şekilidir we ş. m. Bilmeýän zadyň hakynda, hernäçe timarlap ýazsaň-da, gowy eser döretmek mümkin däl. Bilmeýän zadyň hakynda aýdyp, illere näme öwredip bilersiň?! Diňe bilmek hem ýeterlik däl, bilýän zadyň aňyňa hem ýüregiňe ornaşan bolmaly, seniň bilen birleşen bolmaly. Soňra bişişen bolmaly, şondan soň zehiniň zarbyna gaýnap çykmaly.
Ýurduňda näçe derýanyň, näçe kölüň we beýlekileriň bardygyny ýat tutmak bir başga, olary gözüň bilen görmek, ýüregiň bilen söýmek bir başga.
Öz ýurduň mübärek topraklaryna gadam basyp, onuň gadymyýetden galan yzlaryny, dynman özgerýän keşbini görüp durmak öz mähriban ataň bilen eneňe salama baryp, olaryň halyndan häli-şindi habar alyp durmak ýaly ýakymly täsir döredýär.
Munuň özi zyýaratdyr. Zyýarat diýlen zat bolsa türkmen üçin diňe barmak, görmek, aýlanmak däldir. Muňa görä has çuňňur, has uly mana eýedir, mukaddeslige deňdir. Baryp tagzym etmekdir. Hormat etmekdir, baş egip salam bermekdir, sežde etmekdir.
Ine, şonda geçmişiň beýikliginiň şu günüň beýikligi bilen sepleşýändigini görüp bolar. Ine, şonda şu günüň beýikliginiň geljegiň beýikligini döredýändigini duýup bolar. Ine, şonda ýurduňy tanap bolar, iliňi tanap bolar. Öz tebigatyňa akyl ýetirip bolar. Nireden gelip, nira barýandygyňa düşünip bolar…
…Şeýdip buýsanç döreýär. Mizemejek buýsanç. Öz halkyňa, öz ýurduňa, öz tebigatyňa buýsanç!
Şeýdip aýdym döreýär. Könelmejek aýdym. Öz halkyň, öz ýurduň, öz bagtyň baradaky aýdym!..
Ine, onsoň mähriban Watana ýüzlenip, tüýs ýürekden şeýle diýýärsiň:
Seni söýen dosta-ýara düşüner,
Seni söýen namys-ara düşüner,
Seni söýen hak hossara düşüner,
Seni söýen howandara düşüner.
Okamak medeniýeti hakynda
Türkmen — okumyş halk. Kitaby söýýän halk. Kitaba ynanýan halk. Kitapda aýdylanlary ýaşaýşyň kanuny ýaly görýän halk. Kitabyň gymmatyna düşünýän halk. Magtymguly ýaly akyldarlarynyň döreden, «Görogly» ýaly şadessanlarynyň süňňüne siňdirilen many-mazmun, pikir-düşünje, pähim-pelsepe baýlygyny ýüreginde hem aňynda göterip gelen halk. Ýeke kitaba ýalňyz ekleýjisini — guba düýesini beren Welmyrat aga ýaly adamlary bilen tanalan halk.
Türkmen — okamagyň döretmek bilen deň hatarda durýandygyna düşünýän halk.
Bilim almagy sungat, senet döretmek derejesinde görýän halk. Şunuň bilen baglylykda: «Bir okana bar, bir — dokana» diýipdir. Bu sözden halkymyzyň okamak, bilim almak diýen zadyň uly baýlykdygy, adamyň ykbalyna, abraý-mertebesine, rysgal-döwletliligine täsir edýändigi baradaky çuňňur ynanjy hem aýdyň bolup durandyr…
Häzirki wagtda «okamak ulgamy» mundan ozal görlüp-eşidilmedik derejede ösdi. «Okamak» diýlende, ozaly bilen, kitaplar göz öňüne gelýär. Kitaplary çaphanalarda neşir edilen kitaplar, elektron kitaplar ýaly, dürli görnüşde ele salmak mümkin. Internet ulgamy arkaly islendik ugur baradaky, dünýäniň dürli halklaryna degişli, dürli dillerdäki kitaplary okamak mümkin.
Haçan, nirede neşir edilendigine garamazdan, kitaplaryň aýawly saklanylmagy, asyrlardan-asyrlara geçirilmegi, okyjylaryň kerwen gurap gelýän nesillerine elýeterli edilmegi üçin, kitaphanalara örän möhüm orun degişli. Has dogrusy, bu babatda olaryň öňüne geçip biljek başga bir gurluş, başga bir ulgam ýok. Öňünde durýan wezipeleriň artyşy ýaly, bu ulgamyň mümkinçilikleri hem giňeýär. Ozallar kitaphana baryp, ol ýerde bar kitap ele alnyp okalan bolsa, häzirki wagtda ony şol ýeriň özünde elektron görnüşde hem okap bolýar. Munuň özi seýrek kitaplary islän halatyň, hatda onuň iň soňky sany beýleki bir okyjyda wagty hem okamak mümkinçiligini döredýär.
Şu aýdylanlar bilen baglanyşykly ýene bir zady ýatlamak gerek. Kitaphana baryp, diňe şol ýerdäki kitaplardan däl, başga kitaphanalardaky kitaplardan hem peýdalanyp bolar. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet we jemgyýetçilik kitaphanalarynyň 230-dan gowragy bar, olaryň kitap gaznasyndaky dürli neşir önümleri 11 milliona golaý. Kitaphana, diýeli, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna baryp, ol ýerdäki kitaplardan hem başga ýurdumyzyň beýleki dürli sebitlerindäki kitaphanalaryň gorundan peýdalanmak mümkinçiligi açylýar. Munuň üçin ýola goýulýan elektron maksatnama toplumy şeýle elýeterliligi üpjün edýär. Geljekde işiň bu aýdanymyzdan hem öňe gitjekdigi düşnüklidir. Şeýlelikde, okyjy üçin täze we has amatly ýagdaýlar döreýär: ol öýünde oturan ýerinden internet ulgamy arkaly ýurduň kitaphana gorundan peýdalanyp biler. Daşary ýurtlar bilen barha ösdürilýän medeni, aň-bilim gatnaşyklarymyz geljekde dünýäniň beýleki kitaphanalaryndan, hatda iň meşhur kitaphanalaryň gorundan hem peýdalanmagyň şeýle elýeterliligini döreder diýmäge esas berýär…
…Ýaşlyk ýyllarymyzy ýatlaýaryn. Okaýan adamlar juda köpdi. Gazet-žurnallary sypdyrman okardylar, kitaplar adamlaryň mydamalyk dostudy.
Şu günem okaýanlar az däl, olar barha köpelýär. Indi hemmeler diňe öz golaýynda bolýan zatlardan däl, dünýäden habarly. Zeminiň islendik künjegindäki waka bilen şol wagtyň özünde tanşyp bolýar. Köp sanly teleýaýlymlar, internet ulgamy şeýle giň mümkinçiligi döredýär. Şunuň bilen baglanyşykly başga bir zada ünsi çekmek isleýäris.
Teleýaýlymlaryň juda köp sanlysynyň bardygyny, internetden peýdalanmagyň barha ösýändigini diňe gutlap bolar. Şonuň bilen birlikde adamlar kitap okamak medeniýetini elden bermeseler ýagşy. Elbetde, örän köp adam, şol hatarda bizem interneti dürli zerurlyk boýunça, mümkingadar, onuň döredýän ähli amatlygyndan peýdalanmak bilen ulanýarys. Şonuň bilen birlikde internet arkaly kitaplary alýarys. Ýaşlar muňa hasam ökdedirler. Eýsem-de bolsa, internet sahypalary düşünjeleri bulaşdyrmaly däldir, şunda ýaş adamlaryň her biriniň akyla, paýhasa daýanmagy zerur.
Ahlak kadalaryny bozmaýan bolsa, düýbünden nädogry, galp, şyltak maglumatlary ýaýratmaýan bolsa we ş.m. ýagdaýlarda her kimiň öz ýazanlaryny, şonuň bilen birlikde garaýyşlaryny internet sahypalarynda ýerleşdirmäge haky bolup biler. Şunda şahsy jogapkärçiligini duýýan, öz-özüne aşa göwnüýetijiligiň pidasy bolman, sowatlylygyny hem medeniýetliligini görkezýän adamlara sarpa goýýarsyň. Biz bu ýerde başga bir zada hem ünsi çekmek isledik. Aýtjak bolýanymyz okyjynyň saýlap okamak başarnygy hakynda. Sanap däl, hatda göz aýlap aňyrsyna çykyp bolmajak köp sanly ýazgylaryň, habarlaryň, garaýyşlaryň, biri-birinden hil-dereje tapawudy ýer bilen gök ýaly pikir-düşünjeleriň arasynda ýitip gitmezlik hakynda. Okyjy bilen okyjynyň parhy-da ýer bilen asman ýaly. Sagdyn okyjy hemişe sagdyn pikirleriň, gymmatly kitaplaryň gözleginde bolýar.
Saýlap okamak medeniýeti, gör, nähili ajaýyp zat! Saýlap okamak düşünip okamakdan aýry zat däldir. Meger, ikisi bir zatdyr. Munuň özi ýaşlykdan, has dogrusy, çagalykdan endik, hatda kada, düzgün bolup galýar. Bu günki ýaşlara, ilkinji nobatda, gerek zat şudur — saýlap okamagy başarmakdyr. Şunuň bilen birlikde olara, ozaly bilen, öz medeniýetimizi, öz edebiýatymyzy, öz kitaplarymyzy okamagy, öwrenmegi maslahat bererdim. Öz halkyň medeniýetini, öz halkyň ruhuny öwrenmän, öz halkyň bilen birleşmän, öz halkyň şahyry bolmak, öz halkyň islendik ugurdaky dörediji adamy bolmak, öz halkyň doly bahaly perzendi bolmak mümkin däldir.
«Watan» radioýaýlymy üçin sowal-jogap alşylanda, ýaş şahyrlara, žurnalistlere maslahatlarym barada soradylar. Şonda men dünýäniň gözelliklerini söýmelidigi, ozaly bilen bolsa öz halkyň gözelliklerini söýmelidigi barada aýtdym. Göbek ganyň daman topragyň, ata-baba ýurt ýeriň ähli zatdan belentde goýulmaly. Döredijilik başlangyçlary we beýikligi, ine, şundan başlanýar. Hatda ykbalyň emri bilen nirelerde gezip, ýaşap, işläp ýören hem bolsaň, mahal-mahal öz ýurduňa, öz obaňa, öz ojagyňa zyýarat etmegiň peýdasyny başga hiç zat berip bilmez. Öz topragyňa, öz iliňe diňe ýagşylyk edip bolar, muny başarmasaň, ýagşylyk isläp, ýagşylyk arzuwlap, ýagşy doga-dileg edip bolar. Bu diňe meniň pikir-garaýşym, meniň ynanjym däl, geçen ärler, akyldarlar, danalar, serwerler bu barada kän aýdandyrlar.
Özüňi bilmän, özgeleri bilmek mümkin däldir. Özüňi öwrenmän, özgeleri öwrenmek mümkin däldir. Özüňe düşünmän, akyl ýetirmän, özgelere düşünmek, akyl ýetirmek mümkin däldir. Özüňi söýmän, özüňkini söýmän, özgeleri we özgeleriňkini söýýän diýip gygyrmak juda ýalan bolup eşidilerdi. Özüňi sylaman, özüňi özüň ykrar etmän, özgelere özüňi sylatmak, ykrar etdirmek mümkin däldir.
Her adamyň medeniýeti, ozaly bilen, öz halkynyň medeniýetini bilşi bilen ölçelýändir. Öz halkynyň medeniýeti şol adamyň öz medeniýetidir. Öz halkynyň medeniýetini äsgermeýän adam özüni äsgerýän däldir.
Örän baý, çuňňur many-mazmuna ýugrulan, durmuşy her taraplaýyn açýan kitap dünýämiz bar. Halkymyz olary bütin kämilligi bilen söýüp gelipdir.
Görogly — mert, gaýratly, başarjaň, halkyny hem ýurduny jandan söýýän, edil şonuň ýaly, özerkli gahryman. Ol — hakyky türkmen. Nädürs pikir-oýa düşüp, ýalňyş ädim ädendigine gözi ýetende, muny mert boýun almagy, gaýtmyşym etmegi, toba gelmegi özüne kiçilik bilmeýär.
Ýene-de dil hakynda, dil medeniýeti hakynda
Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşygynda çuňňur manyly çykyş etdi. Munuň özi milli parlamentiň işiniň esasy ugurlaryny anyklaşdyrýan çykyş boldy. Milli parlamentiň işi bolsa, elbetde, döwlet we jemgyýetçilik durmuşy, ýurdumyzdaky taryhy özgertmeler, durmuş-ykdysady ösüşler, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, at-abraýy, şular bilen birlikde, elbetde, ylym-bilimi, medeniýeti bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Milli Liderimiz iň möhüm meseleler hakynda aýtdy. Şolaryň hatarynda milli mirasymyz, milli medeniýetimiz, ruhy we dil medeniýetimiz, medeniýetli sözlemek hakynda aýdylanlar hem bar. Olar juda gymmatlydyr, has dogrusy, döwlet Baştutany tarapyndan aýdylandygyna görä, aýratyn ähmiýete eýedir.
Ýaş nesillerimize medeniýetli sözlemegi hemmetaraplaýyn öwretmek! Halkymyzyň ruhy we dil medeniýetini ösdürmek!
Bular barada aýdanda, hormatly Prezidentimiz çagalar baglarynda, orta hem ýokary okuw mekdeplerinde, mahlasy, ähli bilim-terbiýe ojaklarynda ýaş nesillerimize türkmen dilini we edebiýatyny, milli ruhy mirasymyzy düýpli öwretmäge, olary milli medeniýetimize hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge ünsi çekdi. Görnüşi ýaly, dil medeniýetini ösdürmek meselesi bu medeniýetiň iňňän möhüm, örän dury çeşmesi bolan dil we edebiýat derslerini, tutuş ruhy medeniýetimizi, mirasymyzy öwrenmekden aýry bir zat däldir. Nesiller maşgalanyň, jemgyýetiň bütin ýagdaýyndan täsirlenişi, şonuň bilen terbiýelenişi ýaly, dilimizden, edebiýatymyzdan, milli medeniýetimiziň beýleki gymmatlyklaryndan täsirlenýärler, şonuň bilen terbiýelenýärler, kemala gelýärler. Beýleki bir tarapdan, maşgalanyň, jemgyýetiň ýagdaýy milli dilimiziň, edebi-ruhy gymmatlyklarymyzyň, mirasymyzyň öwrenilişi, sarpalanylyşy, ösdürilişi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Gürlemek ukyby, sözlemek endigi, sözleýiş aýratynlygy synalary sag adamlaryň her birine berlipdir. Muny özüňde terbiýelemek, ösdürmek welin, bu ugurda işleýän adamlaryň tagallasyndan hem başga, her kimiň özüne bagly.
Türkmen dili — örän baý dilleriň biri, pikiri, duýgy-düşünjäni beýan etmäge örän giň mümkinçiliklere eýe. Dilimize juda belet, örän sowatly, dilewar adam üçin hem onda ömürboýy öwrenmäge baýlyklar näçe diýseň bar. Hatda dilçi, edebiýatçy alymlaryň uly-uly nesilleri ýyllardan-ýyllara, asyrlardan-asyrlara öwrenip hem, onuň syrlarynyň aňyrsyna çykyp bilen däldirler.
