»Hoş galyñ siz, eý, wepaly tokaýlar…»
''Hoş galyñ siz, eý, wepaly tokaýlar…''
Hoş galyñ siz, eý, wepaly tokaýlar,
Hoş galyñ siz, aladasyz meýdanlar!
Hemem gaýgy-gamsyz geçirlen toýlar,
Tiz geçen günlerim ㅡ eý, mähribanlar!
Hoş gal, Trigorsk, şatlygyñ meni
Gör näçe gezekler garşylan ýeri!
Eýsem, hoşlugñyzy söýüp men içgin,
Söýdümmi ömürlik unutmak üçin?
Sizden ýatlamalar alyp gidýärin.
Belki, (diñe süýji arzuwym meniñ!)
Bu täsin ýerlere gaýdyp geljegim.
Ýok gelerin bu lipalañ hatarna,
Trigorsk baýrynyñ ýapgytlaryna.
Erkinlik hem dostluk, gözellik hemem
Akyl, aýdym, şatlyk tagzymçysy men.
A. S. Puşkin
Terjime eden: Atamyrat Atabaýew Goşgular