Sen hem bahar
Sen hem bahar
1
 Bahar geldi 
 agaçlar täze lybas 
 geýnip öñküsinden gözelleşer has!
2
 Bahar geldi 
 doñup ýatan çeşmeler, 
 seniñ täsin zülpüñ kimin çöşlener!
3
 Bahar geldi 
 gözleñ öñküden nurly, 
 olar meni telbe etmekçi borly!
4
 Bahar geldi 
 ýañaklaryñ ot deý — al, 
 öpsem, dodagymy ýakmagy ahmal!
5
 Bahar geldi 
 uçsam diýýär gaşlaryñ, 
 goşlarly içine garlawaçlaryñ!
6
 Bahar geldi 
 dodaklaryñ ýylgyrýar, 
 diýjek sözün diýip bilmän, ýygşyrýar.
7
 Bahar geldi 
 beýle gelmändi heniz, 
 bahar saña, ýa sen bahara keniz!
8
 Bahar geldi 
 dumanladyp serimi, 
 sen şol öñki gyzmy, ýa-da perimi?!
9
 Bahar geldi 
 dörjäp ýüregmiñ törün, 
 oña yşk nahalyn oturdyp ýörün!
Hemra ŞIROW. Goşgular
