|

Mitropolitiñ öz bagyndan sowgat ibereni Ogarýowaga

Mitropolitiñ öz bagyndan sowgat ibereni Ogarýowaga MITROPOLITIÑ ÖZ BAGYNDAN SOWGAT IBERENI OGARÝOWAGA

Bag miwesin sowgat iberip saña,
Öwünjeñ, haýasyz mitropolit,
Özün baglañ piri öýdüp, hamana,
Bizem ynandyrjak bolýar ol pelit.

Meger, ony däliretmek gerekdir
Näz edip, ýalandan ýylgyran bolup.
Kösendirip, oýun etmek gerekdir
Oñ şylharan duýgularyny oýaryp.
Jady gözleriñe baksa, bozulyp,
Oñ añkasy aşar, haçyn eder har.
Soñ uçmahy gözelligñe çokunyp,
Bir täsin heñ bilen dogalar okar.

A. S. Puşkin

Terjime eden: Atamyrat Atabaýew Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle