Meşhur ýazyjylaryñ we akyldarlaryñ aýal-gyzlar hakynda aýdan sözleri
Meşhur ýazyjylaryñ we akyldarlaryñ aýal-gyzlar hakynda aýdan sözleri

«On sany agzym, on sany dilim bolsa-da, aýallaryñ erkeklerden pul çilmek üçin edýän oýunlaryny sanap ýetişip bilmerin».
Owidiý
* * *
«Şemler bir sönensoñ, hemme aýallaram owadan…»
Plutarh
* * *
«Gabanjañ aýalyñ gahar-gazaba ýugrulan gargyşy adamy guduzlan itden has beter zaýalaýar».
Uilýam Şekspir
* * *
«Aýallaryñ gözýaşyndan has çalt kepeýän zat ýok».
Jon Uebster
* * *
«Ar-namysly zenanlaryñ köpüsi indelmänsoñ, üstünden barylman ýatan hazynalara meñzeýär».
Fransua de Laroşfuko
* * *
«Zenanlar mydama çakdan aşmaga meýilli, olar erkeklerden ýa has gowy, ýa-da has erbet».
Žan de Labruýer
* * *
«Zenan size ýüregini bermänem görsün, şonda onuñ teniniñ beýleki ýerlerinden özüñizi hiç haçanam halas edip bilmersiñiz».
Jon Wanbru
* * *
«Erkek bagtly durmuşdan lezzet alýar, aýal bolsa berýän bagtyndan».
Pýer Şoderlo de Laklo
* * *
«Urkaçy jandaryñ iñ uly ýalñyşy — adalat duýgusynyñ ýoklugydyr».
Artur Şopengauer
* * *
«Garaşsyzlyk deklarasiýasynda» öñe sürülýän pikirleriñ adamzadyñ ýarsy bilen hiç hili baglanyşygynyñ ýoklugy akyla sygjak zatmy?»
Harriýet Martino
* * *
«Zenanlar düşünmek üçin däl-de, söýülmek üçin ýaradylypdyr».
Oskar Waýld
* * *
«Bir zenan öz ýaşytdaş erkeginden hemişe ýaş görünýändir».
Elizabet Barrett Brauning
* * *
«Zenan — Hudaýyñ ikinji ýalñyşlygydy».
Fridrih Nişse
* * *
«Garakçylar ýa puluñy alar ýa janyñy, aýallar onuñ ikisinem alar».
Semýuel Batler
* * *
«Hakyky ýaşyny aýdan aýala hiç haçan bil baglamañ. Ýaşyny dogry aýdan aýaldan her zada garaşyberiñ».
Oskar Waýld
* * *
«Otuz ýyllap zenan ruhy bilen gyzyklanandygyma garamazdan häzirki wagta çenli jogabyny tapmadyk bir soragym bar: Aýal näme isleýär?»
Zigmund Freýd
* * *
«Ne gözellik, ne-de dilewarlyk. Käbir aýallar seýkin basyp şeýle bir ýöreýärler welin, adamyñ aklyny başyndan uçurýarlar».
Redýard Kipling
* * *
«Owadan aýallary hyýaly güýji bolmadyk erkeklere berip görsek näder?»
Marsel Prust
* * *
«Hudaý erkegi ýaradanda onuñ ýeterlik derejede ýalñyz däldigini gördi we özüni hasam ýalñyz duýsun diýip oña bir taý ýaratdy».
Pol Waleri
* * *
«Köp zenan suratlandyrylyşy ýaly ýaş däl».
Maks Birbom
* * *
«Kyrk bäşinde owadan aýaldy, soñam uzak wagtlap şeýleligine galaýjak ýalydy».
Anita Brukner
* * *
«Erkek bilen bagtly ýaşajak bolsañ, oña köpräk düşünip azrak söýjek bolmaly. Aýal bilen bagtly ýaşajak bolsañ ony köpräk söýüp düşünmezlige çalyşmaly».
Elen Roulend
* * *
«Zenanlar rewolýusiýanam, rewolýusionerlerem ýigrenýär. Olar ýuwaş gylykly, bankda işleýän we nahar wagtyndan gijä galman öýe gelýän erkekleri gowy görýärler».
Genri Luis Menken
* * *
«Aýallar bilen erkekler iñ bolmanda bir meselede birleşýärler: Olaryñ ikisi-de aýallara ynanmaýar».
Genri Luis Menken
* * *
«Zenanlar ençeme asyrlardan bäri erkegi tebigy keşbinden iki esse uly görkezme güýjüne we jadysyna eýe aýna mysalydyr».
Wirjiniýa Wulf
* * *
«Aýallar erkekleriñ tersine — ilki söýýärler, soñ isleýärler».
Anri de Monterlan
* * *
«Aýal bolup dogulmaýar, aýal bolunýar».
Simona de Bowuar
* * *
«Aýal bilen diñe üç zady etmek mümkin: Ony söýüp bilersiñiz, onuñ zaryny çekip bilersiñiz, birem ony edebiýatlaşdyryp bilersiñiz».
Lorens Darrell
* * *
«Zenana menden beter bendiwan bardyr öýdemok: munuñ elimde birnäçe delili bar».
Alan Jeý Lerner
* * *
«Sudda ýüzbe-ýüz bolýançañyz bir aýaly hiçem tanap bilmersiñiz».
Norman Meýler
* * *
«Erkekleriñ derdi aýallarynkydan has köp. Olar hemme zatdan ötri aýallaryñ näzine çydamaly».
Fransuaza Sagan
* * *
«Aýal adamsynyñ ýygy-ýygydan atýan ýomaklaryna her sapar gülen bolup oña dönüklik edýär. Aýalyna garap: «Men sensiz nädip oñaryn?» diýýän erkegiñ bireýýäm işi gaýdandyr».
Žermen Grir
* * *
«Menden sorar bolsañ, azgyn heleýi diñlemäñ.
Aşygyna sözlänin suwa, şemala ýazmañ».
Gaý Waleriý Katull
* * *
«Aýallaryñ hemmesi iru-giç ejelerine meñzeýär. Bu olaryñ tragediýasydyr. Hiç bir erkek ejesine meñzemeýär. Bu hem onuñ tragediýasydyr».
Oskar Waýld
Toplan we terjime eden: Has TÜRKMEN. Sözler
