Ölçeg
Ölçeg

Dünýäde köp zadyñ öz ölçegi bar,
San, metr, kilogram, gers, kilowat,
Bir düşnüksiz zat —
Söýgi-mähir üçin ähli ölçeg dar?!
Dünýäde köp zadyñ öz ölçegi bar.
Prosent, gradus, sentner, gektar…
Bir zatda gep bar —
Nämüçin ýigrenji ölçäp bolmaýar?!
Ýa-da ölçäñ ýetim galan oglanyñ,
Bu durmuşda görän kemsinmesini.
Ymsynmasyny…
Dogulanda gara mañlaý doglanyñ.
Hany bir synanyñ ölçejek bolup,
Gije ýa-da gündiz edilen günäñ.
Eý, Tañrym, bu nä —
Dogana satýarlar, dogandan alyp.
Dünýäde ölçegsiz zatlar ýok ýaly,
Atom, molekula, wagt, ekwiwalent…
Bar zatdan belent —
Ölçegsiz galypdyr Enäñ ykbaly.
Dünýäde bar zadyñ öz ölçegi bar,
Diñe bir zat hiç akyla sygmaýar —
Neçün ölçegsizkä duýgy, namys, ar?!
1989.
* * *
Durmuşda gör näçe geñsi tymsal bar,
Hersinden gerekli bir many açyñ.
Barha saç agyna kaýyl bolunýar,
Daraklar sypalap düşürýär saçyñ;
1985.
* * *
Ýamanlyk — özüñe gazan garymyñ;
Ýagşylyk — Ezraýyl bilen söweşýär;
Ýamanlary başardykça unudýas,
Ýagşylar her daýym ýadyña düşýär.
1985.
* * *
Lebiz bir gudratdyr. Baýlykdyr çäksiz.
Lebiz bela, ýykar tagtyny şalañ.
Messepsiz Izorañ näzleri dälmi,
Wepadar Bertranyñ ganyna galan.
1985.
* * *
Meger hökümdarlyk şerti şeýledir,
Hökümdarlar zabun, gazaply juda;
Hat-da küşt oýnunda öz jany üçin,
Şalar özgeleri edýärler pida.
1985.
* * *
Gitdigiçe artýar derdiñ, aladañ,
Artar ýüküñ dünýägaraýşyña deñ.
Uzak ýaşadykça köp zat tapynýañ,
Ýöne has köpelip barýar ýitgileñ.
1985.
* * *
Ak geýdirler dünýä inen mahalyñ,
Gidende ýene-de dolarlr aga,
Eý, Ynsan, erkiñi, durkuñy sarp et,
Iki aralygy ak ýaşamaga.
1981.
* * *
Gyş tap berer bahara
Gijä döner gündizler;
Ýol dowamy ýodalañ,
Süýnüp gider ýyldyzlar…
1981.
* * *
Bir-ä Zemin bürenende ak gara,
Birem göze ilse çigildem, tüsse.
Birem durnalaryñ göçenin görsem,
Döreýär kalbymda bir hili gussa.
1982.
* * *
Uzak gije arzuw edip ýetýäris
Säher Günüñ doglaryna, alñasap.
Bikemal ser habarsyz her şapagyñ
Kemýäninden bu ömürden bir hasap.
1986.
* * *
«Ursa enem eli ursun» diýilen,
Ägä bolgun şarpygyndan durmuşyñ.
Ysnat getirmesin adyña perzent,
Özge höwürtgede gonmasyn guşuñ.
Çünki bu ezýetli, eşretlu dünýä,
Ýeke gezek, ýeke gezek gelinýä.
1980.
* * *
Men saña ýaraşmadym,
Senem özgä ýaraşdyñ.
Ýok, sen gijä galmadyñ,
Men saña köp garaşdym.
1985.
* * *
Bir maska ýylgyrýar, biri aglaýar.
Biri jepa, biri şypa añla ýar!
Haýsyny eçilseñ eçil. Ýöne bil —
Her kime öz niýetinden tapma bar
1985.
* * *
Bu durmuşyn ezýetini-eşretin
Öz gözlerim bilen görüp bileýin,
Başarsam binýatda ýokarky däl-de
Aşak hatardaky kerpiç bolaýyn,
Gerdenimde götereýin diwary,
Durmuşda ornuny tapan ybaly.
1979.
■ NUTUK
Sakasy saglykdyr,
Ynjamasyn jan.
Bol bolsun saçakda
Bereketli nan.
Baky hemra bolsun
Asuda asman.
Tapsyn niýetinden
Pälinden Ynsan.
1982.
■ OÝLAN
Duýgular kör bolýar, aldyrma erkiñ,
Sabyrly bol dury paýhasy diñle.
Geçen yzyn gözýaşyna boýaýar,
Görejiñe sapak dürtülen iññe.
1979.
■ AHMALLYK
Baharda ýaşlygym joşdy, gaýnady,
Tomus gyzlar bilen gülüp-oýnady:
Şagalañly ýaşlyk başagaý bolup,
Parasatly güýz gelennem duýmady.
1978.
■ SOWGAT
«Iñ gymmatly sowgat — gerekli zadyñ»
Ine dana sözi baýak dilgiriñ.
Dostlar, maña sowgat etjek bolsañyz —
Ýylgyryñ.
1979.
Gurban REJEBOW. Goşgular