Ýaşlyk
Ýaşlyk
 Gazaply kazy deý, mydam başymda 
 Sagat çot kakyp dur şyk-şyk-şyk. 
 Düýnüñ özem garaşýardym ýaşlyga, 
 Bu gün bolsa, geçip barýar şo ýaşlyk.
 Bir zada düşünýän 
 şowhunly günler 
 Al atymy çapyp ýören halatym, 
 Öñümden çykana gül ýaşlygymy 
 Hormat edip, sowgat kimin paýladym.
 Jomartlygym üçin »sagbolsunlara» 
 Ýüzüm göge tutup, göçer ýörerdim. 
 Ýaşlygymy gerekmejek dostlara 
 Hem boş söhbetlere seçer ýörerdim.
 Öwgülerden humar bolup, gijeler: 
 »Alyñ!» diýip, kişiñ gapysyn kakdym. 
 Ýaşlygymy gül edip, jomartlyk bile, 
 Söýmeýän gyzlarmyñ döşüne dakdym.
 Men ony boş gijelere paýladym, 
 Men ony 
 Boş gündizlere paýladym. 
 Ine, bu gün uly döwletden galan 
 Köpüklermi ahmyr bilen sanadym.
 Neçün beýle bolýar? Ilki ýalñyşyp, 
 Soñra ökünç bile egilip ýörüs! 
 Jaýymyzy çilim çekip, tüsseläp, 
 Soñra tüssämize bogulyp ýörüs!
 Ah, bu gün säherem şeýle çytyk, 
 Bolaýmagy mümkin tüýs ýagyşly gün. 
 Ýaşlygymyz ýitirenok hiç zady, 
 Biz özümiz ýitirýäris ýaşlygy…
Gurbannazar EZIZOW Goşgular
