Gara altyn
Gara altyn
Bagt çeşmesi ㅡ gyzgyn nebtiñ
Gudratynyñ ýok ölçegi.
Fontan urýan dyzgyn nebtiñ
Hiç ýerde ýok araçägi.
Ur burawy, joşsun, galsyn,
Turbalary doldur, akdyr.
Goý, garamtyl bolsa bolsun,
Altyndan has agdygrakdyr.
Ganatdyr ol ㅡ berseñ perman,
Al asmana uçyr seni.
Endamyña öl degirmän,
Deñizden-de geçir seni.
Jan ber diýseñ, berer demre,
Motorlaryñ ýüregidir.
Bezeg berer gözel ömre,
Hojalygyñ ýaragydyr.
Emr berseñ, bolar köşk,
Erteki däl, şu günküdir.
Ak ýürekden bolsañ aşyk,
Çek lezzetin ㅡ seniñkidir!
Ur burawy, joşsun, galsyn,
Turbalary doldur, akdyr.
Goý, garamtyl bolsa bolsun.
Altyndan has agdygrakdyr.
1953
Berdi KERBABAÝEW Goşgular