|

Ýürek sensiz oñmajagyn…

Ýürek sensiz oñmajagyn… ÝÛREK SENSIZ OÑMAJAGYN…

Ýürek sensiz oñmajagyn...

Ýürek sensiz oñmajagyn bilse-de,
Ädimlerme badak atýar mertebäm.
Kömür saçlañ kümüş bolan tary bar,
Meñ öñümde ellenmedik ertelem.

Gülleñ içi seýil-seýran mesgenim,
Sen buz basan ýüreklerde taýypsyñ.
Aýy apar, ýyldyzy dak boýnuma,
Dahana ýaraşmaz diýseñ: «Taýymsyñ».

Bilýän, göreçleriñ meniñ kölegäm,
Seriñ — serhoş, elleriñde badañ ýok.
Gedem-gedem bakyşlaryñ zarbyndan
Goramakdan hem söýmekden ýadañok

Geçmeli ýollaryñ kartasyn çyzyp
Ýelmenipdir pursat bermän soraşma.
Pelek çarhyn saklamaga çakym ýok,
Ýoluñ açyk, sen meñ üçin garaşma!

Gülnabat HURŞIDOWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle