|

W.L.Puşkine

W.L.Puşkine W. L. PUŞKINE

Uruşdan, ýangyndan, jeñli meýdandan,
Pälwanyñ zarbyndan hezil zat barmy?
Boşap galan düzden, dökülen gandan,
Harby çadyrlardan gözel zat barmy?
Ýüregi çyn gusar bolan ärleriñ,
Murtlak-murtlak, akyl-huşy darlaryñ
Gysga günlerinden barmy täsin zat?
Gözel näzeninler olar üçin ýat.
Tibur tokaýynda iñ belli gorkak
Meşhur Gorasiýniñ ömür sürşi dek
Eşret görmän çadyrlarda ýaşýarlar,
Sapalardan uzak ýerde ýaşýarlar,
Olara mejbury hyzmat bolmaýar,
Olar gaýgy bilen gorky bilmeýär;
Aýdym aýdyşýarlar, meýlis gurýarlar,
Duşman bilen çapyşýarlar, gyrýarlar.
Dünýä eziz bolan ynsan bagtly;
Aýdym üçin, işi üçin almydam.
Mars bilen Temiri doglan gününden
Şöhratlap hem öwüp ösen bagtly,
Gylyç hem eýeriñ aralygyndan
Jeñ lirasyn mäkäm asan bagtly!

Aleksandr PUŞKIN.

Terjime eden: Çary Aşyr Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle