|

Abdyryzak

Abdyryzak

ABDYRYZAK

Orazmuhammet ahunyñ ogly Abdyryzak 1879-njy ýylda Marynyñ Birinji Goñur obasynda eneden bolupdyr. Abdyryzagyñ dogany Muhammet aga, dogan oglany Abdy aga Mary raýonynyñ Engels adyndaky kolhozynda, ogullary Deñli, Tahyr, Çary Murgap raýonynyñ "Moskwa" kolhozynda, uly ogly Durdy Ýolöten raýonynyñ "Bolşewik" sowhozynda ýaşaýarlar. Abdyryzak ilki öz kakasy Orazmuhammet ahunyñ mekdebinde başlangyç bilim alýar, soñ Buharada okaýar. Abdyryzak ýer-suw reformasy döwründe Marynyñ Goñur oba komissiýasynyñ başlygy bolup işleýär. Soñ Maryda açylan aýal-gyzlar internatynyñ direktorlygyna bellenýär. Sazanda Muhammetmyrat Nepesliýew, tejenli Myrat Agalyýew, TKP MK-niñ sekretary Çary Wellekow Abdyryzaguñ eý görýän dostlary bolupdyr. Türkmenistan Halk Komissarlar Sowetiniñ başlygy Gaýgysyz Atabaýew Abdyryzagy öz dogany ýaly görýän eken. Şol sebäpli hem ol şahsyýet kulty döwründe gözden gaýyp bolýar, emma halk öz ezizini hiç wagt unutmaýar. B.Kerbabaýew ol barada: "Abdyryzak örän geñ-enaýy, has dogrusy täze döwrüñ adamsydy. Ol öz atasynyñ hüşür-zekatdan toplanan tükeniksiz baýlygyndan bir köpük hem alman, dogan ýurduny, atasynyñ medresesini terk edip, bireýýäm şähere göçüp gelip, özüniñ sap zähmeti bilen ýaşaýardy. Atasynyñ toplan maýasyny ol sygyr paçjasyndan enaýy görmeýärdi. Abdyryzak çynlakaý sowakly adamdy. Tatarça, azerbaýjança, türkçe kitaplar onuñ şkafynda dolup ýatyrdy, emma ol çöregi, häzirlikçe, galamyndan däl-de, piliniñ gulagyndan iýýärdi. Onuñ ýer depýän piki umumy daýhanyñka garanda, iki esseden hem ulurakdy. Şonuñ üçin hem taşlandy, partaw ýerden hem bol hasyl alýardy. Ol öz göwresiniñ göräýmäge gömelteýligine garaman, örän çeper bolup, öz eli bilen nepis haly dokaýardy. Türkmen taryhynda erkeklerden haly dokanyñ, belki hem, şol birinjisi bolandyr. Wejera ýyrtyk, eleşan deşik halylary hem ol siñe seredeniñde-de tanalmaz ýaly bejerýärdi. Ýöne weli, öz sungatynyñ syryny ol entek hiç kime görkezmeýärdi. Abdyryzak arassa, dogruçyl adamdy"[1] diýip, "Gaýgysyz Atabaý" romanynda ýazýar. B.Kerbabaýewiñ bu eserinde Abdyryzagyñ şorta söz we rowaýatlaryndan hem käbir mysallar getirilýär.
Abdyryzak türkmen halk durmuşyny we halk döredijiligini oñat bilipdir. Onuñ aýdan rowaýatlaryndan şulary mysal almak bolar:

"Bir wagt eşegi myhman çagyrypdyrlar. Şonda eşek aýdypdyr: "Men kim? Myhmançylyk kim? Meniñ öñüme arpa dökmejeklerin-ä gözüm ýetýä. Meni çagyrýan bolsalar ýa hojaýynyñ öýüniñ oduny tükenendir ýa-da aýalynyñ uny gutarandyr" diýipdir. Başga bir mysal: "Kyrk ýyl mundan ozal Murgap sebitinde Kary at alan bir kör bolupdyr. Ol örän dilewar eken. Maýly han bir gezek ony ýasawul bilen getirdip, gazap bilen sorapdyr:
— Sen kör, nas atýamyñ?
Kör seçekli kädisini jübüsinden çykarypdyr-da, pitikläpdir:
— Han aga, keýpiñ gyzyklysy şudur.
— Sen kör, çilimem çekýämiñ?
— Çilimiñ tüssesi, han aga janyña noşdur.
— Heý pelit, sen kör, tirýegem atýamyñ?
— Tapsam, hiç birinden gaýdamok, han aga.
— Sen kör, meniñ gazabymdan gorkañokmy?
— Men-ä han aga, hudaýdanam gorkamok.
— Men seni ýaman erbet ederin.
Kör ýañsa alypdyr:
— Be, menimi?
— Meniñ gazabyma duçar bolsañ, gaýdyp özüñi tutmaz ýaly ederin, kör!
— Hä, boljak onda, sen näme gazabyñ bolsa, şony maña görkez! Näme bu bir garyp biçäre diýip, maña halat-serpaý saljakmy? Bu pakyr bir ýeke çykan diýip, maña dogan boljakmy? Bu pakyr ýagty dünýäden mahruk eken diýip, maña näme göz goýjakmy? Sallah pahyra rehmiñ inip, meni näme öýerjekmi? Bu durmuşdan üýtgetseñ, meniñ-ä armanym ýok! Hany, han aga, gazabyñ bolsa şony maña görkez-le".[2]

Allaberdi ORAZTAGANOW,
filologiýa ylymlarynyñ kandidaty.

_________________________________
[1] B.Kerbabaýew "Gaýgysyz Atabaý" / taryhy roman. Aşgabat-1965, 111-112 sah.
[2] Inw. 2185.

Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle