|

Übtüjekler: Durmuş bir pamyk bulut bolsa, wakalar onuñ übtüjekleri

Übtüjekler: Durmuş bir pamyk bulut bolsa, wakalar onuñ übtüjekleri ÜBTÜJEKLER / DURMUŞ BIR PAMYK BULUT BOLSA, WAKALAR ONUŇ ÜBTÜJEKLERI

SENE-MENE

Dawanyň başy gaty gazaply başlady. Aýalynyň:
—Ýene­de ütügimiziň simi ýandy. Sen bolsa haçan görseň telewiziriň öňünde eplenip ýatyrsyň — diýen sözi, adamsynyň bagryndan ok bolup geçdi. Onuň:
— Nämäňe hüňürdeýäň­ow?! — diýen gaharly sözüniň soňy göz açyp­ýumasy salymyň içinde kyýamat­magşara ýazdy.
— Mundan gün bolmaz — diýip, hüňürdän adamsynyň öýde durmaga takaty galman, ol çykyp gitmek üçin gapa ýöneldi. Geýim asgyçdan gysga, galyň paltosyny alanam şoldy welin, aýaly ýanyna golaýlady­da telpegini uzatdy:
— Telpegiňi bir geý! Daşary sowuk. Mydam «Kelläm!» diýip ýörsüň. Üşärsiň!
Paltosyny geýmän sähel salymlyk säginen adamsy, daşaryk gitmegi goýbolsun etdimi nämemi, elindäkini yzyna asdy­da, ýüzüni çytyp aşhana ýöneldi. Gidip barşy­ na­da burnuna salyp hüňürdedi:
— Atagzym bilen otwertka (towlaňňyç) nirdekä?!…

SOWGAT

— Maňa baýramçylyga näme sowgat berjeg­ä?! — diýip, aýaly dälizde ýeke özleridiklerinden hem­de çagalarynyň görmeýänliginden peýdalanyp, işden gelen ärine näzirgedi.
— Kepgir bilen saç! Näme, aýal üçin şondan peýdaly, şondan amatly sowgat barmy?! Eýýäm, hanha, alybam goýdum! — diýip, äri, hilebir iş edýän ýaly, daşky galyň eşiklerini çykaryp durşuna, keýpihon lokguldady.
Aýalynyň ýüzi boz­ýaz boldy.
— Onda, senem naharyňy şol getiren sowgatlyk sajyňda bişirin­de, şol sowgatlyk kepgiriň bilen guýun­da iýiber. Haýp, saňa sarp edip geçirenje gül ömrüm…
Aýaly şeýle diýdi­de, tasanjyrap içki otaga girip gitdi.
«Göläniň oýnam bolsa, itiň çyny bol­ dy­ow, bi­ýä, Alla janlarym!» diýip, içinden pikir öwren äri, ýeňsesini gaşady­da, sähel ýerde tutaşan öýke­kine bilen näme etjegini bilmän sermi­sal halda duruberdi.
Onýança­da içki otagdan şakyrdadyp gapylary açylýan tekjeleriň närazy jygyl­ dysydyr orta üýşürilýän geýim­eşikleriň «patdyldysy» eşidilip ugrady.
Öz öýlerine mahsus bolmadyk bu sesler ärini özüne getirdi.
Bada­badam onuň girre gahary geldi.
— Bizem seniň ömrüň köýüp ýören mahalynda, gidip uçmahda birmeýdan dynç alyp, özlemmiz ýaly Görogly sypat, şahandaz ýigitler bilen döwre gurap, meýlis tartyp geçirmedik şu öten ýyllary. Seň gije­gündiz jygyldap duran igäň gapdalynda igelenip­igelenip igläpler geçirdik şunça ýyly — diýip, aýalynyň giden otagyna tarap eşidiler­eşidilmez hüňürdedi.
Soňam eşiklerini geýim asgyçdan asyş­ dyryp durşuna, diňe özüne eşidiler ýaly, burnuna salyp üstüne goşup goýberdi:
— Känlerde ýa­da çakdan aşa gyzgyn ýerlerde, zyýanly işlerde işleýänler­ä munuň üçin goşmaça töleg töleýäler, maňa bolsa çekýän zyýanymyň, ýakýan meýni öýjüklemmiň öwezine derek, iň bärkisi, günde bir çüýşe süýt berýänem ýok…
Onýança­da aýaly şifonýeriň ýokarky tekjesinde gizlenip goýlan daşy mahmally gutynyň üstünden bardy. Ony alyp açan dessine­de: «Baýramyň bilen mähribanym!» diýip ýazylgy haşamly ýazgyny we onuň aşagyndaky zümerret gaşly, naşyja tylla gülýakajygy gördi. Göýä, biriniň gör­ meginden çekinýän ýaly, gutyny emaý bilen alanja ýerinde goýýarka aýaly utan­ jyndan ýaňa ýüzüniň lap­lap gyzýandygy­ ny duýdy…

TAGAM

«Işden ajygyp geler. Şoňa çenli bir ýetişdireýin. Iň gowy görýän naharydyr» diýip, aýaly ägirt uly mähir bilen saçda bygyrdap duran naharyna duz atdy. Şol pille­de how­ ludaulagyň tekerlerini jygyldadyp togtaýan sesi eşidildi. «Geldi» diýip, aýaly ýanýoldaşyny garşy almak üçin daş işige ýöneldi.
Ejeleriniň giderine mähetdel, hälden bäri onuň nahar bişirişini synlap duran ekizjeleriň biri, uly gyzyklanma bilen dümtünip duran oýnawajyny taşlady­da, gaz plita tarap gaýtdy. Gaz plitanyň gapdalynda duran agzy açyk duz gaba penjejigini urdy­da, boýjagazy ýetmeýändigi zerarly, bir eli bilen gaz plitanyň erňeginden ýapyşyp ökjesine galdy. Duzly eljagazyny sajyň üstüne uzatdy­da, gysymjygyny açyp goýberdi. Soň az salym öz eden işiniň netijesine garaşýan dek böwrüne diň salyp oýurganyp durdy. Az bolar öýtdümi nä­ memi, ýene­de birki ýola ýaňky hereketini gaýtalady. Soňam göwni ynjalandyr­da, eden işinden göwnühoş halda, ekiztaýyna tarap gaýtdy.
Onuň ýanyna baryp loňkuldap aşak çökeni hem şoldy welin, ekizleriň ikinjisem taýyndan kem galyp barýana döndi. Olam gaz plitadyr agzy açyk duz gaba tarap ýola rowana boldy. Ýaňky hereketleriň ählisi ýene­de gaýtadan gaýtalandy. Megerem, bu ikisini goramaküçin berkidilen perişdeler eden işini bijaý halallap amala aşyrýan bolara çemeli, ekizleriň ikinjisem ýanyp-bişmän sag­aman yzyna, taýynyň ýanyna dolanyp geldi.
Onýança ellerini kakalarynyň getiren sebetlerinden dolduryp ýanýoldaşlaryň ikisem geldiler. Ogşalmalylaryň hemmesi ogşaldy. Çar ýana seçilmeli, owradylyp gyzyl­ýaýyrt edilmeli köke­ süýjülere­de nesibesindäki nesip etdi. Soň eşik çalşyldy, el ýuwuldy, saçak ýa­ zyldy, nahar alyndy. Öýüň eýesi, ýaňy bir şeýle söýlüp­sylanyp, özüne gadyr edilip bişirilen iň halaýan tagamyndan çemçesini dolduryp agzyna salany hem şoldy welin, gözlerinden biygtyýar gözýaşlar paýrap gitdi.
Ol naharyň başyna geçeli bäri, onuň her gün agşam, naharyny dadan dessine aýdýan: «Bäh, süýji bolupdyr­ow, sadagasy boldugym» diýen sözüne sabyrsyzlyk bilen garaşýan öýüň bikesi, bu gezek onuň topulyp turup, aşhananyň kranyna ýapy­ şyşyna düşünmedi. Hasam düşünmedik ýeri, krana agzyny tutagada, hopurdadyp-hopurdadyp suw içişi boldy. Biri­birinden asla tapawutlandyryp bolmaýan iki sany tos­togalajyk ekizler bolsa, göýä, bu bolup geçýän zatlara özleriniň dahyly ýok deýin, ortada bugaryp duran nahara düýbünden meýil etmän, ellerindäki süýji­kökelerine güýmenişen bolup, tokgarylypjyk otyr­ dylar…

