Birdir bu gelin
Birdir bu gelin

Agzy şeker, dili gülüñ balydyr,
Ah çekdikçe ýüregimi aladyr,
Müñ hatar içinde özi ga:ladyr,
Urumda hem Şamda birdir bu gelin.
Garyp bilbil pygan eder näz bilen,
Gylyç urar, ganlar döker gürz bilen,
Iki müñ gelin hem dört ýüz gyz bilen
Çekilse, çoh agyr geler bu gelin.
Iller, kemi barmy şol gara gaşda?
Dostumyñ söwdasy oýnaýyr başda,
Tunus, Tarabluda, goja Maraşda,
Reýhanyñ içinde birdir bu gelin.
Hany, bakyb şu gözeliñ halyna,
Jüp memmeler yz eýlemiş goýnuna,
Baryñ, bakyñ Gürjüstanyñ iline,
Ajam, Buharada birdir bu gelin.
Garajaoglan diýer, ýarym sallanar,
Jiger-bagrym bölek-bölek bölüner,
Ahyrynda şu dert bilen ölüner,
Jahanda ýeke-täk birdir bu gelin.
■ MEÑLI DILBER
Akdagyñ etegi bir ýaşyl öri,
Örüdir-ä, meñli dilber, örüdir.
Söwdañ ýüregimde ýagy erider,
Ereder-ä, meñli dilber, ereder.
Gyratda galandyr deri ㅡ postumyz,
Ykraryndan döndümikä dostumyz?!
Görüñ, gara toprak örter üstümiz,
Çüýreder-ä, meñli dilber, çüýreder.
Tämiz bolar bedew atyñ ýatagy,
Ýalñyz galmaz goç ýigidiñ otagy,
Barar bir näkese deger etegi,
Gaýra dur-a, meñli dilber, gaýra dur.
Garajaoglan diýer, gelip-geçmedim.
Ýar elinden gül badalar içmedim,
Pursat elde eken, alyp gaçmadym,
Bäri dur-a, Meñli dilber, bäri dur!
■ MEÑLI
Zyba gözel bolmak üçin
Ýara bir meñ gerek, bir meñ.
Aşyk aklyn almak üçin
Ýara bir meñ gerek, bir meñ.
Hanjaryn almyş destine,
Meni öldürmek kastyna,
Ap-bak gerdeniñ üstüne,
Ýara bir meb gerek, bir meñ.
Saklan, meñli peri, sagyn,
Jübüt jübüt heýkeliñi dakyn,
Gözüñ gyrasyna ýakyn
Ýara bir meñ gerek, bir meñ.
Garajaoglan, çäresi nä?
Melhem eýläñ ýarasyna,
Iki gaşyñ arasyna
Ýara bir meñ gerek, bir meñ.
■ ÝARYÑ HELAL GAŞLARY
Ala gözli türkmen gyzy,
Çeker gider göçlerini.
Daramyş, gerdene dökmüş,
Tel-tel ýüpek saçlaryny.
Hatarynda guba maýa,
Jemalyn meñzetdim Aýa,
Ak göwsüni germiş saýa,
Çalar gider peşlerini.
Garajaoglan, bir gyz söýmüş,
Ak göwsi göwsüne degmiş,
Ussat ussa, zergär ermiş,
Ýaryñ helal gaşlaryny.
■ ÝAZ BILEN
Kadyr Möwlam, budur senden dilegim,
Oýnat meni gelin bilen gyz bilen,
Çyksam Müñbugaga, ýaýla ýaýlasam,
Içsem dury suwlaryny buz bilen.
Dosta giden dogry ýollarym bolsa,
Bilbil kibi şeýda dillerim bolsa,
Gaýyk gaýkyllajak köllerim bolsa,
Içi doly ördek bilen, gaz bilen.
Garajaoglan diýer, azal sürülse,
Müñ bäş ýüz şäherden harjym berilse,
Yzsyz-sorsuz ýerde köşgüm gurulsa,
Sürsem sapasyny gyş hem ýaz bilen.
Hasan GARAJAOGLAN. Goşgular