| |

Oýunçy utulanyny bilse ýagşy / gülküli kyssa

Oýunçy utulanyny bilse ýagşy / gülküli kyssa

OÝUNÇY UTULANYNY BILSE ÝAGŞY

— Jyr-r-r-r…
Doýduk çaýly käsesini elinde tutup durşuna gapdalynda goşa per ýassygy tirsekläp ýatan adamsynyñ ýüzüne ullakan gözüniñ gytagy bilen bakdy. Onuñ ýatan ýerinden gozganman, süýnmek kellesini aşak-ýokaryk yralanyny görüp özüne göwnüýetijilik bilen ýerinden galdy. Dähedem-dessem ýöräp baryp, telefonyñ gulagyna elini ýetirdi.
Añyrdan kimdir biriniñ hoşamaý gyryljyk sesi eşidildi.
— Alo Bekge daýynyñ öýümi?!
— Hawa.
— Hä, salam. Doýduk daýza, sizmi?!
— Salam. Hawa, edil özi men. Özüñ kim?
— Menmi?!
— Ýogsa kim bolar?
— Men Çukur obasyndaky ýegeniñiz Begelek.
— Hä, Begelek ýegen, senmi?
— Hawa, men.
— Öý-içerleriñjz gurgunçylykmy?
— Hawa, gurgunçylyk.
— Atañ-eneñ sagja gezip ýörmi?
— Hawa, gezip ýör.
— Jigileriñ dükürdäp ýörmi?
— Hawa, dükürdäp ýör.
— Özüñ işläp ýörmüñ?
— Toý etjek bolañzokmy?
— Ugrunda.
— Söýýän gyzyñ barmy?
— Bar.
— Okuwlymy?
— Ýok.
— Okuwlysyny tapmadyñmy?
Begelek daýzasynyñ soñsuz soraglaryna takady ýetmän, onuñ sözüni böldi.
— Daýza jan, bir minut saklansana!
— Näme, daýzañ gaçyp gider öýtdüñmi?
— Ýok-la, ýöne…
— Ýönäñ näme?
— Men ýene bir sagatdan Aşgabada ugramakçy. Gitmänkäm Bekge daýyma duşaýjakdym. Zerur işim bardy.
— Nä-me?!
— Daýyma duşmaly diýdim-dä!
— Hä, bi, neme… Oña duşmak hökmanmy?
— Hawa, hökman. Ýogsam göwnüme nämedir bir zadym kem däl ýaly bolup dur.
— Hä, düşündim. Öñräk şeý diýip aýdaýmal-a. Hany, dur bakaly! Daýyñ barmy-ýokmy, eýläk-beýläk seredip göreýin.
— Gaýrat etsene, daýza!
Doýduk gyssagarada näme bahana tapjagyny bilmän, çep eli bilen ýeñsesini gars-gara gaşady-da, daş-töweregine ýaltaklady. Degerli bahana tapmadyñmy-nämemi, telefonyñ gulagyny goltugynyñ aşagyna gysdyrdy-da, sözüni sozup pyşyrdady:
— Aýu, kakasy! Begelek ýegeniñe ýene pul gerek öýdýän. Seni soraýar. Näme diýsemkäm?!
Bekge iki eliniñ aýasyny biri-biriniñ üstüne goýup, kellesini gyşardyp görkezdi.
Doýduk adamsynyñ hereketinden onuñ diýjek bolýan sözüne düşünip, hasyr-husur goltugyndan telefonyñ gulagyny çykardy-da sesine bat berdi.
— Alo, Begelek ýegen, eşidýärmiñ?!
— Hawa, eşidýärin, aýdyberiñ.
— Onda iki gulagyñ bilen gowuja diñle!
— Daýza jan, telefonda iki gulagyñ bilen diñläp bolanog-a
— Sen meniñ diýenimi et-de, iki gulagyñ bilen diñlejek bol! Daýyñ süýji uka gidipdir. Indi ol oýanmaz.
— Nätdiñ-aý, daýza?!
— Hawa, hawa. Men bir zat diýsem anygyna ýetip soñ aýdýaryn.
— Onuñ Arap Reýhan bolasy barmy?
— Goýaweri, beýle diýmäge neneñ diliñ barýar. Daýyñ eşidäýse gaty görer.
— Ol süýji ukuda ýatyr diýdiñiz-ä.
— Onuñ gulagy jam ýaly. Ukuda wagtam eşidäýmesem bar.
— Onda, daýza jan, daýyma aýdyñ! Men ýene bir sagatdan agşamky otly bilen Aşgabad altu aýlyk okuwa ugraýaryn. Daýym uklamadyk bolsa o günki karz alan pulumy elinjik özüne gowşuraýjakdym. Indi okuwdan gelenimden soñ bererin-dä. Menden öýke-kine etmäñ. Hoş sag boluñ!
— Ä-ä…
— Guk-guk…
Doýduk elinde telefonuñ gulagyny tutup durşuna agzyny açyp, doñup galdy. Kalbynda harasat gopup, bütin endamy saññyl-saññyl etdi. Gözlerini elek-çelek edip, adamsyna aýlady. Onuñ sesini-üýnüni çykarman, lal-jim bolup, başyny aşak egip, oturanyny gören Doýduk:
— Oýunçy utulanyny bilse ýagşy — diýip, ysgynsyz seslendi.

Ödegeldi KULYÝEW.

Satiriki hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle