| |

Aýdyñ gijeler

Aýdyñ gijeler AÝDYÑ GIJELER

Sährañ güýçli ösýän çapgyn şemaly,
Aýlap zyñýar başymdaky al öýmäm.
Bendi edýär agşam obañ jemaly,
Durun tebigatyñ oýnuny duýman.

…Asman dolanypdyr gara şalyna,
Ýyldyzlar şol şala keşde çekipdir.
Ak bulut dek meniñ umyt-arzuwlam,
Zeminden asmana seýle çykypdyr.

Uzakdan görünýän çeşme bulak dek,
Görünýär akjaryp akmaýañ ýoly.
Harasat şemalyñ parhyna alman,
Erkin ýüzýär gijäñ «sahypjemaly»

Şeýle gözelligi synlap durşuma
Meñ durmuşa bolan söýgim güýç alar.
Bu ajaýyp çagy görmek islänler
Seýle çyksyn agşam aýdyñ gijeler.

* * *

Ýyly sözler;
Güler ýüzler az maña,
Beriñ hol asmany bulutlar bilen.
Düşmesi kyn jülgelerden, zawlardan
Sygyryşyp gaýdýan bulaklar bilen.

Bilemok, olara düşüpdir yşgym,
Az-kem göterlipdir köñül dumanym.
Uly bijelerde çykmadyk bagtyñ
Şu ýerdedigine ýokdur gümanym.

On ýedide köñli sarsan juwanyñ
Kalby deýin bu giñişlik sonarlyk.
Mahmal baýyrlary ýassanyp ýatyr,
Ömrüm boýy men şolarlyk, şolarlyk…

Onda seýil baglar, asfalt köçeler
Ýer berenem bolsa aýdyma, gülkä…
Käte emme küýsäp çaga mysaly
Ymsynýan ol ýerde aýdym kän, gül kän…

…Ýyly sözler,
Güler ýüzler az maña,
Beriñ hol asmanam bulutlar bilen.
Düşmesi kyn jülgelerden, zawlardan
Syrygyşyp gaýdýan bulaklar bilen.

* * *

Eneler hut özi ýaly durmuşyñ
Säher bilen ot goýberer tamdyra.
Waspyn eder baly goýalyp durugşan
Ussat golda dil bitende tamdyra.

Lebiz ýaly duly dolduran saçak
Baýlyk başy hem bereket öýdüler.
Üwrelende ak bäbekli sallançak,
Ýüreklerden çogup gaýdar hüwdüler.

Hem pynhan duýgulañ dartylar kirşi,
Göreçler göreje bolar merdiwan.
Şirin hüwdülere meýmirär köñül,
Juwan arzuwlaryñ eder bendiwan.

Ýalañaç derekleñ başy belentdir,
Mal jaýlarnyñ üsti tutuş bedeli.
Ol ýerde bazary ýadyña salýar,
Serçeleriñ juda gyzan jedeli.

…Unudyp aladam, şu günüm, ertäm,
Diñledim toraññyñ çalan mukamyn.
Sen meniñ ejem deý paýlaşýañ derdim,
Ýadap gujagyña gelsem, mekanym.

Miwe TUWAKBAÝEWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle