|

Çarwalar

Çarwalar ÇARWALAR

Tomus geçip, güýz möwsümi gelende,
»Göç-göç» sözün ile doldyr çarwalar.
Düşmek üçin ertir çygy başlanda,
»Ýör göçeliñ!» diýip, gygyr çarwalar.

Çözer olar gezek bilen öýlerni,
Ýatlap olar Gürgeniñ gözel illerni,
Hoşlaşmaga Gara Balkan daglarny,
Hemme birden taýýar bolar çarwalar.

Maýanyñ, erkegiñ ýükün bitirip,
Hatarly kerweni gözden ötürip,
Bir orda dek öñün, ardyn ýetirip,
Uly şatlyk bilen ugrar çarwalar.

Menzil aşyp gije-gündiz ýörärler,
Guýulygy, çemenligi ararlar,
Eger tapaýsalar, biraz galarlar,
Ýañadan ýüklenip, ugrar çarwalar.

Şunluk bilen üç-dört günläp ýörärler,
Ýol ugruna Etrege-de bararlar,
Özlerine ondan ýoldaş alarlar,
Köpeldip kerweni ugrar çarwalar.

Biraz ýöräp, Etregi hem ötensoñ,
Gürgeni görüp, Kümüşdepä ýetensoñ,
Ýaýylar atlylar kerwen duransoñ,
Tapyp bir ýaýlany, gonar çarwalar.

Mal-garalar ýeter deñiz boýuna,
Günaşadan iner Gürgen suwuna,
Bu durmuş tä mart-aprel aýagna
Dowam edip, şeýle ýaşar çarwalar.

1930.

Ahmet Ahundow GÜRGENLI. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle