|

Güllesin

Güllesin GÜLLESIN

Penjirämiñ öñündäki şetdalyñ
Gülümsiräp gyzgylt näzik gülleri,
Göýä »Keýpiñ neneñ, ýagşymy tabyñ?»
Diýýän ýaly yrañ atýar tilleri.

Ah, ne gözel, onuñ elwan görnüşi,
»Elwan miweleri getirin» diýýär.
Her güli mysaly halynyñ nagşy,
Gözelligiñ nagşyn duýgyña guýýar.

Gül ýapragy diýýän ýaly »Unutma,
Diñe timar berseñ, dörär şetdaly.
Işlemäni ýatyp iýýändir öýtme,
Gündiz zähmet çekip agşam ýataly».

Diýdim oña: »Men aşyk señ gülüñe,
Aşyklara ýatdyr ýadamak, armak.
Bar güýjüm peşgeşdir seniñ erkiñe,
Ýok, bolmaz, ýok bolmaz ýollarda durmak.

Armaly dost, zähmet çekeli bile,
Bize meñzeş dostlar bizi goldasyn.
Bileleşip hyzmat edeli ile,
Seniñ deýin bütin ülkäm güllesin!»

1955.

Berdi KERBABAÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle