Uruş
Uruş

Uruş! Ahyrsoñy turdy bu tupan,
Görýän jeñ baýdagnyñ galgap durşuny!
Görýän ar baýramyn, gözel gyzyl gan,
Daşymda sygyrýar ölüm gurşuny.
Ençeme duýgular göterýär başyn,
Meñ teşne kalbymyñ güýçli duýgusy!
Örän jan edýärdi meýletin goşun,
Bardy ölüm howpy, gylyjyñ sesi,
Şum täleý oýnunyñ oduna ýanyp,
Ýykylýar esgerler, ýykylýar serdar!
Hyjuw, joşgun alamatlar daýanyp,
Uklap giden ylhamymy oýarýar.
Maña bar zat täze, çadyr kölgesi,
Ýatlañ galmagaly, duşmanyñ ody,
Agşam deprekleri, top gümmürdisi,
Ölüme garaşmak undup bar zady.
Duýgy mende dörärmikä bir zaman:
Ýa-ha ölmek, ýa-da bolmak gahryman?
Ýa bagtly bolup täze bezenmek
Ýa kysmatda barmy biderek ölmek?
Ölsem özüm bilen umydym öler,
Sap ýüregiñ beýik meýli hem şo dem,
Dogan-gardaş ýatlar, ylham-da solar,
Ylham duýgularym, ölersiñ sen hem!
Ne jeñ galmagaly, ne harby zähmet,
Ne buýsançly öwgiñ at-owazasy,
Ýatyrmazmy meniñ pikrimi hiç zat?
Meni eridýär şu azy yzasy:
Ygtyýar ýok mende, ýaltalyk ýykýar,
Göwnüm ýatyp barýar ýuwaşdan, ýuwaş…
Nämüçin jeñ howpy uzaga çekýär?
Nämüçin başlanok birinji söweş?
■ GNEDIÇE ÝAZYLAN HATDAN
Ýuliýasy bilen nika gyýdyryp,
Owidiýniñ ony alan ýurdunda,
Ol mekir Awgusta özün kowduryp,
Gara günler başa gelen ýurdunda;
Özüniñ hesretli goşgusyn goşup,
Ker takdyry ýola salan ýurdunda,
Demirgazyk paýtagtynyñ şöhlesi
Bilen men unutdym baky dumany,
Çalgyr tüýdügimiñ erkana sesi
Ukudan oýarýar kän moldawany.
Bir bolşum men, oýun etmen namarda,
Orlow bilen jedel edýän, içýän az,
Ýaranjañlyk eden bolup hiç ýerde,
Oktawiýadan tama gözläp çalman saz.
Dostluk hakda käbir ýeñiljek haty
Ýazýaryn janymy emgemän gaty.
Kysmat bilen akly kesgir hem ýagty,
Ruhy örän belent durýan kişiniñ
Ýalñyzlykda geçýän ol tukat wagty
Goşgy goşup şatlandyrýan kişini.
Ahillany ㅡ beýik ruhy täzeden
Ýene-de dirildip getiren sen, sen,
Gomeriñ eserin ㅡ goşgyñ ýagşysyn
Sen bize ýetirdiñ ㅡ köp şat eýlediñ.
Ol batyr şahyry, şöhrat bagşysyn
Çigiş düwünlerden azat eýlediñ.
Gedem akmaklardan özümi gizläp,
Kowulmakdan sypmañ ýoluny gözläp,
Gezen ýerlerimde seniñ merdana
Aýdymyñ şahyry jana ýetirdi,
Ol şirin owazyn saña getirdi.
Fewanyñ saýlany! Salamyñ seniñ,
Señ öwgüleñ maña gymmat jöwahyr.
Goşgy, dostluk üçin ýaşaýar, şahyr
Duşmany özüne ýigrenji onuñ ㅡ
Ol biderek jeñ üçin öz eserin
Ýere salmaz uly işiñ gaşynda;
Ýola getiriji çybyk ýeserin
Pis tankytçy salar barar duşanda.
* * *
Tiz dymaryn!.. Emma gaýgyly günde
Maña jogap berse tar öz heñinde;
Ýaşlar sessiz gulak salsalar maña,
Uzak söýgiñ ejirine geñ galyp;
Goşgymy ýatlasañ sen rehim kylyp,
Kalbymyñ dilini söýsediñ diñe…
Eger söýýän bolsañ… Eziz hemdemim,
Onda ady bilen söýgüli ýaryñ
Gel, bir saýradaýyn sesini taryñ!..
Hoşlaşyk wagtynda bolmazdy kemim.
Basan wagty ölüm ukusy ony,
Meýdimiñ üstünde sözle dat edip:
Ol söýýärdi meni, men söýdüm ony,
Soñky demde goşgy goşdy ýat edip.
Terjime eden: Çary AŞYR.
■ GYZ
Aýdypdym men ägä bolgun näzenin gyzdan diýip,
Güýçli duýgy bilen erkiñ elden aljagyn duýup.
Emelsiz dost! Oñ ýanynda asla özge ýüzlere
Seredip, oñ gözünden başga gözi gözleme.
Umytlaryn ýitirip, undup dönüklik meýin,
Oñ daşynda ýaş ýigitler uçýar perwana deýin
Bagt gözleşip ýörenler täleýlerini gynap.
Ýöne buýsanjañ gyz olañ duýgusyny äsgermez,
Gabal salar, diñlemez, asyl-ha ünsem bermez.
* * *
Tiz diñer meñ owazym! Ýöne gam-hasrat güni,
Üýtgeşik bir heñ çalyp, jogap bersedi tarlar.
Hemem ýaş-ýetginjekler ünsli diñlese meni,
Yşkdan çeken jebrime olar haýran galarlar.
Seniñem haýpyñ gelip, meniñ gamly şygrymy
Bilerdiñ söýen bolsañ, ygtyýar et, eý, dostum,
Hoşlaşyk heñin çalyp, saýradaýyn tarymy,
Liram bilen ýatlaýyn öz ajaýyp ýarymy.
Ajal çykyp kastyma, ömürlik uka batsam:
»Men-ä ony söýýärdim, ol hem ötdi meni söýüp,
Aýdymyñ, söýgiñ, ylhamyñ sebäpkäri men» diýip,
Tabydymyñ başynda iki agyzjyk söz aýt sen.
Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW. Goşgular