A.Agabaýewiň «Sorag alamaty» poemasyna
A.Agabaýewiň "Sorag alamaty" poemasyna
Düýpsüz guýumydyr bu jahan işi,
Öňde-soňda onuň çözgüdin alsam.
Ser saldykça soňuna göz ýetme ýok,
Hiç zat görünmezdi bakmadyk bolsam.
Bu dünýäniň daglaryna seret sen,
Göge salam berer baglary bilen.
Asman ýerden nazaryny aýranok,
Düşnükli-düşnüksiz alamat bular.
Gözleýäris ýagty ýoluň çözgüdin,
Mydam üstümizde ýylgyrýar ýyldyz.
Näçe kemeldikçe ujypsyz ömrüň,
Sowalyn şonça-da köpelder ýyllar.
Nirä baksaň aňyrsy ýok alada,
Olaryň yşgynda ýeňles gezmeýäs.
…Her birimiz bir sowala öwrülip,
Bu dünýäden jogabmyzy gözleýäs.
* * *
Bagt pyşyrdaşsa güler ýüz bilen,
Ýaşaşmak islese eger siz bilen.
Açyň gapyňyzy — gelen döwletdir,
Hemem goraň ony ýüregňiz bilen.
Betbagtlyk gelip hyýrsyz ýüz bilen,
Ýaşaşmak iselse eger siz bilen.
Kynçylykdan ýapylmasyn gapyňyz,
Ony hem garşylaň güýjüňiz bilen.
Annaguly NURMÄMMEDOW. Goşgular