|

Bahar soneti

Bahar soneti BAHAR SONETI

Toý tutýar, depregin kakyp dur asman,
Guşlar sazyn düzýär– çagyrlan ýaly.
Zemin atyr sepinipdir gaýgyrman,
Bar ýere düşäpdir al-elwan haly.

Özi geldi düýnki gizlenen beýdiň,
Dünýä sygman, joşup-gaýnap dur göwün.
Näçe günläp ýada düşmedik aýdym
Dilimiň ujuny oýnap dur bu gün.

Keýpi kök, asmanyň alyp depregin,
Bogazymy arçap, açyp kükregim,
Şo-l aýdymy dünýä ýaýasym gelýär.

Ak görünse görünbersin saçlamdan,
Geň zat däl ol galandyr-da gyşlarda
Häzir söýülesim, söýesim gelýär.

Italmaz NURYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle