Abunaça
Abunaça
(Degişme)
Ýokuş görme, saňa diýjegim gowluk,
Äwmezek rysgyna rysgal goşanok.
Aýny pursat geldi, abuna howluk,
Bir zat garaşsa-da, wagt garaşanok.
Horjunly poçtalýon guşluk çagynda,
Gapysyny kakar özünden başgaň.
Neşesi uçmazmy guşluk çaýyň-da
Kime «Sowet» paýlar, kime-de «Aşkom».
Ýaşyňa «Körpe» bar, garryňa «Saglyk»,
Çaga «Nowça», aýalyňa «Owadan».
«Edebiýat sungat» okalýa söýlüp,
«Tokmakdyr» «Garagum» çaýyň sowadan.
Bu çarhypelegiň gohy, jeňi bar,
Şatlygyn paýlaşsaň artar höwesiň
Dünýäň dört künjüni aýaňda jemläp
Abunaçy bolup alsaň «Halk sesin».
«Kommunizm ýoly» gürrüňdeş, dana,
Göwnüň tapyp duran, suhangöý, hemdem,
Her setiri pähim, sözi dürdäne,
Göterilseň ganat, peselseň melhem.
Eger Gubadagdan gürrüň başlansa,
Goşulmasam guraksy bor söhbeti.
Ara şonça ýakyn, näçe daş bolsa,
Köňülde arzuwym: «Zähmet şöhraty».
19.10.1991 ý. «Zähmet şöhraty» gazeti. Goşgular