Adam
Adam
ADAM
Çaga dünýä inýär ter-tämiz bolup,
Kem-kemden barlyga gadamyn basýar.
Näzikligi bilen, päkligi bilen,
Kalbynyñ akdan-da aklygy bilen
Goýalýar, boý alýar, günsaýyn ösýär.
Gaýgysy, ünjüsi, aladasy ýok,
Gögele ykbaly uzaýar göge.
Degresinde düñle dünýä durlanýar,
Gül açýar, dil açýar, ulalýar çaga.
Onuñ başga hili bolma haky ýok,
Sebäbi, gerdende ömrüñ ýüki ýok.
Bu dünýäniñ döwresine garyşyp,
Jahyl çykýar ýyllar bilen ýaryşyp.
El bermeýär duýgularnyñ jylawy.
Asman-Zemin aralygyn boýlajak,
Ýyldyzlary aşyk deýin oýnajak,
Çar ýana çabraýar yşkyñ alawy.
Tap getirmän jahyllygyñ güýjüne,
Dalaş edýär bu durmuşyñ täjine.
Paýhasyny däl-de, güýjüni diñläp,
Ýaşan ýyllarynyñ pajyny jemläp,
Çykýar basgançak dek onuñ üstüne.
Jahyllyk dünýäsin goýup ahmala,
Depesi duýdansyz degýär asmana.
Ýigit ýere düşýär başyn sämedip,
Soñ özüni tapjak bolýar äñedip…
Onuñ başga hili bolma haky ýok,
Sebäbi serinde paýhas ýüki ýok.
Zynjyr deýin ýyllar iýdip ykbalyn,
Sogrup alýar jahyllygyñ goýnundan.
Kem-kem goýazlanýar akyl käsesi,
Utulmajak bolýar durmuş oýnundan.
Bu durmuşyñ nämedigin öwredýär,
Takdyr boýunturyk bolup boýnunda.
Ýaşamagyñ juda hezildigini
Hem-de juda gazapdygyn duýýar ol.
Gara güýji bilen, paýhasy bilem
Geçmişi, geljegi apatdan gorap,
Zeminiñ gerşine aýagyn diräp,
Gögi gerdenine alma taýýar ol.
Onuñ başga hili bolma haky ýok,
Bu dünýäñ ýüküne onuñ şeki ýok.
Käte gulak asyp, kä gulak asman,
Haýyr bilen şeriñ çakylygyna.
Aýlaryñ, ýyllaryñ üstünden ätläp,
Adam gidip barýar bakylygyna.
Ho-ol öñräkde garantga deý garalyp,
Garaşyp dur ömrüñ pellehanasy.
Ynha, mizan terezisi, çekip dur,
Näçeräk ýaşalan ömrüñ manysy.
Kem-kemden düşünip dünýäñ derdine,
Paýhasy ýük bolup münýär gerdene.
Ölçerip geçmişin, günä, sogabyn
Çözjek bolýar ykbalynyñ sowalyn.
Goja egne alyp bütin ömrüni,
Bu dünýäge tagzym edip egilýär.
…Gijem bolsa, adamdygna adamyñ
Akyl ýetirensoñ, adam dogulýar.
Agamyrat SOLTANOW.
Goşgular