| |

Demon

Demon DEMON / Ýowuz ruh

Heniz meniñ çaga wagtym, añymda
Dünýäñ täsirleri täze çagynda,
Gyzlaryñ bakyşy, jeññelleñ sesi,
Gijeler saýraýan bilbilleñ sesi,
Haçanda belende göterlen duýgym,
Azatlygym hem şöhratym, hem söýgim,
Sungatyñ ylhamy joş urup ganda,
Egsilmez güýç bolup daşa dyñzanda,
Umyt pursatlary, keýp pursatlary,
Tukat güýzüñ keýpe ters pursatlary,
Ýanyma niçikdir bir ýowuz geniý
Gelip, gizlinlikde tapardy meni.
Biziñ duşuşygmyz bolardy gamly,
Ýylgyrşy, gudratly täsin gözleri
Hemem onuñ ykaratly sözleri
Kalba guýup buz dek zäher tagamny,
Tükenmez töhmeti getirip dile,
Salgyma adamy ederdi maýyl.
Oña gözellik diýp janu-dil bile
Ylhamy ýigrenim ol örän gaýym,
Söýgä hemem erkinlige ynanman,
Ýaşaýşy ýañsylap, ýek görerdi ol.
Tutuş tebigata ederdi güman,
Ne-de bu dünýäden minnetdardy ol.

* * *

Saña bolan däli söýgim hakynda
Gabanjañ arzuwmy bagyş eýlärmiñ?
Sen maña wepaly: Nämüçin onda
Gorkuzmak isleýäñ duýgymy meniñ?
Hyrydarlar hümer gurýar daşyñda,
Neçün hemmä ýagşy bolmak isleýäñ,
Näz ýa gam duýduryp öz garaýşyñda,
Näme üçin nazar salmak isleýäñ?
Ygtyýarym alyp, aklym çaşyryp,
Ynanýarsyñyz meniñ şowsuz yşkyma,
Görmeýärsiñ, topar ýady üýşürip,
Dymyp ýörenimi bakman hiç kime.
Ýalñyzlykdan ýaña ot düşýär jana;
Bir söz gatmaýarsyñ… Eý, birehim ýar!
Karar tapman gaçyp gitsem bir ýana ㅡ
Yzymy idäñok bolup bikarar.
Maña gürleşse-de, ýok seniñ işiñ,
Meni ýakýar, bu bakyşyñ, eý, aman,
Söýgi syzdyranok ol şat garaýşyñ.
Ömürlik bäsdeşim, ㅡ ýene diý hany:
Seniñ bilen ýalñyz görende meni
Näme mekir salam berýär ol haýýar?..
Diý, ol seniñ nämäñ? Niçik haky bar ㅡ
Gabanmaña, bakyp seniñ boýnunña?..
Çola bir sagatda gündiz ýa gije,
Ejeñ ýokka, göwsüñ açyp çalaja,
Näme üçin goýberýärsiñ öýüñe?..
Sen ýakymly, näzlim, ikiçäk bolsak!
Öpüşiñ, söýüşiñ ýürekden, ýarym!
Eý, söýgüli ýarym, ýalbarýan saña,
Indi mundan artyk zulm etme maña:
Çyndan söýýänime düşün sen indi,
Jebir iýýänime düşün sen indi.

■ KNÝAGINA M.A.GOLISYNA

Bireýýämden ýüregimiñ çuñunda
Göterýän ol hakda ýatlamany men.
Bir bakyşy söýgi goýdy köñülde,
Ýaşap ýörün indi şol bakyş bilen.

Okadym men owsunlaýjy goşgymy,
Meñ goşgym hernäçe bolsa-da gamly,
Halady ol, onda döräp hoş duýgy,
Gaýtalady duýup sözleñ tagamny.

Ýene-dü liramda gözýaşa, jebre
Çyny bilen berlip, goşulyşdy ol.
Her sözüme ol özüniñ bir zerre
Ýesir edýän owazyny goşdy ol.

Indi mähir bilen bakaryn diñe,
Besdir! Öz buýsanjym ýeñe-ýeñe men.
Öz şöhratym bilen borçly men oña,
Belki, ýene öz ylhamym bilenem. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle