Gyzlaryma
Gyzlaryma
 Dört gyzym, dört nury didäm, 
 Gulak goýuñ sözlerime: 
 Dört ogul deý, dört iner deý 
 Kuwwat berdiñ dyzlaryma.
 Biriñ ýazym, biriñ arzym, 
 Abadym, säherim meniñ. 
 Dört diregim, dört pasylym, 
 Baryñam baharym meniñ.
 Dört pasylym, dört diregim, 
 Gündiz günüm, gije aýym. 
 Size giñ dünýede abraý 
 Miýesser etsin ylaýym.
 Namartlar kä mert ýigde-de 
 Nähak ýere şyltak atar. 
 Ýöne welin, gyz halkyna 
 Olañ sözi has köp ýeter.
 Emma, biliñ, buýsançlylañ 
 Utdurany ýokdur heniz. 
 Lak atylar ýeñleslere, 
 Hormatlydyr edaly gyz.
 Durmuş guruñ, ylalaşyñ, 
 Ýöne ara düşen söze 
 Orun berip köñlümizde, 
 Dyzap durmañ öýüñize.
 Ýigit kimin, bir är kimin 
 Iliñ-günüñ hoşy boluñ. 
 Adyñyz-abraýyñyz bilen 
 Bir hataryñ başy boluñ.
 Oguldan ýanyp ýörenler, 
 Çeke-çeke ahy-zary, 
 Diýsin sizi ýüze sylyp: 
 »Wah, gyz dogsa bolmaýarmy!»
 Yhlas bilen dileýärin 
 Ýüze sylyp günüm-aýym, 
 Size giñ dünýede abraý 
 Miýesser etsin ylaýym!
* * *
 Giderin, giderin, 
 Uzakdyr ýollar, 
 Söýerin. Işlärin. 
 Aglap-gülerin. 
 Kim men? Näme 
 Gadym dünýäñ ýüzünde? 
 Men bulary ölemden soñ bilerin. 
 Aýagymy düzdüm döwrüñ aýagna, 
 Sesine ses goşdum beýik döwrümiñ. 
 Bir aladam: näçe sahap bolarka 
 »Saýlanan günleri» 
 Ýaşan ömrümiñ?
■ MEN ÖZÜMI AÝAMADYM HIÇ ÝERDE…
 Men özümi aýamadym hiç ýerde, 
 Gaýgyda, hesretde, şatlykly günde. 
 Aglamda geñ galdy terkidünýäler, 
 Bagtlylar geñ galyp bakdy gülemde.
 Söýemde şeýle bir ýürekden söýdüm, 
 Onuñ bir öýjügnem boş goýmadym men. 
 Adam söýsem, kimligine garaman, 
 Söýdüm üstünligi, ýetmezi bilen.
 Maña bolsa: »Beýdip ýörme» diýdiler, 
 »Seniñ bu bolşuña diýerler tentek. 
 Sen entek ýaş ahyr, saña gor gerek, 
 Seniñ bar geljegiñ öñüñde entek.»
 Men özümi aýamadym hiç ýerde, 
 Gorum gutarar diýp etmedim müýni. 
 Kä söýenim üçin urdular meni, 
 Kä gazabym üçin söýdüler meni.
 Haýyr işler üçin taýýarlyk boldum, 
 Şer işiñ tersinde goýdum men şeri. 
 Soñ görüp otursam, gutarýar eken 
 Diñe berilmeýän zatlaryñ gory.
 Diñe söýmeýänleñ, köýmeýänleriñ 
 Özgäni beýgeltjek ajaýyp syry 
 Bir gyzyl manat deý gizleýänleriñ 
 Gutarýar ekeni ýürekde gory.
 Men özümi aýamadym hiç ýerde, 
 Özümi bagş etdim özgeler üçin. 
 Dogry, käte azar berýär ýüregim, 
 Oñam başga zatdan bolmagy mümkin.
■ RAZY
 Ynsana bagt üçin nämeler gerek? 
 At gerek, ýol gerek hoş hyýal bilen. 
 Her goşgymda kämil bolmaga derek, 
 Onuñ barha kyn düşýänne razy men.
 Razy ㅡ çynym bilen sadany söýýän, 
 Razy ㅡ halal saçagymda çöregim. 
 Razy ㅡ çalarypdyr saçlarym eýýäm, 
 Razy ㅡ hernä üýtgemändir ýüregim.
 Razy ㅡ günler ýüpek söwsana döndi, 
 Razy ㅡ ýüregimde özgäñ agysy. 
 Razy ㅡ »Mydam Güneş bolsuna» doldy 
 Asman bilen şu zeminiñ arasy.
 Razy ㅡ köp büdredim çaga mysaly, 
 Ýalñyşdym, ökündim ilkibadalar. 
 Şonda gökden inen perişde ýaly, 
 Duşdy maña oñat-oñat adamlar.
 Razy ㅡ köçelerim, ýüregim ýagty, 
 Razy ㅡ kükregimde diñenok owaz. 
 Berdi maña bir ömürlik bu bagty 
 Geçip barýan ýaşlyk, geçip barýan ýaz.
 Razy ㅡ joşdum topragymyñ toýunda, 
 Duzuny syladym, sowuşdym ýasyn. 
 Eziz maña şu topragyñ goýnunda 
 Wysal bolan hem bolmadyk yhlasym.
 Gerekli pursadym indim äleme, 
 Begendim, söýüldim, çekdim men zary. 
 Ine, şu zatlaryñ meniñ täleýme 
 Miýesser edenne müñde bir razy. 		 	  Goşgular