Ýönekeý ýaly bolup görünýän mysal hemmelere mälimdir: şol bir düşünjäni birnäçe manydaş sözüň, dürli öwüşginli, dürli tärli, aýlawly hem göçme manyly sözleriň üsti bilen aňlatmak mümkin. Ýa-da şol bir söz dürli ýagdaýda dürli manyny, hatda onlarça manyny bermäge hyzmat edýär. Olary ulanmagy başarmak — uly medeniýet, ylym, düşünje, sowatlylyk, edeplilik we ýene köp zat. Şunda, iň bärkisi, olary ýerine görä, täsirliligine görä ulanmagy başarmak hem özboluşly sungat. Sözleýiş medeniýeti her bir sözüň manysyna dogry düşünmegi, dil serişdelerini ýerlikli ulanmagy, edebi dili kämil bilmegi, şoňa görä ýazmagy, gürlemegi talap edýär.
Söz sungatyna hemişe uly sarpa goýan halkymyz bu sungaty belende göteren şahsyýetleriň atlaryny, eserlerini dilden-dile, nesilden-nesle geçirip gelipdir. Şeýdip halkymyz öz dilini, öz edebiýatyny, öz medeniýetini, özara gatnaşyklarda, beýleki halklar bilen gatnaşyklarda adamkärçiligi saklap gelipdir.
Dilewarlyk sungaty hakynda kelam agyz. Dilewarlyk biziň halkymyzda juda irki döwürlerden bäri meşhur. Dilewar adamlara suhangöý hem diýipdirler. Şu barada gürrüň edip, edil häzir Magtymgulynyň:
Suhangöýler — märekede,
Jomartlar aşda bellidir
— diýen setirleri ýadymyza düşýär.
Elbetde, ýokary derejedäki dilewarlyk hemme adama berilmeýär, munuň üçin tebigy zehiniň gerekdigi düşnüklidir. Ýöne welin sowatlylyk, salyhatlylyk, sypaýylyk, süýji dillilik, medeniýetli sözlemek, ýerini bilip sözlemek ýaly köp ajaýyp taraplary, gowy häsiýetleri bilen tanalmagy her kimiň özüne bagly bolup biler. Bular bize ata-babalardan sargyt ýaly bolup eşidilýär. Şu babatda-da olaryň aýtmadyk zady ýok: «Ýerini bilip sözleseň, ýüzüň nury dökülmez», «Dil bilen nöker — bal bilen şeker», «Dil gylyçdan ýiti», «Diliň sakasy ýürekde bolar», «Sözlemezden öň düýbüni oýla», «Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmudy?»…
Magtymgulynyň goşgularyndan hem mysal getirip bileris:
Aklyň bolsa, söz aýtmagyn
Nobat berilmegen ýerde.
Çeper eserleri köp okamagyň söz baýlygyňy artdyrmak, sözleýiş medeniýetiňi ösdürmek üçin, şonuň bilen birlikde edepli, medeniýetli, akylly-başly, köp zatdan habarly adam bolmak üçin zerurdygy ýokarky mysallarda aýdylýan, ündelýän pikirlerden hem düşnüklidir.
Serediň muňa! Medeniýetli sözlemek, dil medeniýeti hakynda söhbet açyp, biz ynsan ýaşaýşynyň ähli ugurlaryna, ähli meselelerine aralaşyp barýarys. Eýsem näme? Dil, edebiýat — munuň özi ähli zat! Tutuş durmuşyň çarhy Onuň Alyhezretleri Dil bilen aýlanýar, durmuşyň ähli meseleleri, ähli gymmatlyklary Onuň Alyhezretleri Edebiýatda şöhlelenýär. Eneleriň hüwdülerinden başlap, şygryýetiň hem kyssanyň, žurnalistikanyň, bulardan gaýry sungatyň kino, teatr ýaly dürli görnüşleriniň hem bütin gözelligi olaryň adamzada güneşden ýagty, almazdan ýiti sözleri peşgeş berýändigindedir, ol sözleri netijeli ulanmak endigini peşgeş berýändigindedir, ýaradylyşyň gözbaşlaryndan başlap, şu günüň, geljegiň ähli meseleleri hakynda özbaşdak oýlanyp bilmek, netije çykaryp bilmek nygmatyny peşgeş berýändigindedir we ýaşaýşyň dogry, kämil ugruny salgy berýändigindedir.
Ýagşy sözüň adamy ganatlandyrýandygy, oňa güýç eçilýändigi, sowan göwni ýyladýandygy, ýene köp peýdalary hakynda pikir edip görüň! «Ýagşy söz ýylany hininden çykarar» diýen sözüň manysyny tiriň — örän howply, ýaramaz duşmanyň-da ýagşy sözden ýagşylyga imrinýändigi hakynda pikir ediň! Ýaman sözüň, ýerliksiz sözüň, ölçerilmän aýdylan sözüň adama nähili täsir edip biljekdigi hakynda pikir ediň! Lukmanlaryň näsagy ýagşy söz bilen bejerýändigi hakynda oýlanyň!.. Alymlar, tejribeli adamlar ýagşy söze diňe ynsanyň däl, haýwanyň hem düşünýändigini aýdýandyrlar.
Ata-babalarymyz: «Söz — açar» diýipdirler. Diýmek, ýeri bilnip, ähli taraplary seljerilip aýdylan söz islendik ýapyk gapyny açyp biler, islendik düwni çözüp biler! Ok-ýaragyň bitirip bilmejek işini bitiren Şükür bagşynyň sazy! Munuň özi, hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, PARAHATÇYLYK SAZY, DOSTLUK, DOGANLYK SAZY!
Dil — özara gatnaşyklaryň, döwlet syýasatynyň, halkara gatnaşyklaryň iň möhüm serişdesi. Sakasy ýürekde bolan gudratly sözi bilen ynsan ýaşaýşynyň täze ýollary açylýar, dünýä parahatlyk, dost-doganlyk, ynanyşmak, ysnyşmak, hyzmatdaşlyk, ösüş nury çaýylýar. Bu ýol öz uzak-uzak taryhynda köp gowgalary gören, köp tejribeleri toplan adamzat üçin iň dogry, iň kämil ýoldur!
Az sözlülik, ýerini bilip sözlemek, az sözde köp many, uly many aňladyp bilmek. Sözi öz manysynda, dogry ulanmak. Toý ýeriniň, beýleki ýerleriň ýagdaýyna düşünmek. Her ýerde öz sözüňi aýtmagy başarmak, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, maslahatlarda, duşuşyklarda, ýygnaklarda çykyş etmek. Türkmen dilinde gowy gürläp bilmek, gowy ýazyp bilmek, ýazuw medeniýetini, türkmen diliniň dürs ýazuw kadalaryny saklamak, çeper dil, publisistik stil, gepleşik stili, ylmy stil, resmi iş kagyzlary… Bularyň hersi öz ornunda söz medeniýetiniň inçe syrlaryna beletligi, sowatlylygy, düşünjeliligi, dili hemmetaraplaýyn özleşdirmegi talap edýär. Görnüşi ýaly, giden bir ylym, giden bir medeniýet…
Dil hem medeniýet. Dil hem sungat. Edebiýat hem sungat. Edebiýat hem medeniýet. Bular biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly.
Diliň dogry hem kämil ulanylmagynyň aýdym-saz sungatynda nähili uly ähmiýete eýedigi hakynda, gysgajyk hem bolsa, durup geçesimiz gelýär. Eger-de aýdymçy halk aýdymlaryny, ýagny, her sözi halkyň aňyna, ýüregine ornan şol aýdymlary ýerine ýetirende, sözlerini ýoýman aýtsa, manyny dogry berer ýaly edip aýtsa, munuň özi aýdymyň lezzetidir, aýdymçynyň abraýydyr. Şeýle aýdymlary diňläp, halkymyz öz medeniýetine, sungatyna, söz ussatlaryna guwanýar. Bu milletiň mizemezliginiň bir sütünidir. Şeýle aýdymlary diňläp, türkmen diline azu-köp düşünýän, onuň näme hakynda «saýraýandygyny» aňýan beýleki halklaryň wekilleri hem, bir söz bilen aýtsak, türkmen medeniýetine ýakynlaşýarlar. Ine, özüňi ykrar etdirmegiň, dünýä ýaýylmagyň, halklary özüňe ýakynlaşdyrmagyň iňňän möhüm bir ýoly! Diňe halk aýdymlary däl, häzirki zaman aýdymlary aýdylanda-da, aýdymyň sözleriniň manylylygy, ýerli-ýerindeligi, sazlaşyklylygy, hemmetaraplaýyn kämilligi zerur. Bu, ozaly bilen, aýdymy we aýdymçyny, ýönekeý diňleýjilerden başlap, sazy, sözi, hereketi içgin yzarlap oturan diňleýjilere çenli, hemmeleriň ykrar etmegi üçin, netijede, dilimizi, medeniýetimizi dünýä ýaýmak üçin zerur. Aýdymçynyň zehinini, sesini, zähmetini jaý ýerinde, akylly-başly, kämil ulanmagy diýmek hem, ilkinji nobatda, şundan ybaratdyr.
Şahyr goşgy ýazanda, sözleýji sözlände, aktýor sahna çykanda, aýdymçy aýdym aýdanda… öz halkynyň adyndan orta çykýar. Halkynyň dilini, halkynyň keşbini, halkynyň medeniýetini, döredijilikli zähmetini görkezýär.
Şu ýerde ýene bir möhüm zat — edebi dil hakynda agzap geçeliň! Edebi dil — umumy halk diliniň işlenen görnüşi. Ol köpçüligiň döredijilikli tagallalarynyň netijesinde kemala gelýär. Diýmek, ol halkyň baýlygydyr. Halkyň ösen, baý edebi diliniň bolmagy onuň ösen, baý medeniýetiniň bardygyny aňladýar. Başgaça aýtsak, halkyň ösen, baý edebi dili bolmazdan, onuň ösen, baý medeniýeti bolup bilmez. Bu ykrar edilen hakykatdyr! Halkyň diline sarpa goýmak, halkyň edebi diline sarpa goýmak halkyňa sarpa goýmakdyr, şol dili döwlet dili derejesine göteren berkarar döwletiňe sarpa goýmakdyr.
Näçe aýtsaň aýdybermeli, pikiri näçe çuňlaşdyrsaň çuňlaşdyryp, giňeltseň giňeldibermeli. Biz bolsa, häzirlikçe, sözümizi jemlemekçi we şeýle diýmekçi:
Dilimiz, edebiýatymyz, medeniýetimiz — bu biziň özümiz. Biz sözümiz bilen özümizi açýarys. Düşünjeli, medeniýetli, kämil sözleýşimiz bilen düşünjeli, medeniýetli, kämil ýaşaýşymyzy açýarys. Adamzadyň gözi hem, göwni hem iň gowy zatlarda. Iň gowy boluşlarymyz bilen özümizi ýene we ýene beýgeltmäge, adamzadyň ünsüni ýene we ýene özümize çekmäge bizde hemme mümkinçilikler bar.
Kämil dil öz halkyňa, öz medeniýetiňe, diýmek, özüňe, öz döwletiňe ynamy berkidýär. Kämil dil milletiň we döwletiň iňňän ygtybarly wagyzçysydyr. Kämil dil milletiň we döwletiň iňňän ygtybarly goragçysydyr. Kämil dil milleti we döwleti öňe alyp gitmegiň, ösdürmegiň iňňän ygtybarly serişdesidir.