ÇYN WE ÝALAN

Ejesi aýtdy:
— Hiç haçan ýalan sözlemegin! Ýalançynyň temmisini Taňry berer. Kakasy aýtdy:
— Hiç haçan şugullamagyn! Şugulçylyk ýaly ýigrenji häsiýet ýokdur.
Ertesi gün mekdepde arakesmä çykanlarynda, deň­duşlary bilen top oýnap ýörkä, olaryň biriniň depen pökgüsi pen­ jirä degdi.
Aýna döwüldi.
Dergazap bolup gelen synp ýolbaş­ çysy:
— Kim aýnany döwdi?! — diýip, onuň
üstüne heňkirdi.
Oglanjyk ýüzüni sallap, oýurgandy… Aýtsaň­a şugulçy bolmaly. Aýtmasaňam ýalançy.
Ol aýgyt bilen gözlerini göterdi­de:
— Men döwdüm! — diýip, mert jogap gaýtardy.
Temmisini aldy, ýöne gynanmady. Dogry baş alyp çykanyna buýsandy.

GÜJÜJEK

Gije. Çabga. Dünýe suw­sil. Tok öçüpdir. Tüm­garaňky. Oglanjyk gorka­gorka işikden garady­ da, ylgap ýagşyň aşagyna çykdy.
Bagyň düýbüne barmanka, öl­myžžyk bolup ezildi.
Kibtini gysyp durşuna, howul­hara işini bitirdi.
Yzyna ökjäni götermekçi bolanda­da, bagyň düýbünde bir gysymjyk bolup çugutduryp oturan tüý üýşmejigine gözi düşdi. Tisgindi. Emma, näme üçindir, gidibermedi. Sägindi­de, aşak oturdy.
Seretse, güjüjik, ol naýynjar sesi bilen ýuwaşja çyňsady.
Oglanjyk ony sypalanda güjügiň süňňi bilen galpyldaýandygyny syzdy. Dözmedi.
Göterdi­de, alyp gaýtdy. Bassyrmanyň aşagyna getirip, köne keçäniň üstünde goýdy.
Aşhanadan esgi alyp gelip, güjüjegi gowy süpürdi.
Soň öýe girip gitdi.
Biraz eglenip, eline içi süýtli ýalpajyk tabak bilen bir döwüm ýumşak çörek alyp çykdy. Çöregi tabaga owradyp, güjüjegiň öňüne süýşürdi. Ýene­de sypady.
— Sen, iýip bolgun­da, ýatybergin! Gorkmagyn, özüňem! Ertir seni alyp galma­ ga rugsat berer ýaly, ejem­kakamy yraryn. Kowmazlar. Olar gowy adamlar! Bolýamy?! Hä?! — diýip, ol pessaýja pyşyrdady.
Güjük garaja gözlerini akyllylyk bilen ýumjukladyp, oglanjygy synlady­synlady­ da, alkymyndaky tabaga egildi.

Oglanjyk pallady­da, öýe ýumlukdy. Öl eşigini çalşyp, düşegine geçen des­ sine­de myrlap, uka gitdi…
…Birhaýukdan soňam nähilidir bir öl­ jümek zadyň aýasyndan çala gysyp, elini çekýändigine allaniçigsi bolup oýandy. Ol zähresi ýarylana dönüp, gözüni açyp dik oturanda ýaňky güjüjegiň dişsiz agzy bilen elinden dişläp dartýandygyny, ala­başagaý bolup çyňsaýandygyny gördi.
Bimaza edilenine oglanjygyň girre gahary geldi.
— Sen­eý, öýe nädip girdiň?! Işigiň yşyna tumşugyňy sokup açdyňmy?! Kim saňa öýe girmäge rugsat berdi?! Bar, çyk, derrew öýden! — diýip, pyşyrdyly hüňürdedi­de, elini güjügiň agzyndan sypdyryp, onuň tüýlek kellejigine gahar­ ly kakyp goýberdi.
Emma, güjük ynjyly çyňsasa­da, yza tesmedi. Gaýta, ýene­de oglanjygyň elin­ den dişläp, ony nirädir bir ýere dartmaga dyrjaşdy.
Oglanjygyň hasam gahary geldi.
— Aýrylsana­aý! Näme gereg­äý, sa­ ňa?! — diýip, ol güjügi eliniň tersi bilen itekledi.
Birdenem, burnuna hapylap porsy ys urdy. Bada­badam, gapylaryna ýakynda gurnalan demir pejiň gapdalyndan «waşylap» ses çykýandygy aňyna ýetdi. Gaz şlangasy! Sypypdyr! Howsala düşen oglanjyk, özüniň näme edýändigine­de düşünmän, ilki bilen çyrany ýakmaga howlukdy.
Emma, ýumruk ýaly güjüjek, bir bökende onuň öňüne geçdi­de, göwresine gelişmeýän yzgytsyzlyk bilen hyňranyp, ony diwardaky düwmä tarap goýbermedi. Oglanjyk dessine akylyna aýlandy. Ilki bilen, hasyr­husur gazy ýapdy. Soň penjireleri, gapylary serpdi. Soň ýuwaşlyk bilen, ejesini­kakasyny, doganlaryny oýardy.
Hemmeler oýananda, ýaňkyja güjüjek eýýäm öýde ýokdy…

GEZELENÇ WE GEÝIM

Gyşyň howasy.
Alyp barýan sowuk bolmasa­da, biraz çigregi bar.
Galyň geýimlerinden ýaňa topbaryp durşuna, gabygy gat­gat sogana çalym edýän üç ýaşlyja Kerim, köp gatly ýaşaýyş jaýynyň girelgesiniň agzynda ýüzjagazyny sortduryp durdy. Elinde­de oýnawaç pil­ jagazy, aýagynyň ýanynda halkasyna ýüp ildirilen ýük ulagjygy.
Onuň bolup durşundan üsti­üstüne geýdirilen eşiklerinden ýaňa ybaly gymyl­ dabam bilmeýändigine torsarylýandygy mese­mälim bildirýärdi.
Şol mahal girelgeden orta ýaşdan agan, saçlaryna çal sepen goňşulary çykdy.
Kerim sen­de ýok men­de, salam­heliksiz, agraslyk bilen oňa ýüzlendi: — Oýnamaga barýaňmy?! Goňşulary birbada aňk­taňk boljak ýaly etse­de, ýeke pursatda ähli zada dü­ şündi.
Gülmän­yşman zordan saklandy­da, çynlakaý jogap gaýtardy:
— Hawa, Kerim jan! Oglanjyk ýüz­gözjagazyny bürüşdirip soragyny dowam etdirdi:
— Paltunyňy geýdiňmi?
— Geýdim.
— Görkez, hany! Görkezdi.
— Žempiriňem geýdiňmi?
— Geýdim.
— Görkez!
Görkezdi.
— Ädigiňem geýdiňmi?
— Hawa.
— Görkez onam!
— Ine, aýagymda ahyry!
— Içinden galyň jorabyňam geýdiňmi?
— Geýdim. Ýöne ony görkezip durmaýynam­la, belki, sözüme ynanarsyň! — diýip, goňşulary öňünde ýazgaryjy nazary bilen özüni boýdan­başa synlap duran girdenege ýallaklady.
— Bolýa! — diýip, girdenejek oňa ägirt uly, aşagyndan çykmaz ýaly eglişik edýän dek, islemezlik bilen rugsat berdi­de, ýene­de derňewini dowam etdi.
— Gulakjynyňam geýdiňmi?
— Hawa, ine! — diýip, goňşulary kellesindäki telpegine yşarat etdi.
Oglanjyk indi näme soramalydygy ýadyna düşmän, söm­saýak bolup duran goňşularynyň öňünde ellerini arkasyna çilşirdi­de iki­baka gezmeläp başlady. Arasynda­da oňa garşy gabak astyndan müňkürlikden doly nazaryny oklady. Birdenem güpbe ýadyna düşdi. Onuň çat maňlaýynda sakga durdy­da, göni garaçygyna dikanlap, gözüne sokaýjak bolup barmagyjyny çommaltdy:
— Hä­ä! Bildim! Jalbaryň iki gatmy?! Goňşusy pyňkyrman zordan saklandy. Dil ýarsa güljek.
Şonuň üçinem sesini çykarman baş atdy. Şondan soň ol ýene dillendi:
— Onda wagtynda dolangyn!

ÇEMEN

Ýigdekçe tamlarynyň öňüne iki düýp bägül ekdi.
Suwardy, bejerdi, çyrpdy, ideg-­yssywadyny kem etmedi.
Wagt geçdi.
Bägüller güle durdy.
Her biri penje­penje, goýy gyrmyzy bägüller.
Öýlerindäkilerden hiç kime degdir­ medi.
Jigileri bilimler güni mekdebe alyp gitjek bolsalar:
— Dessäni bazardan satyn alaýyň! — diýdi.
Zenanlar günem elletmedi.
Doglan günlerdir başga baýramçylyk­ larda­da ýolmaga rowa görmedi.
Soň tanyşdy.
Huşuny­-düýşüni eýelän, şol ýeke­täk bolup görnen, şol ýeke­täk bilen.
Telefon belgimi, IMO salgymy, garaz, habarlaşar ýaly näme bar bolsa alyşdylar.
Habarlaşdylar.
Ylalaşdylar.
Belleşdiler.
Şonda ol, yhlas bilen ýetişdiren bägüllerini ýekän­ýekän gyrkyp alyp, çemen bogdy.
Ajaýyp bir çemen.
Belleşilen ýere belleşilen sagatdan ep­esli wagt öň baryp, garaşmaga durdy.
Oturyp garaşyp gördi.
Turup garaşyp gördi.
Gezmeläp garaşyp gördi.
Ylalaşylan sagat bolandan soň, byzby­ dyklap garaşyp başlady.
Gaharlanyp gördi.
Köşeşip gördi.
Ahyry jaň etdi.
Alynmady.
Habar ýollady.
Jogap ýok.
Oýa batdy…
Oýnaýdymyka?!
Näme üçin?!
Näme ýamanlyk etdi?!
Ýöne, keýpinemi?!
Oýnamagyň hatyrasyna oýnaldygymyka?!
Tagaşyksyz uzyn boýuny egreldip, birsellem muňalyp durdy.
Elinde­-de dessesi.
Apalanyp ýetişdirilip, jahanyň hiç kim­ sine we hiç bir zadyna rowa görülmän, aýalyp saklanan güllerden boglan, päkize çemen…
Birhaýukdan soň, oýlanyp boldu­my nämemi, elindäki owadan çemene ýigrenç bilen seretdi­de, ony oturgyjyň gapdalyndaky çoýun zibildana oklap goýberdi.
Yzyna garamanam gitdi.
Zibildanda­-da çog gyzyl çemen…

Serdar ATAÝEW. Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle