|

Şagal we itler

Şagal we itler ŞAGAL WE ITLER / basnýa

Itler topuldylar ogry şagala,
Olar münipdiler uly gazaba.

Şagal hem gaçýardy jeňňele bakan,
Gaçmaklykda onuň beýnisi bekän.

Çöpden- çöpe urup, berýärdi zory,
Yzy, töweregi itlerden doly.

Teý ahyr atdy ol özün jeňňele,
Itler turuzýardy ala zenzele.

Ýetdim- ýetdim etdi hem alarlady,
Asla itler ondan galarly däldi.

Ahyr ogry şagal mekirlik etdi,
Itleri maslygyň üstünden eltdi.

Bir- birin gysganşyp gyrlaşdy itler,
Gazaba mündüler, gyrlyşdy itler.

Şeýle bir uruşdy, dalaşdy olar,
Al ganyn sarkdyryp, dagaşdy olar.

Şagal bolsa ýatyr çöpe sümülip,
Şol hälki maslygyň süňkün gemirip.
                                              
17.01.1978 ý.

Sapargeldi HUDAÝBERDIÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle