Bahar
Bahar
Bu ýyl senden ýüzüm gara,
Bagyşlagyn täze bahar.
Bezenseň-de lälezara,
Görünmeýäň göze bahar!
Sylanmadyň, syndy göwün,
Dogmazdan öň ýaşdy günüň.
Daň goşuňy, çek kerweniň,
Ber ornuňy güýze bahar!
Gorkmazdym men dag-dereden,
Gaýtmazdym men hiç garadan,
Bu gün bakýan penjereden,
Çyka bilmän düze, bahar!
Bolmasam-da çeşmi badam!*
Köp derdi men gören adam,
Ýaka tutup «korunadan»
Çökdüm bugün dyza bahar!
Gowşurardyň nesli-nesle,
Patyşadyň ähli pasla,
Meňzemeýäň ýöne asla,
Öňki ýaly ýaza bahar!
Ter biliňden guçmasam-da,
Al şerabyň içmesem-de,
Kak gapymy açmasam-da,
Dolanmagyn yza bahar!
Amanmuhammet BAZÝAR,
Türkmensähraly türkmen şahyry.
________________________________
* Çeşmi badam — hytaylylara berilýän lakam Goşgular