|

Adamlar

Adamlar ADAMLAR

Adamlar, adamlar, eziz adamlar,
Ädimde, her demde size söýendim.
Göreçleriñizde görüp bahamy,
Oý-pikire gitdim hemem daýandym.
Ädim-de, her demde size söýendim.

Meniñ ýönekeýje üstünligime,
Monça bolup begendiñiz köpiñiz.
Gülýän gözlerñiz dek mährem ýüregñiz
Edil ýüregñiz dek açyk gapyñyz.
Şol gapydan girip çykýas köpimiz.

Eger gussa batyp çytsam gaşymy,
Gussamy-da özüñizki saýdyñyz.
Kalbyñyzyñ söýgüsine elmydam
Mähribanlyk bilen meni çoýduñyz.
Her birińiz ýyldyzsyñyz, aýsyñyz.

Adamlar, adamlar, eziz adamlar,
Men sizden hiç haçan galmaýyn daşda.
Siziñ bilen bagly äden ädimim,
Nazarñyzdan sypmawersin ýalñyşsam.
Adamlar, men sizden galmaýyn daşda.

* * *

Şäher aladasy şäherde galsa,
Sähra ýola düşseñ nepesiñ durlap.
Gadymky ýellere sypadyp seriñ,
Gadymky ýerleri gitseñ soraglap.

Dodaklar gurasa döz gelmän jöwza,
Birden çygly şemal mañlaýyñ öper.
Bilmersiñ nireden gelen şemal ol
Bu gyzgyn sährada ol seni tapar.

Owadan obalañ, ýaşyl baglaryñ
Depesindw dynç almadyk sonalar.
Öwrüm edip uzak-uzak ýollardan
Garagumuñ jümmüşine dolanar.

Onda bagty çüwen altynsöw toprak,
Ýatyr äpet kölo basyp bagryna.
Menzilleri söküp gelýän tolkunlar,
Juda meñzeş şahyrlaryñ şygryna.

Umma gidýär skreperleñ zarbyndan
Dyza çykjak bolýan kirşen urpaklar.
Zülpün ýaýyp otyr suwuñ üstüne,
Kenardaky ýaşyl gamyş gulpaklar.

…Göreş edýär jöwza, teşnelik bilen,
Munda çölüñ erkin ele alanlar.
Yhlaslar topraga der bolup siñýär
Hemem dyza çökýär belent alañlar.

Äpet tozan göterilýär asmana,
Güneşiñ howruna gaýzygýar ýüzler.
Yzda ümsümlige meýmiräp ýatan
Äpet kölde erkin sonalar ýüzýär.

…Gudrat bilen dörän ýaly hamana,
Köpetdag nirede, nirde «Başsaka».
Alyp barýar merdanalañ zähmeti
Kanaly gojaman Hazara baka…

* * *

Çygly günler köne ýarañ yzasyn,
Çekýärsiñ kaka jan, çytyp gaşlaryñ.
Soñam uzaklaea seredip dymýañ,
Sypap eýýäm ak sepilen saçlaryñ.

On sekize gadam goýan mahalyñ,
Tüsse gurşap aldy jümle-jahany.
Namysyñ oduna tutaşdy synañ
Güllerini goramaga baharyñ.

«…Hoş gal eziz obam, mähriban diýar,
Bu gün gidýär balañ seniñ goragña,
Meñ kalbymda saña çäksiz mähir bar,
Gahar gazap agram salýar ýüregme.

Men giderin, ýeñiş bilen gelerin,
Garaş maña, garaş maña eý mekan.
Ýa-da seniñ üçin wepat bolaryn.
Onda ruhum gaýdar hut sana bakan.
Ýeñiş ýaryñ bolar hoş eziz mekan».

Diýip, ugranyñy ýatlaýañmy sen
Ýa-da ýatlaýañmy söweş ýyllaryn
Ýewropanyñ garyn, sowuk ýellerin
Bagryñ bilen süýşüp geçen ýollaryn.

Söweşjeñ dostlaryñ, kyn tabşyryklar
Soñam çawup gelen o ganym gülle
Sarsdyryp mersana onki synañy,
Mahrum etdi aýagyñdan şo pille.

Soñam sanbat bilen ýene gospital,
Diñläp wepat bolanlaryñ ahlaryn,
Söweş meýdanyna çagyrdy seni
Ganyñdaky gaýnap duran ahmyryñ.

Ikinji gezegem ýaradar bolup,
Ýeñşiñ öñsyrasy oba gaýdanyñ.
Ýeñşe, gözellige hyrydar bolup,
Soldat kalbyñ bilen aýdan aýdymyñ.

Ýarañ diñe aýakda däl kaka jan,
Bu ýara ýekeje özüñki däldir.
Seniñ bilen yzasyny çekişýän
Adamlar entekler dünýäde kändir.

Miwe TUWAKBAÝEWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle