…Çagasy
…Çagasy

Alaguş — elguşuň çagasy;
Çebşek — towşanyň çagasy;
Etene — garlawajyň, bürgüdiň, gumrynyň çagalary — ýumurtgadan çykan wagty ýeleksiz bolýanlar;
Gijen — pişigiň çagasy;
Goduk — gulanyň çagasy. Bu at «Gulan başyna gaý düşse, godugyna garamaz» diýen nakylda hem saklanyp galypdyr;
Göle — sygryň, sugunyň çagasy. Bu sözüň dilimiziň şiwelerinde «tana, öjek, höjek» ýaly aýdylyşyna hem duş gelinýär;
Guzy — goýnuň çagasy;
Güjük — itiň çagasy;
Itbalyk — gurbaganyň çagasy;
Jüýje — towugyň, käkiligiň, ördegiň çagalary — ýumurtgadan çykan wagty ýelekli bolýanlar;
Köşek — düýäniň çagasy. Köne türkmen dilinde «köşek» sözüne derek «bota» sözi hem ulanylypdyr. Bu söz «Düýe garrasa botasyna eýerer» nakylynda saklanyp galypdyr. «Düýe botlapdyr» aňlatmasy hem «bota — köşek» sözündendir;
Kürre — eşegiň çagasy;
Merdek — aýynyň çagasy;
Owlak — geçiniň, keýigiň çagasy;
Şirbeçe — ýolbarsyň çagasy. Magtymguly Pyragy «Aý-günüňiz batmaga» atly şygrynda: «Şir beçesi togsan tilkä atdyrmaz» diýýär;
Taý — ýylkynyň çagasy. Köne türkmen dilinde bu sözüň «gulun» nusgasy hem duşýar. Şol sebäpli hem «baýtal gulunlady» diýilýär;
Tokar — keýigiň çagasy;
Toýçy — tomzagyň çagasy;
Tula — şagalyň çagasy;
Üzit — möjegiň çagasy. Alyp-ýolup barýan çagalara «üzit ýaly» diýilmesi bardyr. Gadymy türkmen dilinde möjegiň çagasyna «mamrah» diýlişi-de duş gelýär;
Ýylançyr — ýylanyň çagasy;
Ýylpyz — tilkiniň çagasy. Ýöne bir zadyň deşiginden düşüp, oýnap duran şöhlä hem «ýylpyz» diýilýändigini aýtmak gerek. Hereketinde uçup-gonup duran adama «ýylpyz ýaly» diýilmesi hem bardyr. Halk döredijiligi we rowaýatlar