Adam kelleli ýylanyñ barlygy çynmyka?
Adam kelleli ýylanyñ barlygy çynmyka?
ADAM KELLELI ÝYLANYÑ BARLYGY ÇYNMYKA?
Gadymy Mesopotamiýa mifologiýasyndan gözbaş alyp gaýdýan Şamar (Ýylanlaryñ şasy) rowaýaty indi ençeme asyrlardan bäri birnäçe musulman halklaryñ ertekileriniñ esasy sýužeti bolup gelýär.
Erteklerem ertekidir welin, olaryñ käbirine "aý, erteki-le…" diýip geçibermelem däl.
Ynha, golaýda edil şol ertekileriñ şamaryna meñzeş bir gorkunç jandara Indoneziýada duş gelnendigi habar berildi.
■ Mifiki ženglot
Malaý we indoneziýa halklarynyñ mifologiýasynda agzalýan täsin jandar ženglota ilkinji gezek Indoneziýada gabat gelindi. Indoneziýanyñ günorta-gündogar sebitindäki bir obada görnen täsin mahluk şol obanyñ ýaşaýjylary tarapyndan öldürildi.
Mifiki hekaýatlardaky we ertekilerdäki ýaly hem adama, hem balyga we hem-de ýylana meñzedilen 15 santimetr uzynlykdaky gorkunç jandaryñ ýüzi we saçy adama çalym edýär.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Geň-taňsy wakalar