Serdar bolsa birimiz
Serdar bolsa birimiz
Kadyr Möwlam, bir dilegim bar senden,
Artdyr biziñ şöhratymyz, şanymyz.
Altmyş gardaş bolsak mährem eneden,
Bir supraga(1) el uzatsak barymyz.
On bäşimiz awlagyny awlasa,
On bäşimiz baştutanlyk eýlese,
Otuzymyz misli aga söýlese,
Içimizde serdar bolsa birimiz.
Bir ýigit silkinip ata müninçä,
Dönüp-dönüp gylyjyny salynça,
Kapyr gelip, bir ýigidi alynça,
Müñ kapyra gylyç salsa barymyz.
Garajaoglan diýr, diläliñ aman,
Ol belent daglary büredi duman,
Munda Gurhan, ahyrýetde hem iman,
Zowalsyz jennete girsek barymyz.
■ Türkmen gyzy
Ala gözli türkmen gyzy
Çeker gider göçlerini.
Dararmyş, gerdene dökmüş
Altyn ýüpek saçlaryny.
Hatarynda guba maýa,
Jemalyn meñzetdim Aýa,
Ak göwsüne çekmiş saýa,
Bezär gider başlaryny.
Garajaoglan, gyz söýmüş,
Ak göwsi göwsüne degmiş,
Kümüşçi ussalar egmiş
Ýaryñ helal gaşlaryny.
Hasan GARAJAOGLAN.
ㅡㅡㅡㅡㅡㅡㅡㅡㅡㅡ
1. Supra — saçak. Goşgular