Abutalyp aýdypdyr… (Hekaýa)

Abutalyp aýdypdyr... (Hekaýa)

Abu­ta­lyp GA­FU­ROW,
da­gys­tan­ly ýa­zy­jy

Bir ýo­la men Abu­ta­ly­ba Hin­dis­tan­da şeý­le­bir adam­lar bar, olar hat­da tüý­dü­giň sa­zy­na go­şup zä­her­li ýy­lan­la­ram tans et­mä­ge mej­bur ed­ýär­ler diý­dim. Abu­ta­lyp şeý diý­di:

— Saz diý­ýän­le­ri ägirt uly güýç­dür, Ra­sul. Bi­ziň ço­pan­la­ry­myz tüý­dük ça­lyp, dag te­ke­le­ri­nem tans et­dir­ýär­ler. Sa­zyň se­si­ni eşi­den iň bir ýyr­ty­jy haý­wan­lar hem ada­ma ýa­kyn gel­ýär­ler. Men bir sa­par aýy­la­ryň sa­za go­şup ur­ga­nyň üs­tün­de tans eden­le­ri­nem gö­rüp­dim. Sa­zyň owa­zy­na ýyl­dyz­la­ram ýi­ti şöh­le saç­ýar­lar, adam­la­ra tä­ze­den jan gel­ýär, ga­ryň üs­tün­de ter gül­ler açyl­ýar. Şeý­le bir wa­ka öz ba­şym­da­nam ge­çip­di. Sur­naý çal­ma­gy go­wy gör­ýä­nim-ä bil­ýän­siň-le. Meň üçin sur­naý­dan aja­ýyp se­net ýok. Ni­re­den sur­na­ýyň se­si gel­se, adam­la­ram şo ta­ra­pa how­lug­ýa­lar. Sur­naý ça­lyn­ýan bol­sa, diý­mek, haý­sy­dyr bir go­wy ha­dy­sa bo­lan­dyr. Ýa ogul per­zent dün­ýä inen­dir, ýa-da toý tut­ýan­dyr­lar, ýa-da ça­py­şyk­da ozan at baý­rak alan­dyr. Sur­naý — Da­gys­ta­nyň baş saz gu­ra­ly. Ýaş wagt­la­rym ol me­ni ek­le­di. Hä­zir­ki şa­hyr­la­ryň is­len­dik sa­za goş­gy ýaz­ma­ga taý­ýar bol­şy ýa­ly, gör, nä­çe dag­ly me­niň sur­na­ýy­ma go­şup tans eden­dir. Aýt­sam, bir ýo­la sur­na­ýy­my alyp alys­da­ky oba­la­ryň bi­ri­ne git­dim. Gyş aý­la­ry­dy. Ýol­la­ry gar ba­syp­dy. Ýol aş­mak kyn­dy. Men ga­ty ýa­dap, bir da­şyň üs­tün­de dyz ep­dim. Bir­den­kä ýol­da go­şa at go­şu­lan ka­şaň paý­tun peý­da bol­dy. At­la­ryň bi­ri ak­dy, beý­le­ki­si­niň — maň­la­ýy de­pel­li. Paý­tun­da­ky­lar ga­ty şa­dy­ýan­dy­lar. Geý­nüw­li­di­ler.

— Es­sa­law­ma­leý­kim.
— Wa­leý­ki­mes­sa­lam.
— Bar­ma­ly ýe­ri­ňiz uzak­my?
— To­ýa bar­ýas.
— Me­nem to­ýa bar­ýan-da, äkit­se­ňiz-le.
Paý­tu­na mün­dür­mek­den-ä ge­çen, içi­ňi ýa­ka­ýyn di­ýen ýa­ly, üs­tüm­den gül­dü­ler. Ola­ryň bi­ri: «In­di­ki to­ýa ýe­ti­şer­siň-dä» di­ýip goý­ber­di.

Şon­da ga­ha­rym ge­lip, sur­na­ýy­my al­dym-da, ça­lyp baş­la­dym. Köp wagt­lap şeý­le hy­juw bi­len çal­man­dym. Sur­na­ýyň se­si­ni eşi­den at­lar di­ki­len ga­zyk ýa­ly sars­man dur­du­lar. Paý­tun­çy nä­çe jan et­se-de, ar­ka­la­ry­ny gam­çy bi­len nä­çe saý­gy­la­sa-da, olar du­ran ýer­le­rin­de aýak­la­ry­ny çal­şy­ryp dur­du­lar. To­ýa bar­ýan­lar ma­ňa haý­bat atyp baş­lan­soň­lar, saz çal­ma­my bes et­dim. Ýö­ne adam­lar paý­tu­na mü­nen ba­dy­na, at­la­ram ýu­waş­ja­dan ýe­rin­den goz­ga­nan ha­la­ty ýe­ne-de ça­lyp baş­la­dym. Bi­ziň je­de­li­miz ju­da uza­ga çek­di. Ahy­ry me­ni paý­tu­na mün­dür­di­ler, to­ýa bi­çä­re sur­naý­çy däl-de, baý adam ýa­ly bo­lup bar­dym. Saz diý­len när­se, gör, nä­hi­li eken.

Abu­ta­lyp az-kem dym­dy-da, sö­zü­niň üs­tü­ni ýe­tir­di:

— Saz­syz ýa­şa­ýyş, edil ses­siz hem ga­nat­syz dur­na my­sa­ly bir zat­dyr. Eger dur­na­lar di­ňe saý­rap oňup, as­man­da uç­ma­sa, on­da olar­dan dur­na bol­maz. Eger ses­siz uç­ýan bol­sa­la­ram, ola­ra dur­na di­ýip bol­maz. Saz­syz dur­mu­şam edil şo­nuň ýa­ly.

Men bir ýo­la Abu­ta­lyp­dan onuň Da­gys­ta­nyň äh­li saz gu­ral­la­ryn­da: sur­naý­da-da, tüý­dük­de-de, ku­muz­da-da, ( Kumuz — dagystanlylaryň çirtilip çalynýan üç kirişli saz guraly.) lal­da-da ( Lal — kawkazlylaryň saz guraly.) saz ça­lyp, dep­rek kak­ma­gy ba­şa­ryp, nä­me üçin ça­gan­da ( Çagan — kemençe bilen çalynýan dört kirişli kawkaz saz guraly. ) saz çal­ma­ýan­dy­gy ba­ra­da so­ra­dym. Ça­gan dag­ly­la­ryň iň go­wy gör­ýän se­ne­di ahy­ryn. Abu­ta­lyp şeý­le diý­di:

— Ýaş wagt­la­rym men ça­gan saz gu­ra­ly­ny ça­lar­dym, ýö­ne soň ony taş­la­dym. Bu, yn­ha, şeý­le bol­dy. Gün­ler­de bir gün bi­ziň oba­my­za bir ke­se­ki ki­şi gö­çüp gel­di. Ol Awa­rys­tan­dan ge­len eken. Ol ar alyn­ma­gyn­dan ho­wa­tyr­la­nyp, he­läk­çi­lik­den ha­las bol­jak bo­lup, ba­şy­ny alyp ga­çyp ge­lip­dir. Ol, el­bet­de, oba­nyň bir çe­tin­de goş bas­dy, daş­ky gör­nü­şin­den çen tut­saň, ejir ba­ry­ny çe­ken bol­ma­ly. Adam­lar onuň ýa­ny­na bar­ma­ýar­dy­lar, ol hem hiç kes bi­len gat­naş­ma­ýar­dy. Şeý­dip ýal­ňyz­lyk­da ýa­şap ýör­di. Men az-kem awar­ça bil­ýär­dim. Onuň ýa­ny­na ba­ryp göw­nü­ni gö­ter­me­li, göw­nü­ne te­sel­li ber­me­li di­ýen ka­ra­ra gel­dim. Ça­ga­ny­mam ýa­ny­ma alyp, onuň­ka bar­dym.Ýe­ki­ri­len ki­şi sa­man ýan­ýan oja­gyň ba­şyn­da otyr­dy. Me­ge­rem, ga­zan­jy­gyň için­de-de sa­man gaý­na­ýan bo­laý­ma­sa. Men ça­ga­nyň sa­zy­na go­şup bir­nä­çe aý­dym aýt­dym. Soň­ra ol bir­den­kä me­niň elim­dä­ki se­ne­di­mi al­dy. Ony öz se­si­ne saz­lap düz­di-de, ça­lyp baş­la­dy. Ol şeý­le­bir çal­dy we­lin, şin­di-şin­di­le­rem onuň ça­lan saz­la­ry gu­la­gym­da ýaň­la­nyp du­ran ýa­ly. Ça­gan onuň el­le­rin­de edil agyr has­ra­ta ba­tan ze­nan ýa­ly za­ryn­la­ýar­dy. Ol saz­lar­da kän zat­lar bar­dy: gy­nan­jam, öý­ke-ki­ne-de, gam-gus­sa-da, di­le­gem, ýal­bar­ma-da, umy­dam, yza-da, agyr der­dem du­ýul­ýar­dy. Ot öçüg­si ýyl­pyl­da­ýar­dy, bi­ziň iki­mi­zem ça­ga­nyň owa­zy­na go­şup ag­la­ýar­dyk. Men öz se­ne­di­mi oňa gal­dy­ryp öýü­me gaýt­dym. Gus­sa­ly dag­ly­nyň mu­kam­la­ry uzak-uzak wagt gu­lak­la­rym­dan git­me­di. Men onuň üýt­ge­şik saz­la­ry­ny iň bol­man­da uzag­rak­dan diň­le­mek üçin wag­tal-wag­tal öýü­niň tö­we­re­gin­de gez­me­lär­dim. Ahy­ryn­da men, yn­ha, şeýt­dim: Awa­rys­ta­na git­dim, onuň duş­man­la­ry­ny tap­dym-da, öz oba­my­za ge­tir­dim. Men ola­ry sa­zan­da­nyň öýü­ne elt­dim, onuň saz çal­şy­ny diň­let­dim. Biz üç gün­läp öýü­niň pen­ji­re­si­niň öňün­de otu­ryp, onuň saz­la­ry­ny diň­le­dik. Dör­dün­ji gün diý­len­de onuň bo­sa­ga­syn­dan ät­le­dik.

Öç­lü­ler sa­zan­da: «Biz se­ni ba­gyş­la­ýa­rys. Goş­la­ry­ňy düw, biz bi­len oba gi­der­siň» diý­di­ler. Yn­ha, gör­şüň ýa­ly, saz nä­hi­li gud­rat­ly när­se eken. Ol ug­ra­ma­zyn­dan öň ma­ňa ça­ga­ny gaý­dyp ber­jek bol­dy, ýö­ne men al­ma­dym. Men edil şo­nuň çal­şy ýa­ly hiç ha­ça­nam ça­lyp bil­me­je­gi­me dü­şün­dim. Saz hem goş­gy ýa­ly bir zat: ýa ça­lan şe­kil­li çal, ýa-da go­wu­sy, ba­şy­na bar­ma. Ine, şon­dan bä­rem he­ni­ze-bu gü­ne çen­li ça­gan­da saz ça­la­mok.

Rusçasyndan ter­ji­me eden My­rat GOŞ­LY­ÝEW
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle