Topraga siñen aýdymlar
Topraga siñen aýdymlar
Magtymguly Garla
Ýaşyrakdym,
Aýatdakaň görmändim,
Daşyrakdym
Baraýardan sesiňe.
Ýöne şol mahalam «Ýandymda» ýanyp,
Tisginerdim «Daglaň gümmürdesine»
Söýerdim gyrmyzy geýen gyzlary,
Gülnahala duşsam bordum bir gysym.
Ahyram, gör seniň gezen ýerlerňe
Alyp geldi meň arzuwym, yhlasym.
Bu ýerde hyýalam,
Ýatlamalaram
Seniň adyň bilen utgaşyp gelýär.
Daň agarýar aýdymlaňdan güýç alyp,
Säher owazyňa ses goşup gelýär.
Bu ýerde keşbiňi çekipdir bar zat,
Çar ýandan gulagma gelip dur sesiň.
Saňa hasam golaýlaşdym,
Şabadyň
Diňläp aýdymlaryňa meňzeş nagmasyn
Niçe gündür,
Seniň taryplap giden
Ýigitleriň bilen,
Gyzlaryň bilen
Duşuşyp,
Sen hakda gürleşip ýörün,
Olar ömrün saza baglapdyr kileň.
Ýigitler Görogla,
Gyzlar Seneme
Şeýle, bir meňzäpdir.
Täsin, bu täsin
Megerem seň jadylaýjy aýdymlaň
Olaň görküne-de edipdir täsir.
Her gün aýdymlarňy alyp ýanyna,
Babadaýhan söhbet açýar ýer bilen.
Şeýdibem topraga siňip ýör olar
Maňlaýlardan damýan melhem der bilen.
Aýdym bilen derden önen gül bolsa,
Döz geler aýaza,
Döz geler oda.
…Topraga siňen zat ömürlik galýar.
Ony ýok edere güýç ýok dünýäde.
■ «DILBER»
Halypa sazanda Durdy Myradowyň
ýadygärligine.
Çek bagşy,
Dutaryň taryn çek, bagşy,
Ýüreksize ýürek, dilsize dil ber.
Perdelerden seýkin basyp düşsün-de
Sallana-sallana ýöresin Dilber.
Gözi gitsin oňa gözi düşenleň,
Ýigitler kalbynda harasat duýsun,
Unutsyn-da sakgallarnyň akdygyn
Gojalar telpegin maňlaýyna geýsin.
Menem gül görküne bolaýyn bendi,
Döz geler ýüregim düşse-de oda.
Ylgaýyn-da şol gözeliň yzyndan,
Jahyllyk çagymy salaýyn ýada.
Gül ýygaýyn baýyrlardan şoň üçin,
Meniň başga zada degmesin elim,
Boş gepden,
Gybatdan,
Galmagallardan
Gaçaýyn men iň bolmanda bir salym.
Bir salym ynjalsyn,
Dynç alsyn serim,
Sungatyň döreden gudratyn synlap
Goý, razy bolsun senden hem menden,
Lezzet alsyn, meýmiresin humarlap.
Çal bagşy,
Ýene şol sazy çal, bagşy,
Ýüreksize ýürek, dilsize dil ber.
Perdelerden seýkin basyp düşsün-de
Salana-sallana ýöresin Dilber.
■ TÜÝDÜGIŇ «JAÝLANYŞY»
Baky Maşakowyň ýadygärligine
Men düýnem öňinki bolan wakany –
Süýnüp giden goşa ýyldyzy ýatlap,
Bir goşgy ýazmaga synanyp gezdim,
Duýdansyz ýitirilen baýlygy ýoklap.
O goşgy hut seniň
Hem seniň bilen
Özüniň örküni ömürlik baglan,
Islese, kalbymyň buzun ereden,
Islese, ot bolup bagrymy daglan.
Kyn günde gözleriň syryp ýaşyny,
Toý güni ýaşlaryň gyýyp nikasyn
Gezen şo-l tüýdügiň agysyn aglap,
Tutmalydy şol tüýdügiň ýasyny.
Sebäbi seň bilen hoşlaşanmyzda:
«Tüýdügem ömrüni soňlady» diýdik.
«Bu gün senem soňky ussadyň bilen,
Nätjek, bir gabyrda jaýlaýas, tüýdük!
Hoş, tüýdük,
Arkaýyn ýat senem! – diýdik –
Indi ikiňize duşma ýok bize…»
Bu gün bolsa düýnki ýazjak goşgyma,
Öňinki howlugyp aýdylan söze.
Käýinip otyryn,
Çünki şo-l tüýdük
Çykypdyr mazardan
Hem bir gerçegin.
Elinde dür saçyp saýraýar bu gün,
Äşgär edip uzak ömür sürjegin.
Äşgär edip bu gadymy sungatyň–
Jadyly tüýdügiň
Hem seniň ýaly
Meşhur ussatlaryň kesbin ýöreden,
Saz bilen bejerip dertli dünýäni.
Gezen adamlaryň
Bir gabra sygyp,
Uzak ýatmajagnyň hakykatdygyn
Dünýä ýaýyp, bir. gerçegiň elinde
Şo-l «jaýlanan» tüýdük saýraýar bu
Gün.
Saýraýar,
Tenekar owaz ýaýraýar,
Diňleýän,
Her heňde bir gez beýgelýän.
…Düýn goşgy ýazmanma ahmyr edemok,
Ony şu gün ýazýanyma begenýän.
Italmaz NURYÝEW. Goşgular